19:14 Pendim | |
PENDIM
Goşgular
Pendi baýyrlary, Durnagöz Murgap, Ýada salyp her hal kalbymda barym. Mahal-mahal diýseñ ýüregim küýsäp, Pendime guş bolup uçup gelýärin. "...Bäşbelañ" topary, anha-da öýmüz. Tanyş ýüzler: agam Rahmanguly bar. Jigilerim düñküldeşip daşarda, Gaçyşyp, kowuşyp oýun oýnap ýör. Otyr enem, saryk topbusy başda, Güneýde, söýenip gara öýmüze. Gyzlaryna abraý, mañlaý dileýär, Saglyk, döwletlilik diläpler bize. Tapdym kakamy hem obañ çetinden, (Hemişe traktor sürýän ýerinden). Diýdi: "Çagalaram alyp geldiñmi, Ýa-da işiñ bolup aýlandyñmy sen?". Bu pursat kalbymda ýaşap ýör meniñ, Dädem, Ahmet akgam, köpler bar munda. Özi-de bu oba häzirki obañ Otyr indi biraz eñseräginde. Ýatlanymy duýup, ýogum hem barym, Ýene huzuryma üýşüşip geldi. Ýene-de men öz ornumda, eý, Tañrym, Uçsam diýip çapyp ýören Ageldi. Uçup ýörün ýokarsynda Pendimiñ, Berip höwesime, söýgime gerim. Hol, aşakda meni uçuran toprak, Hem hemişe gonmak isleýän ýerim. 1983 ý. Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
√ Jisim... / Goşgular - 31.05.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Bu jany gördüm / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Kakama / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Senden özge, eý, senem, bu jümle duşmandyr maňa... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Muhammet / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Aýna / Goşgular - 01.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |