03:11 Ýigriminji ýyllaryñ lirikasynda halklaryñ dostlugy ideýasy | |
ÝIGRIMINJI ÝYLLARYÑ LIRIKASYNDA HALKLARYÑ DOSTLUGY IDEÝASY
Edebiýaty öwreniş
XX asyryñ 20-nji ýyllarynyñ türkmen poeziýasy zähmetkeş halka tükeniksiz jebir-sütem görkezen dünýäniñ geçmiş bolandygyny, "azatlyk dañy atyp", ynsanyýete eşret eçiljek eýýamyñ başlanandygyny çynlakaý ykrar edip, işe başlady. Bu poeziýa täze dünýäniñ hakyky jarçysy boldy. Bu poeziýany döredýänler hem iki dünýäniñ janly şaýatlary, zähmetkeş halkyñ ýarany, maslahatçysy bolan Körmolla, Durdy Gylyç, Baýram şahyr, Mollamurt ýaly taplanan şahyrlardy. Halkyñ jümmüşinden çykan bu şahyrlar özleriniñ täze durmuşa bolan söýgülerini, yhlaslaryny çyn ýürekden çykýan şahyrana sözleri biken kepillendirdiler. Bu mähir-muhabbet, söýgi şol döwrüñ poeziýasynda ezilen halklara - mazlumlara, mydamalyk bagtly durmuşy wada berýän leninçi bolşewikleri, sowet hakykatyny wasp etmek bilen başlandy diýsek, ýalñyş bolmaz. Olar bolşewizmi internasional maksatly, ähli ädimi erkinlik hem eşretlilik mazmunyna ýugrulan bir güýç diýip düşünipdirler hem dogry wasp etdiler. Körmollanyñ "Bolşewik", Baýram şahyryñ "Söweşermen siz biläni", Mollamurtuñ "Bolşewigiñ berýän peýdasy şudur", Ata Salyhyñ "Gahryman bolşewikler" ýaly hakykaty dogry düşündirýän şygyrlary türkmen sowet poeziýasynyñ dostluk, internasionalizm temasynyñ ilkinji eserleridir diýsek dogry bolar. Bu dogruda gürrüñ edilende, ilkinji nobatda söz Körmollanyñ "Bolşewigine" degişlidir. Körmolla bu ýerde bolşewizmiñ obrazynda ezilen halklary, tozdurylan ülkeleri azat edýän, galkyndyrýan uly güýji göz öñüne getirip, ruhubelentlik bilen onuñ ýeñişli ýoluna nazar aýlaýar. Russiýanyñ jümmüşinde, Wolganyñ boýlarynda başlanan rewolýusiýanyñ türkmen çöllerine ýalkym salýandygy, ony baky gülzarlyga öwürjekdigine güwä geçip, leninçi bolşewikleriñ beýik işini ýürekden mübärekleýär: Meskewi, Syzrany, aldy Samary, Daşkent dawasynda geldi gahary, Ortada bir Garakölüñ şäheri, Berekella, eden işiñ, bolşewik. Pahyr bähbidine basdy baýlary, Asmanda bulutdan çykaryp aýlary. Garyp üçin inçe ýerde jaýlary, Öz-özi eçilip, gurdy bolşewik. Bolşewikleriñ çekýän jepalarynyñ, durmuşa geçirýän çäreleriniñ diñe "pahyr bähbidinedigini" gören zähmetkeşler her ädimde ony goldaýar, oña ýaran bolýar. "Bolşewigiñ" liriki gahrymany bolan türkmen adamsy öz obadaşlarynyñ, ildeşleriniñ hem şol güýje goşulyp barýandyklaryny öz gözleri bilen görýär. Körmolla: Köp bolýandyr Garybatyñ tokaýy, Türkmen soldatlary geýdi çokaýy - ýaly setirlerinde şol hakykaty ýazga geçirip, emele gelen mizemez doganlyk-dostlugyñ tarypçysy bolýar. "Menşewik topunyñ nurbadyny sypdyran, bar sülsadyny dagadan" şol doganlyk güýç soñra beýleki şahyrlar tarapyndan yzygider wasp edilýär. Baýram şahyr "Söweşermen siz biläni" goşgusynda bolşewigiñ güýç-kuwwatyny dabaralandyryp: Gorkmañ menşewikden-akdan, Hümmet ýeter bolşewikden - diýip ýazsa, başga bir ("Gideliñ duşman üstüne") goşgusynda "Bagtyñ açjak bolşewikdir" diýip, öz ýüregini açýar. Bolşewigiñ azatlygyñ hem deñligiñ daýanç çeşmesidigini halkyñ añyna ornaşdyrmakda şol döwrüñ agitator poeziýasynyñ ähmiýeti juda uly boldy. Bolşewizmiñ hossarlyk tagallasynyñ miwesine göz ýetiren şahyrlar onuñ güýjüne kepil geçip, alkyşly sözlerini aýtdylar. Muny A.Salyhyñ "Gahryman bolşewiklerinden" hem görmek bolýar. Azatlyk getirdi Türkmenistana Bolşewigi basyp bolmaz, ýaranlar - ýaly setirler hem hakykata güwä geçýär. Bolşewikleriñ alyp baran işleriniñ doganlyk-dostluga ýugrulan mazmunyna bolan söýgi hem şu ýerde ýüze çykýar. Bu pikiri has konkretleşdirip, Mollamurt 1926-njy ýylda ýazan "Bolşewigiñ berýän peýdasy şudur" atly goşgusynda bu uly güýjüñ miwesini birin-birin nygtap görkezdi. Goşguda gazanylan üstünlikleri sanap, şahyr bolşewikleriñ, partiýanyñ kömegini, hossarlygyny şöhratlandyrýar. Şahyr şygryñ ideýasy hökmünde şeýle pikirleri orta atýar: Doganlaşdy rus-türkmen birleşip, Bolşewigiñ berýän peýdasy şudur. Goşgynyñ başga bir ýerinde bolsa: Oba ýüz öwürdi tawarişlermiz Bolşewigiñ berýän peýdasy şudur. - diýip, ilki bilen, türkmen daýhanyna hemaýat edenleriñ, doganlyk kömegini berenleriñ rus halkynyñ päk göwünli ogul-gyzlarydygyny minnetdarlyk bilen gürrüñ berýär. Sowet halklarynyñ mizemez doganlyk-dostlugynyñ Beýik Oktýabrdan başlanan hakykatdygyny biz hemişe uly guwanç bilen aýdýarys. Bu kanunydyr. Ilkinji günlerden başlap, ýokarda ýatlanan goşgulardan görnüşi ýaly, bu dostluk ähli ýeñişlerimiziñ, işlerimiziñ sakasy boldy. Täze durmuşyñ, täze gurluşyñ tarypçysy bolan türkmen şahyrlary-da bu ýagdaýy duýgurlyk bilen goşgusaýyn köpçülige ýetirdiler. Ýatlanan halk şahyrlary bilen birlikde, ýigriminji ýyllaryñ ikinji ýarymynda edebiýata gelen B.Kerbabaýew, Ý.Nasyrly, G.Burunow, O.Täçnazarow, H.Çaryýew ýaly şahyrlar hem ilkinji goşgularyndan başlap, sowet gurluşynyñ hem durmuşynyñ artykmaçlyklary barada hyjuwly gürrüñ etdiler. Bu durmuşyñ esasy mazmunynyñ hem sowet halklarynyñ doganlyk-dostlugydygyny öz eserlerine yhlas bilen siňdirdiler. Bu pikiriñ beýany şahyrlaryñ Beýik Oktýabryñ beren bagtyny, Kommunistik partiýanyñ sosialistik Watany, proletariatyñ beýik serdary W.I.Lenini, onuñ röwşen ideýalaryny wasp eden goşgularynda aýdyñ ýüze çykdy. Köplenç ýagdaýda, şol goşgularyñ ady-da bu hakda maglumat berýär. B.Kerbabaýewiñ "Lenin", "Lenin ýoly", "Gülle, meniñ guwanjym", "Baky ýaşyl daragt"; G.Burunowyñ "Ýaşa Oktýabr", "Lenin we daýhan", "Lenin we partiýa", "Lenin we hat sowatlylyk", "Türkmenistan", "Ganly ýekşenbe we oktýabr"; Ý.Nasyrlynyñ "Buşluk", "Leniniñ kitaby", "Güýjüñ çeşmesi", "Oktýabr"; H.Çaryýewiñ "Tüýdügim", "SSSR bilen", "Bäri gel" we ş.m. goşgulary ýigriminji ýyllaryñ ikinji ýarymynda dostluk ideýalarynyñ beýan edilişi barada gürrüñ etmäge doly esas berýär. Sowet häkimiýeti ýyllary içinde ähli ýeñişleriñ sakasy, üstünlikleriñ girewi bolan sowet adamlarynyñ polatdan-da berk bozulmaz agzybirligi, doganlyk-dostlugy proletariatyñ beýik serdary W.I.Leniniñ ady, onuñ ölmez-ýitmez ideýalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. "Biz ahyryna çenli internasionalistlerdiris we ähli milletleriñ işçileri bilen daýhanlarynyñ meýletin soýuzynyñ bolmagy ugrunda çalyşýarys" (W.I.Lenin. Eserler. Dördünji neşirden terjime, 29 tom, 194 sah.) diýip ýazan beýik Lenin Sowet häkimiýetiniñ ilkinji günlerinden başlap, geçmişde halklaryñ türmesi hasaplanan patyşa Russiýasynyñ sostawyna giren milletleriñ, halkyýetleriñ ykbaly bilen içgin gyzyklanyp, olary yzagalaklykdan mydamalyk dyndarmak üçin akyl-paýhasyny, güýç-kuwwatyny gaýgyrmady. Şahyrlar Lenin hem Oktýabr temasynda ýazan goşgularynda zähmetkeş halkyñ agzybirligini, dostlugyny gazanmakda, şeýle esasda olara eşretli durmuşyñ üpjünçiligini gazanmakda beýik Lenine uly orun degişlidigini çäksiz söýgi hem minnetdarlyj bilen belleýärler. Mollamurt "Oktýabr jañy", "Leniniñ", "Türkmenistan ýatlar seni", "Oktýabr aýy geldi", "Azatlyk" ýaly kämil ideýaly goşgularynda hem başga temalarda ýazylan aýry-aýry goşgy setirlerinde leninçilik agzybirligiñ we doganlyk-dostlugyñ nesihatçysydygyny ýüze çykarýar. Aýratyn hem, W.I.Lenin barada ýazylan goşgular uly ähmiýete eýedir. Ýokary şahyranalyk hem çuñ ideýalylyk bu goşgulary tapawutly orna çykardy. W.I.Leniniñ adynyñ hem işiniñ şahyrlara uly ylham hem joşgun berendigi köp sanly şahyrana setirlerde aýdyñ görünýär. Mollamurt şol maksat - ýörelgesini "Oktýabryñ jañy" goşgusynda: Ýolbaşçymyz Leniniñ Bolmaz dünýäde deñi. Iller eder ýadygär Oktýabr adyñy Ol beýik ussadyñy. - diýip ýazsa, beýleki eserlerinde bu söýgini has-da çuñlaşdyryp, konkret beýan etdi. Eden işi agzybir "illere ýadygär" bolan dünýäde deñi bolmadyk beýik serdaryñ agzybirlik ideýalaryny Mollamurt şol döwürlerde şeýle beýan edipdi: Ot içinde täze dünýä ýaradyp, Ezilen halklary oña garadyp, Bütin zähmetkeşiñ agzyn bir edip, Ýöretmekdir çyn mydary Leniniñ. Şahyryñ ýörite nygtaýşy ýaly, "çyn mydary ezilen halklaryñ agzyn bir etmek" bolan W.I.Leniniñ bu baradaky ýalkymly maksadynyñ beýanyny biz Mollamurtuñ "Ýatlar seni" goşgusynda has doly okaýarys. Şahyr bu eserinde şu temada ýazan şahyrana pikirleriniñ köpüsine jemleme berýär diýsek hem ýalñyşmarys. Goşgynyñ liriki gahrymany türkmen zähmetkeşiniñ geçmişdäki gören jebir-horluklaryny birin-birin göz öñüne getirýär. Oktýabrdan soñky az wagt içinde geçilen ýol, ýetilen durmuş hem onuñ deñeşdirmesi bolup durýar. Asyrlar boýy hupbatdan we adalatsyzlyklardan ýaña dişi ýylgyrmadyk, ýüzi gülmedik pukara türkmeniñ ogly hökmünde liriki gahryman ýürek gatlarynyñ syryny açýar. Täze, ýagty durmuş üçin "Zulum öýün ýykan, ejizlere bakan Lenine" çäksiz alkyş aýdýar. Goşguda Lenin zähmetkeş agzybirliginiñ beýik guramaçysy hökmünde örboýuna galýar. Şahyr eseriñ: Dünýä gelşi eziz başyñ - Bagtynadyr zähmetkeşiñ. Ýatdan çykmaz eden işiñ, Türkmenistan ýatlar seni. Zulum astynda ezilenler, Ozal aglap, soñ gülenler, Köpdür gadyryñ bilenler, Türkmenistan ýatlar seni. - ýaly setirlerinde, biziñ pikirimizçe, doly kepil geçýär. Şol liriki gahruman hiç wagt özbaşdak döwleti bolmadyk "çölde, gyrda ýaşap gelen türkmeni" özbaşdak erk-ygtyýarly respublika öwürmekde-de Leniniñ taýsyz hyzmatynyñ bolandygyny ýörite belleýär: Goýduñ ýagty açyk ýoly, Oýandyrdyñ sagy-soly, Türkmenistan - Soýuz ili, Türkmenistan ýatlar seni. Mollamurt türkmen halkynyñ özbaşdak respublika hökmünde deñ hukukly halklaryñ agzybir maşgalasyna birleşmegini nygtamak bilen, bu düşünjäni işledenleriñ hem ilkinjisi boldy. Leninçilik birleşmek, agzybirlik ideýalary Berdi Kerbabaýewiñ hem ençeme goşgularynyñ içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şahyr "Lenin" goşgusynda beýik serdaryñ zähmetkeş halky azat etmekdäki alyp baran işlerine göz aýlanýar. Patyşa häkimiýetiniñ şertlerinde işçi-daýhan gollaryny gabardyp, näçe zähmet çekse-de, "doýa garnynyñ doýmandygyny" beletlik bilen düşündirýär. Leniniñ aladasyny bolsa şeýle suratlandyrýar: Beýik Lenin ömür boýy jan çekip, Göreş ýolun aýdyñ suratlandyrdy. Adamzat bagtynyñ nahalyn ekip, "Ýoksul, birleş" diýip, ýol salgy berdi. W.I.Leniniñ salgy berşi ýaly, onuñ görkezen ýolunyñ gönüden-göni bagt ýoludygyny şahyryñ "Lenin ýoly" goşgusynda konkret añlatmalar, şahyrana detallar bilen wasp edilýär. Şuña meñzeş beýleki goşgularynda bu ideýa täze ösüş ýoluna düşen Türkmenistan respublikasynyñ ykbaly bilen baglanyşyklydyr. Ýokarda ýatlanan goşgynyñ jemleýji setirlerinde şeýle pikirleri okaýarys: Türkmenistan ösüp barýar, Ynam bilen öñe garýar Beýik rus doganmyz bar Bagt joşdy Lenin ýoly. Türkmen halkyna bagt beren Lenin ýolundan kuwwatly ädimler bilen ynamly ädimlemäge beýik rus doganymyzyñ beren we berýän ýadawsyz goldawy hemmelere äşgärdir. Rus hem türkmen halklarynyñ doganlygy barada irki döwürlerde aýry-aýry goşgy setirlerinde habar berlen bolsa, soñraky ýyllarda bu mizemez doganlyk hakda ýörite düýpli eserler döredildi. Rus halky agzybir maşgalanyñ ýaşulysy hökmünde kanuny şöhratlandyrýar. Türkmen edebiýatynyñ aksakaly leninçilik doganlyk hem onuñ miwesi baradaky pikirleri "Gülle, meniñ guwanjym" goşgusynda şeýle jemleýär: Gülle, ülkäm, gülle gurban adyña, Hiç bir zaman gam düşmesin ýadyñ, Doganlaryñ bilen ýet myradyña, Barha belent galýan şat owazyñ bar. Mysallardan görnüşi ýaly, esersaýyn timarlanyp, doganlyk-dostluk ideýasynyñ gymmatyna aýratyn agram berilýär. Şonuñ bilen hem onuñ ähmiýeti düşündirilýär. Mollamurtuñ, B.Kerbabaýewiñ eserlerinde bolşy ýaly, dostluk ideýasyny ýokarda agzalan beýleki temalar bilen utgaşykly beýan etmek G.Burunowdyr Ý.Nasyrlynyñ eserlerine-de mahsusdyr. Bu babatda Ý.Nasyrlynyñ "Lenin kitaby" goşgusyndan köp maglumatlary okaýarys. B.Kerbabaýewiñ "Lenin" goşgusynda ýazyşy ýaly, Ýakup Nasyrly hem "asyrlardan bäri horlansa-da" zähmetkeş halkyñ öz takdyryna ten berip, agalaryñ horlugyna çydap gelen zähmetkeş köpçüliginiñ geçmişdäki ýagdaýy dogrusynda söz açýar. Olarda hiç kimiñ dogry ýoly salgy berip bilmändigi hakda gynanç bilen gürrüñ berilýär. Goşgynyñ liriki gahrymany agyr geçmişi ýatlap, agyr-agyr dem alýar. Ol "hakykatyñ her ýere ýañy" ýetip başlansoñ, umyt bilen başyny galdyrýar. Umyt wysal bolýar: Russiýadan güýçli bir gol uzaýar, Gün kimin ýalkymly bir kitap açýar. Onda Lenin ruhy, Lenin kalby bar Leniniñ genisi onda nur saçýar. "Lenin ruhy, Lenin kalby" bolsa zähmetkeş ynsany bagt atyna atarmak ýaly beýik maksat bilen joşýar. Doganlyk-dostluk ylhamdary bolan Lenin paýhasy liriki gahrymanyñ göwnüni göterýär. Ol rus topragyna, onuñ beýik ogluna öz azar edijisi hökmünde garaýar. Şol Russiýadan şepagat tapan gahryman soñra öz ykbalyny tutuş türkmen topragynyñ ykbaly bilen utgaşdyrýar. Dostlukly maşgalada ýetjek derejesini göz öñüne getirýär: Meniñ respunlikam öñ sapda durýar Ol şanly baýdagy bermez golundan. Beýik göreşlerde ýeñişli ýörär - Sosializme dogry Lenin ýolundan. Şahyr "Oktýabr" goşgusynda bu işleriñ, göreşleriñ taryhyny giñişleýin beýan edýär. Geçmiş gara günleriñ taryhy bilen birlikde bagtly durmuşyñ gazanylyşy barada anyk maglumatlar bermäge çalyýar. Ol: Arslan rus ýüregi böwer päsgeli Newa derýasy dek böwüsip aşdy. - diýen setirlerinde rus proletariatynyñ taryhy hyzmatyny nygtap, oña uly baha berýär. Soñra şahyr "erkiñ habarçysy" "Awroranyñ" hoş owazyna dünýä zähmetkeşleriniñ mähir bilen gulak goýandyklaryny deliller bilen belleýär. Leniniñ ideýalarynyñ, Oktýabryñ ýalkymynyñ zähmetkeş halkyñ agzybirligini, bir maksat ugrundaky göreşlerde emele gelen doganlyk-dostlugyny berkarar edendigini liriki gahryman bu işe şahsy gatbaşyjy hökmündr kepil geçýär: Oktýabr, Russiýa, Lenin - agyzlañ Heseri berildi beýik üç söze. Akdyr sary hem-de garaýagyzlañ ... Joşgunly göwüni birigdi bize "Deñlik", "doganlyk" diýp ýalançy bezeg Edinmedik öz hak göreşimizde. Ynsan taryhynda ilkinji gezek Synpy duşman bilen durduk ýûzbe-ýüz. Görşümiz ýaly, goşgynyñ liriki gahrymanynyñ sesi öz bagtyny göreşip gazanan adamynyñ sesi bolup eşidilýär. Bu işde gan bilen berkleşen rewolýusion doganlygyñ ýeñiji güýjüne aýratyn ähmiýet berilmegi-de leninçilik doganlyk-dostlugyñ dabaralanmagy bolup durýar. Halkymyzda "Çyn dost geñeşde belli" diýlişi ýaly, göreş meýdanlarynda, iş ýüzünde ol has hem belli bolýar. Şol işlerde nähili netije bolýandygyny şahyr goşguda setirler bilen nygtaýar. Biz hakykatyñ şeýle beýan edilişine G.Burunowyñ goşgularynda yzygider duş gelýäris. Ol hem özüniñ Lenin temasynda ýazan goşgular toplumynda halkyñ agyr geçmişine göz aýlap, ýetilen täze durmuşy W.I.Leniniñ taýsyz hyzmaty diýip belleýär. "Ençe wagt işçi, batrak-daýhan läşin horlan garaguşyñ" läşi serlensoñ: Leniniñ baýdagy astynda daýhan, Guramalar gurap boldy şadyýan. Leninizm ýurdy - olara döwran Ýalkym salyp, Oktýabr parlady. Şahyryñ "Lenin we daýhanlar" atly goşgusyndan alnan bu setirlerde öñe sûrülýän pikirler onuñ şu temada ýazan beýleki goşgularynyñ düýp ideýasydyr. G.Burunow şol ideýa arkaly hem Oktýabryñ beren bagtyny, beýik rus halkynyñ päk ýüreklilok bilen eden doganlyk kömegini teswirleýär. Täze dostlukly durmuşyñ düýp mazmunyny, dostluk ideýasyny düşünjeli teswirlemeler onuñ "Türkmenistan", "Ýoksullaryñ baýramy", "Taryhy bir baýram etmegmiz gerek", "Şatlan göwnüm", "Azatlyk" ýaly biri-biriniñ üstüni ýetirýän goşgularyñ süññüne siñdirilipdir. Şahyryñ liriki gahrymany bir goşguda: Çar* zulumyñ rowaç döwri ötensoñ, Birligiñ şygary dünýä ýetensoñ, Barja ýowuz ahwallary ötensoñ, Ýalpyldap parlady Türkmenistanmyz. - diýip, deñ hukukly halklaryñ maşgalasynda rowaçlyk tapan Sowet Türkmenistanynyñ keşbine guwansa, başga bir şygyrda bu pikirini has hem giñeldip, ýesirlik-horlukda ýaşan milletleriñ gurýan durmuşy hakda begençli oýlanyp: Şatlan, göwnüm, şatlan bagtyma, Bulutlar syrylyp, indi dañ atdy. Ýesirlik, horlukda ýaşan milletler Mydamlyk azatlyk, deñlige ýetdi. - diýýär. Şeýlelikde, liriki gahryman öz internasional dünýägaraýşyny äşgär edýär. Biz azatlyga hem deñlige eýe bolan halkyñ durmuşy baradaky guwançly pikirleri şol döwürde döredijilik ýoluna düşen şahyrlarymyzyñ ählisiniñ kitabyndan okaýarys diýsek ýalñyş bolmaz. Şol şahyrlar döwrüñ ýagdaýyny-mazmunyny, özlerçe, dürli-dürli äheñler bilen beýan etseler-de öñe sürýän pikirlerinden şol bir hakykaty okamak bolýar. Biz şu ýerde Şaly Kekilowyñ iki sany belli goşgusyna ünsi çekesimiz gelýär. Onuñ "Bagbanyñ bolsam seniñ" hem "Tüýdügim" goşgulary özleriniñ ýokary ideýalylygy hem şahyranalygy bilen tapawutlanýar. Şahyr goşgularynyń birinjisinde köpmilletli Sowet Watanymyzy al-ýaşyl geýnen baglyk, gülzarlyk diýip wasp edýär. "Äleme meşhur bolupdyr bir ajap alyñ seniñ", "Göwnüme kuwwat howañ, bagyñ bilen badyñ seniñ" diýen ýaly şahyrana düşünjeler bilen agzybirligiñ, doganlyk-dostlugyñ mizemez galasyna ýüreginde çuññur söýgi besleýär. "Pudaklarynda hoş owaz guşlary saýradyp, baky ýaz ýaz bolan" Watanymyzyñ hakyky keşbini şeýle suratlandyrýar: Kim seni görse ýakyndan, saña hormat besleýär, Arzuw eýläp halaýyk, saña ýetmek isleýär, Şol Watanyñ halklaty ter güllerden ysgaýar, Bark urup, dünýäni tutjak bu ösýän adyñ seniñ. Şahyryñ duýgy-düşünjesi sowet watançylygy, dostluk ideýalary bilen berk eýlenen, liriki gahryman onuñ "Tüýdügim" goşgusynda has kämil gürleýär. Liriki gahryman şol wagtlarda ýurdumyzda alnyp barylýan sosialistik gurluşygyñ pajarlap ösmegine her taraplaýyn ýardam etmäge çalyşýar. Onuñ sesi barha durlanyp, kämil internasional düşünjä eýe bolýar. Ol bu şygryñ bir ýerinde: Heñleriñ ýagşy çal, täzeden-täze Ezilen halklary çykardyñ ýaza, Tiz ýetir gurulan söhbetli-saza Sosializm heñin çalgyn, tüýdügim. diýse, başga bir ýerinde bu pikirini has-da nygtap: Göwnüñ göterilip, joşdugyñ zaman, "Internasionaly" çalgyn, tüýdügim! - diýýär. Hut şeýle kämil düşünjäni öñe sürýänligi üçin hem Ş.Kekilowyñ bu goşgulary hemişe uly ähmiýete eýe bolmagynda galýar. Şeýle pikirleri öñe sürýän aýry-aýry goşgular şol döwürde işeññirlik bilen döredijilige girişen A.Alamyşow, H.Çaryýew, O.Täçnazarow ýaly şahyrlaryñ hem galamyna degişlidir. Şu setirlerden görnüşi ýaly, şol döwür liriki poeziýasynyñ esasy mazmuny geçmişde zähmetkeş halka jebir-jepalar çekdiren agyr durmuşy paş etmek, täze durmuşyñ artykmaçlyklaryny düşündirmek ýaly asylly işe gönükdirilendir. Şol poeziýa durmuşa geçirilýän her bir çäräniñ buşlukçysy boldy. Ony batyrlyk bilen ykrar etdi. Şol eserleriñ içinden geçýän esasy ideýa-mazmun hem deñ hukukly, bir maksatly halklaryñ agzybir maşgalasynyñ günsaýyn rowaçlanýan durmuşyny görkezmek boldy. Hakykaty şeýle dogruçyl beýan etmek hem halkymyzyñ gazanýan üstünliklerine çäksiz uly goşantlar goşdy. Şahyrana döredijiligiñ şeýle hyzmaty soñraky ýyllarda has hem rowaçlandy we uly üstünliklere eýe boldy. 1982 ý. Begmyrat USSAÝEW. #sowesjenpoeziya | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |