NOWAÝY
"Din duman deý dargar, ähli häkimlikler
tozap gider, diňe beýik alymlaryň ajaýyp işleri baky galar...“
Ulugbek.
Nowaýy kim eken?!
Özbekmi, türkmen!
Gör, maňa şeý diýdi bir uly alym.
Ol özbek bolanda doljakmy kentleň,
Ol türkmen bolanda aýrylyp dertleň,
Ýerine düşjekmi namysyň, aryň.
Nowaýydan başlan beýik aýdyma,
Türkmendir diýseňiz, älem öýkelär.
Özbek diýseň alarlar seň badyňy,
Kimligini çuň bilýänler öýkelär.
Iller güler biziň nadanlygmyza,
Görse beýik äriň özbek donuny.
Ýalan dowul çalyp ýadanlygmyza,
Soňam sorap Nowaýynyň halyny.
Men beýikler hakda bir zady bilýän.
Azar bermäň, gezsin olar serhetsiz.
Olar bir şamçyrag, güneşi dünýäň.
Bar göwünde öz ornuny berkitsin.
Güni salyp bormy çarçuwa, aýdyň,
Nowaýam öçmejek erkana aýdym.
Iýun 1969.
Öwezdurdy NEPESOW.
Goşgular