17:53 Toý toýa sebäp / hekaýa | |
TOÝ TOÝA SEBÄP
Hekaýalar
Türkmende şeýle bir atlar bar: gulagy gamyşdan, naly kümüşden, toýnagy şirmaýy, ýaly ýüpekden, oýny — oglanyňky, näzi — gyzyňky, ýörese — ulugyz, sallansa — gelin, sarkanda — suw kibi, syçranda — ýalyn, ýelden ýüwrük, ýerden agras... Şeýle atlary görende, Aznawur özüniň atlygyna, at adyny göterip ýörenine utanardy. Iň erbedem, gözüni açyp gören hossary, şondan bärem daşynda kebelekläp ýören Permandan utanardy. Bir garybyň ýeke ogly, çagaka ata mährinden mahrum galan Permanyň bolsa garabagyr ejesinden hem şu atdan başga hiç zady ýok. Dogry, bir mäkiýan towuklaram bar, ýöne oda Perman ýaly, şu Aznawuryň hyzmatynda. Ýekeje ýumurtga guzlabildigi, Perman şol ýumurtgany alyp, Aznawuryň ýanyna ylgaýar. «Iller şeýdýämiş» diýseler, oda atynyň iýmine ýumurtga çakyp berýär. Wah, ýöne, çaman at şol çamanlygy. At dälde, dirije ahmyrdyr. «Näderkä?» diýip, käte bir çapuwa salarsyň welin, illeriň aty öňe, seňkem yzlygyna gidýän ýalydyr. Diňe öňdäki atlar, hol, garagörnümde telpegini bulaýlap duran eminiň daşyndan öwrüm edip, yza — pellehana tarap atylanlarynda, şonda olara yza, seňkem öňe barýan ýaly duýarsyň... «Yza gaçmaşak bolsa, agsak ozar» diýlişi ýaly, sen muňada kaýylsyň. Ahyr bir gün agsagyň, çamanyňam döwi gelmegi mümkinä... Şonuň üçin Permanam, Aznawu ram eýlebeýle gyjalatlara pitiwa edip duranoklar. Ýedi ýaşamanka, atadan galan Permanjygyň şu ömründe atly ýigit bolaryn öýdüp umydam ýokdy. Ynhada, bir gün daýysy Goçmyrat aga, Mäkäm baýyň at ugrundan ýeketäk ynamdary Goçmyrat seýis Permanjygy ýanyna çagyrdyda: — Ýegen, şojagaz taýy nähili görýäň? Şony saňa beräýsek, seredip bilermiň?! — diýäýdi. Şodurda şodur, Permanjyk bilen Aznawurjyk ikisi dogan okaşan ýaly, bir jan, bir ten boldy. Biriniň ady tutulsa, ikisem bile şapadaňlaşyp gelýär. Goçmyrat seýsiň özem atyň ahyrynda ulalanlaryň biri bolansoň, ýegenjiginiň diňe şujagaz şatlygy üçin, aýal doganynyň iňirdilerini eşitmediksirän bolaýýardy. Goçmyrat seýis! Ynha, sapana salaýmaly, çortmajyk bir pyýada. Ýüzgözi ýygyrtýygyrt, maňlaýy gasyngasyn. Şeýle adamyň ýüzi gamgussa bürelip, eňşäp durmaly ýaly welin, onuň her ýygyrdy ýylgyryp, her gasyny gülüm siräp dur. Öz boýnundada gol doly maşgala, suw ýalyjakka ýetim galan ýegenjiklerem üstesine. Şondada, Goçmyrat aganyň başyny tutup, yranjyrap oturanyny gören ýokdur. Ömründe bir gezek, ondada şu Aznawur üçin, has dogrusy, ýegeni Perman üçin ol baýa dileg saldy. «Bir goýundan agam dogar, gara-da» diýlişi ýaly, Mäkäm baýyň tohum mallarynyň biri bir gezek tazynyň güjügi ýaly bir zat taşlady. Reňkem demir gyr. Muny görenden, Goçmyrat seýis başyny ýaýkap, hyrçyny dişläp, «Häkk» etdi. Ýaňky taýjagaz dört aýa gyna galjak bolup, galyp bilmän, okara ýaly gözleri bilen Goçmyrat aganyň ýüzüne naýynjar seredende bolsa, goja seýsiň ýüregi suw ýaly süýşüp gitdi. — Baý aga, demrindenmikömründenmi, bilmedim, ýöne bujagaz aýlawada ýaramaz. Indi şujagazy maňa bagyşlaýsaň diýip geldim menä! Mäkäm baýam baýlygyny etdide, Hüňkaryň aýdyşy ýaly, «Düldüliň çagasy bolsada, bar, şol seniňki bolsun!» diýdi. Goçmyrat seýsem bu girdenek taýçanagy biraz bakypbejerip, ese boýa galdyransoň, Permanjygy ýanyna çagyrdyda: — Ýegen, şojagaz taýy nähili gör ýäň? — diýdi... Anha, bolany. Atlary suwa ýakmaga ýa düşürmäge gidenlerinde: «Daýy, daýy jan! Menem gapdalyndan ylgaýaýynda!» diýip, ýalbaryp ýören oglanjygyň ýü reginiň şonda nähili gopup, nähili uçandygyny diňe şojagaz ýürejigiň özi bilýändir. Şol uçup ýörşünede, ol daýysyndan eşiden bir geň sözüni belläp, taýyna «Aznawur» diýip at goýdy. ...Atyň howalasam özüňe belli. Entäk murty tabaptabamanka, Per manam bir mahytabana aşyk boldy. Ondada kime diý?! Mäkäm baýyň körpe gyzy Keýige. Al, saňa gerek bolsa! Onam, näme, adam ogluna aýtman, bir gün gezersiň, bir ýyl gezersiň, ahyr soňy, garabagyr ejeňehä aýdarsyň... — Hiýh...— diýip, Permanyň ejesi görgüli ilki ýakasyny tutdy. «Oglum, senem indi ýigit çykdyň. Senem indi... Heý, bir, gözastyna alýanyň barmydyr ýada...» diýip soranyna puşmanlar et di. Bir gün käýindi, iki gün käýindi, üçü lenji gün: «Keýik janyň ejesi birwagt jan ýalyjak joramdy ahyryn!» diýip, özözüne basalyk berip, düwünçegini goltugyna gysdyryp, Hudaýy çagyryp, Mäkäm baýlara tarap ýelk ýasady. Gowy habarmy ýa erbet bolsun — aýal milleti ilki bir ýakasyna ýapyşma sa, bolmaz. Mäkäm baýyň aýaly, Keýik gyzyň ejesi Hajarbaýam Permanyň ejesiniň habaryny alansoň, ýakasyny tutup, esli salym oturdy, «Nä ýüzüňe geldiň, tur, gaýt!» diýsehä, çagalykdan bileje ösüp, syr alyp, syr berşen jorasy. «Bor, hany, kakasyndan bir sorap göreli!» diýsede, soraljak adam — ýer sarsdyryp oturan Mäkäm baýdy. Onsoň Hajarbaý: «Jora jan, sen çaýyňy içiber bakaly!» diýip, gapdaldaky ak öýde gaýma gaýap oturan gyzynyň ýanyna ugrady. «Şeýle, şeýle, gyzym!» diýenden, gyzy örgökden gelip, tasanjyrap turup gider, şonuň bilenem gürrüň gutarar öýtdi. Tasanma nirede, Keýik gyzam ýüzüni ketenisi ýaly çoggyzyl edip, ýere seretdi oturyberdi. Iki oduň arasynda galan Hajarbaý: «Waý, ýüzüň gursun!» diýdide, iki tarapyny deňläp, äriniň huzuryna bardy. ...Aňyrdan ot alan ýaly bolup gelen Hajarbaýy görende, Permanyň ejesi bar zada sözsüz düşündi. Hajarbaý: «Jora jan, bizä entek...» diýipdiýmän kä, düwünçegini goltugyna gysdyrdy. Hajarbaý jorasyny ugratmaga çy kanda, birden uludan demini aldyda, göýä, özözüne aýdýan ýaly: — Uly ile metgi bolup ýörenden, atsyz bolsa bolmaýamy... — diýdi. Munuň häki bir aýtgydygyna, ýü püň üstüne un serilmedigine düşünse de, Permanyň ejesi: «Hä, eje, gurtmy, tilki?» diýip öňünden çykan ogluna ony aýtman saklanyp bilmedi. Ondada, ýöne aýtmakmy... — Atyň gursun, balam! — diýip, goltugyndaky düwünçegi öýüň törüne goýmaga ýöneldi. Perman birsalym doňdy. Özüniň elýetmez şahadan asylanyna şobada düşündi. Onsoň Perman sessiz-üýnsüz, dulda asylgy duran gamçysyny silkip aldyda, ýerdölä tarap ugrady. ...Ýerdölä güpürdäp inen, ýüzi tikenli Permany görende, Aznawur bir bolmasyz işiň bolanyny aňyp, tisginip, horguryp, yza-yza tesdi. Perman bir öwrümde Aznawuryna tarap seredende, onuň alma ýaly gözlerinden togarlanyp gaýdýan göz ýaşlara nazary düşdi. Şonda ol atynyň boýnundan gujakladyda: — Wah, atym, jan atym... — diýip, sojady. Gijäniň birwagtam Aznawuryň ahyrynda süýnüp, uka gitdi. Aznawuram tä daň atýança, dört aýak üstünde, eýesiniň başujunda şöwür çekdi. Günler geçip, aýlar aýlanyp, ýyl süýşdi. Keýik gyza kän-kän ýerden, men-men diýen ýerlerden sözaýdyjy gelsede, alan galalary bolmady. Dogry-da, baýyň diýeni bolan ýerde, baý gyzynyň, ondada körpe gyzyň diýeni bolmazmy? Ýöne toýam gowy zat! Ýylda bir uly toý bermese, şol toýda-da bir ýyllyk girdejisini orta dökmese oňmaýan Mäkäm baýa-da, ynha, başga bir toýluk bahana tapyldy: ol ogul agtykly boldy. Muňa iki bolup bilmedik baý: — A-ha-haw, halaýyk! Mäkäm baý agtygyna ýedi gijegündizläp toý tutjakdyr-la-haw! Pälwanyň barmy, ýüwrük atlyň barmy — gelibermelidirhaw! «Sanaçgapdy» oýnam boljakdyrhaw! — diýip, jar üstüne jar çekdiriberdi. Bu jelegaýlarda känbir ýoň bolmadyk hälki «sanaçgapdynyň» manysyny soranlara Goçmyrat seýis şeýle düşündiriş berdi: — Berk hamdan tikilen bir sanajy toý paýdan dykyp doldurýarlarda, agzynam pugtalap, orta atýarlar. Döw ýaly-döw ýaly, atly pyýadalaram «öňaldy» edişip, ýaryşyp ugraýarlar. Kim sanajy hiç kimsä aldyrtman, alyp çyksa hem şoň bilen pellehana öň gelip bil se, şo-da ýeňiji bolýar. Meniň'ä, ynha, bilýänim şol. Muňa «owlakgapdam» diýläýýär. — Bee, walla, öz-ä bir täsin oýun eken — diýip, soranlar oýa çümdüler. — Ýeri, onsoň, biziň obalardan ol oýna çykyp biljek barmydyr? Mäkäm baý şony pikir etdimikä? Bu gezek Goçmyrat seýis çuň oýa çümdi. Dymyşlygy Permanyň mazaly ýognap ugran sesi bozdy: — Şoňa men çykyp göräýsem, bolmazmy? Goçmyrat seýsiň ýüzündäki ga synlar bu gezek ýylgyrmady-da, güreldi. Ol: — Häý, bir zat tapaýýaňyz-aý! — diýdi-de, Mäkäm baýamy, öz ýegeninemi ýada bu oýny tapanlaramy käýinip, synyny silkip, ýerinden turdy. Agşamara, seýis ýene durubilmän, ýegeniniň ýerdölesine bardy. Aşak inen ýerde oturdy-da, atyny iýmläp duran ýegeniniň çagalykdan gara işde bekeşen goşarlaryny, damar-damar, çigin-çigin bolup duran gollaryny, eginlerini synlady. Soňam: — Näme ol, berýän zadyň? — diýip azym bilen sorady. — Äý, menä! — diýip, Perman müýnli ýylgyrdy. Goçmyrat seýis tow berlen ýaly, böküp turup, atyň alkymyna bardy. Aznawuram hütürdetmesini goýup, öz iýmini ysgaşdyrýan goja seýse geň galyp seretdi. — Şunuň bilenmi? — diýip, seýis Aznawura tarap elini uzatdy. — Dagy näme bilen bolsun! Goçmyrat seýis: «Hüh» etdide, Aznawuryň daşyndan aýlanyp ugrady, ilki atyň dört aýagyny, toýnaklaryny, bilini, bykynlaryny, boýnuny elleşdirip gördi, birdenem: — Şuň bilen diýsene! — diýip, atyň sagrysyna bir şapbat urdy. Duýdansyz şarpykdan tisginen Aznawur hyzzyn atyp, iki art aýagy bilen bir jüptek uranda, ýerdöläniň üçegini tozadyp goýberdi. Seýis yza tesip: — O-ho, o-how — diýdi-de, soňam «kyh-kyh» edip güldi. — Boljak ýaly-la-how?! Daýy-ýegen birsalym dymşyp oturdylar. — Men-ä bu oýna belet däl! — diýip, hamana, «sanaçgapdyny» ýegeni bilen Mäkäm baý oýlap tapan ýaly, Goçmyrat seýis igenip ugrady. — Uzakdanýakyndan, garaz, kän ýerden atly geljek sesi bar. Hä, indi durubilseňiz! Men baýa-da aýtdym, menden size kömek ýok. Goçmyrat aga maňlaýyndaky gasynlaryň arasynda gizlenip ýatan ýatlamalary örüzjek bolýan ýaly, maňlaýyny owkalaşdyrdy: — Birwagt, çagarakkam-a görüpdim. «Aga döw» lakamly, biziň obadanam biri şoňa gatnaşardy, ýöne oda soň şol oýun sebäpli maýyp boldy. Şoňa namys edibem, guma siňdi gitdi, gaýdybam gelmedi. Şol gaýraky gumda bir ýerlerde çopançylyk edýämiş diýibä eşidýäs. Ana, şondan soň biziň obalardan, bu jelegaýlardan ol oýna ýürek edip gatnaşanam ýok, baýrak getirenä hijem ýokdur. Aznawuryň özüne gaňrylyp se redýänini görüp, Goçmyrat seýis oňa gözüni gypyp goýberdi: — Hawa, ýegen, niýet edipsiň, belki, oňuna bolsun, ýöne saňa bir berip biljek maslahatym: ilkibaşda bir gurt oýnuny görkez, oňarsaň, orta urduryp girde, sanajy gapyp alyp, soňam göter ökjäni! Sen bir ýaş oglan, bu oýunlardanam hiç tejribäň ýok, olaram şony bilýändirler, senden beýle zada garaşýan däldirler, şonuň üçinem, ar kaýyndyrlar, senem şol arkaýynlykdan peýdalan! Ýöne sanajy gapyp alaňsoň, her zat et, ony elden berme! Bir penjäni ursalar, goluň bilen goparyp alarlar. Dep, dişle, gap, garaz, golaýyňa getirme! Eşitdiňmi? — diýip, Goçmyrat aga Aznawuryňam böwrüne dürtdi. — Eşitdiňmi, ýegen?! — diýip, ýene Permana ýüzlendi. — Bu bir erkekleň oýnudyr, helebüçük zada gatyrganyşyp durmazlar. Goçmyrat seýis: «Ýene näme aýtsamkam?» diýýän ýaly, birsalym oýur ganyp oturdyda: — Äý, galanynam Alla oňarsyn! — diýdi. Turjak wagtam Aznawura tarap ümläp: — Ertir meň ýanyma elt, toýnaklaryny tekizläp, nal kakyp bereýin! — diýdi. —Toýa çenli öwrenişsin! Şol günden başlap, Permandyr Aznawur ikisi gaýraky gumuň içinde ertirden agşama çenli ýitirim bolmany, agşamara-da garasuw, ak köpük bolşup gelmäni çykardylar. — Perman begem Aznawury bilen towşan tutmany öwrenýän ýalyla?! — Bä-äý, onda-ha, gumda towşan galmaz-aý! Şeýdip, gülşe-gülşe, toý gününe ýetdiler. Şonuň öňüsyrasy, Permandyr Aznawur ýol üstünde Keýik gyz bilen petepet geläýdiler. Şonda, Permanyň göwnüne, Keýik çalaja säginip, gabak astyndan bir seretdi. Soňra gyz çaltçalt ýöräp, daşlaşyp gitdi. Entegem arzuw kölüni gulaçlap barýan Perman gursagyny dolduryp, uludan dem alanda, Aznawur janawaram, näme üçindir, «haş-ş» etdi, ýörişem, birhili, üýtgän ýaly boldy. Keýik gyzyň, hol, garagörnümde bir dem aýak çekip, yzyna garanjaklanyny bu ikisem, asla hiç kimsede görmedi. Keýik gyzyň göwnüne bolsa, Perman dälde, öz ýürejigi Aznawura atlanyp, gidip barýana döndi. Şonda ol birwagt ýazlaga çykylandaky wakalary, Permanyň ýandakdyr demirtikenleriň üstünden aýakýalaň ylgap barşyny, uly adamyňky ýaly gujurly gollary bilen goýun ýykypgüýlüşini, hiç kime baş bermeýän bir gedem goçy şahyndan towlap, güpürdedip basyşyny ýatlady. Gyz ýüregi — syrly sandyk. Şol ýüregi näme üçin ýüpek kimin ýum şaklygyň, özi deýin näzikligiň dälde, Permandaky ýaly gödeňsiligiň, gara güýjüň özüne çekýänligini, heý, dü şündirip biljek barmydyr?! Ýa «Kim küýkini söýer, kim— gaýkyny» diýlenimikä? Ýada dünýäň deňagramlylygyny saklaýan — şol, näziklik bilen gödeňsiligiň özara sazlaşygy, itişip-çekişmesimikä? * * * Oýnuň öňüsyrasy Goçmyrat seýis bir çetde atynyň boýnundan gujaklap duran ýegeniniň ýanyna geldi-de: — Ýerow?! — diýdi. Soňam, Aznawura-da eşitdiribräk, gözüni hol aňyrda duran ata aýladyda: — Bee, sered-ä, asyl Jeren janam myhmançylyga geläýen ýaly-la! — diýdi. Seýis şeýle diýenden, Aznawur başyny silkip, ýerden göterdi-de, alma gözlerini agdar-düňder edip, töweregine garanjaklady. Şol bir wagtyň özünde, Permanam, hol, beýleräkde depäniň üstünde alýaşyl bolşup duran gelingyzlara tarap ýalt edip seredenini bilmän galdy. Şonda onuň bürgüt gözleri şol al-ýaşyl topbagyň içinde Aý ýaly ala-böle saýlanyp duran Keýik gyzy saýgaryp, tanap ýetişdi. Aznawuryň gulagynda-da Jereniň şol ýaşlykdaky inçejik, zaryn kişňemesi ýaňlanyp giden ýaly boldy. Permandyr Aznawur ikisiniňem ýüregi ersip, ikisem bir-birine has berkräk gysmyljyraşdylar. Onýança-da: «A-ha-haw» diýlen ses ýaňlandy. Uzak bir obadan ýörite çagyrylyp getirilen ýaşuly emin telpegini ýokaryk galdyryp, oýna gatnaşjaklaryň baryny daşyna egelendirip, ilki bu ýaryşyň şertlerini ýene bir gezek gaýtalap dü şündirdi, soňam gapdalynda duran jarçyny gygyrdyp, ýaryşyň baş baýragyny yglan etdirdi: — Baş baýrak — bir köşekli düýedir-le ha-aw! «Eşitdim, eşitmedim» diýmäň-haw! Soň: «Armanly galdym» diýmäňhow! «Başlaň!» Telpek ýatdy. Bu oýnuň, dogrudanam, tilsimi kän eken. Ilk-ä, öňden ham-çam bolşup ýörenleriň her üçüsidördüsi bir kowçum bolup, oýna bile girer eken. Beýlekilerem «ýerden ýeke çykan» däl. Munda ýeke bolsaň, çaňyň däl-de, külüň çykjak. Onsoň, hälki kowçumdan biri saýlanyp, sanaja tarap topulanda, onuň ýoldaşlary beýlekileriň öňüni gabsalap, öňe başga atly geçirmejek bolup çalyşýarlar. Ýoldaşy sanajy ýerden garbap alyp, garma-gürmelikden saýlandygam, onuň daşyny gallaşyp, bile gamça basýarlar. Emma, eýlekilerem ahmal däl, olaryňam öz kowçumy bar. Ýöne bu gezek bar zat başgaça boldy. Her kim öň döwşüp ýörenlerini gabalady-da, bir gapdalda garagulak ýaly ýapyrylyşyp duran Permandyr Aznawura hiç kim ähmiýet bermedi. Emma garaşylmadyk oýnam şolardan çykdy. «Başlaň» diýlenden, atlylaryň bary sanaja topulman, birbirini gysyp, itişip ugradylar. Şol aralykdada, Permandyr Aznawur orta atylyp çykyp, sanaja tarap okduryldylar. Bu bir kelläňi etegiňe salmak bolýa. Öň görmedik oýnuň, daşyňam goragsyz! Ýöne «Bilmedige bela ýok» diýlen bir gep bar, töwekgellik diýlibem ýene bir zat bar. Baryndan beter, atlylary aňk eden başga bir ýagdaý boldy: Aznawur sanajyň deňinde sakga durdy-da, düýe çöken ýaly ýere çökäýdi, Perman sa najy gapyp alyp, öňüne kese basandanam, gürre silkinip turup, ýüzin salyp gidiberjek boldy. Emma awunyň elden gitjegini aňan atlylar basym aýňalyp, desbi-dähel Permandyr Aznawuryň daşyna aýlanyşdylar. Daşynyň gabalanyny gören Perman: — Çüw, çüw, çüw, atym, çüw! — diýip ugrady. Bu «çüwüň» entek hakyky «çüw» däldigini bilýän ýaly, Aznawuram agzyny hatap ýaly açyp, duran ýerinde hozanak bolup, ters aýlanyp, hyzzynlap başlady. Asyl bu ikisiniň ýangolaýyna barar ýaly däl. Köpügören atlardyr atlylar bu geň oýna aňalyşyp, nätjeklerini bilmän, birsalym sägindiler. Şu aralykda, Perman üstüne abanyp duran atly galanyň bir ýerinden çalaja gädik açylanyny görüp, Aznawuryň başyny şo tarapa öwürdi-de, atyny debsiläp, bogazyna sygdygyndan: — Ваs, аtym! — diýiр gуgyrdy. Рermandyr Аznawur tüрeň nilindеn çуkan оk ýаly, şоl уşaradan аtylyp çуkyp gitdi. Вeýlekilerem sоzanguýruk bоlşup, bulаryň mеkgesine mündülеr. Indi оlaryňam аgzy birikdi. Ikä bölüniр, iki tarарdan gарdallap kоwdular. Еmma оlary еndişä gоýýan bir zat: Аznawur gönüläр däldе, tоwşanyň gаçyşy ýаlу, еýläkbеýläk sар аtyp, gеpiň gуsgasy, bulаşdyryp çарýardy. Rаwylar аýtmyşlaýyn, bir zаman Кösäniň Воzdumany, gаçyşlyk bоlanda, şеýdip çарar еken. Permanam, Aznawuram, nirä barýandyklarynam bilmän, şol gyzgyna eňip barýarlar. Yzdaky at toýnaklarynyň güpürdisiniň barha golaýlaýanynam aňýarlar. Ine-de, kowguçylaryň iň öňdäkileri bular bilen deňleşdi. Permanyň her tarapyndan bir äpet penje, bürgüt penjesi ýaly, sanaja tarap gerildi. Edil şo pursadam, Aznawuryň gulagyna yzdan bir ýerlerden şol tanyş, Jereniň zaryn kişňeme eşidilen ýaly boldy. Ol sakga durup, hyrra yzyna öwrüldi. Şu ýagdaýda, at üstünden güwläp gaýtmazlyk üçin, ýa-ha sakyrtga, ýada Perman bolmaly. Kowguçylaryň birtopary, badyna, gapdaldan hasyrdaşyp geçip gitdi lerde, hol, aňyrrakdan öwrüm berip, Permandyr Aznawur ýene bir oýun toslaýan bolaýmasyn diýen ätiýäç bilen, heşerlenişip durdular. Aznawuryň jam ýaly gulaklary hälki owazy bu gezek açaçan eşitdi. Jereniň sesimi? Jereniň sesi! Gitdikmi? Gitdik. Yza tarap — öňe! Entek ýeke gezegem höwür ga rasyny görmedik nowjuwan at, jahyl ýüregine, çigindir bogunlaryny ýaryp barýan tereň güýje bäs gelip bilmän, gazap bilen çapýardy. Aznawura bu güýç, bu gaýrat nireden geldi — Alla bilsin! Ol, göýä, bu Alynyň ala meýdanyndan öňkisoňky galan ahmyrlaryny çykarjak bolýan ýaly, ýerläp uçýardy. Onuň şeýdip çapyp bilýänine üstündäki Perman-a däl, Aznawuryň özem şu wagt ynanmaýan bolsa gerek. Perman sanajy getirägede, egin deňläp duran Mäkäm baýdyr baş eminiň aýaklarynyň astyna oklanda, akly-garaly, gyzyl-çyzylly bütin toý mähellesi bir adam ýaly bolup, hüwwe ýerinden galdy. Murtlaryny towlaşdyryp, bir-ä gapdalyndaky emine, bir-de Goçmyrat seýse, käte-de Permandyr Aznawura seredip duran Mäkäm baý barmagy bilen yşarat edip, ogullarynyň birini ýanyna çagyrdy. Birsalymdan, Keýik gyzyň ellerinden çykan çog ýaly haly Aznawuryň arkasyna atyldy. Goçmyrat seýis Aznawuryň jylawyndan ebşitläp: — Ýegen, bar, düýäňe eýe bol, baý agamyz gaýtmyşym edäýmänkä! — diýip, aty ylgaşladyp, özem ýaş oglan ýaly, ýany bilen ylgap gitdi. Atlaryndan düşüp gelen oýun çylaryň bary Permanyň daşyny aldy, elini gysýan haýsy, arkasyna kakýan haýsy, gujaklap, maňlaýyndan ogşaýan haýsy. — Sen oglany indiki ýaryşdada bir göreli, bakaly! — diýip, ynha, boýy düme biten ýaly bir pyýada ýarym oýun bilen haýbat atýar. — Pylan aýyň pylançasyna obamyzda şunuň ýaly bir uly toý bar, şoňa barmalysyň! — diýip, ýene biri toýa hem ýaryşa çakylyk edýär. — Atyňy satma niýetiň-ä ýokdur?! — diýip, başga biri eýýäm nyrh kesişjek bolup dur. Permanyň bolsa bu wagt gulagy zat eşidenok, gözlerem diňe Keýik gyzy gözleýär. * * * Toý sagaman sowlandan soň, Goçmyrat seýis başlyklaýyn, ýene bir sözaýdyjy Mäkäm baýlara tarap ýola düşdi. Goçmyrat seýis salam berip, içerik ätländen, egnindäki çog-gyzyl halyny bir böwre adam söýän ýaly edip söýedi-de: — «Döwletliniň maly gaýdar» di ýipdirler, baý aga, bizä şu halyny hak eýesine gowşuraýaly diýip geldik! — diýdi. — Ýerine, bir dilegjigimizem bardyr öz-ä, baý aga! Soňrak Goçmyrat seýsiň «kyh-kyhy» bilen Mäkäm baýyň «loh-lohy» goşulyşyp, sazlaşyp çykyp ugrady. Ynha, şeýdip, ýene bir toýluk bahana tapyldy oturyberdi. Kömek KULYÝEW. # garagum_2019 | |
|
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 14 | |||||||||||||||
| |||||||||||||||