NUHTY NAZAR
Nuhty Nazaryň biziň obamyza dahyly ýok. Ol müň dokuz ýüz altmyşynjy ýyllarda, Aşgabadyň Oba hojalyk institutynda bile okan ýoldaşymyz. Dostumyz. Beýan etmekçi bolýan hekaýatymyzam şonuň başdan geçirenleri. Bary-ýogy dört-bäş ýyl tirkeşen hem bolsak, onuň hüý-häsiýetem edil obadaşlarymyňky, garyndaşlarymyňky ýaly gowy ýadymda galypdyr.
Ýöne, baryp-ha şol mahallar Nuhty Nazar baradaky janly rowaýata öwrülip giden geň-enaýy gürrüňleriň hemmesini onuň özi döretmeýärdi. Dogry, özi hakda şeýle gürrüňleriň döremegine esas bolup biläýjek wakalaryň gönezligi hakykatdanam onuň özünden çykýardy. Ana, şol gönezligem desbe-dähel Ata Myrat ýaly, gürrüňe onuň özündenem ökde oglanlaryň agzyna düşüp, iň soňky derejesine çenli ösdürilýärdi, timarlanýardy, başga-başga röwüşlere eýe bolýardy.
Netijede hatda Nuhty Nazaryň özem kete özi baradaky gürrüňleriň içinden özüni tapyp bilmän heläk bolýardy.
Şu çaka çenli geçen ýyllaryň içinde-hä ol hekaýatlaryň mazmuny hasam üýtgäpdir.
Şonuň üçinem, hekaýatlardaky bolup geçýän wakalara biziň deň-duşlarymyzyň bilelikdäki döredijiligi hökmünde, ýaşlyk ýyllarymyzyň ýagşy ýatlamalary, juwan beýnileriň ajaýyp fantaziýasy hökmünde garalsa has ýerlikli bolardy.
■ Nuhty Nazaryň okuwa girişi
Ortadan kelteräk boýly, göwresi guýlan kenek ýaly dykyz, aýaklary ömrüni at münüp geçireniňki ýaly abşarylyp duran, çagaka kel bolanlygy sebäpli saçlary selçeň, kellesi çüri, kellesindenem çüri eňejigini öňe taýzardyp, badyhowa gürlemäni gowy görýän bu ýigit okuwa gelende eýýäm öz pelsepesi bilen gelipdi. Onuň şol pelsepesine görä, okuwa girmekligiň üç ýoly bardy. Bilip girmek, bilmän ýöne, öz ugurtapyjylygyň bilen girmek, tanyş üsti bilen ýa-da pul bilen girmek. Şonuň birinjisi bilen üçinji wariantyny ol Aşgabada gelen güni öz öňünde duran meseläniň gün tertibinden bada-bat aýyrdy. Sebäbi, olaryň hiç birem onda ýokdy.
Şeýlelikde oňa ýekeje ýol galdy, ýagny, diňe öz ugurtapyjylygyňa, dilewarlygyňa bil baglamak.
Aýdyşlaryna görä ol asyl orta mekdebem özüniň hususy pelsepesi esasynda gutarypdyr. Mugallymlaryň kimsine sygyr döle salyp beripdir, kimsiniň goýnuny gyrkypdyr, ýene biriniň odunyny aýryp pejini ýakypdyr, başga biriniň toýunda aýdym aýdyp saz çalypdyr, garaz ugurlaryny tapypdyr. Käbirlerini bolsa dili bilen özüne bendi edipdir.
Şonuň üçinem ol beýleki dalaşgärler ýaly ýatakhana ýerleşenden synaglara taýarlanjak bolup ýa gaýtalamaklara gatnajak bolup iki ýana alakjap ýörmedi-de, öňden bäri okap ýören obadaş oglanlary bilen gürleşip, esasy zadyň girjek ugruň boýunça alynýan ilkinji synagdan gowuja baha bilen geçmekdigini, şondan geçibilseň soňkularyň özleriniňem seni ýykjak bolup gaty bir gynap durmaýandyklaryny anyklady. Şolaryň üsti bilen esasy ugur bolan zoologiýadan ekzamen alar öýdülýän mugallymyň –Biologiýa fakultetiniň gaýybanaçylyk bölüminiň kafedra müdiri, professor Myratberdi Könäýewiň ýagny, öňden okap ýörenleriň atlandyryşlary ýaly eMKa-nyň öý adresini ele saldy. Onuň oglunyň, gyzynyň ýokdugyny, özünňem diýseň rehimdar, ýuka ýürek adamdygyny eşidip gultundy. Bir wagtlar onuň öz obalarynda işläp gaýdan bolaýmagynyňam ahmaldygy gulagyna degende bolsa, begenjinden ýaňa “diriň-diriň” bökdi.
Süýr günortanlar boluberende-de eMKa-nyň gapysynda häzir boldy. Kakdy. Işik açylandanam gujagyny giňden gerdi-de, düýe gaýtarýan ýaly uly ili bilen:
–Oho-o-ow, daýy jan, öýde ekeniňiz-ow! – diýip, gygyrdy. –Ýaman ýokarda ýaşaýan ekeniňiz. Nädip münüp-düşüýäňiz myňa günüň-güni?
Ol abşarylybraga-da bir tarapa gyşardy. Professordan gözüni aýyrman durşuna, sag eliniň süýem barmagy bilen syryp maňlaýynyň derini ýere joralandyrdy. “Öwhüldäp” ýakasyny ýelpedi. Yssydan zeýrendi. “Äm-säm” bolup duran ýaşulynyň näme diýenine ünsem bermän, eli bilen gapynyň gyşarylyp duran söýesini yrgyldatdy. “Berkitmeli” diýip kesgitli aýdandan soň mürähede-de garaşman içeri girdi. Entek ornaşmanka dynmak niýeti bilen, professora çüýdir-çekiç tapdyryp söýäni berkitdi.Eýwandaky fortoçkalaryň biri sallanyp ýatan ekeni, ony ýerine eltdi. Haýdap ýörşüne ertir almaz getirip döwük aýnalary çalyşjakdygyny, tehniçeskiý wazelin tapyp işigi jygyldamaz ýaly etjekdigini, tagta tapybilseler eýwany pollabam biljekdigini aýtdy. Umuman, elinden kän zat gelýändigini syzdyrdy. “Has-has” edip durşuna professoryň ýüzüne dikanlady.
–Aşgazanyňyz agyrýa gerek?
–Howwa! Nädip bildiň ony?
–I-i-i, aňsada ol, – diýende Nuhty Nazaryň gözleri jöwherlendi. –Ýöne gorkuly zat ýok. Orsyýetde “zweroboý” diýen bir ot bar. Siz ana şondan içmeli. Bolmasa ýandak gaýnadyp içibermeli. Birazajyk ýürek agyryňyz bardygam bildirýä. Oň üçin-ä sersepil ýa sözenek içseňizem bolýa. –Ol diňe şondan soň köwüşüni çykardy. –Hany indi haýsyna girmeli myň? –diýip, çürüje kellesini otaglaryň hersine bir sokup çykdy. Hiç haýsynda-da janly-jemendäniň ýokdugyna gözüni ýetirendensoň ýene-de professoryň ýanyna dolanyp geldi. –Hany, daýzam dagy ýokmudy? Işdemidi? Işleýälermi?
Häliden bäri onuň käte bir “hä”-sini ýetirip yzynda höküdikläp ýören professor howul-hara:
–Howwa, işde... –diýdi-de, ortaky jaýa tarap elini uzatdy. –Ine, şuňajyk giräý...
Nuhty Nazar ortara geçip gormaýylyp oturşyna häliden bäri jübüsinde somalyp duran konýagy çykapyp ortada goýdy.
–Zyýany ýok, daýy jan, hany otur! Ikimiz bir adama elli gram ganýagy uraly. Daýzam bolmasa hyzmaty men özüm ederin. Ökdedirin men bu zatlara. –Ol ýerinden turup aşhana tarap ylgady. Saçak getirip ýazdy. Iki sany bulguram goýdy. Şol aralykda-da: –Kuhnýada ýüzärlik ba welin daýzamyň tutgaýy dagy bamy? –diýdi. Jogabada garaşman: –O-da bolýa welin tutgaýa esasan şebit bilen çomuç peýdalydyr. Dänegerçek bolsa-ha hasam gowy. Nerw bilen bagly-da oň hemmesi –diýdi-de, ýüwrüp gidip sowadyjydan, garbanar ýaly peýnir, bir bölejik kolbasa getirdi. Çaýam goýdy. Bar zady boldum edensoň gelip ýene-de saçagyň başyna çökdi. Henizem näme etjegini bilmän aýak üstünde elewräp ýören öý eýesine-de gapdalyndan ýer görkezdi. Çüýşäni dişi bilen açmak üçin agzyna golaýlatdy. –Siz biziň obamyzda işläbem gaýdan ekeniňiz-ow, ir döwür. Biz-ä çagadyrys omat, tanamyýaňyz. Ýöne ejemizi oňat tanamaly siz. Amandursun diýýändirler. Siziň işlän döwürleriňiz mekdebiň uworşyssasydy. Gyşyna klaslaryň pejinem şo ýakýady. Bizi sana goşjak bolup görmedik görgüsi ýokdur. Maňa sizi salgy berenem şol. Myratberdi daýyň bardyr, barsaň kömek eder, duzumy kän iýendir o meň, diýdi.
Sapy sap altyndan ýasalan galyň äýnekli, gönüläp seredende goňrumtyl gözleri hanasyndan sokga-sogrulaga-da äýnegiň ýüzüne ýelmeşen ýaly bolup görünýän, tes-tegelek goturaky ýüzüniň ep-esli bölegini tutup duran paşşyk burnunyň çep ganaty ýirik, altmyşdan geçendigine garamazdan gaňtarylgy gür gara saçlaryna ýaňy bir çal sepip ugran, professor “hyjyrdap” duran bokurdagyny çalaja arçady-da, hamala özi myhman ýaly çekinjeňlik bilen ýuwaşda gürledi.
–Bagyşlaň welin, inim...
Nuhty Nazar aşagy ýumakly ýaly iki ýana oýkanjyrady.
–Meň adym Nuhty, daýy jan, Nuhty. Nuhty Nazar.
–Bagyşla welin, Nuhty jan...siziň obaňyzda işläp gaýdan başga biri bolaýmasyn... –Professor ýylgyrdy. –Sebäbi, daýzaň ikimiziňem işe başlalymyz bäri şu ýerde, institutda gymyldap ýörşümizdir.
Alan maglumatlarynyň ýarysy ýalňyş bolup çykan Nuhty Nazaryň tüýem gymyldamady. Gaýtam, gapagyny ýaňy bi iki dişiniň arasyna salan çüýşesini agzyndan çykardy-da, diň-gögüne garap, ýaşulynyň indi haýsy tarapyndan barsa gowy boljakdygy barada oýlanmaga başlady. Oňa çenlem professoryň:
–Zyýany ýok, ýegen, obadaş bolmasagam aýdyber näme haýyşyň bolsa, kömek ederis, –diýen sözleri gulagyna geldi-de, çüýşäni ýaňadandan agzyna eltdi.
–Ýak he-e-eý, –diýende eňeginiň ujy göni daýysynyň gözlerine tarap gönükdi. Çürüje kelle ganjygadan asylan suw kädi ýaly iki ýana çaýkandy. –...Haýyş bolup daýy jan bizde bir ullakan haýyşam ýo-ok... Ýöne, ine... häki bir ...şü...siziň institutyňyza okuwa diýip geldikde... özümizem bir oba oglany...oba ýeriniň ýagdaýynam näme, özüňiz bilýäňiz...okuw ýok...arly ýyl gowaçaň içinde...Bu ýere gelibem näme, bir zat aýtmasa-ňa baha goýanoklar. Aýdara zadyň bolmasa-da... Biz-ä bilýäsem welin, ýöne aýdyşlaryna görä bilseňem bir zat bermeseň bolmyýamyşyn. Ispiseklerine düşmeseň bilbil bolup saýrasaňam peýdasy ýokmuşyn. Bizde-de näme, berer-ä zat ýok. Direnip duran hossaram ýok. Prontyň yzynda galan iki sany ýetim biz. Ejem-ä näme, ýaňam aýtdym, bizi kemala getirjek bolup bili büküldi. Agamam bir kolhozçy oglan, öz çagajyklaryny zordan ekleýä. Bar, kör bolaly, girmesek-girmän geçeli diýip gidiberjegem welin, beýtseňem ornuňy bir topar körzehinler eýeläp gidip barýa. Soň uly işlere çekilýänem şolar. Netijede ylymam pese gaçýa, oba hojalygam. Halk kösenýä, ýurt egbarlyýa. Dünýä masştabynda ösüş bolanok. Içiň ýanýan ýeri ana şol. Bu ýagdaýy hökümet ýolbaşçylaram aňýalarmyşyn-da ýöne, çäre tapanoklarmyşynmy, nämemi... Ine, onsoň ikortada biz ýaly hossarsyzlara kyn bolýa.
Professor gurak-gurak ýuwdundy-da, elini Nuhty Nazaryň egnine goýdy.
–Aýtdym-a, kömek ederis diýdim-ä. Arkaýyn bol. Özüň ýaly dogruçyl, watanperwer oglanlaryň aýagyna badak atylmagyna ýol bermeris.
Geplände dodagynyň kemiş-kemiş edişinden professoryň mazaly ejizländigi bildirdi. Okunyň nyşana degendigine gözi ýeten Nuhty Nazar, aýgytly pursatlarda edýän endigine görä, iki-baka oýkanjyrap, ellerini kelemeledip başlady.
–Taňryýalkasyn, daýy jan! Ömrüňiz uzak bolsun! Sizden tamamam şeýledi. Bir gapysyna maňlaýyňy urubilseň möhümiň biter diýdiler, şo çyn ekeni! Özüňiz ýaly ýetime-ýesire mähriban, kalby yssy adamlar häli-şindi duşubam duranok. Bizem bir berginiň aşagynda galmagy gowy görýän adam däl. Şoň üçinem rugsat berseňiz munça bolanyna görä size bir soragam bereýin.
Professor gözlerinde çyg göründi.
–Ber, ber inim, ber.
–Bersem, daýy jan...soramagam birhili welin...Eşidişime görä...siziň perzendiňiz ýokmuşyn... Çynmy şol?
Professor bu ýigit ýene-de haýsydyr bir dermanlyk otuň adyny tutup em salgy berjekdir öýtdümi, nämemi, iki elinem birden daldalatdy.
–Aý, indiden soň inim bize em peýda etmez. Öň etmelisi edildi, goýmalysy goýuldy. Indem näme, ýaş gitdi... Garradyk.
–Gep emde däl, daýy jan! Şo habaryň çynlygy çyn bolsa oň emini biz emsizem taparys! –Nuhty Nazar iň soňky sepgidi hem almak üçin dyzanaklap baryp özüni professoryň gujagyna oklady. Ýapyşak ýaly ýapyşyp ýatyşyna ýüzüni döşüne oýkady. –Şol habar çyn bolsa, daýyjan, ine menem bir ata mährini görmän ösen oglan, egerde garşy bolmasaňyz şu günden şeýläk siz-ä maňa ata boluň, menem size golbala bolaýyn! Gije-gündiz hyzmatyňyzda gezeýin! Oduňyz bilen girip külüňiz bilen çykaýyn. Öýüňziň boşdugyny bildirmäýin.
Onuň bolup oturyşyny görüp professor hasam bozuldy.
–Goý, inim, goý! Näşükür bolmaly. Hemme zat Allaň emri bilen bolýandyr. Onuň öz eçilmedigini el bilen düzedip bolýan däldir. –Ol Nuhty Nazary zor bilen diýen ýaly gujagyndan aýyrdy. –Ýöne ýaňky aýdanym. Arkaýyn bol. Edil çagam hökmünde kömek ederin. Soňam esewan borun. Egzaminde-de dogrusy men özüm-ä bolman welin, ýöne alýanlara tabşyryn. Sen maňa dannylaňňyjyk goýup git. –Şondan soň ol guýulgy duran bulgurlaryň birini Nuhty Nazaryň eline tutdurdy. –Me, özüňjik içäý, köşek. Men-ä içemok. Saglygyma bolanok. Ýöne, indikile meň ýanyma geleňde eliň zatly gelme. Göni geldip ýagdaýlaryňy aýtdyň, boldy şol. Men zada zar adam däl.
Pah, ýarym günüň içinde uly bir institutyň kafedra müdiri bilen tas, ataly-ogul bolmaga ýetişen adam özüňe belli. Nuhty Nazar ol ýerden gaýdyşyn guş bolup uçdy. Ol asyl özüni eýýäm okap ýören hasap etdi. Stipendiýanyň gapdalyndan eşik puly bor ýaly ýeňil-ýelpaý işem gözledi. Garawulçylykmy, nämemi, takygyny entek özem bilenok, birki ýer bilen dagy gepleşibem goýdy. Soň seýil baglaryna baryp seýran etdi. Fontanly ýerleriň ygynda durup ýüzüni jybara tutdy. Ýol ugrundaky düýn-öňňün reňklenen uzyn oturgyçlaryň ortarasynda otyryp gül ysgady. Erginini balagynyň gonjuna damdyryp doňdurma iýip oturşyna “dirk-dirk” edişipjik eýläk-beýläk geçýän gollary saýawanly, dodaklary elwan reňkli, gyzlary, gelinleri synlady. “Yzyňa tirkäp oba-ha eltip bolmaz welin, ýöne bu ýerde bäş-üç ýyl bolunjak bolsa bulardanam-a birini-ýarymyny edinmeli bor, güýmenje üçin” diýip göwün ýüwürtdi. Günde bir gezegem şol wagtky “Uniwermagyň” çat maňlaýyndaky “Gülüstan” restoranynyň aşagynda ýerleşýän dikdurma naharhana baryp fitji iýdi. Gyzgyn fitjiniň haýsy tarapyndan agyz urjagyny bilmän bir bükülip bir dikelip durşuna “etli” diýip satylýan hem bolsa içinde sogandan başga närsäniň ýokdugyna geň galdy. Ondan garnyny mazaly gözäp, haýsydyr bir hindi kinosyny görmek üçin “Watan” kinoteatryna girdi. Bir günem öň ýanyndaky hatarda oturan tomaşaçylaryň: “Şu ýigit her gezek gägirende soganyň ysy janymyzy alyp barýa, hiç çydap bilemizok” diýip eden şikaýatlary esasynda kinoteatryň ýolbaşçylary tarapyndan görene-göz edilip çykarylyp kowuldy. Ýöne, Nuhty Nazar ony ýüzünede almady. Gaýtam: “Arak içip gelene, çilim çekip oturana zat dieňzok, bar jynyňyz sogana düşdümi indi?” diýdi-de, gapynyň agzyna barýança yzyna gaňrylyp bilgeşländen üç-dört gezek dagy uzyn-uzyn gägirdi. “Ölüň ölýän bolsaňyz!” diýibem gapyny jarkyldadyp ýapdy.
Şondan soň ol günuzyn “Woentorgyň” gapdalyndaky ýumrugyň bilen urup güýç synalýan gyrasy demir sütünli diski “ýençdi”. Güýçli urgynyň zarbyna zymdyrylyp gidip, sütüniň ýokarsynda güýçli “parkyldy” emele getirýän täsin zat her gezek “şaglap” gaýdan gaýdandan: “Hässä-ä-ä!!!” diýip ýaňadandan dik ýokary bökdi-de, ataýrynyňky ýaly abşarylyp duran aýaklary entek ýere degmänkä ýumrugyny diskiň depesinden aýlap saldy. Aýylganç gümpüldi ýalanandanam tumşygyny gapdalynda ýylymjyp duran özi ýaly ýaş-ýeleňlere tarap taýzardyp: “Nätdim?” diýdi. Olaram ýüzüne ak gaýyşdan ýüregiň suraty çekilen gara köwüşlerini elýaglyklarynyň iç tarapy bilen süpürip duruşlaryna: “Ara, bratok, oňardyň, ýöne oçury berdar-aý, ýeke özüň däl-ä seň bu ýerde” diýşip hoňňuldaşdylar.
Şeýdip ýörüşne Nuhty Nazar diňe ertir ekzamen diýlen güni mugallymlarynyň ýanynda “daýysynyň” ýüzüni ýere salmazlyk üçin az-owlak taýýarlyk gördi. Ýöne, hernäçe taýynlansada “öküz soguljanyndan” başga ýadynda galan zat bolmady. O-da galmasa-galmazdy welin, bu temany ol entek obadan gaýtmanka “özleşdiripdi”. Ýagny, gutardyş ekzamenleri döwri bul-a öz pelsepesine laýyklykda agasynyň sürýän teležkasyny gowaça çöpünden mas ýükläp zoologiýa mugallymynyň işigine düşüripdi, o-da öňünden gepleşişleri ýaly haýsy bilediň düşendigine garamazdan, diňe “Öküz soguljany” barada sorapdy.
Asyl onuň ala-böle oba hojalyk institutyny, onuňam mal doktorçylyk bölümini saýlap almagyna sebäp bolanam şol. Nuhty Nazaryň pikirine görä, şolar ýaly bir temany tutuşlygyna bilmek ýöne-möne iş däldi. Çünki, instituty gutarandan soňam ýekeje temany aýdybilmän düwnüp oturýanlar barmyşyn-a. “Meniň oglum öz toparynyň içinde iň ökdesi, sebäbi ol öz adyny, familýasyny doly ýazyp bilýär” diýip, goňşulary Dädir aganyň öwnüp oturanyny Nuhty Nazar öz gulagy bilen eşitdi.
Onsoňam Nuhty Nazar ýene şol, öňden bäri okap ýören obadaş oglanlarynyň beren maglumatlaryna görä, esasy zat jogap bereniňde diliňi dek druzmazlykmyşyn. Birem sussuňy pes tutmaly dälmişin. Bilseň-bilmeseň ruhyňy belent saklap agzyňa gelenini eňteribermelimişin. Özüňi gowuşgynsyz görkezdigiň işiň gaýtdygymyşyn.
...Ertesi irden ekzamene baryp bilet çekende Nuhty Nazar öz gözlerine ynanmajak boldy. Şonuň üçinem elindäki biledini üç gezek dagy gözlerine golaýladyp aýyrdy-da:
–E-e-eý, hakykatdanam “öküz soguljany” –e-eý! –diýip sesiniň ýetdiginden gygyrdy.
Ekzamen alyp oturan mugallymlaryň ikisem birhili bolşup biri-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Çep tarapda oturan saryýagyz, inçesagat, uzynak mugallym ýüzüni ak tam edip haýallyk bilen ýerinden turdy. Begenjinden ýaňa dylym-dylym edip duran Nuhty Nazaryň üstüne abandy-da, “jyňňyldawuk” sesi bilen:
–Hany-y?... –diýdi.
Abşarylyp duran Nuhty Nazar egilibrägede elindäki bilede barmagyny dürtdi.
–Ine!
Saryýazyz mugallym biledi eline alyp siňe-siňe seretdi. Egnini gysdy. Soňam häliden bäri elini serip oturan ýoldaşyna uzatdy.
Giň maňlaýy derçiräp duran, saçlary selçeň, orta boýly, kemeri pökgüje garnynyň gap bilinden geçirilen, jowur ak köýnekli, zil gara balakly pyýada biledi eline alansoň ala gözlerini gypyrjykladyp dodagyny ýalady. Yzyndanam çalarak çalgyrt dil bilen:
–Ssoguljan nämişlessin bu ýerde, –diýdi. Bilediň ýüzüni barmagynyň ujy bilen sypalady. Dyrnagy bilen dyrnaçaklady. –Biz-ä zat göremzok şu ýerde.
Nuhty Nazar burnuna salyp “hyňk” etdi-de, barmagy bilen birinji soragy görkezdi.
–Ynhallaý.
Nämäniň nämedigine ýaňy düşünen mugallym uludan demini aldy-da:
–Ýak he-eý, ýüregimizi ýardyň-ow ssen-ä –diýip biledi yzyna uzatdy. –Ssoguljan diýsseň bizem auditoriýa haýssydyr bir ýaramaz bakteriýa aralaşaýdymyka diýipdiriss...
Nuhty Nazar eňejigini çürreýtdi. Haýbatyna bat bermek üçin bir elini bykynyna urdy.
–Srazm aýtmalymy ýa az-maz taýynlanan bolmalymy?
Professoryň tabşyrany şol bolsa gerek, saryýagyz mugallym gapdalynda ýatan spisoga seretdi-de, ýoldaşyna tarap egildi. Bir zatlar diýdi. Ol makullaýjylyk bilen baş atansoň Nuhty Nazara garap mylaýym gürledi.
–Başarsaň srazm aýt. Srazm aýtsaň balyň beýgeler.
Nuhty Nazar oturgyja çökensoň ykjamlandy. Ýakasyny düzedişdirdi. Biledini bir gyra süýşürdi. Döwlet ähmiýetli iňňän bir möhüm habar aýtjak adam ýaly böwrüni diňläp oturdy-da:
–Öküz soguljany... –diýip söze başlady. –Munuň özi iri şahly mallaryň bedeninde kemala gelip, ondanam adam organizmine düşýän mugthordyr. Öküz soguljanynyň bedeni kiçijik kelleden gysga boýundan we uçgur şekilli ýasy, uzyn göwreden ybaratdyr. Onda el-aýak ýokdur. Diňe baş tarapynda dört sany sorgujy bardyr. Onuň uzynlygy dört-on metre barabar bolup, onda aşgazan diýen zat ýokdur. Şonuň üçinem ol sorguçlary arkaly adamyň içegesine ýelmeşýär we adamyň aşgazanyna düşen we eýýäm işlenen iýmitden iýmitlenýär. –Nuhty Nazar stoluň üstüne ýapyrylaga-da mugallymlaryň ýüzüne jiňkerildi. –Eýsemde bolsa nämüçin oňa öküz soguljany diýilýär?
Mugallymlar jogap bermekçi bolýan ýaly biri-biriniň ýüzüne seredişip, oýkanjyraşyp ugradylar. Oňa çenlem Nuhty Nazar sözüni dowam etdirdi.
– Oňa beý diýilmeginiň sebäbi içegesi soguljanly adam öz tezegi bilen bir gije-gündiziň dowamynda bäş milliona golaý soguljan ýumurtgasyny çykarýar, Onam otlap ýörkä ot-çöp bilen bilelikde iri şahly mallar iýýärler. Soguljan ana, şol mallaryň içinde köpelýär. Gan bilen ähli myşsalaryna ýaýraýar. Netijede şol malyň eti gowy gaýnadylyp ýa gowrulyp iýilmese soguljan tohumy sagat adamlara-da geçýär. Bu bolsa onuň içegeleriniň işleýşine ýaramaz täsir edýär. Az ganlylyk emele gelýär. Öküz soguljanynyň ýene bir myrryh tarapy...
Häliden bäri makullaýjylyk bilen baş atyp oturan saryýagyz mugallym ardynjyrap öňe omzady.
–Örän ýagşy. Hany indi ikinji soragyňa geç.
–Ikinjämi-i –diýende Nuhty Nazaryň sesi towy tükenen patefonyňky ýaly sogup çykdy. Birihji soragyň bütin domamynda howada galgap duran eli birdenkä doňdy. Soň şalkyldap aşak gaýtdy.Biledine gözüniň gytagyny aýlap oturşyna ikinjiden soň üçünji soragyňam bardygy barada oýlandy. Ýöne syr bildirmedi. ―Ikinjä geçsek ýoldaş mollum...munuň özi ...munuň özi öý haýwanlaryndan biri bolan ite degişli. –Nuhty Nazar ýene-de ekzamenatorlara tarap eňejigini çürrüýtdi. –Aýdybereýinmi?
Birinji soragyň jogabyndan göwünleri hoş bolan mugallymlaryň ikisem birden dillendi.
–Aýdyber, aýdyber...
–Aýtsam ýoldaş mollumlar, it diýenimiz munuň özi daşy tüý bilen örtülgi, dört aýakly, gulakdan-guýrukdan başga göwresinde kellesi hem bar bolan öý haýwanydyr. Ol örän akyllydyr we hiç haçan eýesini ýarýan däldir. “It wepa, hatyn biwepa” diýen nakylam şondan galandyr. Ol ýalakdan ýuwundy içip güzeranyny görýändir we süňk-saňk gemirmäge diýseň ukyplydyr. Ol çopanlaryň ýoldaşy, goýunlaryň syrdaşydyr. Gurtdan gorkmasy ýokdur. It diýlen janaweriň hökmany suratda köpegi we ganjygy bolýandyr. Ganjygy galmagalçyrak bolýandyr. Şonuň üçinem ol köplenç garawulçylykda ulanylýandyr. Galmagalçy adama, hususan-da aýal adama: “Gawunçynyň ganjygy ýaly” diýmeklik şoň bilen baglydyr.. Şeýlelik-de bolsa, ganjygyňam hukugy köpegiňki bilen deňdir we ol hukuk arkaly goralýandyr. Ýene bir bellemeli möhüm zat –munuň özi itiň dürli görnüşleriniň bolýandygydyr. Mysal üçin alyp görsek... –Nuhty Nazar barmaklaryny büküp başlady –Tazy...Garyň...
Çalgyrt dilli mugallym dodagyny ýalap öňe omzady. Gözlerini gyrypjyklatdy.
–Ssen bize oň biologiki taraplaryny aýdyp berssene...
–Biologiki taraplaryny aýtsak, ýoldaş mollum, elbetde, muny siziň özüňizem bilýänsiňiz, ýöne aýt diýseňiz aýdaýyn –diýip, Nuhty Nazar oturan ýerinde oýkanjyrady. –It diýlen jandarlary aňsat ot iýýän däldir. Bardy-geldi iýäýse-de her ýerden bir çürtip, jortmaklap iýýändir. “It otlan ýaly” diýlen nakylam şondan galandyr...
Saryýagyz mugallym nägilelik bilen:
–Ini-i-im... –diýende sesi öňküsindenem inçe çykdy. –Aýdyld-a saňa biologiki taraplaryny aýt, diýip.
–Menem şony aýtjak bolup otyrynda, ýoldaş mollum. Ine, onsoň ýaňyja belläp geçişimiz ýaly, it ot iýýän däldir. Eger-de iri şahly mallar ýaly ot iýýän bolsady, onda o-da ot-çöp bilen bilelikde adam tezegini hem ýuwudardy we öz içinde öküz soguljanynyň döremegine sebäp bolardy. Öküz soguljany bolsa mallaryň bedeninde kemala gelip ondanam adam organizmine geçýän mugthordyr...
Saryýagyz mugallym bu gezek ýaňsyly güldi.
–Heh, ite ony ot-çöp bilen iýmek näm-ä gerek, adam tezegini ol şeýle-de iýýär ahyry.
Nuhty Nazryň jogaby nagt boldy.
–Dogry aýdýaňyz. Iýýä. Ýöne, adam oň etini iýenok. Käbir halklar iýýämişin, ýöne, olar ony gowy gaýnadyp iýýän bolmaly. Eger-de gowy gaýnadyp iýmeýän bolsadylar, onda olaryň her biriniň içinde öküz soguljany dörärdi we öküz soguljany diýip däl-de, it soguljany diýip atlandyrylardy. Öküz soguljany bolsa munuň özi kiçijik kelleden, gysga boýundan, hem-de ýasy uçgur şekilli uzyn bedenden ybarat bolup, onda el-aýak ýokdur. Baş tarapyndaky dört sany sorgujy oňa adamyň aşgazanyndaky işlenen iýmiti sorup almaga mümkinçilik döredýär. Onuň uzynlygy...
Çalgyrt dilli mugallym uçlary jaýtaryp duran gür gara gaşlaryny çytdy. Saryýagyz mugallymyň gapdalynda ýatan spisoga tarap gyýa-gyýa garap gözlerini öňküsindenem çalt we köp gypyrjyklatdy.
–Üçünji ssoraga geçäýssene ssen...
Nuhty Nazar ol mugallyma tarap gabak astyndan mölerildi. Soň sowuk demini aldy-da, jübüsinden elýaglygyny çykaryp derini süpürdi.
–Üçünji sorag balyk –diýende göz öňüne duzlanan balyk geldimi, nämemi agzy suwardy. Dişiniň suwuny çekdi. –Balyk bolsa näme gizlin zat däl, hemmämiziň günde günaşa iýip ýören zadymyz. Ony aýtsaňam bolýa, aýtmasaňam. Ýöne, garaz, aýtmaly bolsa, onda munuň özi suwda ýaşaýan jandar bolup, endamy ýalpyldawuk teňňeler bilen örtülendir we ýüzgüçler arkaly hereket edýändir. Ýöne ol eskiwažnyň ýa şorkanalyň suwunda bolýan däldir. Çünki, eskiwažnyň suwy ýeriň astyndan syzyp çykýar. Şorkanalam ýeriň göwsünden syzyp çykýar. Üstesine-de zeýkeş. Şor. Edil zirk ýaly ajy. Balyga bolsa akar süýji suw gerek. “Balygyň diriligi suw bilen” diýen nakylam şondan galandyr. Balygy iýmek bolýar, ýöne rybnadzordan birugsat tutmak bolmaýar. Ony tutmak üçin çeňňek, tor, “saçok” diýen ýaly enjamlar ulanylýar. Çeňňegiň ujuna “çerbýak” gysydrylýar. Balygy patrlatmak usuly boýunça ýüregini ýarybam tutup bolýar, ýöne bu kanun boýunça gadagan. Balyklar görnüşleri boýunça dürli-dürlidir. Mysal üçin...
Çalgyrt dilli mugallymyň gaşlary ýene-de biri-birine golaýlady. Gözleri öň açyklygyna ýumjuklaýan bolsa indi ýumuklygyna ýumjuklady. Dodagyny ýalajak boldy welin, dilinde nem tapylmady.
–Ssen bize oň biologiki taraplaryny aýdyp berssene.
–Dogry aýdýaňyz, ýoldaş mollum. Balygyň biologiki taraplaryny aýtman geçmek bolmaz. Onuň biologiki tarapy şundan ybarat: Ýagny, suwuň düýbündäki suw otlarynyň haýsyny iýip, haýsyny iýmeýänini biljek däl, ýöne onuň öri meýdanlarynda we oba arasynda otlap ýörmeýäni çyn. Eger-de öri meýdanlarynda ýa oba arasynda otlap gezýän bolsady, onda ol hökman ot-çöp bilen bilelikde içi soguljanly adam tezeginem iýerdi we öz içinde soguljanyň döremegine sebäp bolardy. Ylym bolsa ony “öküz soguljany” diýip däl-de, “Balyk soguljany” diýip atlandyrardy. Netijede menem size “öküz soguljany” barada däl-de, “Balyk soguljany” barada gürrüň bermeli bolardym. Öküz soguljany bolsa ýaňky aýdyşym ýaly esasan iri şahly mallarda bolmak bilen ondanam adam bedenine geçýän mugthordyr. Onuň özi kiçijek kelleden we gysgajyk boýundan ybarat bolup...
Saryýagyz mugallym assajykdan “şyg-şyg” edip gülmäge başlady. Çalgyrt dilli mugallymam aňk bolan ýaly Nuhty Nazara tiňkesini dikip oturşyna: “hyňk-hyňk” etdi-de, birdenem “Hah-hah-hah-hah” edip goýberdi. Gülkileriniň mesenesi gaty daşgyn boldumy, nämemi olar ilk-ä oturan ýerlerinde içlerini tutup, ýapyrylyşyp güldüler. “heý-weý-e-e-eý...” diýşip arasynda bir köşeşjek ýalam etdiler-de ýene-de güldiler. Jogaba taýýarlanyp oturan oglandyr-gyzlaram olaryň gülkülerine goşuldylar. Çala açyk gapynyň aňyrsyndanam gülki sesleri eşidildi. Bir salym aşak bakyp boz-ýaz bolup oturansoň, Nuhty Nazaryň özem gülüp goýberdi. Elýaglygy bilen gözüniň ýaşyny süpürip duran saryýagyz mugallymyň: “Wah, bu zehiniň bilen artistlige girseň bolmadymy?” diýen soragyna: “Oňa agam göwnemedi” diýip nagt jogap berdi.
Auditoriýanyň içini-daşyny gaplap alan gülki birneme kiparlandan soň mugallymlar ýaltalyk bilen ýerlerine geçdiler. Ykjam ornaşansoňlar saryýagyz mugallym henizem ýaşaryp duran gözlerini Nuhty Nazara dikdi.
–Saňa ýene-de ýekeje sorag bar.
–Aýdyň, ýoldaş mollum.
–Aýtsam... Sen öküz soguljanyn-a gowy öwrtenipsiň. Bagtyňa o-da bildiňe düşüpdir. Şeýle dälmi?
–Howwa ýoldaş mollum.
–A, eger-de şo sorag düşmedik bolsa näderdiň?
–Ikinji, üçünji soraglary näden bolsam galanlarynam şeýderdim, ýoldaş mollum.
–Beh!... –diýip, saryýagyz mugallym ýoldaşynyň ýüzüne seretdi.
Olam şol bir ýylgyryp oturşuna:
– Prosto molodess! Çestnoe slowo!, –diýdi.
Saryýagyz mugallym Nuhty Nazara ýüzlendi:
– Professoryň salgy berşine görä-hä senden tamamyz uludy.
– Dogrudyr, ýoldaş mollum. Ýöne tamaňyzy ödäris. Hökman ödäris. Giribildigimiz ödäris. Näme hyzmatyňyz bolsa aýdyberiň...
Saryýagyz mugallym çalgyrt dilli mugallymyň ýüzüne seretdi.
– Okaýyn diýse okabiljekdigih-ä görnüp dur. Zehini bar. Ukyby güýçli. Iň esasam özüne ynamy bar. Şonsy gowy. Ýöne... –Mugallym Nuhty Nazara tarap öwrüldi. Soňky sözlerini aýtmaga çekinýän ýaly ýaýdanybrak gepledi. – Ýöne, dörtlük-bäşlig-ä diýmäli welin, beýleki predmetlerden geçibilerin öýtseň üçligiň-ä bizden al.
– Üçlükli gürrüňiňizi goýuň, ýoldaş mollum –diýende Nuhty Nazaryň gulaklarynyň ujuna çenli gyzaryp gitdi. –Üçlügi kimler almyýa? Ol kimlere goýulmyýa? Üçlük goýubam yzyndan kömek etdik, diýjek bolsaňyz onyňyz bolmyýa. Beýtseňiz, büý-ä birinji sapakdan üçlük alypdyr-ow, diýäge-de, beýlekiler ýüzleriniň ugruna ýykarlar. Onsoňam men srazm aýtdym-a. Srazm aýtsaň balyň beýgeler diýenem özüňiz-ä...
Çalgyrt dilli mugallym gözlerini tegeläp ellerini serdi.
– Sen hemme ssoraga jogap beribilmediň-ä. Diňe birini aýtdyň-a...
Nuhty Nazar ýeň bermedi.
–Dogry. Birini aýtdym. O hak. Bir jogabyň üçlüge ras gelýäninem bilýän. Ýöne, srazm aýdanym üçin bir bal beýgeltseňiz meň baham dörtlük bolmaly. Dörtlügem men halamok. Şoň üçinem kömek etjegiňiz çynyňyz bolsa bäşlik goýuň... – Nuhty Nazar häliden bäri mugallymlaryň burnunyň öňünde galgap duran eňegini bir gapdala sowdy. Ýüzüni küssertdi. –Daýymyňkam ýöne bolýa-da... Tabşyraryn diýen bolup... tabşyryşam şu boljak bolsa...
Çalgyrt dilli mugallym ýoldaşyna tarap egildi.
–Goşmaça ssorag beräýeli-le bolmassa?
Saryýagyz mugallym aşak bakyp ýylgyrdy.
–Ýene bir gezek “öküz soguljanyny”eşiderin diýseň ber. – Ol başyny galdyrdy. – Näme edeliň diýsene... Nemedeliň... Bu bir taýynjak artist bi. Bizde-de näme, drama kružogy bar, aýdym-saz kružogy bar...Şo zatlarada adam tapylman kösenilýä kä wagt. Ine, şolara işjeň gatnaşaryn, institut tarapyndan geçirilýän beýleki çärelere ýakyndan kömek ederin diýse, professoryň göwni üçin eglişik edäýsegem bor. Abuna ýazylşyk döwürlerem gerek bolýa şular ýaly ýüzügaty ýigitler. Sportdan beýlekiden başy çykýan bolsa-ha hasam gowy.
Nuhty Nazaryň çürüje eňegi ýene-de mugallymlaryň gözleriniň öňünde gaýmalaklap başlady.
–Ysport diýib-ä ýalan sözlemäýin welin, ýöne galyň ýüze gezek gelse ýüzüňizi gyzartman ýoldaş mollum! Edil, düýäň hamyndanam galyňdyr meň ýüzüm. Çeper höwesjeňli meseläňizem kül ederis. Mekdepdekäk goňşy obalara çykyşa gidenimizde äpişgäniň aňyrsynda durup bilit satýanam, soň gapyda durup öz satan bilitlerimi ýyrtýanam, ahyrsoňy sahna gelip oýnaýanam özümdim. Bu ýerde-de şeýderis. Diklemassa aýtmalam bolsa, intermediýa aýtmalam bolsa daş ederis. Dramada dagy Gitleriň roluny oýna diýseňizem taýyn. Adam ýetmeýän bolsa arasynda ylgap gelip horda-da duraryn. Maňa oka diýmeseňiz bolýa. Wiý, maňa şu ýerde gal-da oka diýseňiz bolýa. –Ol Aşgabat ýaly paýtagt ýerde oturandygynam unudyp, agzynyň ram eden zatlaryny sanamaga başlady. –Bir giribilsek başgada kän zatlara kömegimiz deger biziň. Mysal üçin ine, gowaça çöp gerekmi, çaňňalak gerekmi, künjara, eýlenen deri ýa keýigiň şahy gerekmi... –Ol gözüniň gytagyny çalgyrt gepleýän mugallyma tarap aýlady. –Şäher ýerinde goçuň inegini iýýänem barmyşyn diýip eşitdik, gerek bolsa aýdybermeli...Ondan başgada tam suwamalam bolsa, ýylgyndan kepbe örmelem bolsa, goç ýa öküz biçmelem bolsa, dowar ýa düýe öldürmelem bolsa, samogon gaýnadybilýanim-ä bular ýaly ýerde aýdybam oturmaýyn welin, dermanlyk ot-çöp getirmelem bolsa, ingisi inýäni ýa bat kesellileri bejermelem bolsa...
Nuhty Nazaryň çyn ýürekden aýdan bu sözlerine-de oýnudyr öýdüp gülüşdilerjek boldular, soňam garaçynlary bilen: “Olar ýaly bolsa medinstituta girseň bolmadymy?” diýdiler. Nuhty Nazar: “Oňa ejem göwnänok” diýenden soň: “Ýeri bolýa-da, aldyň” diýşip, öňlerindäki kagyza bir zatlar belleşdirdiler. Hamala uly bir ýaryşda üstün çykan adamy gutlaýan ýaly, ýerlerinden turup elleşdiler. Beýleki ekzamenleri hem şular ýaly üstünlikli tabşyrmagyny arzuw edip hoşlaşdylar.
...Özüne barybir bäşlik däl-de, dörtlük goýulandygyny welin, Nuhty Nazar iki günden soň, girelgäniň agzyndaky aýna witrinanyň aşagynda ilkinji ekzamenden geçenleriň sanawy asylandan soň bilip galdy. Ýöne, ol muňa gynanmady. “Dörtlük erbet baha däl, inşalla biri girse menem girerin. Ýaşasyn “eMK-a” diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy-da, taňryýalkasyn aýtmak üçin, täze tapynan daýysynyňka tarap eňdi.
Hekaýalar