19:38 Şygyrýetiñ aşygy | |
ŞYGYRÝETIÑ AŞYGY
Edebi tankyt
Türkmen poeziýasynyñ soñky ýyllardaky şahyrlarynyñ arasynda Kakabaý Gurbanmyradowyñ özboluşly orny bar. Şu wagta çenli Kakabaý ýadawsyz poetiki ýol geçip, edebiýat meýdanynda durnukly orun eýeledi. Şonuñ bilen birlikde-de Kakabaý edebiýatyñ beýleki ugurlaryna-da gowy edebi makalalar, süññi sagdyn publisistiki eserler ýazmak bilen, özüniñ döwre bolan gatnaşygyny, ýaşaýşa ukyply awtordygyny görkezip gelýär. Kakabaý Gurbanmyradow terjime sungatynyñ hem wepaly esgerleriniñ biri. Ol özünuñ uly zähmeti bilen rus edebiýatynyñ görnükli klassygy Wasiliý Ýanyñ eserlerini toplamak, tertipleşdirmek, olaryñ taryhyny öwrenmek, aýry-aýry eserlerini uly jogapkärçilik bilen terjime etmek bilen, bu ugurda-da özüniñ ukyplydygyny äşgär etdi. Onuñ uly ýazyjydan eden terjimeleri biziñ edebiýatymyzyñ düýpli eserlerine öwrüldi. Biziñ terjime sungatyndaky gazanan üstünliklerimiz boldy. Ol hemişe durmuşyñ jümmüşinde. Ol hemişe gazet-žurnallaryñ, metbugatyñ işgäri bolmak bilen zehinli awtorlary, edebiýatçylary terbiýelemäge, bu ugra ugrukdyrmaga hem özüniñ degişli goşandyny hem goşup gelýär. Hut şeýle zähmeti, şeýle erjelligi hem Kakabaýy edebiýat gazanynda gaýnamaga werziş etdi. Şu köptaraply zähmet Kakabaýyñ özüni hem kebşirledi, kämilleşdirdi. Edebi ukybyny timarlady. Şol zatlaryñ içi bilen özüni ýitirmän gelýän Kakabaý Gurbanmyradow poeziýa meýdanynyñ wepaly, durnuklu esgeri bolup ýetişdi. Onuñ "Alabahar", "Ýollar", "Maksat", "Sähra gözýetimi" goşgular kitaplary ädimme-ädim geçilen şahyrana ýoluñ miwesi bolup, Kakabaýy okyjylaryñ şahyr hökmünde doly ykrar etmegine getirdi. Onuñ rus dilinde Moskwada neşir edilen "Göwün bermek", "Söýgä kesgitleme ýok" kitaplary türkmen poeziýasynyñ Soýuza çykarylan gowy nusgalary boldy. Şol ýörelen ýol ony ähli kynçylyklaryñ öñünde çylşyrymly ýol-ýodalaryñ ählisinden geçirip, bişişdirdi. Ol goşgularynyñ birinden şeýle sözleri özüne programma edinýär: Kynçylykdan gaça dursam, eýmensem, Öñde ýörnän yzda selpäp, süýrensem. Gerekmez, boş pişelere güýmensem, Öz borjumdan daş düşdügim bolmazmy? Ynha, şeýle pikirler hem Kakabaýyñ poeziýasynyñ içinden eriş-argaç bolup geçýän gyzyl ýüplükdir. Kakabaý Gurbanmyradowyñ şahyrana kitaplarynyñ iñ soñkusy bolan "Hyýal guşum" kitaby onuñ hakyky menzile ýetip, şahyr diýen mukaddes, abraýly, mertebeli sözi onuñ awtoryna doly bahasy bilen aýdyp bolýandygyny görkezýär. Munuñ özi onuñ hakyky kämillige ýetendigini añladýar. Elbetde, bular ýaly gutarnykly pikiri goşgy ýazanlaryñ, goşgular kitabyny çykarýanlaryñ hemmesine aýdyp bolmaz. Kakabaý Gurbanmyradowyñ baý şahyrana mazmunly bu kitaby onuñ awtorynyñ sabyrlylyk bilen dünýäni, durmuşy synlap, wakalary, ömri, ýaşaýşy derñäp, analizleýän sagdyn pikirleri aýtmaga ýetişendigini görkezýär. Kakabaý Gurbanmyradowyñ akylly liriki gahrymany bar. Bu liriki gahryman okumyş, durmuşy ýadawsyz öwreniji, gezende adam. Liriki gahryman goşgudan goşga ösýär, kämilleşýär. Şeýdibem ol gaýta-gaýta edebiýat meýdanyna nazar aýlaýar, edebiýat hakda pikir öwürýär. Durmuşy edebiýata, edebiýaty hem okyja ýakynlaşdyrýar. Çyn edebiýatyñ bakylygyny nygtaýar. Harama ganym sen, zehinlä dogan, Gaty kän beýikleñ yhlasy siñen. Kim sende ýaşap ýör müñ ýyldan soñam, Ýa özi dirikä ötenleriñ bar. ("Edebiýat meýdany") Ine, aram-aram şu pikirler bilen ýaşaýan, özüni derñeýän liriki gahryman goşgysaýyn dogumlanyp orta çykýar. Şeýdibem, şahyr Kakabaý Gurbanmyradow her bir goşgusynda özüniñ filosofiki dünýäsini açýar. Ol öz deñ-duşlary bilen pikir alşanda-da, okyjylary bilen duşuşanda-da, öz perzentleri bilen sözleşende-de ("Ogullaryma"), tebigat dünýäsini synlanda-da, gamlananda-da, şatlananda-da şeýle edýär. Alyp gowulardan görelde-görüm, Hersine duşamda durlandy serim. Düşmesi kyn döwrüñ gam-külpetlerin Näçe diýseñ dadanlara sataşdym. Kakabaýyñ liriki gahrymany näme hakda gürlese-de, çynlakaý sözleýär. Durmuş hakykatyny derñemegi başarýan okyjy onuñ sözlerine doly ynanýar. Durmuş hiç wagtam ýeñil däldi, häzirem şeýle, geljekde-de şeýle bolar. Onuñ dürli-dürli oýunlarynyñ, dürli-dürli öwrümleriniñ hemişe içinde bolan şahyr durmuşyñ ähli zadyna akylly-başly baha kesýär. Eý durmuş, sal meni ýanar oduña, Onsuzam bu ömrüm göreşden doly. Öñkimdenem beter söýüp ýaşaryn, Adalatly hem-de medetkär ili. Añsada ymtylmak düşmez ýadyma, Eý durmuş, sal meni ýanar oduña. Ynha, bu Kakabaýyñ liriki gahrymanynyñ hakyky keşbidir. Kakabaý Gurbanmyradowyñ liriki gahrymany durmuşyñ jümmüşinde, onuñ ähli meselelerini boýlap ýaşamagy başarşy ýaly, ol söýmegi-de, söýülmegi-de başarýar. Onuñ söýgi temasynda ýazan goşgulary-da okyjyny özüne çekýär. Hyýalda sen ýakynda-da, daşda-da, Diñe señ mähriñi küýseýär kalbym. Bu uly söýgimi uzak ýyllaryñ Içinden goraglap geçirip geldim. Liriki gahrymanyñ bu gutarnykly pikiri onuñ geçen arassa ahlakly söýgi ýoluny kepillendirýär. Bu sözler köplere, ýaşlara nusga almaga-da degişlidir. Çünki bu ömrüñ uly pursatynyñ, uly bir menziliniñ netijesinden habar berýär. Durmuşy dolulygyna görmek isleýän gezende şahyryñ kitabynyñ bir bölegini - soñky bölegini onuñ syýasatlar, gezelençler baradaky, ýollar, ülkeler baradaky goşgulary tutýar. Şahyr uly Watanymyzyñ köp gözel ýerlerine aýlanyp görýär. Dürli-dürli häsiýetli adamlar bilen sataşýar, pikir alyşýar, dostlaşýar. Onuñ liriki gahrymanynyñ arassa oý-pikirlere ýugrulan dostlukly garaýyşlary biziñ halklarymyzyñ bozulmaz doganlyk-dostlugynyñ, agzybirliginiñ kepilnamasydyr. Şahyryñ Uzak Gündogardan, Moskwanyñ eteklerinden, Gara deñziñ boýlaryndan berýän habarlary biziñ pikirimize delildir. Onuñ kitaby jemleýän "Jahankeşde men" goşgusy onuñ bu ugurdaky programmalaýyn eseri diýsek nädogry bolmaz. "Öýne myhman, haçan görseñ ýoldadyr..." Gelýän bu sözleri eşde-eşde men. "Jan bilen çykarmyş, gan bilen giren" Ýasalşym şeýleräk - jahankeşde men. Alyp menzilleriñ sapak, pendini, Täsirleriñ köwsarladyp başda men. "Indi görjek ýerim hasam gözeldir" Diýen pikre uýýan jahankeşde men. Oña ak ýol arzuw etmek galýar. Umuman, ädimme-ädim kämilleşip, bu senetde durnukly derejä ýeten Kakabaý Gurbanmyradowyñ "Hyýal guşum" goşgular kitabynyñ hödürlene baýragyna daş ýany bilen mynasypdygyny çekinmän aýdyp bileris. Baýrak beriljek bolsa; ony tarhandökerlik bilen paýlaman, öz senedinde kämil derejä, mynasup menzile ýeten awtorlara bermek gerek. Kakabaý Gurbanmyradow şularyñ hakyky mynasyplarynyñ biridir. 1991 ý. Begmyrat USSAÝEW. #edebidurmusymyz | |
|
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |