14:46 Düşünişmezlikden döreýän durmuşy duýgular / çaklaňja kyssajyklar - Jaň | |
Işden geldi.
Hekaýalar
Içerik ätlän dessine-de myhman otagdan eşidilýän bigäne sesleridir-gülküni eşitdi. Myhman gelipdir. Owalam-a garasöýmezligiň düýbüni deşýänlerden welin, hasam işden argyn gelip, telewizoryň öňünde ýazylyp-ýaýrap şamlyk edinmek, soňam aýagyny uzyn salyp, derçiräp çaý süzüp ýatyşyna gözleri bilen-ä dünýäň täzeligini habar berýän ýaýlyma tomaşa etmek, gulagy bilenem öý-içeriniň, goňşy-golamyň habaryny ýetirýän aýalyny diňlemek niýeti puja çykdy. Bäş deşigi edil temeginiň üstüne üýşdi duruberdi. Köwşüni çykaran badyna-da otagdan aýaly kellesini uzatdy. -Wiý, eýýäm geläýdiňmi?! Bu soraga onuň girre gahary geldi. Emma, her niçigem bolsa, myhman barlygy ony özüne basalyk bermäge mejbur etdi. -Geläýdim. Näme dagy, inni öz öýüme-de gelmän oňaýynmy?! -Wiý, gelewer! Biz-ä gaýta, çagalar bilen: “haçan gelerkäň” diýip gözümiz ýolda. -Bildirýär. Gybat-galmagalyňyz bilen öýi göçüräýjek bolýarsyňyz. Dünýeden bihabar, özüňizem!-diýdi-de, ol hüňürdäp barşyna, myhman otaga kellesinem uzatman, içki otaga geçdi. Erkek diýlen jandar, işden gelende, her bir herekete yrsarap duran, lälik çaga pisint bir zat bolýar. Towugyna “tok” diýmeg-ä beýle-de dursun, mazaly garnyny doýrup, çaýyny içýänçä näzini çekibermeseň bujurygy artýar, ol janawerleň. Bu hakykata belet aýaly, höwrüniň hüňürdisine jogap gaýtarjak bolup durmady: -Naharyňy aşhana alaýynmy?!-diýip, gaýta onuň ýumşak damaryndan tutdy. -Alaý! Dagy, nä, balkonda ýa-da daşarda iýdirjekmi?! Şulara dagy, sesiňi çykarmasaň ite ýal beren ýalaky, naharyňy köçede iýdirmäge-de ýaltanjak däller-aý!-diýip, ýene-de pessaý hüňürdän ol, içki otaga girdi. Eşiklerini çalyşdy. Şol tutuksylygy bilen aşhana gelip, ýazylgy desterhanyň başyna çökdi. Bissimylla, nahara başlanyndanam aýaly, durşy bilen sorag alamatyna öwrülip: “men myhmanyň ýanyna gidibereýin” diýýän terzde, ýüzüne naýynjar garady. Ol bolsa aýalynyň näme diýesiniň gelýändigini aňsa-da aňmazlyga salyp, çüm-süm eden boldy oturdy. Birki çemçe owurtlanyndan soňam, göýä, öňündäki tabaga sowal berýän dek: -Kim ol?!-diýip, nazaryny saçakdan götermän oturyşyna, hümürdedi. -Daýzamyň gyzy-la! Gyzyna keşdeli ýaka sargyt etmäge gelipdir… -Bolýa. Gidiber!-diýip ol, ägirt uly eglişik bilen idin berdi. Gitdi. Olam hiç zada baş galdyrman owkadyna gümra boldy. Aňyrsyna il gonup ugrandan soň, temegine jemlenen deşikleri ýerbe-ýerin süýşüp, ýüzi açylyp başlady. Şol pille-de telefon jyrryldady. Jyňňyr-jyňňyr... Ýerinden turdy-da, garyn gözemek kibi wajyp işe päsgel berlenine gatyrganma bilen telefony göterdi: -Alýo? Aňyrdan onuň özüniňkeden has beterräk gödeňsi hem ýogyn ses bilen seslendiler: -Salowma! Jaň edýäniň sesi gulagyna ýaramady. Şonuň üçinem ol salamy alanda öňküsindenem gödek dillendi: -Walowma! -Halyppa, hany, bejit bolakga, derrewjik Gülälegi tilpuna çagyryp goýbersene!-diýip, aňyrdaky hökümli emr eýledi. Öňem çeti gyzyp duran onuň, bada-bat gany depesine urdy. Gepleşýäniniň gödek äheňindenem beter, öz aýalynyň adyny tutup, ony telefona çagyrylmagy onuň janyna batdy. Süňňüni dolduran gazapdan ýaňa gözüniň öňi garaňkyrap giden ol, öte eşidýändirin öýdüp, birdenkä gyryljak bolan sesi bilen ýuwaşja we hemleli sorady: -Näme, näme?! Aňyrdaky tyýkyramady. Onuň hemleli pyşyrdysynam piňine almady. Ap-arkaýyn gürlemegini dowam etdi: -Näme-aý, halyppa, gulagyň kermiň-aý?! “Gülälegi çagyrsana” diýýän. Birki agyz gürrüňim ba, şoň bilen… Onuň gaýnama hetdine ýeten beýnisinde nämedir bir zat ses-selemsiz partlady-da, gözleriniň öňüni gyzgylt ümür gabsady. Ol elinde saklap duran telefonyny iýäýjek bolup, agzyna eltdi. Hemişe bijaý gaty gaharlananda edişi deýin, gorkunç pyşyrdy bilen geplemäge durdy: -Sen-eý, gopdygaýmagyň gopdygaýmagy! Nämeler gepläp oturanyňy bir bilýäňmiň-eý?! Häzir seni nireden jaň edýänem bolsaň, agtaryp tapýan-da, etiňi çişe düzüp iýýän, men! Gülälegi näme etjekdiň-eý?! Hä?! Aňyrdakyň nähilidir bir özi üçin juda düşnüksiz ýagdaýa düşendigi, onuň aljyraňňy jogap gaýtaryp başlaýşyndanam bildirdi: -Eý, sen-eý, näme-eý, dälimiň-aýt?! Hä?! Ýa, nä, men ýalňyşyp dälihana dagy jaň edäýdimmikäm-aýt?! Hä?! Nämäňe sögünýäň-aýt?! Hä?! Gülälegi näme ediler-how?! Hä?! Aýal bilen näme edilýän bolsa şony edersiň-dä! Aýtdym-a ýaňy: “Aýtjak-goýjak zatlam ba” diýip. Nä, eşitmediňmi-aýt?! Hä?! Onnoňam, dagy, nä, Gülälek bilen tilpunda küşt oýnaşmak üçin çagyrylmaýany öz-özünden belli ahyry!...-diýeninden, ol gürrüňdeşini sözüni soňlamaga goýmady. -Kimsiň-eý sen?! O dünýä baramda kimiň janyny alanymy bir bilip galaýyn!-diýip ol, telefona hasam eýmenç haşşyldady. -Kim bolaryn-aýt?!-diýip aňyrdaky göwnübir jogap berdi:-Bolup bilseg-ä Gülälegiň äridiris, biz! Ol bir demde durky-düýrmegini eýelän gahar-gazapdan ýaňa demigip, tas çaşýardy. Hudaý saklasyn, “ýatanyň üstüne turan gelmesin” diýleni boldy, bü-ýä! Öýüňde gül ýalyjak öz günüň bilen bolup otyrkaň, kimdir bir bigäne-de jaň edip: “men seniň aýalyň äri” diýip, üstüňe dübläp dursa, nähili bolar-a?! Ölermiň-ýitermiň?! Ol zordan özüne erk edip, ýekeje jümläni bogazyndan kynlyk bilen geçirdi: -Eý, haýwan! Men Gülälegiň äri! Özem häzir, seni ýeriň deşigine girseňem tapýan-da, ganyňy gotura derman edýän, derrew-derrewdenem çalt… -Beh! Bu nähili bolýar-aýt?! Ýaňyja, bir sagatjyk mundan owalam-a Gülälegiň äri mendim-le?!...-diýip, aňyrdaky geň galdy. Zynjyrlamabermeli telbelik hetdine ýeten ol, şuş-şu wagt gepleşýäniniň bogazyna çaňňal urmak mümkinçiliginiň ýokdugy sebäpli, iň bolmanda, paýyşdan-paýyş, mojukdan-mojuk sögünip, içini boşatmak üçin, uludan dem alyp, kükregini dolduranam şoldy. Aşhana aýaly girdi. -Kakasy, daýzamyň gyzy Gülälek: “Ýoldaşym haçan yzymdan gelmelidigini sorap, jaň etmelidi” diýýär welin, bu jaň edýän şol-a däldir-dä?!... Öýkenini çişirip, güberilip durşuna ol, ilk-ä özüne sowally bakýan aýalyna gözlerini petretdi. Soňam elinde saklap duran telefonyna garady. Pyssardy. Telefonda ary köýen dek, ony jarka ýerinde goýdy-da, kelam agyz geplemän çykdy ötägitdi… | |
|
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Ilkinji hekaýam / hekaýa - 24.12.2024 |
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |