GÖROGLYNYÑ ÖLÜMI
Nuhty Nazaryň baribir hor boljak adam däldigin-ä özüňiz bilýäňiz. Aýdym-sazdan başynyň çykýandygyndanam habaryňyz bar. Şonuň üçinem ol “EMKa-ny” doly dargadandan soň başga alaç tapman, golaý-goltumdaky obalara toýa gatnap, pul gazanmagy ýüregine düwdi.
Dogry, o wagtyň toýlarynda “dik durma” bagşa ullakan pul berilibem durlanokdy. Ýöne, näme okap ýören adam üçin bir manat – bir manat bolup dur-da! Onsoňam o döwrüň bir manadynyň üstüne on köpük goşsaň bir kilo kolbasa alyp bolýardy.
Nuhty Nazar ýeke bir aýdym aýtman, eýsem mandolina, gitara, dutar,dep ýaly saz gurallarynam çalýardy. Gahary gelse gazaklaryň dombrasynam, özbekleriň rubabynam, häzirbegjanlaryň tarynam çalyberýärdi. Ýöne, nämüçindir aýdymy akkordeonyň ýanynda aýdaýanyny kem görenokdy.
Ine, onsoň bir gezek Nuhty Nazar sazçylyk uçilişşesinde okaýan obadaşlarynyň birinden bir günlükçe diläp alan akkordeonyny egninden asyp, Aşgabadyň golaýyndaky obalaryň birinde ýaşaýan dostunyň dostunyňka toýa gitdi.
Dogrusyny dogry aýtmaly, umuman, ol erbet bagşy däl. Sesi ýakymly. Aýdyşy ýürekden. Aýdýan aýdymyny manysy, maňzy bilen diňleýjä ýetirmegi başarýar. Auditoriýany duýýar. Ýanynda kim otyr, oňa nähili aýdym ýarajak, haçanrak başlap haçanrak gutaranyňda has täsirli boljak, bäş barmagy ýaly bilýär. Niçikmi, töwerek-daşy ýaş ýeleňlerden doluberdimi, ýüzüni dik-asmana tutarda, kellejigini ýaýkalap barmaklaryny klawişleriň ýüzünde gaýmalakladyp, juwanhalar aýdymlara başlar. Tahyry derýada akdyrar, Mežnuny çöle çykarar, Perhat bolup daglary gazar, garaz, ýigitleriň galagoply kalplaryny öňküdenem beter joşdurar. Heserlerini güýçlendirer.
Ondan-mundan ýegşerilişip gelýän elleri hasaly garry-gurtulara gözi düşüberendenem ýüz keşbini gaýgyly suratlara salyp aşak goýberer-de, barmaklary bilen zaryn perdeleri sermeläp başlar, kellejigini ýaýakalar, burnuna salyp birmeýdan üznüksiz “hüňňüldär”, birdenem başyny silkip galdyrar-da, süzülgi gözleriniň gygy bilen ýaşulylary synlar, özüne üns berýändiklerini aňandanam: “Indi gelmezmikäň ýigitlik çagy”, “Dert ýamany garrylykdyr ýaranlar”, “Ýüz ýaşa ýetirmän alarlar janyň” diýen ýaly gojaman aýdymlardan tutar. Gojalaryň düşekleri ýumşaşyp: “Wah, gelermi ol ýigitlik çagy, geljek bolsa gidermidi”, “Dogry aýdýaň, inim, garrylykdan gaýry dert ýokdur”, diýişiberdiklerem içinden: ýeriň gelendir, ak taýak diýer-de, dyzyna galar, Alydan tutar, Adam atany, pygamber aleýhysalamy gepleder, garaz, kellelerini iki dyzlarynyň arasyna sokup horkuldaşýançalar goýmaz.
Şol gezegem ol gelip tä, gün öýläne sapýança, daşarda, dik duran ýerinde esasan ýaş ýeleňlere, toý eýelerine, umuman toýa degişli aýdymlardan aýtdy. Märekä şowhun berdi. Käte-de bir yşgy aýdymlardan birini ýarymyny sypdyryp gyz-gelinleriň göwnüni awlady. Ogryn garaýyşlara, syrly bakyşlara mynasyp boldy. Şeýdibem öz borjuny doly ýerine ýetirdi.
Şert boýunça şondan soň onuň işi gutarýardy. Düşýänje hakyny alyp gaýdyberse-de, galyp agşamky aýtjak dutar bagşylaryny diňlese-de ygtyýar özündedi. Ýöne, ol gaýdarman boldy. Şonuň üçinem öý eýesinden rugsat sorady. Eýýämhaçan keýpi depesine çykan öý eýesi welin, onuň alkymyna dykyldy-da, ýüzüni çym-gyzyl edip bokurdagyna zor saldy. Çyglyp gepledi.
–Ýo-o-ok, gitmek bolmaz, –diýende agzyndan tüýkülegi syçrady. Bagşylaryň öz aýtmaly ýeri bar. Olar üçin men ýörite palata gurdurdym. Ýöne saňada höwes edýän kän. –Ol bir ädim yza çekildi-de, ýumrugy bilen döşüne patlatdy. –Menem höwes edýän. –Öý eýesi ýumrugynyň badyna arkan entirekledi-de, ýaňadandan baryp Nuhty Nazaryň alkymyna dykyldy. Öňküsindenem beter bokurdagyna zor saldy. –Jaý kän! Gireris şolaryň birine. Özli-özümiz bolup üýşeris-de maza kyly-y-lyp...Hä? Gaýrat edibilseň hakynyň gürrüňi ýok.
“Hak” sözi ara düşensoň Nuhty Nazar garşylyk görkezjegem bolmady.
Şol günki Nuhty Nazara edilen hezzet-hormat, gurlan uly çadyryň aşagynda bütin obanyň ulusyny-kiçisini güýmäp oturan atly bagşylara-da ýa edilendir ýa edilen däldir.
...Meý-mest bolan Nuhty Nazaryň turuwbaşdan aýdym aýdasy, saz çalasy gelip bokurdagy, barmaklarynyň ujy gijäp başlady. Kellesi saňňyldady. Damagyny arçap töweregine garanjaklady. Kimdir biriniň: Hany, bolsana, başlasana, diýmegini isledi. Hiç kimiňem keýpiniň özüniňkiden kem däldigine gözi ýetensoň, elini ýuwaşlyk bilen gapdalynda duran akkordeonyna tarap uzatdy. Muny görüp onuň çat maňlaýynda oturan ýylçyrkelle, tüňňimaňlaý, edebiýat ylmy bilen iş salyşýandygy geleli bäri edip oturan gürrüňlerindenem bildirip duran orta ýaşlaryndaky pyýada inçejik burnunyň ujynda duran der damjasyny süýem barmagynyň ujy bilen syldy-da:
–Hä-ä, şeýtsene how, halypa, hany bir gaýrat etsene, –diýip, Nuhty Nazara tarap omzady.
Beýlekilerem ony alyp göterdiler.
Nuhty Nazaryň akkordeonyny boýnundan asyp, “zyk-zyk” etdirmegi bilen, çilimiň çal tüssesine garyşyp hüýt-gara bolan goh-galmagalam birneme sabaşdy. Käte bir: “Hä-ä-ä!” “...Berekella!”, “Maladi-is!” diýen ýaly gop beriji gysga sözler bolaýmasa üýtgeşik seda eşidilmedi.
Ünsüň bir özüne jemlenenini aňan Nuhty Nazar dyzyna galdy-da, akkordeonynyň sanajyny hasam dözümliräk dartdy.
Edil şol wagtam laçynyňky ýaly aşak egreýlip, ujy patallagyna degäýjek bolup duran daýaw, murtlak, eli gyrmyzy çäýnekli pyýada gapydan girdi-de, gözlerini jalahladyp Nuhty Nazara seretdi. Barmagyny çommaldyp: “Hä-ä-ä..” diýdi-de, oturanlaryň arasy bilen ätmerläp geçip klawişleri sermeläp garabaşynagaý bolup oturan bagşynyň ýanyna bardy we agzyny gulagyna golaýlatdy. Bir zatlar diýdi. Bagşy ýylymsy ýylgyryp başyny atandanam çep elindäki ak gülli käsesine çaý guýdy.
Gollaryny o ýan bu ýan gerende akkordeonynyň sanajyny ýyrtara getirip oturan Nuhty Nazar agzyna tutdurylan bir owurt çaýy “gult” etdirip aňyrsyna geçirdi. Derrewem gözüniň gytagyny “çaýça” tarap aýlady. Çaýçy polotenssa bilen basyran çäýneginiň üstünden eli bilen basdy-da, ýapyrylyp bagşynyň ýüzüne seretdi.
–Näme, ýene guýaýynmy? Içjekmi?
–Guý!
Şondan soň Nuhty Nazar akkordeonynyň on esse dagy ýeňländigini duýdy. Aýdym aýdanda sesem öňkülerinden has owadan, has dury çykdy. Iň esasam göwresi emgenmedi. Özüni hemişekilerindenem has erkin duýdy.
Eşperi ýaly çaýdan bäşinji gezek owurtlandan soň oturan ýerinden göterildi-de, gaýdy ötägitdi. Bir görse oturanlaryň dik depesinde aýlanyp ýör. Hanha, kellesi şyr-takyr ylmy işgär içine gaçan şemmäni aýyrjak bolup, otluçöpüň därisiz tarapy bilen arakly käsesiniň düýbüni çolpulap otyr.
Çaýçy” bolsa dik-gögüne bakypdyr-da, şol bir sözi gaýtalap otyr.
–Guýýaýynmy?
Birdenem Nuhty Nazaryň gözi bir burçda ýygrylypjyk oturan goja kişä düşdi. Onuň bolup oturyşyna nebsi agyrdy. Bir topar serhoş jahylyň içine nädip düşüşine, häliden bäri onuň barlygyny aňşyrmandygyna hasam geň galdy.. Birdenem: bu ýaşuly bu ýere meniň aýdymlarymy diňlemek üçin gelendir, diýen pikir döredi. Özüne goýlan bu sarpa üçin gany gaýnap, ýürek joşguny ýetjek derejesine ýetdi. Kyýamat, köýen ömür, bipeýan dünýe baradaky ýürek paralaýjy, ahyreti ýada salýan aýdymlardan aýdyp ony kak towlan ýaly edäge-de, oturan ýerinden burça bäş epläp dykasy geldi. Şonuň üçinem ol al-asmanda gaýyp ýörşüne ýaşula tarap barmagyny çommaltdy.
–Häzir...Häzir men seň aýdymlaryňdan aýtjak ýaşuly!
Ol şeý diýenden töwerek-daşy ala-wagyrdy boldy.
–Wah, şeýtsene!
–Sowamasana!
–Hany bolsana, alsana! Çalsana!
Nuhty Nazar bir görse öňki ýerinde otyr. Akkordeonam egninde. Sag eliniň süýem barmagam göni ýaşula tarap çommalyp dur. Içindäki şemmäni aýran bora çemeli, ylmy işgärem käsesini somlap otyr.
–Hany, pitikle!
Nuhty Nazar zordan açylýan gözlerini ýumjukladyp ylmy işgäriň käsesine pitikledi. “Çaýçynyň” uzadan çaýyny owurtlabam öň bir dyzyna galýan bolsa indi iki dyzyna galdy. Akkordeonyň çep tarapyny gaýym-gysymlap sag tarapynam dözümliräk dartyp, birki ýola: “wa-aňk-wa-aňk’ etdirdi-de, çüňkdäki goja tarap ýaňadandan çiňerildi. Şol wagt goja kişi onuň gözüne Göroglynyň garran çagyndakysy bolup göründi. Henizem “akkord” berip, ala-zenzele bolup oturşyna çürüje kelläni arkan taşlap, gözlerini petige dikdi. Petikde hasasyna söýenip, iki büklem bolup barýan Görogly, Serçemeniň boýunda agsaklap, towsaklap ýören Gyrat, Göroglynyň başsyz galan läşini gujaklap, perýat edip oturan Agaýunus, beglerinden jyda düşüp hallary zebun bolan nökerler, Çardagly çandybil, il-halk, Ýyldyz dagy göründi. Ýürek erbet gobsundy.Beden tisgindi. Hemişe şular ýalyda bolşy ýaly kelle titredi. Burnunyň içinden “hoňňuldymy”, “iňňildimi” üýtgeşik bir seda eşidildi. Birdenem ol seda sem boldy-da, öýüň içinde Nuhty Nazaryň tüýs, dessançy bagşylaryňka mahsus bolan gyryljakdan gelen pessaý, ýakymly, ýumşak owazy ýaňlandy.
–...Aýlar aýlandy, günler öwrüldi, Görogly beg garrady...
Märekäniň gowry bir demde öňki derejesine ýetdi.
–Oho-ow, dessana başlady-ow büý-ä!...
–Özem Göroglydan...
–Göroglyňam lagar düşen wagty...
–A how, şol şahasyny aýtmasana how, şonuň...
–Işiň bolmasyn, özi näme eçilse bize-de şo bor...
Ylmy işgärem soňky gepläniň tarapyny tutdy.
–Dogry aýdýaň. Goý, islänini aýdsyn. Meňňem gözleýänim şular ýaly zatlar...
Nuhty Nazar bolsa bu wagt hiç zat eşidenogam, diňlänogam. Öz dünýäsi bilen garabaşynagaý.
–Howwa, Görogly beg garrady. Süňkleri lagşady. Aýaklary diýenini etmedi. Dyzlary daýanmady. Dünýäň dört burçuna demi ýörän adam ine, indi gideýin diýen ýerine gidibilenok, edeýin diýen işini edibilenok, haçan görseň ýatyr, çüňke oklanan bir halta çakyr süňk ýaly. Bir günem süýrenip bardy mazarystanlyga. Görse nijembir ýagylary gaýtaryşan kyrk ýigidi kyrk tümmek bolup ýatyr. Görogly beg bozuldy. Bokurdagy dolup bir zatlar diýjek boldy, emma diýibilmedi. Ol içinden: “Howwa-da, gelmeli, geçmeli dünýe-dä bi, munda kim durupdyr, biz durar ýaly” diýdi-de, hasasyny söýget edinip galasyna tarap yrgyldap ugrady... –Nuhty Nazar çürüje kellesini gyşardybraga-da, gözüni çalarak çyzyp hälki goja tarap seretdi. Ýöne, onuň nä haldadygyny bilip bilmedi. Çünki, eýýämhaçan onuň öz gözlerem ýaşa dolupdy. –...Gyrat bir ýerden horguryp geldi. Eýesiniň ýüzüni, gözüni ysgaşdyrdy. Görogly beg bakyp görse Gyratyň toýnaklary jaýryk-jaýryk, ýörände ýempäp aýaklaryny zordan alýa, gapyrgalary sanabermeli hor, gözlerinden akýan ýaşlar tot-tozan bilen garyşyp, jikgesinde tokga tutupdyr, her biri torgaý ýaly. Ne guýruk galypdyr, ne ýal. Galanjasam çöp-çalamdan, çakyrtikenden doly. Muny görüp Görogly beg hasam hapa boldy. “Malym Gyrat, janym Gyrat! Başdaşym, syrdaşym, ýowuz günde ýoldaşym, Araz çaýyndan geçiren, Ýyldyz dagyndan uçuran Gyrat! Ýow güni men birini alýançam on duşmanyň başyny alan Gyrat! Bazar-dükanymyň ýapylanyny, meýlislerimiň sowulanyny bilip maňa duýgudaşlyk etmäge geldiňmi? Hä? Gyrat?!Aý gyrat! Gyrat-äý! Wah, Gyratym-äý!... –Nuhty Nazar düwündi. Dodagyny dişledi. Başyny ýaýakady. Kellesini titredip iňledi. Ep-esli wagt yzyny üzmän akkord berip oturyşyna kellejigini silkip, “häh” etdirdi. –...Görogly beg gözünden ýaş döküp oturyşyna Gyratyň boýnundan gujaklap:
Gargygulak jan Gyratym,
Degre-daşyň dolanardyň,
Meň başyma iş düşende,
Bedewlerden saýlanardyň... –diýdi-de, göz ýaşyny Gyratdan gizlemek üçin ýüzüni bir gapdala sowdy. Şol wagtam ýylgyrypjyk oturan päkize, ak güle gözi düşdi. Görogly oňa garap: “Eý, owadanja ter gül! Sen nämäňe ülpüldän bolup otyrsyň? Bu dünýede wepa ýokdur. Senem ertire galmarsyň” diýdi. Şol wagt Gyrat janawer boýnuny uzatdy-da, gök otlar bilen bilelikde ýaňky akja gülem ýalmap goýberdi. Görogly beg gyratyň erninden sallanyp duran baldaga bakyp: “Ana, aýtdym-a, men diýdim-ä men ýaňyja! Hany indi sen? Hany, indi sen ýog-a bu panyda” diýip buduna urdy. Soňam gyrata bakyp: “Bar, janawer otlaber” diýdi-de, boýnuna kakyp goýberdi. Gyrat gitdi. Kyrk derwezeli galany “däh” diýende alýan Görogly beg öz galasyna süýrenip zordan girdi. Hasasyna tyrkyldadyp barşyna Gyratyň ahyrynyň ýanynda çöküp dynç aldy. Ahyryň ýykyk-ýumrukdygyny görüp ýene-de hapa boldy. Ýigitleri bilen meýlisler guran toýhanasynyň haňlap ýatyşyny görüp hasam bozuldy. Yraň-dyraň edip Agaýunus periniň ýanyna bardy. “Eý, Agaýunus! Ölmek, garramak adamzada Allanyň eden eradasydyr. Oňa çäre bolmaz. Ýöne, seň aslyň otdan. Meňňem düşen günümi görüp dursuň. Bu boluşda indi ikimize-de kyn bor. Senem meni, Gyratymy göreniňde dünýäniň bipeýanlygyna ýanyp-bişip örtenersiň, menem seni görenimde öňkümdenem beter hapa borun. Şoň üçinem sen meni ýyldyz dagynyň gowagyna elt-de, özüňem mekanyňa gaýt” diýdi-de, goluna sazyny alyp bir nama kylar boldy...
Köpçülikden hemişekileri ýaly: “Hä-ä...”, “haý berekella” diýen dek şowhunly sesler eşidilmedi. Hemmäniň bokurdagynyň dolup, bir söz diýdigiň eňräberjek ýagdaýda oturandygy bildirdi.
Nuhty Nazar bolsa indi barmaklarynyň nirelere baryp, nirelerden gaýdýandygyny bilenok. Ünsem berenok. Hemme zat öz-özünden bolup barýar. Ýöne sazynyňam, owazynyňam henize çenli görlüp-eşidilmedik derejede ýakymly, sazlaşykly çykýandygyny welin aňýar. Muny oturan märekede aňýar. Öz aňýan zadyny olaryňam aňýandyklaryny aňan Nuhty Nazar hasam göterildi.
–...Elkyssa, Görogly beg sözüni tamam edenden soň, Agaýunus peri öz ýurduna gaýtdy. Erse periler munuň ýüzüne aýna tutdular. Agaýunusyň bir ýan ýüzi gara göründi. Periler aýtdylar: “Eý, Agaýunus! Sen şunça ýyl bile ýaşaşybam Görogly begi ölmezinden öň taşlap gaýtdyňmy? Eýle bolsa bar, gaýt, biz seni kabul etmeýäs” diýdiler. Periler şeý diýgeç, Agaýunus peri derhal yzyna gaýtdy. Geldi gowagyň agzyndan. Şol wagt Görogly beg garaňky gowagyň içinde arkasyny çyg diwara berip, öteni-geçeni ýatlap, içini hümledip otyrdy. Bir görse gowagyň ýarsy ýap-ýagty bolup dur. Sebäbi Agaýunusyň bir ýan ýüzi gara bolansoň şöhle saçmaýardy. Mähribanynyň gelenini görüp Görogly beg saňňyldap ýerinden galdy, gujaklady. Bagryna basdy. Ýaňaklaryndan ogşady. Onuň goýnuna girip, hoşroý ysyndan ganyp, dünýäniň gaýgy-gamyny bir şaýa alman gezen çaglaryny ýatlady. Bir çetde, çöp-çalamlaryň arasynda kerepläp ýatan dutaryny goluna alyp:
Eý, mahy-tabanym ýene geldiňmi...
–diýip, bir nama aýdar boldy, gör-bak, näme diýýär...
Her beýdiň soňundaky “geldiňmi” diýen sözi: Nuhty Nazar “Geldiňmi-e-eý, eý! Geldiňmi-e-eý, eý! Geldiňmi-e-eý,e-eý, eý! diýip, sozup, sogup, dartyp, ýygryp, süýjüdip, goýaldyp, gözleriniň gyrasy bilen kä burçdaky goja tarap, käte-de elindäki bloknotynyň ýüzüne galamyny çoçjaýdyp ýöne, hiç zat ýazman oturan ylmy işgäre tarap yşyklap şeýle bir zaryn aýdýa welin, hiç çydar dagy eder ýaly däl. Akkordeonyň sanajyny dagy dazladyp-dazladyp dartanda, gollary guşuň ganaty kimin iň soňuna çenli gerilýär-de soň ýene-de pessaýlap aşak gaýdýar. Der diýeniňem maňlaýyndan gaýdýarda, kepje ýaly inçe ýüzüň üsti bilen edil daglardan sil inen ýaly şabyrdap öňüne dökülýär. Gözlerinden çykýan ajy, gyzgyn gözýaşlaram şoňa goşulýa. Şol pursat elinden akkordeonyny alagada, şäher jaýlaryny bug bilen ýyladýan ýygyrt-ýygyrt, çoýun bateriýalaryň birini tutduraýanyňda-da ol emgenmän çekerli, çalaýarly göründi.
–...Görogly beg sözüni tamamlandan soň Agaýunus bolan işi beýan etdi. Görogly oňa aýna berip: hany, ýene-de bir seret, diýdi. Ýunus peri görse maňlaýynda bir jugra, sag ýaňagynda hem bir jugra hal bar. Görogly oňa: Bar, indi barsaň kabul ederler, ýöne kazam dolup bu dünýeden ötsem bir alamat görersiň, şonda gelip habar tutsaň, aýat-töwür okasaň, kuran çykartsaň, wagtly-wagtynda aşymy-suwumy, kyrkyma çenli her anna agşamy jumalygymy berseň bolany, diýdi. Agaýunus gaýtdy. Bu gezek periler ony kabul etdiler. ...Bu gürrüň bu ýerde dursun, indi habary Hüňkar patyşadan alalyň...
Başda: şo dessany aýdyp bizi gynama, diýen orta ýaşlaryndaky, tokarja ýigit ýerinden turdyt-da, nasly agzyny dik-göge tutup:
–Aýtma-a-a, aýtma!.. –diýip ulyili bilen gygyrdy. –Alma şondan habaz!..Aýtma şo ýezini! Taşla! Böküp ges!
Ylmy işgär oňa-da garşy çykdy.
–Nämüçin? Nämüçin aýtmaly däl? Goý aýtsyn! Muňa folklor diýerler. Biziň-ä gözläp ýörenimiz şular ýaly zatlar.
Tokgaja ýigit gözlerini agdar-düňder edip:
–Olaz ýaly bolsa biz-ä şu ýezini diňlejek-gä, soňundan geläýjek –diýdi-de, ýassygynyň aşagyndan nas kädisini alyp gapa tarap ýöneldi. Tasanjyrap barşyna agzyny pakgyldadyp ylmy işgäre ýüzlendi. So ýezini Pälwan bagsam aýdanokdy... Sägiztlezine-de aýtdyzanokdy. Aýtmaň diýip sazgaýady.
Bu ýagdaý Nuhty Nazary hasam joşdurdy. Edil şol wagtam burnunyň öňünde düýbi bir owurt çaýly tanyşja käsesi peýda boldy. Şony noş edenden soň burçda ýatan ýaşulam: aýdyber inim, diýip elini ülňän ýaly boldy. Nuhty Nazar indi öňkülerindenem has belent derejä mündi.
–Görogly begiň garrap gowakda ýeke ýatandygy baradaky habar baryp Hüňkar patyşa ýetişdi. Ol serkerdelerini ýanyna çagyryp: Eşek ogrusy zaňňar Görogly guraw wagty bize hezil bermedi. Indi garrapdyr. Özem Ýyldyz dagynyň gowagynda ýatyrmyş, derhal baryň-da tutup getiriň bir bagryny myjap heziller edeýin, diýdi. Zalymlar gaýtdylar, şakyrdaşyp. Gowakdan garap görseler dogrudanam Görogly beg agyr halda ýatyr. Ýöne, zandy bir mertden dörän merdana, gerçek goç ýigit bolansoň aman dileme ýok, gaýtmyşym ýok, gaýtam: “Geliň, bigaýratlar, sizden gaýdan enesinden dogmasyn” diýip olara haýbat atdy. Keýmir okunam sary ýaýa dolduragada r-ras, bir dartdy welin, sähelçe bahana tapsa ýazjak bolup duran süýekler zora çydabilmän “şakyr-r-şakyr” ses edişdiler. Bolsada öwrenen endik, ýaýyň tözi ýetjek derejesine ýetdi. Barmaklar gowşandanam yzy üç ýelekli ok garaňky gowagyň içi bilen sygyryp gitdi-de, girelgäni gallaşyp duran duşmanlaryň dokuzysynyň döşünden girip, onunjysynyň ýagyrnysyndan çykdy. Ikinji gezek atanda otuz dokuzysynyň içinden geçip kyrkynjysynyň garnyna sanjyldy. Şolaryň arasy bilen serkerdelerem öldi. Bu ýagdaý duşman leşgerleriniň arasynda başagaýlyk döretdi. Goşun yzyna gaýtdy. Hüňkär muňa gahar edip öňküdenem köp goşun ýollady. Şonuň üçinem bu gezek duşmanyň labyry agyr geldi. Üstesine Görogly begiň okam gutardy. Oturan ýerinde birentegini daş bilen gyrdy. Soň düýrme gylyjyny eline alyp tenha özi söweşe girdi. Urdy, sançdy, agdardy, ýykdy, basdy, öldürdi. Gowagyň içinde, agzynda duşman leşgerlerinden ýaňa depe turdy. Söweşip alybilmejeklerine gözleri ýetensoň, duşmanlar ony ýaý okuna tutdylar. Görogly ýaradar boldy. Gyraty kömege çagyrdy. Gyrat haýkyryp geldi-de, ýygnyň bir çetinden girdi. Depdi, gapdy, ýykdy, garnyndan basyp öldürdi. Şeýdip barşyna ol ýene-de duşman leşgerleriniň ýarsyndan gowragyny gyrdy. Özem eli ýalaňaç gylyçly gowagyň agzynda garry bürgüt ýaly gabaryldy oturyberdi. Şol oturşyna-da: “Hany, Hüňkaryň özi gelmedimi, baryň, aýdyň, gelsin, armanly bolmasyn” diýip daş töweregine haýbat atýa. Gylyjyny çalarak buladygam leşgerler basgy tapýalarda “walalaýlaşyp” allaowaralara gaçýarlar. Ahyram bir tär bilen ýeňsesinden geldiler-de üstüne tor atyp tutdylar –Nuhty Nazar “zo-ok, zo-ok” etdirip uzyn-uzyn akkordlar berdi-de, bir dyzyna daýandy. –Şeýlelikde adamlar...
Ol şeý diýenden, esli wagt bäri çaý guýmagam unudyp, “hys-hys” edip oturan “çaýçy” Nuhty Nazaryň ýüzüne çiňerildi-de, gözlerini çerreldip hälki naspuruşyňkydanam edrenç ses bilen:
–Aýtma-a-a, aýtma! Yzyny aýtma! Aýtsaň razy däldirin... –diýip gygyrdy.
Onuň sesi akkordeonyň “zygyldysyna” goşulyp gitdi.
–Şeýlelikde adamlar... Şir hudanyň şägirdi, türkmeniň ägirdi, Jygalybegiň agtygy, Adybeg soltanyň ýalňyz zürýady, Çardagly Çandybiliň patyşasy Görogly beg duşman eline düşdi. Başy kesildi...
Edil şol wagtam äpişgäniň aňyrsynda tapyr-tupur peýda boldy. Yzanda-çuwanlyk başlandy. Birde aýallaryň: “waý” sesi has belent ýaňlansa, birde assaly-ýuwaşly “horkuldy” “hyňkyldy” eşidildi. Kem – kemdenem daşlaşdy.
Oturanlar aňka-taňka boluşdylar. Bir-birleriniň ýüzüne çiňerilşdiler. Öýden çyksa-da gidibilmän gapynyň agzynda duran bor-a çemeli, hälki, agzy nasly pyýada böküp girdide, nämüçindir ýene-de hut ylmy işgäre tarap barmagyny çommalydyp:
–Ana gözdüňmi! Maksadyňa ýetdiňmi? Aýtdym-a men, niýetiňiz düzüw däl diýip. Toý güni toýhana içinde ýas aýdymyny aýtdyzyp otuzşyňyz ýamandy siziň... Ana, indi ... Honha indi.. –diýdi. Durup bilmänem aglady. –Hana indi gitdi bir bende “gak” diýip.
Çaýçy bir-ä oňa, birem ses gelýän tarapa üşerildi-de:
–Häýk, Ata keriň enesi agyr ýatyrdy welin, şodur-ow şü –diýdi. Henizem dünýeden bihabar dessanyň yzyny aýdyp oturan nuhty Nazaryň dyzyndan basdy. –Goý!..
Şeý diýdi-de, ol-a zöwwe ýerinden galdy. Onuň öýden çykaryna mähetdel başga biri:
–Şo bende meň göbek enemdi, barmasam bolmaz, –diýip, myňňyldady. Ýerinden turmaga synanyşdy. Emma galybilmedi. Ozalam “goý” diýlenine jany ýanyp oturan Nuhty Nazar nämäniň-nämediginem aňşyrman:
–Haý, eşekataly! Näme, Görogly beg seň göbek eneň boldumy indi! .. –diýid-de, iki dyzyna galaga-da oňa tarap penjesini ýaýdy. Öz badynada özi ýykyldy. Ýüzi baryp ýarmaly jama süsdürildi. Bir eli gatykly jama, beýleki elem içi gyzyl salatly tarelka çümdürildi. Bir gapdala agyp düşen akkordeon buga gelen sygyr ýaly uzyn-uzyn “molady”.
Nuhty Nazary golundan tutup turuzdylar. Hälki içi belaly çäýnegiň üstüne ýapylan polotensa bilen ýüz-gözüni süpürdiler. Ýagdaýy düşündirdiler. Kimdir biri: “Toý bilen ýas bile gelýändir adamlar, oturyberiň, özem bir garry adam, yzy abat, türkemnler olar ýalynyňka toý diýýäler” diýdi. Emma oňa garşy çykdylar. “Garry bolanda gaýdyp gelýämi, o bende o ýerde eýdip ýatyrka biziň bu ýerde beýdip oturmagymyz bolmyýa” diýdiler-de, ur-tut örmek bilen boldular. Gapa ýetip-ýetmänkälerem:
–Ýak, he-eý, –diýşip, ilki çykanlar ýyljyraklaşyp içeri girdiler –Oturyberiň arkaýyn. Hiç zat bolmandyr, hiç kimem ýogalmandyr.
Hasasyna söýenip iki bükülip duran goja kişi sakgalyny saňňyldadyp olaryň ýüzüne ýeke-ýeke çiňerildi.
–Onda o çykan ses näme?
–Aý, şü, äpişgäniň öňünde oturyp aýallar dessan diňläpdirler-de... Görogly begiň ölümine döz gelibilmän...
Şol wagtam hälki Nuhty Nazary goýbermän alyp galan öý eýesi oturşyk başlanaly bäri birinji gezek peýda boldy-da, içgiden, aladadan mazaly ýadandygy bildirip duran argyn ýüzüne zoraýakdan ýylgyrma alamatlaryny ýaýradyp:
–Aý, biz-ä “seňk-seňk” bilen bagşyny diňläbem bilmedik, how! Dawaý, ýamaşakgetdandan başlalyň muny. Hany, bagşy senem “zok-zoguňy” eliňe al, diňläli bäş-üç heň –diýdi. –Menem ine derrew malyşlara aýdaýynda ortany ýygnadaýyn, hemem naharlary täzeledeýin.
Şondan soň kimsi: “Howwa-laý, şeýdeliň-laý” diýip özüni duran ýerinde aşak goýberse kimsi: “Aý, biz-ä ýadadyk, indi ýatjak, ýaňkylaram bar badymyzy aldy” diýip bir gapdala süýndi. Galanlarynyňam biri çykdy, biri girdi, garaz öňküdenem beter bir erew-de berewlik başlandy.
Hälki ýaşulam Nuhty Nazaryň alkymyna dykyldy-da:
–Äl-äýt, inim bizem bir ahyr ýaşda juwanhalar, myssyjak aýdymlardan eşidäýjekdik welin, halys garrap dogan ýaly ekeniň-aý, –diýdi. –“Gyz mämmeleriňi” zady aýdaryn diýseň-ä hälem bolsa galjak... Bolmasada gidip ýatjak. Ölümden bizar biz. Bize ölüm gerek-gä. Ölmelidigini biz onsuzam bilýäs.
Hemmeler Nuhty Nazaryň ýüzüne seredişdiler. Emma onuň uzaga çeken güýçli duýgudan soň lerzana gelen bedeninde indi öňki joşgun, başdaky badyhowalyk ýok. Gowuşgynsyzlyk, ysgynsyzlyk, gitdigiçe basmarlaýar. Gabaklarynyň içine gum dykylan ýaly uky bürüp alyp barýar. Iň ýamanam ýüregi bulanyp başlady. Ýene-de sähelçe eglense, öňündäki üsti naz-nygmat galyndylaryndan doly saçagyň üstüne gaýtaraýmagam ahmal.
Ol özüni şu ýere getiren dostuny yşarat bilen ýanyna çagyryp:
–Meni şu ýerden bir çykar, –diýmäge zordan ýetişdi.
Onuň ýagdaýynyň gowy däldigini hemmelerem aňdylar. Şonuň üçinem ony saklajagam bolmadylar. “Aý, bolýa, degmäň, dynç alsyn, hezil beribildi” diýişdiler.
Daş çykansoňlar Nuhty Nazar öz ýanlarynda ýoldaşyndan başga-da biriniň bardygyny duýdy. Ýöne, onuň kimdigini takyk bilibilmedi. Ol bolsa çigni bilen Nuhty Nazaryň çignine käte bir kakyp, ýantaklap gelşine Görogly dessanynyň ýaňky şahasynyň şu wariantynyň golýazmalar fondunda ýokdugyny, ony özüniň hökman göçürip almalydygyny, bular ýaly üýtgeşik zadyň halk köpçüligine hökman ýetirilmelidigini, bardy-geldi gözläp baraýsa dagy özüni haýsy institutyň haýsy kabinetinden tapmalydygyny, telefon belgisiniň näçedigini, barsa ýa jaň etse iňňän minnetdar boljakdygyny öwran-öwran gaýtalaýdy gitdi oturdy.
Onuň şu şaha bilen edebiýat taryhyna giräýmeginiňem ahmaldygynam telim ýola dagy terkarlaýardy. Diňe aýyň ýagtysyna ýylçyr kellesi ýyldyrap gidenden soň Nuhty Nazar onuň kimdigini aňdy.
Onuň bu wagt bir çete çekilip mazaly içinio egisesi, yzyndanam adam sesi düşmejek pynhan bir ýerde çolarak jaýyň içinde tä, dogar aýyň ýagtysyna çenli galman, oýanman ýatasy, geldi.
Hekaýalar