16:59 Ile gerekli adam | |
ILE GEREKLI ADAM
Publisistika
"Ussaly oba biter - ussasyz oba ýiter" diýen türkmen nakylynyñ añyrsynda çuññur akyl ýatyr. Gadym zamanlardan bäri durmuşda, ýaşaýyşda ilata kerki, pil, çekiç, palta, atagzy, pyçak, päki, ýonguç, hyrly, dokma darak, synny, keser, azal, hatap, büýli, çetnik, gañña, eýer we gelin-gyzlaryñ altyn-kümüşden şaý-seplerini ýasaýan adygan ussalar bolupdyr. Şeýle ussaly oba bitýär. Bir wagtlar obadaş bolanym üçin Durdynyñ ene-atasyna ýetik. Özüni çagalyk döwründen bäri tanaýaryn. Onuñ dädesi Mämmetgurban aga bütin ömrüni demir ýola baglady. O pahyr şähdi açyk, mylaýym, sada, ak ýürekli, süññi zähmete ýugrulan, polat bedenli adamdy. Eli işlilikde ejesi Hojabibiniñ öñüne geçjek zenan ýokdy. Agzybir maşgalada önüp-ösen Durdy edepli, göwni açyk, sada, ilhalar adam bolup ýetişýär. Durda çagalygyndan synym oturardy. Okuwdan boş wagtlary oýna güýmenmezdi. Oýny kerkidir pil, paltadyr kätmen saplamakdy. Köne pilleri sandalyñ üstünde goýup, çekiç bilen ýençgiläp, igeläp, taplap oturandyr. Ýatan-turan pilleri, kerkini, kätmeni, pyçagy ýalaw ýaly ederdi. Durdy onunjy klasy gutaryp, dädesiniñ dogany Annagurban aga bilen goýun bakdy. "Ata kesbi - ogla halal" diýenleri. Ol 1963-nji ýylda demir ýola işe geldi. Işinden boş wagtlary demir, galaýy bilen iş salyşdy. Golaýda işimiz çykyp, Gazanjyk etrabynyñ S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşigine barýarkak ýeñil maşyn näsazlyk tapdy. Biz Uzynsuw stansiýasyna sowulmaly bolduk. Durdynyñ öýüne bardyk. Ol çaklañrak ussahanasynda işläp oturan eken. Şofýor maşynyñ näsaz ýerini aýtdy. Ol maşynyñ trosuny eline aldy. Onuñ ujuny dessine sepläp, ýerine goýdy-da: "Mugallym, indi şu ýerinden-ä näsazlyk tapynmasa gerek" diýdi. Az-owlak gürrüñdeş boldum. Şonda ol şeýle diýdi: - Mugallym, şol çagalyk döwrüme-hä ýetiksiñ. Şondan bäri oñarsam-oñarmasam demir, galaýy bilen irginsiz iş salşyp ýörşüm. Il-günümiz-de belläpdir. Maşyndyr motosiklleri bozulsa, meñ ýanyma gelýärler. Menem oñsoñ ýüz çytman bejerip berýärin. Hojalykda gerek bolýan pil, palta, kätmen, pyçak, keser, tüñçe ýaly zatlary hem ýasap berýärin. Il-gün-de azabyñy boş çykarmaýar. Akgöwün bilen beren zatlaryny alýaryn. Ussaçylygyñ-da aýratyn höwesi bolýar. Ýasan zadyñ il derdine ýarasa begenýärsiñ. Işden boş wagtym ussahanama nähili gelenimi duýmaýaryn. Hawa, Gazanjyk etrabyna barsañ, demirçi ussa Durdy hakynda öwgüli sözleri eşitmek bolýar. Ylaýta-da, onun adamkärçiligini, zähmetsöýerligini taryplaýarlar. Türkmenler ilhalar kişileriñ adynyñ yzyna "han, jan" sözlerini tirkeýärler. Özünden uly adamlar onuñ adyny Durdy jan diýip tutýarlar. Kesbiñden kemal tap, Durdy jan! Tatar ÜÝŞMEKOW. # "Türkmenbaşynyñ ýoly - Türkmeniñ ýoly", 1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |