11:12 Guwanjymyz | |
GUWANJYMYZ
Publisistika
Çagakak türkmen halk ertekilerinde ýetim oglanyñ adyl şa bolýandygy hakynda az okamadyk. Ertekilerde ýetim oglanyñ şa bolmagy türkmeniñ islegi, arzuwy bolupdyr. Halk hakykaty aýtmakdan çekinmeýär, şalaryñ agyna - ak, garasyna - gara diýmegi başarypdyr. Munuñ şeýledigini subut etmek üçin, geliñ, şu ýerde halk ertekisiniñ birini ýüzlenip göreliñ. Gadym zamanda bir ýurtda dünýä belli adyl şa bolupdyr. Ol şa halka ynanypdyr, halk bolsa öz şasyna durky bilen uýupdyr. Adyl şa elmydama halkyñ agzybir ýaşamagyny nesihat edipdir. Agzybir halk jan aýaman işläp, halal zähmeti bilen baýapdyr. Günlerde bir gün adyl şa il arasynda özi barasynda nähili gep-gürrüñ barka diýip, özüniñ hem wezir-wekilleriniñ egin-eşigini, daş durkuny emeli ýol bilen üýtgedip, şalyk sürýän ençe şäherlerine aýlanyp görüpdir. Baran ýerlerinde öwgüli sözler, alkyşlar eşidipdir. Iñ soñunda bir şähere baranda, adyl şa juwan ýaşly bir ýigidiñ adamlaryñ arasynda özüni, ýagny adyl şany ýamanlap durandygyny görüpdir. Adamlar onuñ ýalan sözlerine ynanman, ýüzünden darapdyrlar. Şa wezirlerine: "Şu ýigidi köşge alyp baryñ!" diýip buýrupdyr. Ýigidi köşge eltipdirler. Şa ýigidi bäş günläp dürli-dümen naharlar, süýji-süýji nygmatlar bilen naharlap, per ýassykdyr düşekçäniñ üstünde ýatyrmagy buýrupdyr. Soñky gün ýokarsyndan berk ýüpek sapaga dañlan agyr gylyjy asdyryp, daşyna gözegçi goýupdyr. Ýigide gymyldaman ýatmagy tabşyrypdyr. Sapak üzüläýse, gara başdan jyda düşjegiñ gümansyz diýýä. Ýagdaýy añan ýigit gijesi bilen şirin janyny gaýgy edil, uklap bilmändir. Şo gijäniñ özünde saçy agarypdyr. Patyşa ony ýanyna çagyryp: "Gördüñmi, han ogul, bir gijäniñ gaýgysy saçyñy agardypdyr. Diñe bir öz janyñ gaýgysy başyña gar ýagdyrypdyr. Näçe müñ mähelläniñ gaýgysyny edip, gurply, asuda ýaşamagyny arzuw edip, meniñ ýatmadyk gijelerim sanardan köp" diýipdir. Soñra ony öýüne ýollapdyr... Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Prezidentlige saýlanaly bäri gadymy türkmen ertekileri häli-şindi ýadyma düşýär. Şol ertekilerde adyl şa täjini geýip, tagta çykan badyna ýurtda agzybirlik, erkanalyk, abadanlyk başlanýar. Abadanlyk, abatlyk, jebislik rowaçlanyp, gün-günden öñe tarap aýgytly gadamlar batlanýar. Hawa, biz - türkmenler hem sähelçe ýylyñ içinde ertekiler dünýäsine düşen ýaly bolduk. Adyl Prezidentimiziñ tagallasy bilen jenneti dünýä düşdük - halkymyzyñ agzybirligi, sabyrlylygy, paýhaslylygy, sadalygy indi jümle-jahana kuýaş nury kimin şöhle saçýar. Öñ ýany ýerden galmadyk, köp ýurtlatda tanalmadyk Watanymyz sarpaly Serdarymyz bilen birlikde ýer togalagynyñ ähli künjünde tanalýar. Muny diñe mertebesi belent Prezidentimiz başaryp bildi. Bu näme üçin beýle boldy? Onuñ jogaby anyk: Türkmenbaşymyz halkynyñ ýüregine diñ salmagy başarýar! Muny onuñ ýaşulularyñ maslahatynda, ýaşlar bilen duşuşyklarynda, daýhanlaryñ, nebitçileriñ arasynda, söwer ýarlaryny, ogullaryny söweşe ugradyp, ojagy abat saklan eneleriñ arasynda bolup, ýörite söhbetdeş bolanyndaky aýdan çuñ manyly sözlerinde kemsiz añmak bolýar. Türkmenbaşy ýaşuly-da, ýaş kiçi-de bolmagy doly başarýar. Garrydyr ýaş göwünleri galkyndyrýar. Bu alamat ak ýürekliligiñ, sadalygyñ, akyllylygyñ, adyllygyñ nyşany. Ýaşulularyñ döwletli maslahatlarynyñ gözbaşy gadym pederlerimiziñ ýörelgesidir. Şeýle maslahatlar ýer ýüzündäki döwletleriñ hiç birinde-de geçirilmeýär. "Maslahatly biçilen don gysga bolmaz" diýlişi ýaly, halkymyz birnäçe asyrlaryñ dowamynda kese ýerli gelmişekleriñ apañ-sapañ basyp, ene topragymyzyñ üstünde ap-arkaýyn gezmegini ölüme barabar iş hasaplapdyr. Şonuñ üçin-de, san taýdan az hem bolsa, murtunu palta kesmez şalaryñ, ymgyr giden toply-tophanaly goşunlaryñ alnynda ejizläp gol götermändir. Üç zada - Allatagala, egri gylyja, ýelden ýüwrük bedewibe bil baglapdyr. Asyrlaryñ dowamynda ýurdumyzda ganly-gowgaly wakalaryñ telimsi bolup geçipdir. Şol döwürlerde söweşe girilmezinden öñinçä ýaşulularyñ maslahatlary geçirilipdir. Han-begler, serkerdeler, nökerbaşylary hut ýaşulularyñ maslahatynda bellenipdir. Toý-tomaşanyñ başynda, geñeş toýlarynda hem ýaşulular-aksakgallar baştutan bolupdyrlar. Adam pahyr amanady tabşyranynda, türkmen ýene ýaşululara daýanýar. Türkmeniñ ýiteñkirlän ýol ýodasyny ýene-de Türkmenbaşy arçady, giñ ýola öwürdi. Haýsy ýere barsa-da, ilki duz-çörek datdy. Ol ýaşulular bilen ýumşak ýüregi, päk kalby bilen mähirli, ikelläp görüşýär. Duza uly sarpa goýýar. Bu bolsa ata-babalarymyzyñ gadymdan gelýän dessurydyr. Türkmen halk ertekileriniñ birinde çöl-beýewanda ýaş ýigit goýun bakyp ýörkä, onuñ goşunyñ ýanyna çuw-ak sakgally ýaşuly gelýär. Çopan tañry salamyny berýär. Almaýar. Saglyk-amanlyk soraşýar. Jogap bermeýär. Çaý-çörek, nahar berýär. Iýme kemini goýmaýar. Ýaşuly ugramakçy bolýar. Ýaş ýigit: "Hiç bolmanda, adyñyzy aýdyñ" diýýär. Onda ýaşuly: "Men - Ezraýyl. Janyñy almaga geldim. Eden hyzmatyñdan göwnüm çag bolup, häzirlikçe janyñy almaýyn" diýýär. Çopan: "Janymy haçan aljagyñyzy aýdyñ?" diýýär. Ezraýyl: "Öýlendirerler. Toý tutular. Nika gyýylar. Ak tutynyñ añyrsyndaky ak gelniñ ýanyna girmekçi bolup işikden ätläniñde janyñy jähenneme ibererin" diýip, jogap berýär. Ýaş ýigidi ene-atasy öýermekçi bolýar. Birnäçe gezek razyçylyk bermeýär. Türkmen ýigidi-dä, sebäbini sorasalar-da, kelam agyz söz aýtmaýar. Ahyry ene-atasynyñ sözüni alýar. Öýlenýär. Toý tutulýar. Nika gyýylýar. Gelin oturan öýe girmekçi bolanda, görse, Ezraýyl öñünde häzir bolup dur. Ýaş ýigit: "Siz meniñ elimden duz-tagam datdyñyz. Allatagala: "Duzdan hormatly zat ýok" diýipdir. "Ýaradanyñ emrini ýada salyñ" diýýär. Ol Hudaýdan habar tutýar. "Çopanyñ duzuny dadan bolsañ, o ýigide uzak ýaş berilýär" diýen owaz eşidilýär. Ýaradanyñ emrine görä, Ezraýyl ynsanyñ elinden duz datmaly däl bolara çemeli. Duzuñ keramaty älem ýüzündäki musulmanlara ýaýraýar. Şeýdibem, "Bir gün duza - müñ gün salam" diýen nakyl döreýär. Saparmyrat Türkmenbaşy duzuñ keramatyna durky bilen uýýar. Çöregi keramat hasaplaýar. Gündogarda meşhur "Kowusnama" atly kitapda şeýle jümleler bar: "Oglum, bilip goýgun, şa bolsañ, her işde paýhasa gulluk etgin, etmekçi bolýan her bir işiñi akyl-paýhasyñ bilen geñeşip etgin, sebäbi iñ gowy wezir akyl-paýhasdyr. Akylyñ çatan ýerinde alñasamagyn, haýsy işe girişjek bolsañ, ozaldan baş alyp çykmagyñ ýoluny agtargyn. Her bir işde mylakatly bolgun. Ähli işlere we sözlere adalat gözi bilen seretgin, her işde haky, nähaky seljergin. Hemişe hak söz sözlegin. Peşgeş-sowgady mynasyplara bergin... Biribaryñ ýaradanlaryna rehimli bolgun. Emma rehimsizlere rehim etmegin, olaryñ günäsini ötmegi adat edinmegin, geçirimsiz bolgun, ilki bilenem, öz wezirleriñ babatda şeýle bolgun. Sen wezirligi kime berseñ-de memleketiñ işleriniñ agsamazlygy üçin, oña doly ygtyýar bergin. Ohra rehim etmegin, ganhoryñ günäsini ötmegin. Hyzmatkäriñe rehimli bolgun, olary bela-beterden goragyn. Her kimiñ özüne laýyk iş ynangyn... Goşuna üns bergin, oña halkyñ üstünden hökmürowanlyk etdirmegin, goşunyñ bähbidine çapyşyñ ýaly, halkyñ bähbidine-de çapgyn. Patyşa güneş kimin bir zatdyr. Allanyñ bendeleriniñ azap çekmegine ýol bermegin. Hemişe halaýyk bilen bolgun. Sahawatly bolgun. Ýowuzlyk, adyllyk, jomartlyk, ýatkeşlik, sabyrlylyk we dogruçyllyk häsiýetlerini elden bermegin. Dünýä şalarynyñ hallaryndan, olaryñ edýän işlerinden birsyhly habarly bolup durgun. Şalykda uly-uly işleri bitirmegi adat edingin, çünki şalar hemme kişilerden ketde bolýandyr, onuñ sözi-de, işi-de hemmeleriñkiden parhly bolmalydyr. Şeýlelik bilen, onuñ dabarasy dag aşyp, şanyñ sözüniñ, işiniñ beýikdigini uly il wasp edýär. Şalara mahsus zatlary: boý-syraty, hoş gylyk, adyllyk, mertlik we batyrlyk, bilim, dürli ýaraga erk etmek, sungatdan baş çykarmak, halka rehim-şepagatly bolmak, sözüne, wadasyna ygrarlylyk, Hudaýa sygynmak, dana adamlary sylamak, hemişe haýyr-yhsanly bolmak, ýoksullara hyzmat etmek, halky zulumkeşlerden gorap saklamak ýaly gylyklary Ýaradan eçildi..." Türkmenjñ adaty talaplarynyñ hemmesi biziñ adyl Prezidentimiziñ pamyk ýaly ýüreginde, ak gar kimin kalbynda, on iki süññünde baky ornaşypdyr. Muny türkmen ilimiz radioda eşide-eşide, telewizorda göre-göre gelýär. Dünýä türkmenleriniñ Aşgabatda geçirilen Birinji konferensiýasynda sarpaly Serdarymyzyñ, adyl Prezidentimiziñ ýer ýüzüniñ türkmenlerine Türkmenbaşy bellenilmegi ýüreklerde guwanç, begenç döretdi. Olaryñ ata Watanyna gelip gitmegine ak ýol açdy. Serdarymyz özge ýurtlara sapara gidende, baran ýerinde ildeşlerimiz bilen söhbetdeşlik gurady. Geljeklere döwletimiziñ gapysyny giñden açdy. Kompartiýanyñ deminiñ dag ýarýan ýyllary aýak ýeterdäki goñşy doganlyk ýurtlar - Eýrandyr Owganystan araçäginde çekilen tikenek simleriñ añyrsyndan-bärsinden biri-birine garan intizar gözlerden ençe ýyllar ajy aýralyk ýaşlary döküldi. Dogan dogany, ata ogluny, ene gyzyny, ýar ýaryny görmän, ýagty jahan bilen hoşlaşdy. Saparmyrat Türkmenbaşy araçäkleriñ tikenekli simini gyrdy. Ynsan ýüregine teselli berdi. Şañlap ýatan doganlyk ýollary salyndy, deñiz, howa ýollary açyldy - ildeşlerimkz biri-birini bagyrlaryna basdylar! Ikitaraplaýyn gatnaşyk adaty zada öwrüldi. Bu ýollar hakyky şa ýollary - Türkmenbaşynyñ ýoly! Şeýle ýol açylar diýip, hiç kimiñ ýadyna-da düşmezdi, düýşüne-de girmezdi. Indi ýer ýüzüniñ türkmenleri, gaýry ýurtlaryñ milletleri Türkmenistana ap-arkaýyn gelip-gidip bilýär. Pany dünýäde şundan zyýat sogap bolup bilmez. Allatagala kabul etse, Serkerdämiz iki dünýäsiniñ abatlygyny gazanar diýen umyt ýer ýüzünde ýaşaýan asly türkmenleriñ kalbynyñ töründe orun aldy. Sowet döwri diýilýän döwürde uzak ýyllaryñ dowamynda syýasy talañçylar gazymyzy, nebitimizi, altyna deñelýän ak pagtamyzy, elinden dür dökülýän gelin-gyzlarymyzyñ dokan, agramy altyna barabar halylaryny, öwşün atýan garaköli baganalarymyzy harteçjal kimin ýuwutdy ýatdy. Emma şonda-da Türkmenistanda iñ bärkisi iññe ýa-da çüý çykarýan kiçiräjik kärhanalary açmak hiç kimiñ ýadyna düşmedi, düşäýende-de, oña pitiwa edilmedi. Gaýta tersine, Türkmenistanda ýaşaýan halklary, mugtuna saklap ekleýän ýaly, teýene baryny başymyzdan inderýärdiler. Bu sowet sistemasynyñ syýasatyñ üsti bilen türkmen ilini kemsitdigidi. Gündogar Ýewropanyñ kiçiräjik oblastyndakyl zawod-fabrikler bütin Türkmenistandaky zawod-fabriklere garanda artykmaçdy. Nebiti gaýtadan işleýän zawod hem häzirki Türkmenbaşy şäherine baryp-ha uruş döwründe, tüýs mejburylyk ýagdaýynda göçürilip getirilipdi. Allatagalanyñ emri bilen, Prezidentimiziñ öñdengörüjilikli syýasaty, akyl-paýhasy, gije-gündiz edýän aladasy bilen Garaşsyz döwlet ilimize geldi. Onda-da dawa-jenjelsiz, ýagdan gyl sogrulan ýaly. Muny diñe sarpaly Serdarymyz başaryp bildi. Mähriban ilimiziñ bagty çüwdi. Beýle bagt hiç bir döwürde berlen däldir. Täze döwlet döräli bäri eziz halkymyz Garaşsyzlygyñ gadyryny bilip başlady. Sowet döwri bilen häzirki erkana döwletimizi deñeşdirip göz öñüne getirseñ, arasy ýer bilen gök ýaly. Sanlyja ýylyñ içinde ýurdumyzda zawod-fabrikleriñ 700-denem köpüsiniñ düýbi tutuldy. Olaryñ onlarçasy işe girizildi. Elbetde, munuñ özi il bähbitli, geljek nesillerimiziñ bolelin, arkaýyn ýaşamagy üçin öñünden edilýän aladalaryń hamyrmaýasydyr. Watanymyzyñ ýüregi Aşgabadyñ görki gün-günden gözelleşýär. Täze salnan myhmanhanalaryñ, medeni ojaklaryñ, döwlet edaralarynyñ jaýlaryny görmäge göz gerek. Şol binalary göreniñde, Garaşsyzlyk galkyndyrýar. Gözellikler guwandyrýar. Ýüregiñe täsir edýär. Aşgabat az wagtyñ içinde şeýle derejä ýeter diýip, dört-bäş ýyl mundan ozal oýumyza-da gelmeýärdi. Duzuñ, gazyñ, toguñ, suwuñ mugtuna berilýändigini başga ýurtlarda gürrüñ etseñ, adamlary ynandyrmak kyn bolsa gerek. Ýokarda aýdylan zatlaryñ hözirini diñe biziñ il-günümiz görýär. Ilimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyñ jan saglygyny, ýurdy mundan-da gülletmekde işiniñ şowly bolmagyny Beýik Allatagaladan gije-gündiz dileýär. Akguş ýaly çagalaryñ, Prezidentimiziñ arzuwlaryny Ýaradan kabul eder. "On ýyl abadançylyk" ýaşaýşyñ, agzybirligiñ, parahatçylygyñ güwäsi. "Milli galkynyş", "Täze oba", "Däne", "Bilim" we beýleki il bähbitli maksatnamalar bolsa onuñ şahalarydyr. Tatar ÜÝŞMEKOW. # "Türkmenbaşynyñ ýoly - türkmeniñ ýoly", 1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |