14:25 Übtüjekler / kinniwanja kyssalar - Hemaýat | |
Ýanýodada oýnap ýören, üç-dört ýaşlyja bezzat oglanjyk, birdenkä ýykyldy.
Hekaýalar
Aýagy gaňryldy. Üsti-başy hapalandy. Bada-bat ýerinden turmakçy bolanda-da, turup bilmedi. Ýarym-ýaş bolup aglap ugrady. Şäheriň gelim-gidimli köçesiniň ugry bolandygy üçin ötegçem köp. Gözleriniň gyýtagy bilen ýüzüne seredişip, deňesinden ötüp durlar, ötüp durlar. Her kim başagaý. Giç öýlän bolandygy üçin kim işden gelýär, kim gijeki nobatçylygyna barýar. Kim bazara ýetişmeli. Kim dükana. Kim toýa. Kim öýe. Oglanjygyň bolsa üsti-başy gum-gumursy. Hiç kimiň täze eşigini hapalasy gelmeýär. Diňe käbir has ýüregi ýukaraklary: -Tur, oglum, beýdip guma bulaşyp, aglamjyrap oturma-da, öýüňize git!-diýip, geçip gidýärler. Şol wagtam, aňyrdan tigirçekli kürsüsini tigirläp, maýyp goja göründi. Ol oglanjygyň deňesine ýetdi-de, togtady. -Ballym, näme, bir ýeriňi agyrdaýdyňmy?!-diýip goja, oglanjyga ýüzlendi. Oglanjyk sojap oturşyna: “hawa” diýýän terzde baş atdy. Maýyp goja, oglanjygyň geýminiň hapalygyna üns bermän, oňa elini uzatdy: -Hany, gel onda, meniň gujagyma! Maňa öýüňizi görkezip bilersiňmi, köşegim?! Oglanjyk sesini çykarman makullaýjy baş atyp, golundan ýapyşandanam goja ony dartyp, gujagyna aldy. Mejalsyz dyzlarynyň üstünde jaýlaşdyrdy-da, mähir bilen garaja galpakly kellejigini sypady: -Boýnumdanam berk ýapyşgynyň! Ýogsa men kürsiň tekerlerini tigirlemeli bolanym üçin, seni saklap bilmerin! Gaçaýma, birden!-diýip, mähirli pyşyrdady. Soňam, gujagyndaky çaganyň göwnüni şat etmek üçinmi nämemi, misli, ägirt uly ýük ulagyna erk edýän dek: -Ýeri, ugradyk onda! Wö-ö-öň, wö-ö-öň…-edip, elleriniň agramyna kürsüsine bat berip, ugran boldy. Aglamagyny bes eden oglanjyk jykyr-jykyr gülüp başlady… | |
|
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |