22:57 "Mugan daglarynyñ gary bar, gary..." | |
«MUGAN DAGLARYNYŇ GARY BAR, GARY...»
● Azerbaýjanyň «Ussat» žurnalynyň haýyşy bilen ýazylan makala «Köňül istir Häzirbegjan ilini, Mugan daglarynyň gary bar, gary...». Türkmen daglary hem gar görmedik däl. Emma gadym aýdymyň sözlerini döreden türkmen şahyrynyň diňe gar görmek üçin Mugan daglaryny küýsemändigi-de belli zat. Mugan daglarynda, Mugan düzlüginde türkmen-azerbaýjan edebi, medeni, adamçylyk gatnaşyklarynyň özüne çekýän tämiz howasy bolmaly. Gözellige mynasyp baha bermegi başaran Magtymguly Pyragy ajaýyp ülke Hindistana hyýalynda köňlüni ýola rowan eden bolsa, Azerbaýjanyň gözel kendi Nuhany hyýalda däl-de, hakykatda öz gözi bilen görendigini: Sapar eýläp barsak Nuha iline, Köňül istegen dek ýaýlahlary bar. Seýran etsek gunçasyna, gülüne, Bahçasynda bilbil oýnahlary bar. diýip, ýerli diliň äheňinde ýazan goşgusynda söýgi bilen beýan edýär. Diýmek, biziň özara gatnaşyk köklerimiz Magtymguly şahyra-da baryp ýetýär eken. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» romanyny okanymda, Alyşbek Alyýew diýen gahrymanyň keşbine gabat geldim. Asyl ol geçen asyrda sowatsyzlygy ýok etmek üçin kömege gelen magaryfçylaryň biri eken. Medeni gatnaşygyň berkemegine täsir eden adamlaryň milli Liderimiziň kitabyna sarpaly keşp bolup girizilmegi, eýsem, olara tutuş halkymyzyň adyndan minnetdarlyk bildirilmegi bolmaýarmy? Türkmen-azerbaýjan edebi gatnaşyklaryndan gürrüň etmek üçin men taryhy yzarlap, yzagidip oturman, şol ýurt, şol ýurduň edebiýaty, medeniýeti bilen baglanyşykly diňe öz şaýat bolan käbir wakalarymy ýatlasam hem, hakykat esli derejede ýüze çykardy. Meniň ýetginjeklik ýyllarymda azerbaýjan edebiýatyndan okan ilkinji kitabym Mürze Ibragimowyň «Ol gün geler” diýen romany boldy. Romany türkmen diline geçiren Berdi Kerbabaýew eken. «Ol gün geleri” okan wagtym men Azerbaýjan diýen ýurdy, ol ýurduň Mürze Ibragimow diýen ýazyjysyny görerin öýtmeýärdim. Ýöne edebiýat institutyny tamamlanymdan soň, SSSR Ýazyjylar guramasynda işe durmagym dünýä edebiýatynyň tanymal wekilleriniň birnäçesi, Azerbaýjanyň belli ýazyjysy, Azerbaýjan Ýazyjylar guramasynyň ýolbaşçysy Mürze Aždar ogly Ibragimow bilen bolsa ýakyndan gatnaşyk açmagyma sebäp boldy. Hemme ýerde, hemme kişiniň «Mürze mällim» diýip hormatlaýan ol ýazyjysy Türkmenistana degişli edebi çäreleriň hemmesine diýen ýaly uly höwes bilen gatnaşýardy, geçirilýän dabaralaryň abraýyna öz ýazyjylyk agramy hemem gepe çeperlik ussatlygy bilen abraý goşýardy. Türkmen okyjylary azerbaýjan ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini uly söýgi bilen okaýardylar. Meniň maryly bir tanyş mugallymym azerbaýjan ýazyjysy Aleksandr Şirwanzädäniň türkmen diline terjime edilen «Namys» diýen kitabyny okanyndan soň, dünýä inen ilkinji ogul perzendine şol kitabyň baş gahrymany Seýranyň adyny dakdy. Eýsem, şu waka türkmen-azerbaýjan medeni gatnaşyklarynyň kagyza ýazylan gury sözleri bolman, onuň düýpli many bilen baglanyşykly durmuş hakykatydygyna şaýatlyk etmeýärmi? Mehti Guseýiniň «Apşeron» romanyny okyjylarymyz Oraz Gadamowyň terjimesinde edil türkmen kitabyny okan ýaly uly höwes bilen okapdy. «Apşerony» ýatlanymda, ol Berdi Kerbabaýewiň «Nebitdag» romanynyň döremegine hem itergi bolandyr öýdüp çaklaýaryn. Uzeir Gajybekowyň «Arşyn mal alan» operasynyň, Gara Garaýewiň sazlarynyň, şirin labyz Bilbiliň, Zeýnep Hanlarowanyň türkmen diňleýjilerinde ýokary sungata bolan höwesiň tiz oýanmagyna uly täsir ýetirendigi barada oýlanýaryn. Ozal M.Ibragimowyň «Oba gyzy», Japar Japarlynyň «1905-nji ýyl», «Ot gelni», Şihaly Gurbanowyň «Millioneriň gedaý ogly», «Şirwan gözeli» pýesalary türkmen sahnasynyň bezegi bolan bolsa, «Arşyn mal alanyň» hut şu günlerde hem türkmen sahnasynda oýnalyp ýörülmegi, R.Ibragimbekowyň «Gök gapynyň aňyrsyndaky zenan» pýesasynyň köp ýyllap sahnadan düşmezligi türkmen-azerbaýjan edebi gatnaşyklarynyň gowşamaýandygyna kepil geçýär. Şahyr Italmaz Nuryýew tutuş ömrüniň dowamynda azerbaýjanyň döredijilik ussatlary bilen iň ýakyndan gatnaşan, örän kän azerbaýjan şahyrlarynyň goşgusyny türkmen diline terjime eden, Azerbaýjana goşgy baryny bagyşlan bagyşlan şahyrdyr. Onuň azerbaýjan edebiýatyna beýle çynlakaý berilmegine edebiýat institutynda okaýan bakuwly oglanlar bilen içgin dostlaşmagy sebäp boldy. Italmaz Nuryýew instituty tamamlanyndan soň hem, eli sypynsa, bakuwly dostlarynyň ýanyna gidip gelýärdi. Onuň «Ýüzüp barýar meniň Azerbaýjanym», «Marhalda», «Şekide Samet Wurgyn gijesi», «Hoşlaşyk» diýen ýaly onlarça iň gowy goşgulary Azerbaýjan topragynda döräpdi. Meniň azerbaýjan dilinde ilki elime alan şygyr kitabym Samet Wurgunyň «Seçilmiş äserler» ýygyndysydy. Kitaby açan ýerim hem «Şahyr ne tiz gojaldyň sen?» diýen goşgy boldy. Şol tüýs durmuşy goşgusyna gabat gelmegim şahyryň döredijiligini giňden açmagyma, onuň tanymal goşgusyny terjime etmegime hem ýat tutmagyma sebäp boldy. Indi men ýazyjy-şahyrlaryň duşuşyklarynda çykyş etsem, ilki Magtymgulynyň «Pukaraýam» goşgusyny türkmen hem rus dilinde, soň Puşkiniň (Bagşy Jürmenek bilen Gurbandurdy Gurbansähedowyň örän şowly terjimesindäki) «Söýgi umyt hem-de şöhrat //Aldamady uzak zaman» diýip başlanýan «Çaadaýewe» goşgusyny türkmen dilinde okaýaryn. Ahyrynda-da: «Indi bolsa bir goşgynyň bir wagtyň özünde iki dilde ýaňlanyşyny diňläň!» diýýärin-de, S.Wurgunyň: Seýran etdim müň agşama, Perwana dek ýandym şeme. Gözünden ýaş dama-dama, Şem-de dile geldi birden: Şahyr, ne tiz gojaldyň sen?! diýen ýaly bentleriniň birini türkmençe, birini azerbaýjança äheň bilen gezekleşdirip gaýtalaýaryn welin, meniň tapan «oýnum» diňleýjide özboluşly täsir galdyrýar. Edebiýat institutynda Italmaz Nury bilen Fikret Goja halypalyk eden tanymal rus şahyry Lew Oşanin olaryň ikisiniň-de gelejegine uly umyt baglaýar. Ol şeýle-de boldy. Biz şol döwürde-de Italmazyň entek kompozitor Çary Nurymowyň saz ýazmadyk «Bizi aýra salan ýollar // Indi gaýdyp duşurmazmy?» diýen goşgusyny ýatdan bilýärdik. Türkmen edebiýaty üçin örän kän iş eden Italmaz Nury, gynansak-da, aramyzdan juda ir gitdi. Görnükli şahyr bolup ýetişen Fikret Goja bolsa ýaňy-ýakynda 80 ýaşyny doldurdy. Onuň ýaş toýy Bakuwda uly dabara bilen bellendi. Ol häzir Azerbaýjan Ýazyjylar birleşiginiň ýolbaşçysy bolup işleýär. ...Türkmenistanda ýaşan Fahretdin Alyýew türkmen-azerbaýjan edebi gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmakda örän kän iş etdi. Onuň ähli eden işini aýdyp oturman, türkmen nusgawy şahyrlarynyň bir tomluk goşgular ýygyndysyny azerbaýjan diline terjime etmegini ýörite belläsim gelýär. Şeýle hem şahyrlar Mämmet Seýidow, Çary Aşyr, Ýylgaý Durdyýew, Kerim Gurbannepesow, Anna Kowusow, Annaly Berdiýew, Tirkeş Sadykow, Nury Baýramow, Ata Atajanow, Durdy Haldurdy azerbaýjan poeziýasyndan örän kän goşgyny terjime edipdirler. Poeziýa terjimesi meselesinde Fikret Gojanyň ýegre dosty Italmaz Nuryýewiň Naby Hazrynyň «Deňiz belentlikden başlanýar» diýen kitabyndan başlap eden işleri hil taýdan-da, möçber taýdan-da nusga alarlykdyr. Nyzamy Genjewiniň «Dana setirlerini», şeýle hem Azerbaýjanyň görnükli şahyrlarynyň, şol sanda, täsin döredijilik ykbally Mürze Şahiniň, Müşfigiň, Bagtyýar Wahabzädäniň, Mämmet Ysmaýylyň, Wagif Ybraýymyň, Aly Kerimiň kän goşgusyny Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew ýokary çeperçilik ussatlygy bilen terjime etdi. Azerbaýjan edebiýatynyň görnükli wekili Molla Pena Wagifiň, Saýat Nowanyň kitabyny ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedowyň terjime etmegini ýerine dişen iş hasaplaýaryn. «Dünýä edebiýaty» žurnalynda Aşyk Aleskeriň, Bagtyýar Wahabzädäniň, Çingiz Güseýnowyň, Tair Arslanlynyň eserleri, tanymal Anaryň «Dantä bagyşlanan dabara» powesti, zehinli ýazyjy Şamil Sadygyň «Aýalsyz erkek» diýen ajaýyp hekaýasy türkmen diline terjime edilip, okyjylara hödürlendi. Iki halkyň arasyndaky medeni gatnaşyk asyrlarboýy diňe doganlyk gatnaşyklaryň nusgasy bolup geldi. Oňa goja taryh şaýat, oňa dostluk deňzi bolan Hazar deňzi şaýat. Ol gatnaşygyň hemişe-de şeýle boljakdygyna biz ynanýarys. Atajan TAGAN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |