14:33 Übtüjekler / kinniwanja kyssalar - Çemen | |
...Ýigdekçe tamlarynyň öňüne iki düýp gyrmyzy bägül ekdi.
Hekaýalar
Suwardy, bejerdi, çyrpdy, ideg-yssywatyny kem etmedi. Wagt geçdi. Bägül düýpleri güle durdy. Her biri penje-penje, goýy gyrmyzy bägüller. Öýlerindäkilerden hiç kime degdirmedi. Jigileri bilimler güni mekdebe alyp gitjek bolsalar: -Dessäni bazardan satyn alaýyň!-diýdi. Zenanlar günem elletmedi. Doglan günlerdir, başga baýramçylyklarda-da ýolmaga rowa görmedi. Soň tanyşdy. Huşuny-düýşüni eýelän, şol ýeke-täk bolup görnen şol ýeke-täk bilen. Telefon belgimi, IMO salgymy, garaz, habarlaşar ýaly näme bar bolsa alyşdylar. Habarlaşdylar. Ylalaşdylar. Belleşdiler. Şonda-da yhlas bilen ýetişdiren bägüllerini ýekän-ýekän gyrkyp aldy-da, olardan çemen bogdy. Ajaýyp bir çemen. Belleşilen ýere belleşilen sagatdan ep-esli wagt öň baryp garaşmaga durdy. Oturyp garaşyp gördi. Turup garaşyp gördi. Gezmeläp garaşyp gördi. Ylalaşylan sagat bolandan soň byzbydyklap garaşyp başlady. Gaharlanyp gördi. Köşeşip gördi. Ahyry jaň etdi. Alynmady. Habar ýollady. Jogap ýok. Oýa batdy… Oýnaýdymyka?! Näme üçin?! Näme ýamanlyk etdi?! Ýöne, keýpinemi?! Oýnamagyň hatyrasyna oýnaldygymyka?! Tagaşyksyz uzyn boýuny egreldip, birsellem muňalyp durdy. Elinde-de dessesi. Apalanyp ýetişdirilip, jahanyň hiç kimsine we hiç bir zadyna rowa görülmän aýalyp saklanan güllerden boglan, päkize çemen… Birhaýukdan soň, oýlanyp boldumy nämemi, elindäki owadan çemene ýigrenç bilen seretdi-de, ony oturgyjyň gapdalyndaky çoýun zibildana oklap goýberdi. Yzyna garamanam gitdi. Zibildanda-da çog gyzyl çemen… | |
|
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||