GARAGÖZ
Bu it şol “arslan garnuwly” diýilýän, läheň goýun itleriniň tohumyndandy. Özem juda garrydy. Garrylygyndan ýaňa onuň dişler-ä birwagt dökülip gutarypdylar welin, indi onuň haçan kesilendigi hem huşundan çykyp giden gulaklarynyň ýeňsesindäki tüýleri-de düşüp ugrapdy. Ýyllar onuň hemme zadyny üýtgedipdiler. Öň ol galdawdy. Çala bir zat bolsa ýerinden laňňa galyp, özüniň ýogyn, haýbatly sesi bilen üýrüp başlaýardy. Iki ýaňa at salýardy. Bu mahal bolsa ýaltalygyň hut özüne dönüpdi. Şu öýüň hem goňşularyň çagalary ony üýrdürjek bolup şunça jan edýärdiler. Gaharyny getirmek üçin üstüne çöp-çalam, kesek zyňýardylar. Ol bolsa halys degnasyna degiberseler, äwmezlik bilen çalaja “wöwh-wöwh” eden bolýardy-da, “äý halys bizar etdiňiz-aý” diýýän ýaly edip, göwünli-göwünli yzyna öwrülýärdi-de, özi bilen oýnajak bolýan çagalaryň ýanyndan tüýlek ýagyrnysyny tüňňerdip gidiberýärdi. Onuň öňki çalasynlygy hem bilesigelijiligi-de ýokdy. Aýaklarynyň kuwwaty hem gidipdi. Öňler heziller edip gemirýän süňkleriniň indi ýüzüne-de seredesi gelmeýärdi. Sebäbi dişleri tükenipdi. Ýöne şonda-da it endigi-dä, olaryň özüne gerek bolmajagyny bilse-de öňküsi ýaly penjesine ilen süňki gara güni üçin gömüp goýmagyny dowam edýärdi.
Onuň ýaş döwürlerinden galan zatlar diňe läheň, semiz göwresi hem gazan ýaly goçak kellesinde ýerleşýän uly, şakäse ýaly tegelenip duran gözleridi. Onuň juda enaýy hem geň gözleri bardylar. Geňligem olar adatdan daşary uludy. Özem uzak wagtlap, gaty uzak wagtlap seredip dursaň göz bolmaklaryny hem goýýardylar-da, üýtgeşik bir, juda gozgaýan täsinlige öwrülýärdiler. Onsoňam ýene-de onuň ýaşlygyndan galan bir zat, ol öňküsi dek gijäni, onuň ümsümligini hem hemme zadyň görnüşini bulaşdyryp bilýän, hiç zatdan çekinmeýän we hiç kime hiç kimiň syryny aýtmaýan garaňkylygyn oňat görýärdi…
…Hawa-da. Kyn gijeler bolýar. Ýeňil gijeler bolýar. Adaty gijeler bolsa olaryň ikisindenem köp bolýar. Ählisi-de birleşip ýyllary döredýärler. Adamyň, haýwanyň ömrüni emele getirýän ýyllary… “Garry-garry” diýilýär welin, onuň bujagaz ýaşan ömürjigi dagy nämejik…Bolsa 12-13 ýyldyr. Sebäbi hanha, ýaňky hajathanadan gelip, elini-de ýuwman öýe girip giden ýaş hojaýyny, ol güjük bolup şu öýe düşeninde kakasynyň—onuň pahyr bolan ýürekdeşiniň—aýagyna çolaşyp, her gapdalyndan geçene ýumşak ýerine kakdyryp ýören horja oglanjykdy. Häzirem ol beýlebir uly zat däl-le. Heniz mekdebini hem gutaranok ahyry. Yöne eýýäm özüniň uly adam bolandygyny görkezjek bolup, ýetginjeklere mahsus döwük sesini bolşundanam beter ýognadan bolýar. Biderek zatlar üçin jigilerine yrsarap, agalary bir zat diýse-de gaýtargy berýär. Hanha, düýnüň özünde-de ejesi bilen tersleşdi. Wah, ulularyň onuň ýagdaýyna düşünip, göwnüne degmejek bolýandyklary, meniň pahyr bolan hojaýynym—olaryň kakalarynyň, aradan çykmagy zerarly öňem egsik göwni agyrtmajak bolýandyklary onuň gögele kellesine girmeýär-dä… Äý bularyň barysy şeýle-le! Öňkülerem şunuň ýaşynda şeýlediler. Ine ulalar. Onsoň bar zada düşüner. Düýnküje diýen sözlerini huşuna getirip, baý, içini tutuplar öküner-ä! Wah, bi şu wagtam düşünip-ökünip ýörendir-le, ýöne şu bolgusyz gopbamlygy bar-da!… Äý, ýone düşünýändir diýilýärem welin, düşünýän däldir-le. Düşünse heý, şeýdip ejesiniň üştüne gygyrarmydy?! Öňem-ä bikäm pahyr syrkaw. Bilini öte gypjyndyrandygy sebäpli, hasasyna daýanyp, ýöräninde zordan ýöreýär. Her gije-de hojaýynym pahyr ýadyna düşüp, ýüregini gysdyrýarmy nämemi, “hyklap-çoklap” daşaryk çykýar-da, daňyň düýbi çyzylýança içini hümledip otyr. Hernä, bikämiň uly ogly bularyň iň rehimlisi, gaty kän zada akly ýetýär. “Ertir ir bilen turup işe gitmelidir” diýip durmaýar-da, gijelerine ejesine ýoldaş bolup oturýar…
Äý, men-ä şü adamlara düşünýän däldirin. Olaryň birler-ä ine, şu uly ogul ýaly ähli zady ýüregine ýygnap, hemme kişiniň agyrysyna agyryp ýör welin, hatda öz agyrysy hakydasyna-da gelmeýär. Beýlekileri bolsa ýaňky gögele gopbamjyk deýin hiç zady azar edinmän ýörler…Ýogsa-da ýaňky gögelä-de pylan zat diýip bolmaz, onuň hem içini açyp gören ýok. Äý, ýöne aňy-düşünjesi ýerinde bolsa beýdip ejesiniň üstüne heňkirmezdi… Soň göz ýetirer-dä. Akyly goýalyşar, onsoň düzeler-le. Hernä düzelewersin! Şu doňýürek alasmasyk bolup ýetişse juda gynanjak-da… Çünki hojaýynym pahyr muny biçak oňat görýärdi.
Ýöne diýseň diýmeseň şu “adam” diýilýän mahluga düşer ýaly däl. Bir görseň ol gowy. Yene-de bir pursatdan görýärsiňem welin, şondan erbet jandary tapmak mümkin däl… Äý, ýöne erbet bolsunlar, gowy bolsunlar, maňa tapawudy ýok-la! Men olaryň hemmesini ýagşy görýärin. Sebäbi şükür, hojaýynym pahyr kimin adamlaryň bardygyny entegem görýärin. Ýamanlyk bilen ýagşylyk bolsa ady adamda bola-bola gelýän zat-la! Bularyň edip ýören işlerine-de düşünjek bolmagyň peýdasy hem ýok. Barybir penjäňe hiç zat ilmeýär. Men-ä şu jandarlary döredeniň özi hem bulara akyl ýetirip bilmän haýrany-serasyma bolup ýörmükän diýýärin!… Äý, onsoňam, näme bolsalar şol bolsunlar-la! Men bulary ähli ýetmez-artygy bilen halaýaryn… Diňe nejis bolmasalar bolýar… Ejeň göwnüne degmegi bolsa men nejislik hasap edýärin, hasam sähelçe zadyň üstünde… Ulalar, aklyna aýlanar-da! Ýüzüni ýuwmaýaryn welin, ýekeje günäden ol-ha adam ekeni, men dek it hem ölmeýär ahyry…
Köpek äwmezlik bilen ýerinden turdy-da, pallap, derwezäniň gapdalyndaky haýatyň agajy gopuk ýerine ýöneldi. Bu agajy öňräk bir gezek giç geleninde derwezäni takyrdatsa öýlerindäkileriň oýanaýmagyndan çekinip ýaňky gögele goparypdy. “Hasylap”, zordan ýaňky açyk ýerden geçip durka köpegiň ýadyna birden bir zat düşüp, ol içinden ýýlgyrdy. “Adamlaram özlerine “akylly-akylly” diýen bolup ýörler welin, hakyýt akmak-how, şular. Bularyň özlerine dakyp ýören atlaryny özüni hormatlaýan bir jandar bir dakynar ýalymy diýsene?!… Azat, Merdan, Didar… Birhili gülkünç-le! Ýeri, Alabaý diý, Garagöz diý, meniňki ýaly, gowy at gytmy diýsene? Halys goýara at tapmasaň, goý, daýaw-daýaw atlaryň atlaryny, Garaguş diýdi, Meleguş diýdi… Bular bolsa Azat… Päheý, tüýs akmak-how, şular. Özlerem tüýsüz-zatsyz birhili öte betgelşik görünýärler. Owadan gözlerinde görünýän owadan ýürekleri dagy bolmasa bularyň söýüp-sylara zady hem boljak däl ekeni. Emma bulary döredeniňem pikiri gaty aňyrdan ekeni. Sebäbi gözlerindäki ýürekleri bularyň barja ýetmeziniň üstüni basyrýar. Diňe basyrmagam däl, olary şu ýalançynyň iň owadan bir zady edip goýýar.
Ol zordan köçä çykdy-da, birki ädim ädip, çykan ýeri—derwezäniň öňünde süýndi. Kellesini öňki aýaklarynyň üstüne goýdy. Üns bilen gijäni diňläp ugrady… Köpek näme üçindir ýene-de bir zada gaty ynanýardy. Şu ýogalýan adamlaryň asmana göterilip, şol ýokarda gyrpyldaşýan ýyldyzlara öwrülýändiklerine ähli it yhlasy bilen ynanýardy. Ýöne bu hem hemişe däl-de diňe käteler. Emma şonuň ýaly ynanyp başlan pursatlary welin, ol öz hojaýynynyň ýyldyz bolmagyny we günlerde bir günem asmandan süýnüp gaçyp, şu öýde kiçijek çaga bolup ýene-de dünýä inmegini küýsäp ugraýardy. Ol ýyldyz süýnse bir ýerde çaga dünýä inýändigini bilýärdi. Şonuň şeýledigine hem ynanýardy.
Ol özüniň juda garrandygyna-da düşünýärdi. Günlerde bir gün ukusyndan oýanyp bilmän, gatap galjakdygyny-da bilýärdi. Ol muňa kän bir ähmiýetem berip durmaýardy. Ol diňe gatap galmagyndan öňürti ýene-de iň bolmanda bäş-alty gezek dagy öz hojaýynyny görüp galasy gelýärdi. Halys bolmasa-da ýyldyza öwrülen hojaýynynyň gapdalynda ýyldyzjyk bolsa onuň göwün arzuwy wysal boljakdy. Ýöne näme üçindir onuň pikiriçe itler ýyldyza öwrülmeli däldiler. Bu nähili bolar ahyry, adamlar bilen bir hatarda “itlerem” ýyldyza öwrüliberseler?!… Ýöne belki, şol ýogalan ynsanlary ýyldyz edýän jandar bir gezeklikçe, onuň öz ýürekdeşine bolan yhlasy üçin ony hem ýyldyza öwrüp goýberer?! Kim bilýär, belki şeýder. Halys bolmasa dergähine baranyndan soň haýyş edip görer-dä…
Elbetde ol ýatlajak bolsa ejesini hem hakydasyna getirip bilýärdi. Gum depeleri, çäge tozadýan şemal, goýunlar, guzularyň mäleşýän sesleri, doganlary hem uýalary—özüne çalymdaş, torsuk ýalyjak güjüjekleri daşyna üýşürip ýatan, juda ýakymly ysly alabeder ganjyk güjükliginden bäri onuň aňynda galypdy. Kämahal-kämahal ol alabeder ganjygyň ýakymly ysyny gaty küýseýärdi. Ýöne beýle pursatlar diňe öte ejizlände bolýardy. Az wagtlyk dowam edibem, aňynda ýitip gidýärdiler. Onuň galan ýatlamalary bolsa diňe hojaýyny pahyr bilen baglanyşyklydy. Hojaýyny ony alabeder ganjygyň gujagyndan sogrup, alyp gaýdaly bäri ol diňe şu obany, şu öýi bilýärdi.
Böwründe birhili giji döredi. Häk, şu sakyrtgalar! Haram ölmüşler, şolaram onuň garrandygyny bilýärler-dä. Halys basaýpdyrlar. Wah, indi onuň öňki ýaly hatyladyp dişläp, sakyrtgany zyňyp goýberer ýaly dişlerem ýok-da!… Onsoňam öňler onda sakyrtga-da ýokdy-la… Hymh… Yogsa-da “ýokdy” diýen bolup kimi aldajak bolýaryn-a?! Öňem bardylar. Ýöne hojaýynym pahyr ýadyna düşen wagty suwa düşürerdi. Gaty yssy düşeninde bolsa birhili porsy, siňek deýin “byzzyldaýan”, öl zady sepýärdi. Şony sependen soň onuň ýanyna siňegem, sakyrtga-da golaýlamazdy. Indi welin, hiç kim oňa beýdip üns bermeýär. Äý, hawa-da, näme üçin seretsinler?! Kime gerek, lagar düşen köpek? Hojaýyny pahyr-a amanadyny tabşyrdy. Menden bolsa hiç hili peýda ýok, iň bärkisi düzüwli üýrübem-ä bilemok. Onsoň kim meni suwa düşurip beýleki edip azar edinsin?
Köpegiň gahary gelip başlady. Ol başyny göterip, çalaja hyňrandy-da, ýerinden galdy. Soň artky aýagy bilen ýaňky gijeýän ýerini gaşap ugrady. Janyna aram girenden soň onuň gahary hem köşeşdi. Derrew gaharlanyberýär. Gaharlanar ýaly näme boldy şu ýerde? Elbetde elleri degýän däldir-dä. Bu pahyrlaryňkam üsti-üstüne bu wagt… Hojaýynym pahyryň aradan çykanyna entek köp wagt bolmady. Emma bikäm hem keselläp, bulary aljyradyp barýar… Men akmak bolsa öz sakyrtgajyklarym bilen bulara gaharlanan bolýaryn. Hawa-da, ite öz sakyrtgalary adamyň janyndan ýakyn bolýar.
Birden köpegiň gulagyna bir düşnüksiz şagyrdy geldi. Ol köne endigine eýerip, duran ýerinden üşerilip-üşerilip, şygyrdy gelen tarapa diň saldy. Emma hiç zat aňyp bilmän, seňkildäp, şol ugra ýüzlendi. Tutluga girenindenem uly tuduň düýbüne üýşen gara gözi ilip, hyňranjak boldy. Emma tanyş ysy alyp köşeşdi. “Äý, bu oglan goňşularynyň gyzyna garaşýandyr-la. Häzir geler. Hemişeki gelýän wagty-ha boluberdi öýdýän.”
Ol garanyň ýakynyna bardy. Bärsine bakanynda birdenkä özüne golaýlap gelýän läheň bir zada gözi düşen oglan allaniçigsi bolup tisginip gitdi. Ol tasdanam turup gaçýardy. Hernä iti tanaýdy.
-Hä, Garagöz, senmi? Ýüregim-ä ýardyň, haram ölen köpek… Eşitmändirinem-dä gelýäniňi… Hany gel, gel…-diýeninde onuň sesi titräp çykdy.
“Özüň haram ölen, özüň samsyk. Kim saňa bimahal çagy kesekiniň tudunda sümsünip ýör diýýär. Sümsünseňem öz ýabyňda sümsün, meniňki ýaly…” diýip içinden gatyrgansa-da, köpek barybir onuň ýanyna baryp, süýndi.
-Bäý, bu näme üçin çykmadyka?-diýip oglan eli bilen onuň ýeňsesini gaşap ugrady. Bu oňa hoş ýakýardy. Bedeninde köne ýatlamalaryň ýakymyny oýarýardy…
Hol ilerki köçede bir owadanja, akja ganjyk bardy. Her ýyl ýaz geleninde-de ol gidip şol ganjygy yzyna tirkäp, alyp gelýärdi. Onsoň olar mellekde, ýumşajyk gök ekinleriň üstünde agnap, oýnaşyp keýpden çykýardylar. Hojaýyny pahyr hem ähli azabynyň reýgan edilendigine gaharlanyp ony öldir ýaly ýençýärdi. Soňam zynjyra baglaýardy. Emma ýene-de dözmän boşadýardy. Onsoň indiki baharda ýene-de şol waka gaýtalanýardy. Köpek urlanyny, daňlanyny gaty görübem durmaýardy. Ol asla ömründe hiç zady hojaýynyndan gaty görmändi. Diňe ýekeje gezek yzyna ganjygyny düşürip geleninde hojaýyny diňe onuň özüni urmak bilen çäklenmän, ganjygyna-da taýak salgapdy. Şonda-da ol ömür etmedik zadyny edip, hojaýynyna topulypdy. Itiniň özüne topulandygyna gahary gelen hojaýyny bolsa ilk-ä ony usurgaýança saýgylapdy. Soňam zynjyra daňyp, birnäçe günläp boşatmandy. Şonda-da ol hojaýynyndan çyny bilen öýkeläp, oňa ähli it ýüreginden gargapdy…
Emma soň şol gargynjy üçin ökünipdi. Diňe ökünmegem däl, şol gargynjynyň günäsini geçmegini adamlary ýyldyz edýän, ýyldyzlardanam çaga ýasaýan güýçli jandara aglaplar ýalbarypdy. Henizem ýalbaryp ýör, henizem gynanyp, ökünip ýör… Sebäbi şondan birnäçe gün geçeninden soň hojaýynynyň ikinji ogluny bir agaç zada salyp, eginlerine göterip, nirädir bir ýere äkidipdiler. Soňam ol görünmändi. Diňe bikesiniň ýaka ýyrtyp zarynlaýşyny göreninde ol ýigdekçäniňem ýyldyza öwrülendigine akyl ýetiripdi.
Elbetde oňa bikesiniň dady-perýady täsir edipdi. Ýöne hojaýynynyň bolşy welin, ömür-ömür onuň hakydasyndan gitmez. Eger onda adamlaryňky ýaly dil bolan bolsady, onda şol gün belki, şol adamlardan ýyldyz ýasaýan jandara agzyndan gelenini diýerdi. Ýa-da belki: “Näme beýdýärsiň? Beýtme ahyry! Näme bulary ilki döredip, olaryň gözlerine owadan ýüreklerini salanyňda beýle zatlary götermegiň olara neneňsi kyn düsjekdigini bilmediňmi? Eger bilmeýän bolsaň, şolaryň gözlerindäki ýürekden özüňe-de birjigini ýasanyp, gözleriňe salyp gör ahyry! Olara men it halyma gynanýaryn, heý, sen öz ýasan jandarlaryň bolup ýörşüne gynanmaýarsyňmy?” diýipler özelenerdi.
Şol gün hojaýyny uzakly gün hiç kime hiç zat bildirmän, ikiýana ylgapdy. Gijaralar bolsa hemme adamlar dagaşanyndan soň ýeke özi bir çete çekilip oturypdy. Ol seňkildäp ýörşüne hojaýynyna gözi düşüp, oňa garşy ýönelipdi. Hojaýyny hiç zat görmeýän gözlerini hiç zada dikip, doňňara-daşa öwrülip otyrdy. Ol aglamaýardy hem. Ýöne oňa ýakynlaşyp, gözlerine seredeninde welin, köpek şol iňňildini eşidip, ol ýerden gaty çalt gidipdi hem soň-soňlaram özüniň şol ýere baranyna puşman edip gezipdi… Sebäbi ýeke galsa şol iňňildi onuň gulagyna eşidilip şol gözleriň döz geler ýaly däl garaýyşy göz öňüne gelip başlaýardy we it ýüregini gyýym-gyýym edýärdi…
Agzy ýumuk hem bolsa-da hojaýynynyň hiresindendir şol iňňildi gelýärdi. “Ymm-m-m-m” Gözlerindäki ýüregem iki bölünip, pytrap barýardy…
Şondan bäri köpegiň gözleri hem adamlaryňka gaty çalym edýärdi. Kän seredip-seredip dursaň bolsa göz bolmaklaryny hem goýýardylar-da, nähilidir bir täsin, juda gozgaýan zada öwürilýärdiler…
Oglan garry köpegiň gözlerinden syrygýan ýyly damjalary duýmady. Ol öz pikirlerine gümrady.
Birdenem özüne golaýlap gelýän gara onuň gözi düşdi. Oglan garany şol bada tanady. Ol ýerinden turup garany gujaklajak boldy welin, gara birdenkä iti görüp kürtdürdi-de, özüni gujaklatman, gyz sesi bilen:
-Wa-eý, ýok etsene şu porsy haýrany. Haçan görseň ýanyňda. Özem gözleri garry enemiňki ýaly, seretse içiňi deşip gelýär- diýdi. Oglan ikirjiňlenip durmady:
-Jüt ýok bol,- diýip aýagyny salgap goýberdi. It gaty görmedi. Ol äwmezlik bilen turdy-da, ýabyň içi bilen seňkildäp ugrady. Adamyň ýanyna adam geleninden soň olaryň ýanynda itiň işi ýokdy. Ýöne biraz zalymrak bolan bolsa bu oglan oňa beýdip aýagyny salgamazdy. Äý şol-da, gorkmasalar sylamazlar!
Şol gidişine ol aýaguçdaky ýataklaryň ýanyna bardy. Ony duýup, ukusyna sak goýun janawerler güsürre galdylar-da, ýatagyň bir burçuna üýşdüler.
Köpek goýunlary halamaýardy. Olar gaty ýuwaşdylar, gaty gorkakdylar, hiç zada düşünjek bolmaýardylar, hiç zada gynanmaýardylar, begenmeýärdiler, hemme zady bolaýmaly zat ýaly kabul edýärdiler, gözleri hem owadan bolsa-da boşdy. Belki şonuň üçin olaryň eti şeýle süýjidir, belki şonuň üçin adamlar olary şeýle az ýaşadýandyrlar…
Bäh şü adamyň it etini iýmeýäni hem gowy zat, ýogsa, ony hem beýle uzak ýaşatmazdylar.
Köpek goýunlara göwniýetmezçilik bilen seňrigini ýygyrdy-da, olaryň gorkuşlaryny synlamak üçin bilgeşleýin hyňrady. Goýunlar hasam gysylyşdylar.
“Päheý, samsyk mallar”
Ol arkaýynlyk bilen ýatagyň agaçlaryna süýkendi-de, agaçda ilişip galan tüýlerine üns bermän jaýlara tarap ýöneldi.
Ol jaýyň agzyna baranynda hyk-çoklap hasasyna daýanyp keçe ýazynyp duran bikesini gördi.
“Hä ýene-de daşarda oturjak bolýar-ow. Ýüregi gysýandyr, pahyryň”
Ol barýança bikesi keçäni ýazyp otyrdy. Köpegi görübem ýanyna cagyrdy:
-Gel Garagözüm, gel.
Köpek bikesiniň ýanyna baryp ýatdy. Bikesi bolsa ony sypalap durşuna oňa bir zatlar gürrüň berip başlady:
- Şol öňki endigiň-ow, Garagözüm. Aýlanyp ýörmüň. Äý hawa-da “är garrar heňňam garramaz”diýileni-dä.
Bikesi uludan demini alyp, ýene-de dowam etdi: - Senem indi ýekesireýänsiň. Pahyr gidiberdi-dä…-diýip bikesi hamsykjak boldy, emma derrew özüni dürsedi: -Öňem demgysmalydy welin, şol sowuklamasy hasam ýagdaýyny erbetleşdirdi-dä… Hawa-da şeýdip giden-ä dünýäniň ähli azabyndan dynyp gidiberýär, yzynda galanam bar gowgany ýeke özi şeýdip gezip ýör-dä…Ýöne meniňem köpüm galmady öýdýän, bu kesel gaty aljyradýar…
Birdenkä bikesi dymdy. Soň ýene-de kellesine bir zat aýlandyr-da, dowam edip başlady:
-Wa-eý pälimi-niýetimi bir gowy tutawereýin. Entek bir hudaý jan, meni ýygnamawer. Çagalarymyň baryny bir öýli-işikli edip ugrukdyraýyn, onsoň ýygnawer, ýygnasaňam. Bulary menem taşlap gidäýsem nähili bolar, öňki kakasyzlyklaram üstesine…
Bikesi ýene-de dymdy. Gepläp başlanynda bolsa sesi gaty aladaly çykdy:
-Häk şü Serdarymy nätsemkäm? Bir zat edip öýkesini ýazsam-a haçan görseň ýüzüni torsardyp ýör. Indi meniň bilen ylalaşarmyka beri? Häk özümden-le, şunuň göwnüne degmejegem bolýan welin, ýene-de birden agzymdan sypaýýar-da, gaharly söz- beýleki…Muňa çala bir zat diýseňem öler ýaly gaty görýär ahyry…
Şol wagt açylan gapynyň jygyldysy bikesiniň sözüni böldi. Köpek gapa tarap seredeninde, ukuly gözlerini owkalap öýden çykan hojaýynyň uly ogluna gördi.
Köpek özüni kowdurmajak bolup, ilki turdy-da derwezä tarap seňkildäp ugrady. Adamyň ýanyna adam gelensoň ol ýerde itiň işi ýokdy. Ol diňe gidip barýarka ejesine:
-Eje, daşarda üşäýme birden – diýýändigini bikesiniň bolsa oňa jogap berşini eşitdi:
-Ýok-la oglum, üşemerin. Birhili gaýta ýüregim açylýar. Öýde otursam bolsa howlap barýan, edil ýöne janym çykjak ýaly…
-Äý eje, näme beý diýýäň, men-ä seni bolsa ýaşatjak bolup şeýdip ýörün, sen bolsa beý diýýäň, giňräk bolsana…
-Wah oglum, men göwnümi giň tutýän-la …
Derwezäniň agzyna baranyndan soňam eneli-ogluň hümürdisi köpegiň gulagyna geldi durdy. Şol hümürdä meýmiräp barýarka-da ol birden täsin gözlerini ýalpa açyp, şol ýyldyzlary ýasaýan güýçli jandary görjek bolýan ýaly, siňe-siňe seretdi. Emma hiç zat görüp bilmän ýene-de gazan ýaly kellesini öňki aýaklarynyň üstünde goýdy-da, gözlerini ýumdy:
Uklap barýarka-da bikesiniň tizräk sagalmagyny, gögeläniň bolsa ejesi bilen ýaraşmagyny hem hojaýynynyň-da şu öýde çagajyk bolup täzeden dünýä inmegini şol ýyldyz ýasaýan güýçli jandardan haýyş etdi. “Halys bolmasa-da ýanyna baranymda bu zatlary ýüzbe-ýüz durup haýyş ederin-dä” diýen ýagşy niýet bilenem gowy adamlaryň bardygy üçin hemme adamlary söýýän Garagöz atly garry köpek uklap galdy…
„Güneş“ žurnalynyň 1999-njy ýylyň IX sany
Hekaýalar