Atamgyzy ahyram bir gün halys alaç tapman, Aýuwyň getiren çig etine agyz urdy. Emma çeýnäp bilmedi. Gyla bulanan çig etiň üýtgäp ugran ýakymsyz ysy göni baryp beýnä ornaşdy. Agzyndakyny çykaryp, agzyndan zyňandan soň esli wagtlap “ö-ö-ö, ö-ö-ö...” diýip gygyrdy oturdy. Ö gutarandan soň gowagyň göwsünden syzyp duran suwdan agzyny çaýkady. Içdi. Soň ýene ögedi. Gaýtardy. Şeýdip, gaýtam öňküje deramatyndanam aýryldy. O zatlaryň üstesine ol indi turşy-şoram küýsäp ugrapdy. Şonuň üçinem bir gün halys uwnup-çydaman, şorlap duran diwarlary ýalap başlady. Ýöne ol barybir bu ýagdaýda özüniň uzak ýaşap bilmejegine, il-güne gowuşmak arzuwynyň ardurja köýüp gitjekdigine ymykly göz ýetirdi. Şonuň üçinem ol her zat etmeli welin, ot ýakmaly, ojak edinmeli diýen netijä geldi. Ot ony sowukdanam, açlykdanam, ölümdenem, ýetip gelýän gara gyşdanam, bu “gara beladanam” halas etmelidi.
Atamgyzy gowagyň içindäki ululy-kiçili daşlardan iki sanysyny saýlap aldy. Ortarada ykjamja ornaşyp daşlary güýç bilen biri-birine urup ugrady. Emma ot çykmady. Elindäki daşlar owranyp kül-maýda bolansoň başgasyny aldy. Soň olaram täzelemeli boldy. Şeýdip otyrka-da üstüne Aýuw geldi. Gelşi ýalam her eline bir daş alyp biri-birine urmaga başlady. Birdenem daşlaryň birini öz daraklygyndan saldy-da ulyili bilen gygyryp ýerinden galdy. Mähnet göwresini bir asmana zyňdy, bir palçyldadyp ýere urdy. Uwlady. Gowagyň içinde ters aýlandy. Bökdi. Ellerini silkdi. Durup-durubam Atamgyza çiňerildi. Onuň henizem daş ýenjip oturşyny görüp, zyňan daşlaryny täzeden eline aldy.
Üçünji gün diýlende Atamgyzyň çakmagy ot berdi. Ol çaga ýaly begendi. Begenjine ör turdy. El çarpdy. Oduň ysy gowagyň içine ýaýradygysaýam göwrümi giňedi. Ýaňy bir tutaşyp ugran ody söndüräýmezlik üçin ilki gury ot-çöplerden, soň kiçeňräk şahalardan, ondan soň agaçly odunlardan atyşdyrdy. Hasyr-husur daşyna daş aýlap ojak edindi. Dikejegine oturyp ömründe ilkinji gezek, hut öz eli bilen ýasan ojagynyň oduna çoýundy. Oduň üstüne germeldi. Etegini galdyryp, göwsüni, kükregini, ýagyrnysyny çoýdy. Kalbynda öz ýakan odunyň ýalkymy düşüp duran sowuk, ýöne, ýaňy bir ýylap ugran gowagyň büdür-südür diwarlaryna bolan mähir duýgusy döräp başlady.
Atamgyzy haýdan-haý oduň her çetine bir haçja dikdi-de, bir bölek eti taýakdan geçirip, ot üzre her ujuny bir haçja ildirdi. Mahal-mahal taýagy aýlady, öwürdi. Bişere howlugyp ýuwdundy. Jyzyrdap başlandanam işdä bilen agyz urdy. Dişläp aldy. Çeýnedi. Hamala gapdalynda biri oturan ýaly: “Duzam bolaýsady”, diýip pyşyrdady. Güzeranynyň azajygam bolsa ýeňländigi üçin begendi. Hudaýa şükür etdi.
Şeýdip otyrkada daşardan Aýuwyň “düňküldisi” eşidildi. Gowagyň agzyndaky daş gymyldady. Atamgyzy oduň başyndan aýrylyp bir burça gysyldy.
Ortarada gübürdäp duran oda gözi düşenden Aýuw gygyryp gaýrak zyňdy. Atamgyzy bu ýagdaýa geň galdy. Içinden: “Bu asyl otdan gorkýan ýaly-la”, diýdi-de, ylgap baryp otly, kesindileriň birini eline aldy. Aýuwa topuldy. Aýuw dazanaklap daş çykdy. Girelgäni ýapmakdan ellibizar, esli ýere çenli omadaklap gitdi. Kesindisini bulaýlap gowakdan çykan gyzam onuň yzyna düşdi. Aýuw aňyrlygyna gaçdy. Şeýdip, aşak düşdüler. Şondan soň Atamgyzy beletje ýoly bilen oba tarap tutdurdy. Aýuw golaýlaberjek bolsa kesindisini bulady. Ýöne, kesindi bir eýýäm öçüpdi. Diňe ujy tüsseläp durdy. Tüsselemesem galansoň Aýuw ylgap geldi. Tutmak üçin gollaryny giňden gerendenem Atamgyzy entek doly sowap ýetişmedik kesindiniň ujuny bazyrdadyp böwrüne basdy. Aýuw aýylganç gygyryp çiň-arkan gaýtdy. Düýe ýaly daşlaryň arasyna gülgüldäp düşdi-de, esli ýere çenli togalanyp gitdi. Emedekläp ýerinden galdy. Mähnet penjesi bilen garagana boýalan maňlaýyny tutdy. Atamgyzam kesindisini somlap öňe süründi. Aýuw yza tesdi.
Şondan soň Atamgyzy ýoluny dowam etdirdi. Aýuwam gapdaly bilen “haltyldap” ugrady. Atamgyzy dursa-durdy, ýörese – ýöredi.
Ýöne, Atamgyzy barybir uzak gidibilmedi. Içinden geçip barýan aňzak sowugyň yzasy dabanlaryndan ötüp depesine ornady. Aýagy, eli hiç zat duýmady. Göwresi saňňyldap, gözleri garaňkyrady. Dişleri şakyrdady. Buzdanam sowuk garagyýçak daşlar injiklerini persala etdi. Kä ýerde dyzyndan, kä ýerde gasygyndan geçýän, doň gar, her gezek ädim ädende endamyny gyýym-gyýym etdi. Kert gaýalaryň ýüzüni ýalap geçýän gury aňzak damagyny çalaýarly göründi. Her gezek “şuwwuldap” şemal öwsende ak garlaryň ýüzünden örňeýän ak tüweleý Atamgyzyň kiçijek göwresini Aýuwyň ýiti gözlerinden gizledi. Ahyram ol ysgyndan gaçyp ýykyldy. Ýykylyşy ýalam iki eli bilen garnyny tutdy. Şol ýatyşynada, “golt-golt” edip ýanyna gelen Aýuwa tarap kesindisini bulady.
Aýuw ýene-de yza tesdi. Ýöne gaty gaçmady. Atamgyzy kiçijek eljagazlaryna daýanyp ýerinden galdy. Yraň-daraň edip durşuna töweregine garanjaklady. Ýüzüne, gözüne, üst-başyna ýelmeşen garlary kakyşdyrdy. Bir oba tarap, birem agzyndan zogdurylyp çal tüsse çykýan gowaga garap delmurdy. Şonda, şol çal tüsse onuň gözüne bar zatdan eziz, mähriban göründi. Çünki, şol çal tüsse onuň öz eli bilen ýasan ojagyndan çykýardy.
Ol bireýýäm buzgarakesege dönen kesindisini bir gapdala taşlady-da, ýuwaşjadan yzyna öwrüldi. Içi garaňkam bolsa, otly-ojakly, gadymy gowagy nazarlap, ak gar üzre ýüzüp başlady. Ýöne, uzak gidibilmedi. Guşaklygyna ýetir duran galyň garyň içi bilen bäş-üç ädim ätledi-de, ýüregini tutup bir gapdala ýykyldy.
Aýuw bir bökende gelip onuň üstüne howala boldy.
...Ol uzyn gije ýanar oduň içinde iki ýana urundy. Gyzdyrdy. Üşütdi. Dişlerini şakyrdadyp “hababaýlady”. Käte kiçijik ýumrujyklaryny düwüp, gözlerini depesine dikdi, yňrandy. “Enä-ä-ä, ojagyma odun ataýsana-a...” diýip, samrady. “Zöwläp-zöwläp” ýerinden galdy. Iç işikde hüýt-gara bolup oturan Aýuwyň ýüzüne çiňerilip: “Sen kim? Saňa näme gerek?” diýip sorady. Derrewem aşak çökdi-de, başyny daşa goýdy. Aýuw bolsa oda golaý gelibilmän, uzynly gijäni gowagyň agzynda oturyp geçirdi.
Şol günüň ertesi öýlänaralar Atamgyzy çalarak özüne geldi. Gözüni açyşy ýalam başyny galdyryp ojaga seretdi. Çöp bilen külüni gorjady. Külüň aşagyndan gülbüreşip çykan gyzgyn közleri görüp uludan demini aldy. Süýrenjiräp ýerinden turdy. Ojaga odun atdy. Tüsseläp başlan soň üfledi. Tutaşdyrdy.
Ot ulaldygysaýy henizem agşamky ýerinden butnaman oturan Aýuw ynjalyksyzlanyp başlady. Gowagyň agzyna tarap soguşyp barýan goýras, gök tüssä, Atamgyzyň diwara düşýän gabaraly kölegesine howatyrly seretdi. Kalbyna wehim aralaşdy. Öz kölegesine gözi düşendenem gygyryp gaýra zyňdy. Zymdyrylyp daş çykdy. Ol diňe ojakdaky oduň ýalny peselip köze öwrülenden soň gaýdyp geldi.
Atamgyzy ojaga golaý süýşdi. Dişlerini şakyrdadyp ýatyşyna o ýan, bu ýan agdarylyp, tutuş göwresini gyzdyrdy. Mazaly ýylynanyndan soň ymyzgandy. Käte bir turup ojaga iki şaha odun atdy-da, soň ýene ýatdy. Arasynda basyrgandy. Üsgürdi. Üç gün diýlende-de çalarak derledi. Şondan soň aýak üstüne galdy. Gowagyň çüňkünde ýatan etden bölüp aldy-da, çybyga ötürdi. Oda tutdy. Tenenden soň sähelçesini bölüp alyp agzyna atdy. Muny görüp Aýuwam şeýtjek boldy. Emma eli bişdi-de eti ýere taşlady. Barmaklaryny agzyna sokup aýaklaryny tapyrdatdy. Güňleç ses etdi. Atamgyzy ikinji gezegem bölüp agzyna salansoň ýene-de durubilmän ýerde ýatan ete elini uzatdy. Atamgyzyň üfläp oturanyny görüp üfledi. Diňe şondan soň örän seresaplylyk bilen agzyna saldy. Kem-kemden ol ot bilenem öwrenişdi. Hatda, Atamgyza öýkünip ojaga birki şaha odunam atdy.
Odun azalyberensoň Atamgyzy Aýuwa ojagyň başyndaky galan-gaçan döwnüşgeleri görkezip daşaryk ümledi. Aýuw düşündi. Düňküldäp gitdi-de, gowagyň agzyna golaýrak ýerlerde ösüp oturan çöp-çalamlardan çöpleşdirip getirdi. Atamgyzy oňa has ulurak, agaçlyrak odunlaryň gerekdigini düşündirdi.
Şondan soň birmeýdan Aýuwyň işi odun daşamak boldy. Ol getirip ýetişse Atamgyzam gowagyň bir çetinden rejeläp ördi. “Baýlygy” köpeltdigisaýam Aýuwyň nebsi artdy. Beýgelip barýanyny görüp begendi.
Gyşyň soňuna çenli Atamgyzyň aýagy mazaly agraldy. Oturyp-turmasy kynaldy. Ýaz çykyp, daglardan akgynly silleriň gelmegi, agaçlaryň gülläp, şahalarda guşlaryň “çah-çah” urmagy bilenem gowagyň içinden goşa “jägildi” eşidildi. Atamgyzy sal-sal bolan ýalňyz, elwan köýnegi, bir pursatda dünýä inen iki çaganyň hersiniň daşyny ýekeje gezek çolamaga zordan ýetdi.
Gowagyň daşyndan daş bekläp, uzynly gününi ylgap geçirýän Aýuw, indi gyzyl tapan gul ýaly çagalarynyň daşyndan aýrylmady. Haçan görseň bulanjyrap gapdallaryny aldy ýatdy. Gidäýsede gaty daşa gitmedi. Şonuň üçinmi ýa Atamgyzy çagalaryny taşlap gaçybilmez öýtdümi soňabaka gowagyň agzyny ýapmasynam goýdy.
Bu ýagdaý Atamgyza-da kem ýaramady. Ol indi her gün, islän wagty daş çykyp ýuwa, ýelmik, kömelek çöpleýär. Gowakdan welin daşlaşybilenok. Sähelçe daşalşdygy göwsünden süýt akyp başlaýar. Çagalaryň sesi gowakdan çykyp dik asmana göterilýär. Ine, onsoň ol bialaç yzyna dolanmaly bolýar. Gelip çagalaryny gezek-gezegine emdirýär. Her gezek sokjap-sokajp emenlerinde olara bolan söýgüsi artýar, mährine-mähir goşulýar. Bar sen gidiber, diýiläýende-de indi özüniň bulary taşlap hiç ýana gidip bilmejegine-de düşünýär. Hamala kimdir biri olary elinden alyp barýan ýaly çagalaryny ýeke-ýeke bagryna basýar. Gaýta-gaýta ogşaýar. Aýuw kimin betgelşik zatdan şeýle eýjejik çagalaryň önäýşine geň galýar. Gijelerine Aýuwyň ýanyna baryp oňa siňe-siňe syn edýär. Onuň hakykatdanam adamzat neslidigine ynanasy gelýär. Onuň keşbinden hakyky adamlara mahsus bolan meňzeşlikleri gözleýär. Ýene-de çagalarynyň ýanyna gelip olaryň üstüne göwüslerini gerýärde: “Ýok, bular meniňki! Meň çagajyklarym! Aýuwyň bulara dahyly ýok! Bular maňa meňzäpdirler!” diýip pyşyrdaýar. Aýuwyň awlap gelýän haýwanlarynyň derisini, ýüňüni ýygnaýar. Tüýtýär, saýýar, öz ýasan ýöntemje daragy bilen daraýar, igi bilen egirýär. Egiren ýüplerinden örüp, dokap özüne, çagalaryna eşik tikinse, gaty derileri düşek edinýär.
Ol gowagyň içinde iki sany sallançagam ýasady. Agaç dikip ýüňden ýüp işip, agaçlara baglady. Hanasyny deriden tutdy. Bag dakdy. Baglaryň hersini bir aýagynyň başam barmagyna orap, yrap oturşyna daglary ýaňlandyryp hüwdi aýtdy. Hüwdem elbetde, oba, il-gün, dogan-garyndaş, zalym aýralyk barada boldy. Söýerlerinden biriniň gelip özüne hossar çykaryny, Aýuwy öldürip, çagalary bilen özüni alyp giderini diledi. Her hüwdüniň soňundanam: “Uçup baraý diýsem ganatym ýok, ýöräp baraý diýsem deramatym ýok, bu gara beladan gutularym ýok, bu ikijigini taşlap gidere dözerim ýok, göterip gollar aşaýyn diýsem, gollarymda ysgyn ýok”, diýip nalady. Öz ýanyndan oguljyklaryna at goýdy. Birine Ümürduman, beýlekisine Sopydiger, diýdi. Diş çykansoň çagalaryna guş etini iýdirer ýaly Aýuwa ýaý ýasap berdi. Tözüni çig deriniň tasmasyndan besläp çygar-çybyklaryň gönülerinden “ok” ýasady. Ujuna ujy ýiti owunjak daşlardan peýkam oturdyp berk daňdy. Ojakdaky kömür, aw etleriniň gany bilen diwaryň ýüzüne guşuň, haýwanlaryň suratyny çekip, nyşana ýasady. Atyp görkezdi. Ok, ýaý, diwardaky suratlar Aýuwa diýseň ýarady. Şonuň üçinem täze hünärine ol iňňän basym öwrenişdi. Ökdeledi.
Atamgyzyňam öz “hojalygyna” bolan höwesi artyp başlady. Ol telperräk, tegelek daşlaryň içini köwüp, daşyny ýylmap iki sany okara ýasady. Barybir bizi günümize goýmaz, diýip birini Aýuwa, beýlekisini çagalary bilen özüne niýetledi. Bir özi aramyzda “salpysyny” sallap ýörmesin diýip, uýat ýerlerini ýapar ýaly kelteräk balagam geýdirdi.
Bir günem şu ýere geleli bäri ilkinji gezek gopuzy ýadyna düşdi-de hasyr-husur elini boýnuna ýetirdi. Alyp içgin-içgin synlady. Şu çaka çenli onuň döwülmän-ýenjilmän durandygyna geň galdy. Birazajyk dili gyşarypdyr,onam dessine düzetdi. Bagryna basdy. Dodagyna ýetirdi. Dişleriniň arasyna salyp, sag eliniň süýem barmagy bilen diline kakdy. “Bra-u-u-u-uw, bra-u-u-uw-w, bry-u-u-w...”
Mylaýym owaz tutuş, daglara ýaýrady. Jülgelere doldy. Sil suwy kimin böreň-böreň akdy-da, birdenem asmana göterildi. Barybam lemmer ýasap alyslara barýan ak bulutlaryň tüýjümek tellerinden aslyşdy. Soň ýene-de aşak düşdi. Gyşdan bäri guzaý ýerde ýanbaşyny ýere berip ýatan ýarymgöwün garlary pagyş-para eretdi. Ol owazyň humaryna asmandan nur ýagdy, ýer bolsa minewwer eçildi. Jümle-jahan jümmüş eýläp, gursagynda gyzyl läleler göründi.
Hä diýmänem Ümürduman bilen Sopydiger ikisi dillerini çeýneşip başladylar.
Atamgyzy olary ojagyň başynda oturdyp, barmagy bilen özüni görkezdi.
―Ene-e...
Muny çagalaryň hersi özüçe gaýtalady.
―En-ne-e...
―In-ne-e...
Atamgyzy Ümürdumana elini uzatdy.
―Ümürduman...
Bu gezek Ümürdumanyň bir özi peltekledi.
―Ümmüdümme-e...
Atamgyzy barmagyny Sopydigeriň kükregine degirdi.
―Sopbydiger...
―Sopbydigeriň gaýtalaýşy Ümürdumanyňkydanam ýöntem boldy.
―Sopbydipbe-e...
Aý aýdyň gijeleriň birinde Atamgyzy çagalaryny daşaryk çykardy-da, elini asmana uzatdy.
―A-aý...
Çagalaryň kümüşsow sesi daglaryň salkyn jülgelerine ýaň saldy.
―A-a-aý-ý...
Ir bilen çagalaryny ýene-de şol ýere eltdi-de, dogup gelýän Güni görkezdi.
―Gün-n...
Çagalarynyň sesi güňleç ýaňlandy.
―Güň-ň...
Atamgyzy çagalaryna näme öwretse Aýuwam şol sözi gaýtalady ýördi.
Ümürduman bilen Sopydugeriň otuz ikisi kemsiz kemala gelenden soň bolsa, Atamgyzy duzuň gözlegine çykdy. Çünki, onuň düşünşine görä, olara duzsuz tagam bermeli däldi. Enesi şeý diýip öwredýärdi. Elmaýyş ene hatda ýatakdaky goýunlaryna-da mahal-mahal duz ýaladýardy. Yns-jyns duzy ýeterlik bolmasa bedeni bekemez, bedeni bekesede beýnisi bekemez, diýýärdi. Dagda bolsa hökman duz bolaýmalydy. Jahangir dagy duz diýip, ýöne ýere daga gaýdýan däldirler ahyry.
“Yhlasa-myrat” diýleni. Ahyram bir gün ol durşuna şor-kebir bolup ýatan ullakan oýuň üstünden bardy. Gyrasynda oturyp ak topraga barmagyny batyrdy. Diline degirdi. Şor topragyň ajymtyk tagamy ýüzüni=gözüni gamaşdyrdy. Şondan soň ol toprakdan bir gysym aldy-da, gowaga tarap gaýtdy. Kaksytmak üçin çybyga düzüp goýan etlerinden bir bölegini alyp “duzlady”. Çişe düzüp oda tutdy.. Bişensoň dadyp gördi. Tagamy öňkülerine görä has üýtgeşik degdi. Dyzyna münüp, galkyjaklaşypjyk oturan çagalaryna-da ýolup-ýolup iýdirdi.
Şol günüň ertesi ol eline okarasyny alyp düýnki duzly oýa, duz getirmäne gitdi.
Daşdan seredeniňde ak garyň astynda galan meýdana meňzeş bu kölüň içinde diş synçgara çöp ýok. Dag gerişleriniň arasynda aýratyn bir oýtum bolup ýatyr. Ýagny, giden bir çöketlik. Üstünden o ýan, bu ýan ötülýän borly, içine girmek üçin ýörüte edilen ýaly, bir çetde telperje güzerem bar.
Gyzyň “duzy” oýuň ortarasyndan iriräklerinden alasy geldi. Şonuň üçinem ol güzerden aşak indi-de, oýuň has kebirräk görünýän ýerine tarap ýöneldi. Edil şol wagtam gulagyna agymy, nämemi, her hili sesler eşidilip başlady. Aýdym-sazyň owazam salgym atan ýaly boldy. Yzyndanam at kişňedi, sygyr molady, kimdir biri Atamgyzyň adyny tutuş gygyrdy, garaz, bar zat garym-gatym, buýr-bulaşyk boldy.
Birdenem iki ädim öňünde giden bir obalyk peýda boldy duruberdi. Ýöne, ol oba onuň ömründe gören obasy däl. Adamlaram nätanyş. Üstesine bir öýüň işiginde-hä toý bolup dur, edil gabat garşysynda-da ýas. Ýasdakylaryň, toýdakylardan, toýdakylaryň ýasdakylardan habary ýok. Her kim garabaşynagaý.
Gyz bu hala haýran bolup ep-esli durdy-da, nämeüçindir toýa däl-de, aglaşyp oturan aýallaryň, gyz-gelinleriň arasyna bardy. Birdenem özüniň ýarym-ýalaňaçdygy ýadyna düşdi-de, endamyny elleri bilen ýapjak boldy. Barybir özüne hiç kimiň üns bermeýändigini bilibem goýbolsun etdi. Dogrudanam oňa barmysyňam, geldiňmem, gitdiňmem diýmediler. Hal-ahwalam soraşmadylar. Salamlaşmadylaram. Salam bersede almadylar. Gyz bu ýagdaýa diýseň geň galdy. Gaty gördi. Başda beýle eleşan halda olara görünmäge çekinen bolsa, indi özüniň barlygyny äşgär edibilmän kösendi. Ýeldirilip barýan ýaşyl kürteli bir gelniň öňünden çykyp ýeňinden çekdi. Çekine-çekine elindäki okarasyny görkezdi.
―A gy-yz! Azajyk duz berseňizläň, menem ynha, ho ýerde ýaşaýan. Şu golaýda... Goňşyňyz... Meňňem öz öýüm bar... – diýdi. Emma o gelin ýeňini çekip aldy-da, göwni bir ýaly eginlerini ýaýkyldadyp geçdi ötägitdi. Horoşaja gara öýüň gapdalynda donuny çöwre bürenip, hamyr ýugrup oturan garryny Atamgyzy öz enesidir öýtdi. Bir bökende ýanyna bardy. Öňüne geçip ýüzüne jiňkerildi. Görse hakykatdanam şol. Atamgyzy okarasynam bir gyra taşlady-da:
―Ene-e! Ene ja-an! ..- diýip garrynyň boýnundan aslyşdy. – Sen nämeüçin beýdip otyrsyň? Asylha bu ýerde nämişläp ýörsüň? Saglykmy özi? Hany, agam nirede? Ýa şol, duza diýip gidişimi? ...Wiý gaýdyşymy? ―Atamgyzy eli bilen töweregini sermeledi. ―Menem-ä duz diýip gelipdim... Hany, okaram bardyla ýaňy şu ýerde...Ene, meň okaramy görmediňmi? Hä? Daş okara. Ýa sen meni henizem tanaňokmy? Sen nämeüçin meni tanaňok, ene!...
Garry welin gabagynam galdyrmady. Gaýtam, siltenjiräp ýerinden turdy-da, içi hamyrly kersenini ýanbaşyna alyp zym-zyýat boldy. Atamgyzy onuň nirä gideninem aňşyrmady. Şondan soň ol daş-töweregine el serip:
―E-eý, adamlar! Il-gün! Siz nämeüçin meni tanaňzok? Nämeüçin meni göreňzok? Men sizi görýän ahyry! Menem ine, siziň araňyzda bar ahyry!.. – diýdi. Saklanyp bilmänem aglady. Ýer dyrmap, başyndan gum sowrup, saçyny ýolup, ýüzüni ýyrtyp aglady. Şol wagt Atamgyzyň gulagyna enesiniň: “Atamgyzy! Atamgyzy! Näm bolýa gyzym? Ýa aglaýaňmy?” diýen sesi gelen ýalam boldy. Emma barybir gözüne görnen zat bolmady.
Birdenem gulagyna Ümürduman bilen Sopydigeriň aglaşýan sesi geldi-de, göwsünden süýt akyp başlady. Ol ýerinden turdy. Gapdalda ýatan okarasyny garbap aldy. “Ine, bar eken-ä...” diýip, ysgynsyz seslendi. Hamala şeýtmese biri yzyndan ýetip saklaýjak ýaly, güýjünde baryny edip, ses çykan tarapa ylgady. Gözüne görünmesede, aýaklary ony göni öňki inen gözeriniň üstünden eltdi. Ädimleriniň agyr göçümlerinden çen tutup, güzerden ýokary çykyp barýanyny aňdy. Kem-kemdenem bar zat dumana duwlanyp gözden ýitmek bilen boldy. Gaýmalaşyp ýören adamlar salgyma öwrüldiler. Hemme zat howada eredi. Sesler daşlaşdy. Raýyşa çykdam welin, oýuň içi edil öňküsi ýaly kebir şor meýdana öwrüldi duruberdi. Hatda, ak gaýmagyň ýüzünde özüniňkiden başga aýak yzam görünmedi.
Atamgyzy erbet gorkdy. Bolan wakany akylyna sygdyrybilmän galpyldap durşuna usullyk bilen aşak çökdi. Bar zady täzeden synap görmek isledi. Şonuň üçinem, usullyk bilen ýerinden turdy-da, howlukman güzerden indi. Aşakladygysaýy ýene-de gulagyna öňki sesler eşidilip, oýuň içindäki nämälim oba salgym atyp ugrady. Ädimsaýam salgymlar aýdyňlaşdy. Yza çekildigem bar zat ýitmek bilen boldy. Ol hatda syrly dünýä bilen öz duran dünýäsiniň aralygyndaky serhedem tapdy. Şol ýerde durup bir aýagyny öňe ätse-hä oýuň sudury atyp, şowhuny köpelip başlady, yza çekdigem tapba kesildi. Aralygy saklasa-da, birhili, güňleç, “hüňňüldi” eşidildi durdy.
Göwsünden akýan süýdüň has güýjerlänini duýubam, Atamgyzy güýjünde baryny edip gowaga tarap ylgady. Ep-esli ýere baransoň ýene-de saklandy. Elindäki okara seretdi. Şu ýere nämüçin gelendigi ýaňy ýadyna düşen ýaly, “hyrra” yzyna öwrüldi. Güzerden ylgap indi-de gulagyna üýtgeşik sesler gelip-gelmänkä, bir goşawuç gum gatyşykly duzy okarasyna gapgardy we hasyr-husur yzyna dolandy. Bir durmanam içinde ot ýanyp duran ojagynyň gapysyndan ätledi. Omadaklaşyp öňünden çykan çagalaryny garbap alyp bagryna basdy.
Olar indi dört baş: Atamgyzy, Aýuw, Ümürduman, Sopygider. Tutuş bir maşgala.
Atamgyzy olara duzlanan etden şara, kebap, çişlik bişirip berýär. Aýuw gije-gündiz çagalary bilen başagaý. Tutda-bas. Olaram onuň üstünden düşenoklar. Gykylyklary asmana göterilýär. Ýüp egrip oturan Atamgyzy olara tarap käte bir nazaryny aýlap oturşyna, çagajyklarynyň kemsiz kemala gelip, özüni öz elleri bilen öýüne eltip gaýtjak günlerini göz öňüne getirjek bolup dyrjaşýar. Ol ýyllary alys görüp uludan demini alýar. Şulardan jydalykda geçjek günlerini ýatlap bolsa gamlanýar. Bu, keremli daglaryň bilinde önüp-ösen erkana çagalaryň goh-galmagally, gybat-gürrüňli, günüň-gününe bir çetinde toý, bir çetinde “waý” bolup duran dar oba sygmajakdyklaryna berk ynanýar. Şolar ýalyda nämüçindir onuň ýadyna enesiniň Aýuw hakda aýdyp beren başga bir hekaýaty düşýär.
Ir döwürler Köwli obadan bir gyzy Aýuw alyp gaýdypdyr. Getiribem edil, şunuňky ýaly berk gowakda saklapdyr. Aýdyşlaryna görä, onuňam islegi çaga ekeni. Çagasy bolansoň goýberjek ekenimi ýa ýok, onçasy belli däl, ýöne, bir gün aw awlap ýörkä gaýadan uçupdyr-da, Aýuwyň endamyna agyr ýaralar düşüpdir. Süňkleri döwlüpdir. Süýrenip özüni zordan gowaga atypdyr. Men indi bu ýaralardan gutulman, sen obaňyza gaýdyber”, diýip gyza rugsat beripdir. Öň maý tapsa gaçara pursat peýläp ýören gyzyň welin ony bu agyr halda taşlap gidere ynsaby çatmandyr. Şunça wagtlap bir gowakdan girip çykdym, bir lukma çig eti bile çekeleşdim, gitsemem amanadyny tabşyranyny gözüm bilen görüp onsoň gideýin, bar zady Hudaýddan görýän, nesibämden görýän, görjegim görgi bolsa Aýuwdan beterinede sataşardym, diýipdir. Aýuw: “Gutulsam-a goýbermen, gowusy agzymdan söz sypan wagty gaýt”, diýse-de, etmändir. Gaýtam her hili ot-çöplerden döwüp-ýenjip, däri-dermanlar ýasapdyr. Em edipdir. Emma birnäçe gün dert çekip ýatandan soň Aýuw barybir jan beripdir.
Öň mähri gidipmi, soň mähri gidipmi, ýa onuň soňky merdana sözleri ýüregini gobsundyrypmy, ýa olaryň hiç birem däl-de, adamkärçilik orta düşüpdirmi, garaz, gyz muňa erbet gynanypdyr. Demsiz – düýtsiz ýatan Aýuwyň mähnet kellesini dyzynyň üstüne goýupdyr-da:
―Kese-küse kelläňe,
Keşdeli tahýa tikjekdim,
Egri-bugry aýagyňa,
Keşdeli balak tikjekdim,
―diýip, aglapdyr. Obanyň çetinden girende-de, adamsy ölüp dul galan gelin ýaly ulili bilen aglap giripdir. Bosagasyna maňlaýyny goýup, bagryny paralapdyr, ýüzüni ýyrtyp, saçlaryny ýaýypdyr. Telim ýyllap obanyň men diýen ýigitlerini ret edipdir.
Her gezek şu hekaýaty eşidende, Atamgyzy adam çagasynyň Aýuw durmuşyna nädip öwrenşip bilşi, barada oýlanýardy. Geň galýardy. Ony mümkin däl zat hasap edýärdi. Her gezegem gaşjagazlaryny çytyp garaçyny bilen: “Ene, şo zatlar çynmyka ýa berbesmikä?...” diýip soraýardy. Elmeýyş ene bolsa endigine görä “kih-kih” gülüp: “Näbileýindä gyzym, menem eşidýänjämi aýdýan...” diýýärdi.
Adam çagasynyň Aýuw durmuşyna öwrenişip biljekdigine Atangyzy henizem ynananok. Bir ýyl bäri bir gowakdan girip-çykýanam bolsa, onuň bilen önüp-ösüp, iki esse köpelenem bolsa, ol durmuşa kaýyl bolanok. Ýöne, näalaç. Çünki, şu döwrüň içinde ol bu beladan gaçybam gutulyp bilmedi, ölübem. Öldürip gutulaýyn diýse o-da bolmady. Indem ol çagalaryny ösdürip ýetişdirmeli, kemala getirmeli, soňam olaryň hut öz elleri bilen oba eltip gaýdaryna bil baglamaly. Başga ýol ýok.
Gowagyň o çetinden okdurylyp gelip üstüne zyňan çagalarynyň “wagyrdysy” käte Atamgyzyny agyr oýlardan açýar. Ol çagalaryna bakyp uludan dem alýar-da, pişgesini süýüp, ikjagazyny pyrlap goýberýär. Sopygider bilen Ümürduman ikijigi bolsa, şondan soň ylgap daş çykýarlar-da, darajyk düşelge bilen aşaklygyna tarap şakyrdaşyp gaýdýarlar. Atamgyzam igini bir gyra taşlap, gowagyň agzyna gelýär. Elini agzyna penalap çagalarynyň yzyndan gygyrýar:
―Aýu-uw-w... Ümürdumanjanu-u-uw-w!!! Sopygiderjanu-u-uw-ww!!!.. häzirjek boluňu-u-uw-w!!!... Ýykylaýmaňu-u-uw!!!...
Şol wagt onuň aňyrsyndan Aýuwňam göwresi görnüp gidýär. O-da elini agzyna eltip öz ýanyndan çagalaryna bir zatlar diýýär-de, yzyndanam edil Atamgyzyň edişi ýaly:
U-uw-w... u-u-uw...Aýu-u-uw!.. – diýip gygyrýar.
Ümürduman bilen Sopygider bolsa gowaga tarap käte bir göz aýlaýarlar-da, ýene-de aňyrlygyna tarap bökjekleşip gidýärler. Olar diňe sag-aman aşak düşüp, jülgedäki ir-iýmişli agaçlaryň arasyna sümenlerinden soň Atamgyzy gowagyň agzyndan aýrylýar. Aýuwam aýrylýar. Gowakda Aýuw bilen ikiçäk galandan soň Atamgyzyny ýene-de gam-gussa gaplap alýar. Enesiniň başga bir hekaýatyndaky Käbil atly adamyň Aýuwa “ýesir” düşüşini, onuň Aýuwa aýak-aldygyna ýüň, çöpür daşadyp ummasyz uzynlykda ýüp işişini we: Me, şuň bir ujyny meni alyp gaýdan öýüň gapysyna daňyp gel, diýip, Aýuwy oba iberişini, obadaşlarynyňam şol ýüpi yzarlap gowaga gelişlerini we Käbili halas edişlerini ýatlaýar. Ýok, ol bolup biljek zat däl, oba nire, dag nire, onça ýüp nire, zat nire, ―diýip, içini gepledýär. ―O-ol, haly dokap, ýüzüne öz bolýan ýeriniň salgysyny salyp, onam Aýuwdan oba iberip gutulýan gyzyňkam ertekiden başga hiç zat däl. O zatlaryň hemmesi hyýal. Berbes. Meni diňe çagajyklarym halas eder...”
Atamgyzy şonda, sag-salamat ýigit çykyp, özüni oba eltip gaýdansoňlar, Ümürduman bilen Sopydigeriň neneňsi güzeranda ýaşajaklary barada hem oýlanýar. Üç sallahyň bir ojagyň başynda başlaryny sallap oturşy göz öňüne gelende hasam gyýylýar. Çagalarynyň nädip öýlenjekdikleri baradaky pikir ony hasam ynjalyksyzlandyrýar. “...Men-ä o ýerde bolsam, bularam bu ýerde galsalar... Kim bularyň ugruna çykyp... Ýa bularam atalary ýaly... Hm-m...Howwa, howwa, hut şeýle bolar. Onsoň oba adamlary bulara-da Aýuw diýerler. Aslynda şu Aýuwam biziň obaň adamlarynyň ýa aýallarynyň neslinden bolaýmnasyn. Bularyň aýlap-öwrüp Köwli obasyna baryp durmaklaram ganlarynda garyndaşlyk gatnaşygynyň bardygy sebäpli bolaýmasyn? Eger şeýle bolsa, onda bular bilen aňrymyz bir bolýa-da...” Hemmämizem bir obadan, ýöne, ykballarymyz aýry bolýa-da... Dogry ... Ýöne, men Ümürduman janam, Sopydiger janam ogryn öýlendirmen, Aýuw äkitdem diýdirmen, saýlap-seçip, dogryn öýlendirerin. Hemmämiziň aslymyzyň birdigini oba adamlaryna düşündirerin...garyndaşlygy täzeläliň diýerin. Ýog-a diýmezler. Hudaýa şükür çagalarym dil bilýäler, gepe düşünýärler... Görk-görmeklerem hiç kimiň çagasynyňkydan kem däl.
...Bir gün Ümürduman bilen Sopydiger ikisi oýnamaga gitdiler-de, wagty bilen dolanyp gelmediler. Atamgyzy olaryň gözlegine çykdy. Emma bolup biläýjek ýerlerinden tapmady. Miweli agaçlaryň arasyndanam, çeşmäniň boýundanam tapmady. Dagyň çür başyna çykyp:
―Aýu-u-w, Ümürdumanjanu-u-uw-w!!! Sopygiderjanu-u-uw-ww!!!.. – diýip, gygyrybam gördi. Daglara ýaň düşdi, jülgeler sarsdy, gaýalar Atamgyzyň sözlerini telim ýola gaýtalady, emma ne Ümürdumandan, ne Sopydigerden hiç hili jogap bolmady.
Atamgyzy ýene-de gygyrdy. Bu gezegem onuň sesine ýylçyr gaýalardan başga jogap gaýtaran bolmady.
Şeýdip barşyna ol “duzly oýa” golaýlaşdy. Şol tarapdan çagalarynyň sesem gelen ýaly boldy. Durup diň saldy. Dogrudanam şeýle. Şolar. Biri bir zatlar diýip “wüjürdeýär”, beýlekisem “jykyr-jykyr” gülýär. Ugursyz-utgasyz ötegçi şemal olaryň sesini bir golaýlaşdyrýar, bir daşlaşdyrýar. Atamgyzy “Hi-iýh” edip içini çekdi-de, ylgap pese indi. Aýlaw-aýlaw jülgeleriň içi bilen ses çykýan tarapa tutdurdy. Sesiň albaýy ony hakykatdanam “duzly oýuň” dik-depesinden eltdi. Görse çagalary oýuň ortarasynda depelerinden gum sowruşyp otyrlar. Özlerem dünýeden bihabar.
Atamgyzy: “Wah, gara bagtym!” diýip, kükregine urdy-da, “şaglap” güzerden indi. Inişi ýalam çagajyklaryny gözden ýitirdi. Gulagyna ýene-de öňki sesler eşidilip başlady. Ýene-de şol öňki nätanyş oba, geň-taň adamlar, toý, şowhun, şagalaň, ýas, agy. Giden bir erewde-berewlik. Zir-zöwrançylyk. Atamgyzy ýene-de olaryň arasynda elewräp başlady.
―Adamlar! Iki sany çagajygy görmediňizmi? Aýuw, doganlar, meň çagajyklarymy görmediňizmi? Olar ýap-ýaňyja-da ynha şujagaz ýerde oýnaşyp otyrdylar...
Ýene-de şol sowuklyk. Şol öňki biparhlyk. Hiç kim onuň sözünem diňlänok. Ýüzüne-de seredenok. Hatda henizem aýak-aldygyna hamyr ýugrup oturan enesiniňeň şol bir bolşy. Gaýtam kimdir biri: “Wiý, bu gyz “aýuw” diýip gepleýä welin ýa Aýuw dagymyka?” diýip, ýakymsyz güldi. Atamgyzy ony juda ýokuş gördi. Jogabyny bermek üçin töweregine göz aýlady welin, gözüne adam ilmedi. Eli bilen howany sermeledi, emma elinede ilen zat bolmady. Gulagyna-da düňle dünýäniň “hüňňüldisinden” başga hiç zat eşidilmedi. “Men Aýuw däl, kim maňa Aýuw diýýän bolsa şoň özi Aýuwdyr... – diýip, pyşyrdanda dodaklary kemiş-kemiş etdi. – Onsoňam... Onsoňam... Aýuwam adam... Olam adamdan azan... Aňrymyz bir... Aýuw diýip, beýleki diýip... Men ...Men...” oňa çenli onuň daşy ýene-de aýal-erkek, uly-kiçi, birgiden adamdan doldy. Özlerem birsellem Atamgyza seretdiler-seretdilerde, birdenem gülüp goýberdiler. Yzyndanam aglaşdylar. Sopydiger bilen Ümürdumanyň agysam olaryň agysyna goşuldy. Haýsy tarapdan gelýäni welin bildirmedi. Beýläk owsunsa eýlesinden, eýläk owsunsa beýlesinden gelýän ýaly boldy durdy. Ahyram oýdan ylgap çykdy-da, dik duran ýerinde diň-gögüne garady, iki elinem agzyna eltdi.
―Aýu-u-uw,Ümürdumanjanu-u-uw!!! Sopygiderjanu-u-uw-!!!.
Çagalar bir diňşirgenen ýalam etdiler-de, ýene-de öz oýunlary bilen boluberdiler.
Atamgyzy ýene-de özüni duzly oýa urdy. Girişi ýalam ýitirim boldy. Diňe sesi eşidildi.
―Ümürdumanja-an!. Sopygiderjan-an!..
Her gezek atlary tutulanda çagalar diňşirgenişdiler, töwerek-daşlaryna garanjaklaşdylar, emma ejelerini görmediler.
Atamgyzy tasap güzerden çykdy. “Has-has” edip durşuna çagalaryna tarap elini serip aglady. Ýüreginden syzdyryp:
―Ümürdumanja-an, Sopygiderjan-an!... – diýdi-de, halys rowgatdan düşen göwresini aşak goýberdi. Iki elini öňe uzadyp sessiz-üýnsiz süýndi. Ýer bagyrtlady. Ýüzi gyrpaklap ýatan ak topragyň esli ýeri gözýaşa ezilip, gara reňke boýaldy. Gözýaş bilen birlikde göwsünden süýdem akyp başlady. Süýdüň ýylymsy, ýumşak ysy burunlaryna urdumy, nämemi diňe şondan soň çagalar ejelerini gördüler we oňa tarap “omalak-da-çomalak” bolşup gaýtdylar. Biri-birinden öň ýetjek bolup howlukdylar. “Jykyrdaşdylar, wüjürdeşdiler”. Atamgyzy başyny galdyrdy. Oturan ýerinden olara tarap elini serdi. Ýerinden turup gujagyny gerdi. Güzerden çykyşlary ýaly garbap alyp bagryna basdy. Ogşady. Şorlap duran elleri bilen başlaryny sypalady, barmaklary bilen buýr-bulaşyk bolup duran saçjagazlaryny darady. Hasyr-husur ýerinden turubam edil, yzyndan biri kowalap gelýän ýaly, aýagaldygyna gowaga tarap ylgady. Bu syrly, durşuna ak-kebir bolup duran duzly oýdan basymrak daşlaşasy geldi. Oýuň içindäki obany, adamlary, geň dünýäni, bir özüniň görüp, çagalarynyň görmeýşini, şol dünýäniň hemişe ber-başagaýlykda, alasarmyk gezip ýören adamlarynyň özüne bolan düşnüksiz garaýyşlary onuň üçin gizlin syr bolup galdy. Birdenem enesiniň Jahangire “şor köl” barada eden sargydy ýadyna düşdi. “Hä-ä... dogry, dogry...şol...Şor köl. Içindäkilerem jynlar. Berkeli bagşyny oýnanam şulardyr. Bular menem oýnajak bolýandyrlar... Bu ýere gelmeli däl...gelmelem däl, çagajyklarymam ibermeli däl... Jahangir dagam enemiň aýdanyny edäge-de, şundan sowa geçäýen bolsadylar...”
Jülgäniň içi bilen özara hümürdeşip gelýän üç atly, belent dagyň çür depesinden eşidilýän çaga seslerine geň galyp at başyny çekdiler. Diňşirgenişdiler. Soň assa-ýuwaş şol tarapa ýöneldiler. Garalyşyp oturan gaba agaçlaryň, gyrymsy ösümlikleriň arasyndan geçdiler. Çeşmeden ötdüler. Gaýanyň düýbüne baryp atdan düşdüler. Telpeklerini elleri bilen tutup, dik depedäki garalyp duran deşige gaýşarylyşyp seredişdiler. Iki sany çyp-ýalaňaçja çagalaryň özara “wüjürdeşip”, gowagyň içine arkaýyn girip-çykyp ýörüşlerini görüp ynanmajak boldular. Biri-birleriniň ýüzüne soragly bakyşdylar. Syrtyna içi duzly, ala çuwal bökderilgi ýadaw ýabylarynyň jylawuny gögeleräk görünýän üçünji birleriniň eline tutdurdylar-da, beýleki ikisi ýokarlygyna tarap dyrmaşyp ugradylar. Kem-kemdenem gowagyň agzyna golaýlaşdylar. Bulara gözi düşenden çagalaryň ikisem ulyilleri bilen aýylganç gygyrdylar-da, kürsäp gowaga urdular. Ýigitlerem olaryň yzysüre girdiler.
Içi çog-gyzyl közden doly daş ojagyň başynda agaç iňňe bilen gaty derini ýamap oturan Atamgyzy duýdansyz giren myhmanlary görüp “zöwwe” ýerinden galdy. Çyr-çykylyk bolşup gelýän çagalaryny garbap alyp gujagyna gysdy. Gowagyň agzynda garalyp duran daýanykly ýigide gözi düşendenem bir pursatlykça doňan ýaly bolup durdy-da:
―Waý, dogan!.. – diýip, özüni onuň üstüne zyňdy. – bi senmidiň asyl? Sen nirelerden çykdyň? Bu ýerlere nädip düşdüň? – Atamgyzy eli bilen o ýerini, bu ýerini ýapjak boldy. Emma bir ýerini ýapsa başga bir ýeri açyk galdy. Ahyram ýerde ýatan gaty derileriň birini alyp döşüne tutdy-da, doganynyň daşynda öňküsindenem beter hozanaklap başlady. – Hany, dogan, geçsene, törden otursana, ojagyň başyndajyk jaýlaşsana, ýoldaşyňa-da geç diýsene, törden otursana, ojagyň başynda döwür gurap otursaňyzla, bir hezil edip hyzmat edeýinle...Özüňem derhal enemden habar ber. Hal-ýagdaýlaryny birin-birin beýan et! Men ony...Men ony her gije ... düýşümde... Höwünem duzly oýda... Wiý-ý.. men nämeleri samrap durun-a... men.. men ýogsa-da, seň öňüňde nämejik goýsamkam-a...
Beýleki ýigit gözüni süpürip daş çykdy. Içerde iki dogan ikiçäk galdy. Jahangir uýasynyň bolup durşuna dözmän gurak-gurak ýuwdundy.
―Hemmeler sag-gurgun, jigim... Enemizem gurat... Bir kemimiz sendiň. Ine, indi senem tapyldyň... ―Ol egnindäki gyrmyzy dony çykaryp uýasynyň egnine atdy.
―Hany, senem özüň hakda gürrüň ber. Başyňa nämeler düşdi, nebelalarga sataşdyň? Bu dar gowagyň içine nädip düşdüň? Bol, aýt, geple, halyňy beýan et, ahwallaryňdan sözle!
Atamgyzy iki eli bilen ýüzüni tutdy.
―Sen sorama, jan dogan...
Jahangir bir çünkde biri-birine gysmyljyraşyp oturan çagalara tarap soragly bakdy. Atamgyzy düşündi. Emma sesini çykarmady. Çagalarynyň ýanyna bardy. Eglip ikisinem gujagyna aldy. Çagalar bir eneleriniň, birem myhman ýigidiň ýüzüne howsalaly seredişdiler. Başy ak silkme telpekli, egni ezýaka ak köýnekli, aýagy mawutdan tikilen gyýma balakly, burny jaýtaryp duran gyrmyzy ädikli daýaw ýigit ojagazlaryň gözüne öz atalary ýaly görmegeý däl-de, gorkunç göründi. Eneleriniň egnine atylan gyrmyzy donam diýseň betgelşik, gerekmejek zat bolup duýuldy.
Atamgyzy olary eltip düşekde oturtdy. Dolanyp doganynyň ýanyna geldi. Aşak bakyp dodagyny dişläp durşyna:
―Bular meniň çagalarym... – diýdi. Birdenem möňňürip goýberdi.
Jahangiriň ýüzi üýtgäp gitdi.
―Çagalarym?
―Howwa, dogan, çagalarym.
―O nähili çagalaryň?
Atamgyzy içini tutup aşak oturdy.
―Sorama-a, sorama-a... Menden hiç zat sorama, jan dogan! Derdimi gozgama, ýarama duz sepme...
Jahangirem janyndan syzdyryp özelendi.
―Soramasam bolmaz-a...Aýtmasaň bolmaz-a...Men seň agaň-a...Hossaryň-a... Saňa nämeleriň bolanyny men bilmesem bolmaz-a... Ile-güne görünmel-ä menem... Aýt, kimden horluk gördüň? Kim seniň namysyňa degdi? Kim seni bu ýerlere getirdi? Bu çagalaryň atasy kim? Bol, jogap ber! Ynsmy, jynsmy, ýa başga bir mahlukmy?
Atamgyzyň gözlerinden çykan ýaş damjalary Jahangiriň aýagynyň astyna paýrap döküldi. Ol agasynyň ýüzüne naýynjar garady.
―Meň çagalarymyň atasy, jan dogan, Aýuw.
―Aýuw?
―Howwa, dogan, Aýuw.
―Hany, ol nirede? – diýende, Jahangiriň sesi sandyrady.göwresi titir-titir etdi.
Atamgyzy birinji gezek gowagy “öýüm” diýip atlandyrdy.
―Ol bu wagt öýde ýok.
―Onda gelýänçä garaşaly. Men öňürti oň, kellesini kül maýda edip läşini dagdan togalaýyn, onsoň seni alyp gideýin.
―Ýok dogan! Beýtme! Beýtseň çagajyklaryň ýüregini ýararsyň. Ýetim goýarsyň.
Jahangir öwhüldäp dem alanda ojagyň agzyna üýşen küller tozap gitdi.
―Ýör onda seň özüňi bir alyp gideýin.
Atamgyzy az-kem böwrüni diňläp durdy-da, hamala agasy aýtmasyz bir zady aýdan ýaly allaniçiksi bolup ýüzüne çiňerildi.
―Nirä?
―Nirä bor öýdäň? Öýe! Oba! Enemiziň ýanyna!
Şu çaka çenli mähriban obasyny, hossarlaryny höwesläp ýören Atamgyzy agasynyň ýüzüne seredip durdy-durdy-da, bir ädim yza tesdi. Başyny ýaýkady.
―Ýok, dogan! Sen indi meni ýerimden gozgama. ―Ol aşak çökdi-de, ýumalanypjyk ýanyna gelen çagajyklaryny bagryna basdy. Ogşady. Näbelli nokada seredip oturşyna öz-özi bilen gürleşýän ýaly dodaklaryny çalaja gymyldatdy. ―Başda gelen bolsaň giderdim, dogan. Başda gaýtjak bolup özümem kän dyrjaşdym. Telim gezek gaçdymam. Emma bolmady. Nesibe dartmady. Indi giç. Indi daş ýerden gopdy. Ýürek damarlarym bu garaňky gowaga baglandy...
Jahangir çagalara tarap elini uzatdy.
―Şulara diýýäňmi?
―Howwa dogan, şulara diýýän.
―Onda bularam äkideli?
―Ýok, dogan... ―Atamgyzy ortarada köräp duran ojaga tarap eňegini ülňedi. ―Bulary äkitdim-dä, bu ojagy kime taşlaýyn? Muny ýasanam, içinde ot ýakanam özüm. Şuň ody öçse men günäkär borun. Şoň üçinem sen indi maňa degme, dogan. Ýör diýme. Ýyly ýerimden gozgama...Ol ýere baransoň atasyny küýsäp aglaşsalar bujagazlara men näme jogap bereýin?..
―Aýuwdanam bir ata bolarmy?
―Beý diýme, dogan.
Jahangir ellerini serdi.
―Beý, ol ýerde saňa eneň garaşýar-a, jigim. Ol näçe wagt bäri ýoluňa göz dikip otyr, ahyr bir ýerden çykar diýip. Gördüm, gürleşdim, ýöne alyp gaýdybilmedim diýsem o maňa näme diýer?
Atamgyzy uludan demini aldy.
―Enemem – enedir, dogan. Şeýle-şeýle diýip aýtsaň ýagdaýyma düşüner, meni günäkärläp durmaz.
Jahangir erbet ynjady. Ol bir bökende gowakdan çykdy. Bolan işe haýran galyp, başyny ýaýkap, çommalyp oturan ýoldaşynyň ýanyna bardy-da, ýüzüni iki ýana sypajaklatdy.
―Ol-a birhili aklyndan azaşan ýaly, gitjekgä diýip ýer depip dur.
Ýigidem ýerinden turdy.
―Be-e. Onda nätsekkäk?
―Zor bilen äkidäýmesek...
―Çagalary nätjek?
―Çagalary galsyn. Olaryň öz hossarlary bar ýaly. Özüňem oba baransoň şolar barada diliňi ýaraýma, düşdüňmi?
―Düşdüm.
Ýigitler ýaňadandan gowaga girdiler. Jahangir sen-men ýok, uýasynyň golundan tutup, idirdedip ugrady. Atamgyzy garşylyk görkezdi. Sypjak bolup dyzady. Bir wagtky gaçmak üçin açjak bolup agyr derde galan daşyndan indi gitmejek bolup aslyşdy. Birwagtlarky girmejek bolup aýak dirän bosagasyna indi çykmajak bolup aýlaryny diredi.
―Gara dogan goýber! Gala dogan goýber! Ojagymdan aýyrma! Çagajyklarymdan jyda düşürme! Barybir bazarym sowuldy, pudaklarym döwüldi ter güllerim süllerdi, miwelerim kişde boldy. Indi meni oba eltip üstüme köşk gurdursaňam gözüme şu gowakça görünmez! Bal berseňem zäher bolar, ýüpek geýdirseňem tenime tiken bolup dürtüler, gije-gündiz çagajyklarym gözümiň öňünden gitmez! ―Atamgyzy çagajyklaryna tarap elini serdi. ―Aýuwa däl, şujagazlaryma dözübilemok, gowaga däl, ojagyma dözübilemok...
Başlaryndan bir üýtgeşik apatyň inenini aňan çagajyklaram gyrmyldaşyp geldiler-de, ejelerinden aslyşdylar. Ýigitleriň aýaklaryna çolaşdylar. Ellerinden ýapyşdylar. “Enä-ä, enä-ä-ä!..” diýşip çirkin-çirkin gygyryşdylar.
Emma ýigitler olaryň “gyk-bagyna-da”, Atamgyzyň nalalaryna-da gulak asmadylar. Gowakdan süýräp çykardylar-da, hersi bir golundan tutup aşak indiler.
Atamgyzy gyssanjyna agzyny dik ýokary tutdy-da:
―Aýu-u-u-uw-w!!! – diýip gygyrdy.
Nirelerdendir bir ýerlerden Aýuwyň sesi gelen ýaly boldy. Emma ony Atamgyzyň özünden başga aňşyran bolmady. Hatda ejeleriniň yzy bilen çyr-çykylyk bolşup gelýän çagalaram aňşyrmadylar.
Atamgyzy maý tapyp, ýykyla-sürşe olara tarap gaňryldy.
―Ümürdumanjan-a-aý, Sopydigerjan-a-aý!!!..
Giň ýerde garaw görmän ösen tosun çagalaryň ýürek paralaýjy sesleri, dözmezini iň soňky ýoluna ugradýan märekäniň “jaggyldysyndanam” çasly çykdy.
―Enä-ä-ä!!!..
―Enä-ä-ä!!!..
Atamgyzy ahyram bir tärini tapyp ýigitleriň elinden sypdy-da, togarlanypjyk gelýän çagalaryna tarap ylgady. Jahangir göz açyp-ýumasy salymyň içinde atlandy-da, entäk ýapa dyrmaşyp ýetişmedik uýasynyň yzyndan ýetdi. Garbap alyp öňüne kese basdy. At üstünde hallan atyp barşyna Atamgyzy ýene-de agasyna ýalbardy.
―Goýber dogan, galaýyn! Ojagyma otlar salaýyn! Içim-bagrym üzüldi, öýkenim çişe düzüldi! Ümürdumanjandan aýryldym, dad-äý! Sopydigerjandan aýryldym boý-eý! Guzyjyklarym-a-aý, köşejiklerim-aý! Aýuw-a-aý, öýüm-aý!
Emma bu ahy-nalalaryň hiç birem sarç at münen ýigitleriň ýüregini eretmedi.
Olary bütin oba bolup garşy aldylar.
Oglunyň syrtynda ýüzüni sallap oturan gyzyň perişan halyna gözi düşenden, Elmaýyş ene “güt-güt” etdirip kükregine urdy-da, özünden gitdi.
Atamgyzy atdan syrylyp düşdi. Özüni enesiniň üstüne oklady. Ol agladymy, güldümi düşer ýaly bolmady. Gözlerinden welin dynman ýaş akdy. Eneli gyzyň agyr halyna dözübilmän, gözaýdyňa gelen beýleki aýallaram aglaşdylar. Soň ikisinem götergiläp öýe saldylar. Atamgyzyny ýuwdundyryp, geýindirip töre geçirdiler. Aşagyna tämiz düşek , gapdalyna per ýassyk taşladylar.
Jahangir bolsa obanyň ähli adamlaryny ýygnap uýasynyň şanyna toý tutdy. Toý güni tärimiň aňyrsyndan Gerçegiň berdaşly göwresi göründi. Ol gözeneklerden garap Atamgyzyny synlady. Emma Atamgyzy onuň nazaryna nazaryny çenäp bilmedi. Şo-ol, aşak bakyp içini hümletdi oturdy. Ýeke bir Gerçek bilen däl, kowum-hyşlary bilenem, joralary bilenem ibaly gürleşmedi, hal-ahwal soraşmady. Enesi bir zat sorasa-da jogap bermän, kükregine ýaplanyp aglady oturdy. Çaga sesi eşidildigem böküp ýerinden turdy. Düňküldäp daş çykdy. Keserjekläp töweregine diň saldy. Käkilleri gerdenlerine dökülip duran çagajyklaryň arasyndan Ümürdumany, Sopydigeri gözledi. Gelip ýene-de düşege geçdi. Gussalar içinde saraldy, soldy. Iýgi-içgi bilenem hoşy bolmady. Gijelerine ýatyp bilmedi. Ukusy gelmän öwran-öwran daş çykdy. Daglara tarap diň saldy. Çagajyklarynyň “gulgulasyny” eşitjek boldy. Aýuwyň obanyň çetinden giräge-de: “Atamgyzy-u-uw, çagalaryňy alu-uw!..” diýip, gygyraryna garaşdy. “Ody ýanyp durmyka ýa öçdümikä? – diýip, ojagyny ýatlady. ―Wah, özüň bolmasaň öçerl-e” , diýip, pyşyrdady. Gam-gussa welin gitdigiçe artdy. Süňňi agraýdy. Süýekleri lagşady. Garry adam ýaly “hyk-çok” edip aýak ýoluna-da zordan gidip geldi. Ýüreginde yza, bagrynda awy köpeldi. Soň-soňlar, her gije il ýatyp, it uklansoň ýorganyndan sogrulyp bir ýana sumat bolmany, daň atandan soň dolanyp gelmäni çykardy.
Bir gezegem muny agasy duýdy-da, garaba-gara yzyna düşdi.
Atamgyzy çürrüjek gara öýleriniň, pagça jaýjagazlarynyň küňreli howlylarynyň arasy bilen aýlanyp-öwrülip, obanyň çetindäki ak inişe tarap ýöneldi. Baryp üstüne dyrmaşdy. Öň gyzlar bilen üýşüp läle kakýan ýerlerine bardy. “Tar-tar” bolup dökülýän Aý şöhlesine tarap iki elinem birden uzatdy-da, barmaklary bilen kakyp goýberdi. Şöhleden kümüşsöw, şabram owaz çykdy. Atamgyzy gözlerini on dördi gijäniň şuglaly Aýyna tarap dikdi-de, kümşsöw owazyň sesine ses goşup, ýüregiňi dilip barýan pessaý, zaryn bir äheň bilen aýdyma başlady.
―Şu Aýyň ýagtysyny
Ümürdumanjanam görýändir,
Şu Aýyň ýagtysyny
Sopydigerjanam görýändir,
Aýuw idi – ärim idi,
Ýykyk idi, ýumruk idi – öýüm idi,
Aýuw-uw-w, Aýuw-uw-w,
Öýüm-uw-w, öýüm-uw-w!!!..
Jahangir edil içegesi ýolnan ýaly içini tutup aşak oturdy. Gelip, bolan işi enesine beýan etdi.
Elmaýyş ene tukat ses bilen:
―Bilýän oglum, bilýän, barsyny bilýän, - diýdi. ―Sen onuň ýürek bagyny üzüpsiň. Köki bolsa daglarda galypdyr... Şol, “süýjüje duşmanlaryna”, ojagyna gowuşmasa ol indi bu ýerlerde oňup bilmez.Köňli karar tapmaz. “Zyýanyň ýarysyndan gaýtmagam bir peýda” diýipdirler. Hälem bolsa haýyr işi gaýra goýma... Nireden alan bolsaň şo ýere-de eltip gaýt.
Şol günüň ertesi, jahangir uýasyny syrtyna mündürip yzyna äkitdi. Obadaşlary Atamgyzyny gelendäkisine görä suslyk bilen, ýöne, gadyr-gymmat bilen yzyna ugratdylar. Garry aýallar, gyz-gelinler gözýaş etdiler. Ýigitler aşak bakyşyp ýuwdundylar. Uludan demlerini aldylar. Gerçek bolsa bir çete çykyp aglady. “Şol bolmasa menem munda durman” diýibem obadan çykyp gitdi.
Jahamgir gowagyň gapdalyndan geçýän çeşmäniň boýunda uýasyny atdan düşürdi. Atamgyzy aýagy ýere degenden, hoşlaşmanam unudyp, ýokarlygyna tarap ylgady. Enesiniň beren düwünçegini elinde galgadyp barşyna bir demde ýokary çykdy. Kürsäp gowaga girdi. Görse, Aýuw gowagyň töründe, iki çagasynam goltugyna gysyp, süýji ukuda ýatan ekeni. Hiç haýsyndan ses-üýn ýok. Ojak sowuk, içeri sus. Olar hatda ojak eýesiniň geleninem duýmadylar.
Atamgyzy aşak çökdi-de, çagalaryna tarap ganatlaryny gerdi.
―Ümürduman jan! Sopydiger jan!
Çagalar ýalpa gözlerini açdylar. Hasanaklaşyp ýerlerinden turdylar.
―Enä-ä-ä!!!.. – diýşip gygyryşdylar-da, togalanyp gelip Atamgyzyň gujagyna doldular.
Aýuwam “zöwwe” ýerinden galdy-da, çagalarynyň yzy bilen Atamgyza tarap ylgady. Gelşi ýalam uzyn hem tagaşyksyz gollary bilen üçüsinem birden gujaklady.
Ýap-ýaňyja, daşdan ýasalan äpet mazar ýaly sop-sowuk görünýän gowagyň içinden göterilýän şowhun Jahangiriňem gulagyna ýetdi.
Hä diýmänem gowagyň agzyndan gök tüsse çykyp ugrady.
Ýigit atynyň başyny ýuwaşlyk bilen yza öwürdi. Gaty daşlaşmanka-da, dik-depeden uýasynyň naýynjar sesi eşidildi.
―Gaýdyberdiňm-u-u, dogan!..
Jahangiriň dodaklary çalaja gymyldady.
―Gidäýin,, jigim...
Atamgyzy ýaýdan sypan ok kimin atylyp agasynyň ýanyna geldi. Atyny jylawlady. Dodaklaryny kemiş-kemiş etdirip durşuna bir zatlar diýjek boldy. Emma hernäçe owsunsa-da, bir agyzam sözläbilmedi.
Jahangir gyrmyzy ädiginiň ökjesi bilen, dor atyň böwrüne çalarak debsiledi.
―Sag, bol, jigim...
Atamgyzyň oňa: “Hoş”, diýmägede rowgaty çatmady. Hossary iki gerişden aşyp, ymykly gözden ýitendenem, etegini dişläp ýokarlygyna tarap ylgady. Kürsäp “öýüne” girdi. Enesiniň berip goýberen täzeje kilimini gübürdäp duran ojagyň başyna ýazdy. Bir gyrasynda özi oturdy. Beýleki gyrasyndan Aýuwa ýer görkezdi. Çagalarynyňam hersi bir dyzynyň üstünde oturtdy-da, gapdalynda gaýkyjaklap oturan Aýuwyň ýüzüne seretdi. Şonda Aýuw hakykatdanam adama meňzedi.
Juma HUDAÝGULYÝEW.
Powestler