08:03 Nijeme ýyllardan soñ / hekaýa | |
NIJEME ÝYLLARDAN SOÑ
Hekaýalar
Biz gündeki endigimize görä, deň-duş oglanlar bolup, Gurban aganyň howlusynyň töwereginde oýnap ýördük. Oýun bilen känbir mazamyz ýokdy. Sebäbi hemmämiz Gurban aganyň üzüm dalbarynyň aşagyndaky sekä, demir hasasyna söýenip, keýtikläp çykmagyna garaşýardyk. Gurban aga şeýle köp erteki bilýärdi. Bizi her gün daşyna üýşürip gyzykly ertekiler aýdyp bererdi. Ol gürrüň berýän mahaly ýalan-ýaşryk zatlary aýtsa-da, onuň ýalanlygy hiç birimize duýulmazdy. Täsin gürrüň berijilik ussatlygy bilen biziň çaga kalbymyzy eýeläp, özüne bolan söýgimizi gazanypdy. Obamyzyň ähli çagalary onuň ertekileriniň aşygydy. Oba adamlary öz çagalaryny gözleseler, göni Gurban agaňka gelerdiler. Eger-de ertekiniň gyzykly ýerine gelen wagtymyz birimiziň ejemiz ýa kakamyz äkitmek üçin geläýse, gitmejek bolup aglasymyz gelmese-de gözümize tüýkülik çalyp möňňürerdik. Biz henizem düýünki eşiden ertekimiziň täsirinden çykyp bilmän birek-birege ertekidäki gahrymanlaryň adyny dakyp ýüzlenerdik. Ýöne, näme üçindir, biziň hemmämiziň kalbymyzda üýtgeşik bir howsala döräp başlady. - Eý, oglanlar, bu gün näme Gurban aga öýünden çykanog-a?! - Men-ä bilemok... - Ýa ol ýaranokmyka?! Beýleki biri: - Uruşda ok degen aýagy ýene agyryp başlandyr – diýdi. Oglan-gyzlaryň hersi özleriniň ýürek howsalasyny iki agyz söz bilen beýan edýärdi. Biz üýşüp maslahatlaşdyk. Men derrew “Biz üýşüp Gurban aganyň öýüne baryp görmeli” diýen pikiri orta atdym. Deň-duşlarymyň hemmesi makulladylar. Dürli-dürli gorkunç pikirlerimiz sebäpli biz Gurban aganyň öýüne giribermäge çekinýärdik. Gapyny açyp jaýa giräýen badymyza, içerki otagdan iňňildi eşidilip başlady. Öňküden-de gorkymyz güýjedi. Öňe tarap ädim ätmek gaty kyndy. Muňa Gurban aganyň aýdyp beren şol ertekileri hem sebäp bolýan bolmagy-da mümkin. Sebäbi şu wagt ertekilerdäki käbir gorkunç wakalar göz öňümizde janlanýardy. Men derrew özümi dürsedim. Içki otaga girdim. Görsem, Gurban aga aýagyndan bir zatlary süpürip aýyryp otyrdy. Men derrew onuň ýanyna bardym. - Gurban aga, näme bolýar size?! - Ýok, balam, hiç-le, üýtgeşik bolan zat ýok. - Onda aýagyňyza näme boldy? - Aý-ý..., balam, bu aýakda köneden galan dert bar. Onuň kä wagt gozgaýmasy barda. Gel, gowsy, oňa siz üns bermäň balalarym! – diýip, çalaja ýylgyrdy. Emma onuň gözi ýylgyranokdy. Biziň ýüregimiz çaga ýüregi bolsa-da, onuň keýpiniň ýokdygyny duýýardy hemde gyýylýardy. Men ýene arkaýyn oturyp bilmedim. - Gurban aga, näme kömek gerek bolsa aýdyberiň, biz derrew aýdyşyňyz ýaly ederis, kömekleşeris – diýdim. Gurban aga meniň başymy sypalady-da: - Hiç hili ýumşum ýok, balalam. Gaýtybam men size erteki aýdyp bereýin. Ýörüň, hemmämiz sekiniň üstüne çykalyň! Gurban aganyň bu sözüne biz begensek-de, onuň halyna gyýylýardyk. Ol demir hasasyny aldy-da, oňa söýenip, zordan ýerinden turdy. Ol keýtik-keýtik edip öýden çykdy. Soňra bir eli bilen tama söýenip, bir eli bilen hasa sňýenip, sekiniň ýanyna bardy. Göwresini sekiniň üstüne goýberdi. Ol gözüni ýumdy-da, agsaýan aýagyny uzak wagtlap sypalap oturdy. Biz hem onuň daşyna üýşüp oturşymyza “Gurban aga nähili kömek bermeli?” diýen sowal bilen dymýardyk. Men ýene ýuwaşlyk bilen oňa ýüzlendim. - Gurban aga, siziň aýagyňyz gaty agyrýan bolsa lukman çagyraýaly! – diýdim. Ol birhili özüni dürsän ýaly etdi-de: - Ýok, oglum, lukman gerek däl – diýdi. - Bu aýagymdaky ýara maňa urşuň beren ýadygärligi. Men öz watanym, ilim üçin, ine, siziň ýaly garagöz çagalaryň bagtyna zeper ýetirmejek bolup näçe jan aldym, janymy bermäge-de taýyndym. Gazaply söweşleriň birinde meniň aýagymy duşman güllesi kül-owaram etdi. Maňa bu ýara şu wagtlaram, edil şol günkisi ýaly azar berýär. Sebäbi gülleden owranan aýagymyň süňkleriniň köpüsi etiň arasynda galypdyr. Ine, şolaram çüýräp ýarylyp akýar. Ýaram gozgan wagty islesem-islemesem şol ýowuz urşy ýatlamaly bolýan. Urşy ýatlasam, ykbalymyň ýüregime salan ýarasam gozgaýar. Wah, balalam, bu aýagymdaky ýara hiç-le... Meni ýüregimdäki ýara köseýär, şonuň yzasy erbet... Biz hiç zada düşünmedik. Huşumyz uçan ýaly Gurban aganyň ýüzüne seredişip otyrdyk. Ol biziň ýagdaýymyza düşünen ýaly ýene-de özi söze başlady. - Onda men size bir erteki gürrüň bereýin! Ýöne bu gürrüň berjegim siziň üçin erteki, meniň üçin bolsa hakykat. Bu waka hemmeleriň bar wagty, uruş sebäpli bu dünýäniň dar wagty, biziň öz obamyzda bolup geçipdi. On sekiz ýaşymy dolduryp “men” diýip duran wagtymdy. Obamyzdaky Akgül atly gyz bilen gowy görüşýärdik. Onuň üçin janymy bermäge-de taýyndym. Maňlaýyma Hudaýyň ýazan güni toý tutup, öz bagtyma gowuşdym. Göwnüme menden bagtly adam ýok ýalydy. Bir gün agşam ýatmak üçin düşegime geçdim weli, itim Alabaý erbet sesi bile uwlamaga başlady. Men halys bolmajagyny bilip, daş çykyp, oňa haýbat atyp käýedim. Alabaý sesini goýdy. Men ýene gelip ýatdym. Az salym geçip-geçmänkä ýene uwlap başlady. “Uwlasa uwlap geçsin” diýip, ýatjak bolýan weli,sesinden ýaňa uklar ýaly däl. Erbet gaharym geldi. Ylgap daşaryk çykdym. Alabaýy erik bagymyzyň içine daňdym-da, gowy edip ýençdim. Ol menden ötünç soraýan ýaly “jyňk-jyňk” edýärdi. Ahyry özüm urup, özüm ýadap öýe geldim. Erik bagymyz öýümizden uzagrak bolansoň Alabaýyň sesi çalaja eşdilýärdi. Ýöne uklamazça däldi. Ertesi gün irden turdym. Agşam Alabaýy uranlygyma ýüregim awap, göni baga bardym. Itim ýüpüni çeýnäp, ýolup, nirädir bir ýere gidipdir. “Alabaý, Alabaý” diýip gygyryp gördüm, emma ondan derek bolmady. “Aý, uzagrak bir ýere gidendir-dä” diýen pikir bilen öýümize tarap gaýtdym. Öýe girjek bolup durkam obamyzyň poçtalýony “Gurban, Gurban” diýip meni saklady. Ol ýanyma gelip, saglyk-amanlyk soraşanymyzdan soň, elime bir bölek hat berdi-de, “Seni watan gullugyna çagyrýarlar” diýdi. Gepiň gysgasy, meni şol gün agşamky otly bilenWatan gullugyna alyp gitdiler... - Gurban aga, Alabaýy görüp bilmän gitdiňizmi? – diýenimi duýman galypdyryn. - Häzir hemmesini gürrüň berjek, oglum, howlukma! Sözüni bölenim üçin ondan ötünç soradym. Ol ýene-de gürrüňini dowam etdi. - Hawa, balalam! Men iki ýyl gulluk etdim. Gullugymy tamamlap öýe gaýtjak bolup ýören wagtlarymam, uruş başlady. Bizi göni fronta sürdiler. Çagba ýaly guýlup duran okuň içinde duşmana garşy birnäçe söweşlere gatnaşdym. Söweşlerde adam gyrylan wagty gan ýap bolup akardy. Ine, şunuň ýaly aldym-berdimli söweşleriň birinde men aýagymdan ýaralandym. Heniz aýagymyň agyrysyny onçakly duýmasam-da, ganyň köp gidip duranlygy sebäpli gözüm garaňkyrap ýykyljagymy bilýärdim. Men derrew üstüme üç-dört sany ölini çekip ýatdym. Sebäbi söweş tamamlanandan soň duşman ölüleri ýekän-ýekän barlap, dirileri öldürýärdi. Çaknyşyk gutardy. Meniň diridigimi hiç kim bilmedi. Aýagymyň ýarasy kem-kemden çydatman başlady. Daş-töwerek dyzdan gardy. Men üstümdäki ölüleri ysgynsyz ellerim bilen zordan aýyrdym. Başymy galdyran badyma gözümiň garaňkyraýandygyny duýdym. Az salym geçenden soň bir zat meni çekeläp başlady. Men arabanyň üstüne çykan wagtym olaryň itdigini bildim. Arabaly itler meni alyp gaýtdylar. Şol wagt göz öňümde öz Alabaýym janlandy. Onuň ýüzi salykdy, keýpi ýokdy. Ýa şindem menden kine saklap ýörmikä? "Alabaý sen meni bagyşla! Men ýalňyşyp seniň göwnuňe degipdirin. Sen meniň günämi geç! Sag-aman diri galsam, galan ömrümde depämde uwlap dursaň-da, men saňa gabagymy galdyryp seretmen. Sebäbi it uwlan wagty, eýesine geljek bela-beterleri Hudaýdan "maňa ber" diýip uwlaýarmyşyn. Alabaý sen meni bagyşla!.." Kimdir biri meni hyýaldan aýňaltdy. Gözümi açyp içerini gowy synlanymdan soň keselhanadadygyma düşündim. Ýaradan gutulan günüm ýene-de urşa gitdim. Urşuň iň soňky gününe çenli söweşdim. Biz ýeňdik. Ýöne urşuň weýrançylygyny dikeltmek üçin ýene bir ýyl öýe dolanman şol ýerlerde boldum. Öz dogduk mekanymy, il-günümi, ýaňy on bäş gün bile döwran süren Akgülümi, nähak göwnüne degen Alabaýymy görmedigime sekiz ýyl boldy... Men otly bilen öýe gelýärdim. Öz ilime gowuşjagyma iki bolup bilemokdym. Otly duralgasy bilen öýümiziň arasy gaty uzak bolmansoň, otludan düşdüm-de, öýe tarap ylgadym. Ýaşyp gelýän Günüň şapagy ýolumy kesip ýöremämi kynlaşdyrýan ýalydy. Obamyzyň gyrasyndan girdim. Öňümden çykan obadaşlarym gujaklaşyp salamlaşýardy. Han-ha, öýümiz... Allajanlarym, düýşümmi ýa huşum!? Men hakykatdan-da öz obamyzda ýörmükäm? Şol pursat goňşy howludan ylgap çykan gyzjagazyň ýanyna bardym-da: - Jigim, sen Akgül gelnejeňi tanaýarmyň? - diýdim. Ol: -Hawa - diýip jogap berdi. Bar onda şoňa söýünjile, Gyrban agam geldi diý. Gyzjagaz howlymyza tarap ylgap gitdi. Men gujak gerip ylgap gelýän Akgülüme garaşýardym. Emma ol gelmedi. Gyzjagaz ýüzüni sallap çykyp gitdi. Depämden gaýnan suw guýlana döndüm. Birden gapdalymdan patyrdap gelýän aýak sesini eşitdim. Seretsem Alabaý maňa tarap ylgap gelýärdi. Ol gelşine iki öň aýaklaryny meniň egnimde goýdy-da, uwlap başlady. Alabaýyň gözünden buýur- buýur ýaş dökülýärdi. Süňki çykyp duran arkasyny sypaladym. Näçe özümi saklajak bolsamda bolmady, agladym. Heý-de ynsan ýüregi aglaman durup bilermi?! Sekiz ýyldan soň, göwnüne degip giden itim meni tanap, günämi bagyşlap, gözünden buýur-buýur ýaş döküp öňümden çykyp bilşine, emma jana-jan aýalym biwepalygy üçin meni garşylap bilmändigine agladym... Hawa, balalarym, urşuň aýagyma salan ýarasy gozgan wagtynda, ykbalyň ýürege salan ýarasynyň nähili gozgaýanyna, onuň yzasynyň nähili erbetdigine şu wagt düşünmeseňizem, uly adam bolanyňyzda düşünersiňiz... | |
|
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |