17:07 Übtüjekler / kinniwanja kyssalar - Ýylgyryş | |
...-Yrzalaşyp bir gal, gelneje! Sogrulyp barýar!-diýdi-de, lukman dälizden gartaşan zenany demini sanap ýatan hassanyň ýanyna çagyrdy.
Hekaýalar
Aýaklaryny saňňyl-saňňyl etdirip zenan, syrkawyň ýatyş sekisiniň gapdalyndaky oturgyja mejalsyz göwresini goýberdi. Saralyp-saralyp, derisi köne kagyza dönen arryjak elini emaý bilen gysdy. Ýarym-ýaş bolup aglamaga-da maý ýok. Geplemäge-de mümkinçiligi… Bokurdagynda düwnük çişi dörändigi sebäpli, soňky iki aý bäri gepläbem bilmeýär… Ysgyny barka-ha, diýesi gelýänini kagyza çyrşap berýärdi welin, bu mahal-a oňa-da haly ýok… Diňe gözlerini balk-balk etdirip, şo-o-ol seredip ýatyr… Gorkam ýok, olar-da, ahmyr-armanam… Diňe mähirden püre-pür… Yrňyldap dur… Birdenem zenan özüniň gysymlaýan elinde nämedir bir zadyň bardygyny duýdy. Hassanyň aýasyny açdy. Sähelçejik kagyz bölejigi… Gyssanyp açdy-da, körmüş gözlerine golaýlatdy. Gözüni ümezledýän gözýaş perdesiniň aňyrsyndan kagyz bölejigine ýazylan ýazgyny daşyndan pyşyrdap okady: -Gözleriňde özümi görýän… Ýylgyrdy… Kyrk ýyl mundan ozal, ýaş gelinkä her gün işden gelende şeýle diýip degşerdi… Syrkawam ýylgyrdy… Jan berdi… Olary synlap duran lukman: “Ýylgyrybam ölüp bolýan ekeni” diýip, içinden geň galdy… | |
|
√ Kesel kesgidi / hekaýa - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 13 | ||||||||||||||
| ||||||||||||||