23:41 "Ermeni gyzy" we başgalar | |
"ERMENI GYZY" WE BAŞGALAR
Edebiýaty öwreniş
Döredijiliginiñ gülleýän wagty ýetmiş bäş ýaşynyñ toýuny toýlaýan dury zehinli, juda wäşi hem kiçi göwünli halypa şahyrymyz Çary Aşyrow hakda söz açylanda, ilki bilen onuñ türkmen edebiýatynda liro-epiki poeziýanyñ özboluşly ussadydygy ýadyña düşýär. Bu aýratynlyk onuñ kiçi göwrümli goşgularyndan başlap, uly göwrümli, giñ planly trilogiýa-romanyna çenli hemmä mälimdir. Işeññir şahyr Ç.Aşyr türkmen sowet edebiýatynyñ ilkinji kerpijini goýanlar bilen bile egin-egne berip işläp, şu edebiýatyñ uly taryhyny döretmäge gatnaşdy. Döredijiliginiñ ilkinji ýyllaryndaky çagalar üçin ýazan öwüt-ündew şygyrlarynda-da, gyzgalañly durmuşyñ gündelik meselelerine bagyşlanan syýasy-publisistik mazmunly goşgularynda-da onuñ öz ýüzüni görmek bolýar. Çary Aşyryñ döredijiliginde aýal-gyzlar temasy aýratyn orun eýeleýär. Aýal-gyzlaryñ azat-erkin durmuşy, olaryñ jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmagy hemişe şahyryñ üns merkezinde durýar. Döredijiliginiñ irki ýyllarynda ýazan "Intelligent", "Azanlar", "Aýralyk" atly irili-ownukly şahyrana eserleri şahyryñ bu tema bolan garaýşyndan habar berýär. Başky iki eserde şahyr aýal-gyzlaryñ durmuşyna kemsidijilikli, yzagalaklyk bilen seredýän erkek adamlaryñ oý-pikirlerini paş etse, "Aýralyk" poemasynda geçmişde din-şerigatyñ kanunlary bilen hemme taraplaýyn hukukdan kesilen türkmen aýalynyñ ykbalyny yzarlaýar. Poemada adamsy aradan çykyp, üç çagasy bilen agyr durmuşda galan Nabady erkek dogany Garlynyñ (ony çagalaryndan aýryp) zorluk bilen bir barly adama satyp goýbermegi ýaly ýürek gyýyjy waka teswir edilýär. Diñe şerigatyñ rugsat bermegine daýanyp edilýän şeýle wagşyçylygy şahyr ýiti paş edijilik, gelin gyzlaryñ gözgyny ykbalyny iññän nebsagyryjylyk bilen beýan edýär. Öz wagtynda okyjylarynyñ uly söýgüsini gazanan bu poema şu temada ýazylan eserleriñ iñ gowularynyñ biri hökmünde edebiýatymyzyñ taryhyna ymykly girdi. Her bir belmu, ussat ýazyjy-şahyryñ döredijiliginfe aýry-aýry eserleriñ, döredijilik pursatlarynyñ saýlanmak häsiýeti bar. Bu döredijilik ykbaly Çary Aşyra-da miýesser boldy. Onuñ liriki poeziýasynda saýlanyp duran "Ermeni gyzy" goşgusy, tutuş türkmen poema žanrynda düýpli orun eýelän "Ganly saka" poemasy şahyra hemişelik şöhrat getirdi. Çary Aşyr döredijiliginiñ kämil çagynda, eli atgyr ýaragly, ötgür galamly, Beýik Watançylyk urşunyñ frontlarynda ganym duşman bilen gaýduwsyz göreşlere girip, öz "söweş jeñnamalary" bilen şol döwür edebiýatymyzyñ hem gyzykly sahypalaryny ýazypdy. Onuñ bu döwürde döreden her taraplaýyn biri-biriniñ üstüni ýetirýän goşgular toplumy söweş meýdanyny ädimme-ädim geçip, gazanylan Beýik Ýeñşe uly goşant goşan edermen hem buýsançly esgeriñ, sowet şahyrynyñ gahrymançylykly söweş biografiýasydyr. Şahyryñ bu goşgulary "En şäherinde", "Baýly" poemalary bilen birlikde diñe bir öz döredijiliginde däl, tutuş türkmen poeziýasynyñ şol ýyllardaky gymmatly, realistik önümidir. Şonuñ üçin-de bu eserler hemişe özleri dogrusynda gürrüñ edilmegine degişli bolup durýar. Şahyryñ "Görülmedik jeñ" şygrynda Dünýäde bolmadyk bu göreş, bu jeñ, Rus, türkmen, özbek... barysy-da deñ, Bir adam dek bolup SSSR halky, Goraýas bagtymyzy, namysy, mülki - diýip ýazyşy ýaly, taryhda deñi bolmadyk bu uruşda sowet halkynyñ alyp baran gahrymançylykly göreşleriniñ şaýady bolup, bu işde aýratyn bir güýjüñ - sowet halklarynyñ mizemez doganlyk-dostlugynyñ hyzmatyna ýürekden sarpa goýýar. Şu jähtden seredeniñde onuñ "Ermeni gyzy" goşgusynyñ ähmiýeti juda uludyr. Ýatlaýşymyz ýaly, bu goşgy awtora-da, türkmen edebiýatyna-da uly abraý getirdi. Şol sebäpli-de uruş ýylynyñ edebiýaty agzalsa, "Ermeni gyzyny" ýatlamaýanam, onuñ setirlerini ýatdan bilmeýänem ýok diýerlikdir. Çünki bu eserde SSSR halklarynyñ päkize moral keşbi, gaýlarda dörän doganlygy, galyberse-de, uruş meýdanynyñ özboluşly häsiýeti dogry we täsirli görkezilýär. Söweşjeñ şahyryñ süññünden syzdyran minnetdarlygy eşidilýär: "Adym Nina" diýdi. "Özüm ermeni", Şol gyz halas etdi ölümden meni, Nirds sen, eý Nina, ermeni gyzy, Gezsem taparmykam bütin Soýuzy". Bu goşgynyñ döremegine sebäp bolan söweş hakykaty barada öñ hem az aýdylmady. Biz hem şu ýerde halypa şahyryñ özümize beren gürrüñini ýatladasymyz gelýär. "Biz faşistleriñ berkitmelerini eýeläpdik. Söweşiñ nähili gutaranyny hem bilemok. Sebäbi gözüñi gamaşdyryjy otly ýalyn ýüzüme urupdy. Özüme gelemde, kimdir biriniñ mähirli, ýylyja elini syzdym. Ol sanitarkady. Meni söweş meýdanyndan çykaryp, ýaramy dañdy. Men onuñ adyny we ermeni gyzydygyny bilip galdym. Şondan 15 ýyl geçensoñ - 1959-njy ýylda men Ýerewanda boldum. Dostluk agşamynda meni ölümden gutaran şol ermeni gyzyna bagyşlap ýazan goşgymy okadym. Goşgy örän gowy garşylandy. Zalda uly gowur döredi. Şol pursatdan başlap, sorag-ideg başlandy. Gazetçiler munuñ bilen içgin gyzyklandylar. Ertesi men myhmanhanada otyrkam birnäçe gazetçi şol gyzy hem alyp meniñ ýanyma geldiler. Olar koridordan gürleşip gelýärkäler, şolaryñ arasyndan men şol ýakymly sesi - Ninanyñ sesini tanadym. Geçen söweş ýollarymyz derñelen mahaly hemme zat dogry boldy. Şeýdip men Nina Artýomowna Sagumýan bilen ýene duşuşdym. Ol şol wagt Ermenistanyñ Saglygy saklaýyş ministrliginde işleýän eken. Bu mähirli duşuşyk hem doganlyk hakda Ermenistanyñ gazetlerem, biziñkiler hem köp ýazdylar". Frontçy şahyryñ şol ýyllarda döreden "Gyzyl esgeriñ enesi", "Ejegyz", "Gylyç al ele", "Penam jan saña", "Suraty bile", "Gaýdyşyn", "Watan", "Dalbaryñ astynda", "Dostlarym" ýaly uly hyjuw bilen ýazylan goşgulary-da "Ermeni gyzyny" çar tarapdan gurşap, şahyryn geçen söweş we döredijilik ýoluna şaýatlyk edip, häzir hem özleriniñ watançylyk hyzmatlaryny işeññirlik bilen dowam etdirýärler. Türkmen edebiýatynyn epiki poema žanryny ösdürmekde Çary Aşyra aýratyn hyzmat degişildir. Onun irki döredijiligindäki "Aýralyk", "Serhetde" poemalary bilen birlijde uruş hem uruşdan soñky döwürlerde döreden "En şäherinde", "Baýly", "Ganly saka", "Lalyñ ogly", "Gökýaýlanyñ ýigitleri", "Ýaş kilwanyñ ýalñyşy", "Kadyr" poemalary şahyry epiki poemanyñ ussady hökmünde ykrar etdi. Türkmen halkynyñ geçmiş durmuşynyñ ýowuz sahypalaryndan gürrüñ berýän "Ganly saka" poemasy özüniñ soñky dowamlary bolan "Lalyñ ogly", "Gökýaýlanyñ ýigitleri" bilen birlikde türkmen edebiýatynda giñ planly şahyrana romany emele getirdi diýsek dogry bolar. Eseriñ ilkinji edermen gahrymanlary geçmişdäki suw üstünde bolan ganly çaknyşykly wakalaryñ içinde taplanyp, agyr horluklary başdan geçirýärler. Özlerinw doganlyk goluny uzadan rus rewolýusionerleri bilen egin-egne berip, bagtly durmuş ugrundaky göreşlere gatnaşýarlar hem ony berkarar edýärler. Eserde boýdan-başa hereket edýän esasy položitel gahrymanlar Çaryýaryñ, Ýalkabyñ, Lalyñ (Ejegyzyñ), Zubowyñ hyzmatlaryny şeýle bellemek bolýar. Soñra "Lalyñ oglundaky" şu gahrymanlar we olaryñ nesli özlerine berlen erk-ygtyýarlyklara eýelik edip, täze durmuşyñ guramaçylary boldular. Ýeri gelende "Gökýaýlanyñ ýigitleri" Watanymyzy, öz elleri bilen guran täze durmuşlaryny gitlerçi faşizmden gahrymanlarça goramaga gatnaşdylar. Trilogiýanyń esasynda goýlan şu hakykatyñ çeper beýany hem ony roman derejesine ýetirdi. Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Çary Aşyr öz manyly döredijiliginu proza žanrynda hem üstünlikli dowam etdirýär. Onuñ serhetçileriniñ durmuşyndan ýazan "Yzçy", kolhoz gurluşygy ýyllarynyñ çylşyrymly meselelerine bagyşlanan "Ekizler", türkmeniñ pajygaly geçmiş taryhyndan söz açýan "Garry serdar" romanlary ony ukyply prozaçy hökmünde tanatdy. Ýazyjynyñ "Garryçyrlalylar" romany-da ol eserleriñ üstüni ýetirdi. Bu eserler rus dilinde neşir edilip, ýazyjyny bütinsoýuz okyjysyna giñden äşgär etdi. Çary Aşyr terjime sungatyna hem uly goşant goşan şahyrdyr. Onun beýik rus şahyry N.Nekrasowdan, ukrain şahyry T.Şewçenkodan terjime eden ýüzlerçe goşgy setirleri, rus ýazyjylary L.Tolstoýdan, A.Çehowdan, N.Gogoldan terjime eden proza eserleru türkmen medeniýetiniñ altyn hazynasyna girdi. Işeññir halypa şahyryñ, ukyply prozaçynyñ, zehinli terjimeçiniñ ýiti galamy häzirem dyngysyz hereketde. 1985 ý. Begmyrat USSAÝEW. #edebidurmusymyz | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |