16:58 Übtüjekler / kinniwanja kyssalar - Ýagşylyk | |
…Ýaňy gullukdan gelen, ýigriminiň dälijesi ýigitlikde, dünýäniň hezil däl zady barmy?!
Hekaýalar
Garagum derýasynyň kenaryndan otuz-kyrk ädimlikdäki, aňyrsyna-bärisine göz ýetmez ýorunjalyk meýdana açylan suwuny sazlan bolup ýör. Egninde pili, dilinde sykylyk, keýpi kök. Käte bir “şyr-şyr” akýan suwuň endiganlygyny laýyklap, joýalaryň käbiriniň gulagyny ýazdyrsa, käbirine birdir-ýarymdyr pil gumy tapbatlan bolýar-da, geçýär ötägidýär. Hatda, depäňi deşip gelýän günüň astynda, tomsuň ortaky aýynyň jokrama yssysam azaryna däl ýaly. Iki bolup bir tigire atlanyp, emeli derýa suwa düşmäge, beýleräginden geçip barýan, on-on iki ýaşly gögelelere-de üns bermeýär. Diňe günüň aşagynda entäp-entäp, zeňňi çagasyna çalym edip giden ol iki bezzat, deňesine ýetip, salam berenlerinde gumaşak ýola garşy başyny aýlaýar. Garagollar bilen “waleýkimleşýär-de”, ýene-de işine gümra bolýar. Takmynan, bir çäýnek çaý içer salym ötdi. Meýdanyň eteginden geçýän suwly ýaby ahyrlaberende, birdenkä ýaňky bezzatlaryň biriniň derýa tarapdan gelýän howsalaly gykylygyny eşitdi. Özüniň näme edýändigine-de düşünmän, aňyndan öňürti aýaklarydyr-elleri herekete girdi. Pilini taşlady-da, şol tarapa garşy eňdi. Haý, entek habry türgenleşikleriň bady süňňünden çykyp ýetişmedik zaňňar-da! Kenarda jöwlan urup, ulili bilen bagyrýan oglanjygyň ýanyna çenli iki-üç ýüz ädim aralygy göz açyp-ýumasy salymda geçdi. Belent raýyşa çykandanam emeli derýanyň ortaragynda suwdan käte bir görnüp-gidýän, şyr-takyr kellä gözi düşdi. Özem, her gezek kellesini suwdan çykarmagyň hötdesinden gelende, ellerini-aýaklaryny “şarpyldadyp”, janhowluna urunýandygy töweregindäki suwuň “pažžyldysyndan” bildirýär. Aýagy gurşupdyrmy, aljyrapdyrmy, belli däl. Bir anyk zat, oglanjyk gark bolup barýar. Ol dynnym ýalyjagam säginmän, aňyrdan ylgap gelşine, badyna şol belent raýyşdan özüni suwa zyňdy. Kenardan üç-dört ädim daşlykda, suwa jülpüldäp girip barýarka-da: “Oh-ty, men ibaly ýüzübem-ä bilemokdym!” diýen howpurgamaly pikir kellesine geldi. Ondan soň bolsa onuň pikirlenip, beýleki edip, özüniň düzüwli ýüzüp bilmeýäninden gorkmaga-da eli degmedi. Läbik suwda, eýýäm akymyň düýbüne giden oglanjygy elleri bilen sermeläp tapjak bolup, ony suwuň ugruna akyp gitmez ýaly dartyp aljak bolup, azara galdy. Hudaý diýen ýeri, eýdip-beýdip oglanjygy tapandan soňam, ony kenara garşy çekmek iş boldy. Ol, oňa harby gullukda dürli jygba-jyg ýagdaýlarda betbagtçylyga uçranlara ilkinji kömek etmek zerurlygy ýüze çykaýsa gark bolýanyň saçyndan çekip, süýremelidigini öwredipdiler. Emma, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, halas edýäniň saçy bolmasa, nätjek?! Bu-da, eýýäm demigip, suw baryny ýuwdup, gymyldy-hereketden galan oglanjygyň elindenmi-aýagyndanmy, çem gelen ýerinden çekip, ölümiň öýünde kenara çykdy. Özem, demi-demine ýetmän, läbikli suwdan ýuwdup bilenini ýuwdandygy sebäpli, kenara çykan dessine gaýtardy. Emma, özüni dürsemäge-de maý ýokdy. Şonuň üçinem, ol agzyny çalak-çulak süpürdi-de, dem-düýtsüz, gök-dalak bolup ýatan oglanjyga bileninden kömek edip ugrady. Ýekedyz durup, ony dyzynyň üstünde ýüzinligine ýatyrdy-da, arkasyndan, garnyndan, döşünden çalaja basyşdyryp, onuň öýkenine dolan hapa suwy akdyrdy. Soň, agyz-agza dem berdi. Başardygyndan döşüni owkalady. Birdenem, oglanjyk, sogduryp: “hyýk-k” etdi-de, sojap dem alyp başlady. Çöregi bitin ekeni. Birhaýukdan soň olaryň ikisem özlerini dürsediler. Halas edilen oglanjyk ony tanady. “Ilerki köçede ýaşaýan Atamyrat ussanyň ogly Halyk men” diýip, bezzat özünem tanadan boldy. Olar bolan wakany hiç kime aýtmadylar. Ýigid-ä dogabitdi salyhatlylygy sebäpli, öwünýän ýaly bolmasyn diýip geplemedi. Bezzatlaňkam näme, şol öňki bezzatçylyk-da. Aýtsaň, almytyňy almaly boljak. …Ondan soň ýyllar ötdi… Tutuşlygyna otuz ýyl. Günlerde bir gün, ýigitligi ýyllaryň çaňyna garylyp, ýitip giden gartaşan halyna ol, şäheriň uly köçesiniň ugry bilen ýöräp gelýärdi. Birdenkä gursagy ýiti yza bilen sanjyp-sanjyp gitdi. Bada-badam gözüniň öňi garaňkyrap, kellesiniň edil ýeňseçukurynda emele gelen gyzgyn gysaç beýnisini barha gysyp, mynjyradyp barýana döndi. Ol aýaklarynyň ysgyny gidip, şol durşuna ýanýoda özüni goýberdi. Bihuşlyk bilen aýanlygyň arasyndaky owarramy perişan halda, uzyn süýnendenem, edil beýnisinde pikir böwedi ýarylan dek, kellesi dürli-dümen oýlanmalardan ýaňa hyryn-dykyn bolýandan boldy duruberdi. …Çagalary… Ýaňy bir dört ogluň-a ikisini öýerdi, üç gyzyňam birini dumuşa çykardy… Eziz Allam, olaryň ählisini gözli-başly etmäge bir maý-pursat bereweri. Ýogsa, mensiz gaty kösener, olar!... Ol özem duýman içinden mynajat etdi. Şol pille-de, daşyna hümer bolan adamlaryň arasyndan otuz-kyrk ýaşlaryndaky biri atylyp çykdy-da, ýer diýmän, ýol diýmän, şol durşuna onuň ýanynda dyzyna çökdi. Dessine-de ederini bilýändigi mese-mälim bildirip, pert-pert gepläp başlady: -Adamlar, gaýrat ediň, daşyny açyň, arassa howa gelsin! Insultyň ýa-da infarktyň alamatlary bar! Gan basyşy ýokarlanan bolmaly. Men eýýäm “Tiz kömege” jaň etdim. Häzir on-on bäş minutdan geler. Süýşüň, süýşüň, adamlar!...-diýişdirdi-de, ol adam, ezber elleri bilen onuň köýneginiň iliklerini ýazdyrdy. Döşüni owkalap durşuna-da onuň henizem ýarym huşludygyny görüp, oňa göwünlik berdi: -Gaýrat et, ýaşuly! Häzir kömek ýetişýär! Azajyk, gaýrat et! Özüne kömek edýäniň mylakatly sesini eşidip durşuna-da ol goýy tümlüge çümdi. Huşuny ýitirip barýarka, iň soňky pikirem özüne kömek berýän bu adamyň ýüzüniň juda tanyşlygy hakda boldy… …Özüne gelende-de ol huşuny ýitirişi ýaly birden açyldy. Gözüni açan badyna-da, ap-akjä tämiz otagda, ýumşak ýatyş sekisiniň üstünde ýatandygyny gördi. Başujunda-da gözi ýaşly aýaly, ogullary, gyzlary. Soň olaryň gapdalynda, ýanýodada ýykylanda özüne ilkinji kömegi beren adamy tanady. Ýöne, ol eýýäm ak halatly, ak sopbaçlydy. “Lukman eken-ä, bi!” diýip ol gözüni açalak-ýumalak edip ýatan ýerinden ysgynsyz pikir öwürdi. Onuň gözüni açanyny gören lukman ýylgyrdy-da: -Pylan kaka, sen-ä meni, menem seni tanamandyrysam! Atamyrat ussanyň ogly Halyk men! Äý hawa-da, obadan: “okuw” diýlip gaýdylanyna, tas ýigrimi ýyl dagy boluberipdir. Şol ýyllarda-da, öýe käte bir alamançylap gaýdylaýmasa, kän barlybam ýörmeýär!-diýdi. Soňam ýylgyryşyna nähidilir bir diňe ikisine düşnükli ýaşyryn many çaýdy-da, gözüni gypyp goýberdi:-Nätdi, agam, hutma-hutmy?! Olaryň ikisem pessaý gülüşdiler. Ol ýylgyryp ýatyşyna: -“Ýagşylyk et-de derýa at, balyk bilmese Halyk biler” diýilýän bolsa, meniňki tersine: “Ýagşylyk et-de derýadan çykar, halk bilmese Halyk biler” diýleni boldy-ow!-diýip ysgynsyz pyşyrdady. Obadaş lukmanyň näme üçin arkan-ýüzin gaýşyp gülýändigine hassanyň hossarlary düşünmediler. | |
|
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |