22:35 Türkmen bedewiniñ toýy | |
TÜRKMEN BEDEWINIÑ TOÝY
Ýatlamalar
Zeminiñ ýüzünde dürli nesilden bolan bedewler sanardan agdykdyr. Ýöne saña taý geljegini jahany aýlansañ-da tapyp bolmasa gerek! Sen Allatagalanyñ mähri siñen, ynsan gylykly janawarsyñ! Göroglynyñ, Jelaleddiniñ, Baýram hanyñ, Keýmir kör ýaly mertleriñ ýowuz günleriniñ ýoldaşysyñ. Olar seni başyna deñän bolsa, Seýdi şahyr üstüñi Süleýmanyñ tagtyna deñäpdi. Sowet döwründe seniñ damagyña pyçak çekdirilip, süññüñ paltaladylypdy. Şol ýyllarda türkmen gojalary seniñ başyña düşen ahwalatlara gynanyp, gartalyşan ýañaklaryndan düwme-düwme gözýaşlaryny ene topraga siñdiripdiler. Garaşsyz, özbaşdak, dünýewi döwlet bolan badymyza, seniñ şanyña ýörite baýram gününi belläp başladyk. Muña türkmen halky begenip, iki bolabilmedi! Şeýledigine ýylyñ-ýylyna türkmen bedewine bagyşlanyp Watanymyzyñ ähli künjeginde geçirilip gelinýän dabaraly toýlar mysal bolup biler. Şeýle dabaraly toýlaryñ birini-de hemişe diýen ýaly Isgender obasyndaky "Gulmaç" firmasy giñ gerim bilen, şagalañ bilen belläp gelýär. Toý märekesi irewde-birew. Hemmesiniñ ýüzleri mylaýym ýylgyryp, gözleri gülüp dur. Toýa taýýarlyk görýän adamlaryñ aladasy özüne ýetik bolýar. Kim mal soýmaly. Kimsi gazan ataryp, aşagyna ot ýakmaly. Kimler mähellä çaý-suw bermeli. Garaz, ownuk-döwnük toý işleri başlaryndan agdyk. Sähelçe wagtdanam gazanlardaky çekdirmäniñ, palawyñ ysy müşk urar. Bereketli toý saçagy giñden ýazylar. Nygmatlar çekiler. Toý märekesi kemsiz naharlanar. Töwir galdyrylar. Jarçy: "Çapgy meýdanyna baryñ ha-a-aw!" diýip, öwran-öwran bogazyna sygdygyndan gygyrar. Mähelle soguşyp, toýhana meýdançasyna som-saýak bolup ugrar. Märekäniñ nazarlary bedewlere gönüger. Atlar synlanar. Gözüñe söweýin atkeçeli türkmen bedewleriniñ messan-messan basyp, toparlaýyn barşy, toýa gelen gelin-gyzlaryñ süýnüp-sarkyp, sallanyp ýörişleri bilen bäsleşýän ýalydyr. Pellehana bellenip, baýdaklar dikiler, jarçynyñam keýpi kökdür. Şöwre giden at ýaly eminleriñ öñünden ikibaka kessirim geçer. Aran-aram arçynyp, gygyrmaga ykjamlanar. Eminelr ulusyna (sekiz aýlaw, her aýlawy 1,5 km) gitjek atlaryñ baýragyny jarça aýdar. Onun geregi-de şoldyr. Dessine: "Ulusyna iki sany fabrik halysy, iki kişilik pombarhat mata, 5 metr polotno ha-a-aw!" diýip, öwran-öwran gaýtalar. Atkeçeler sypyrylar. Bedewleriñ bili çekiler. Kelleleri ak ýaglyk bilen dañylan atoglanlar atlara atlanar. Atlar toparlanyşyp, toýnak salşyp barýandyr. Ynha, birdenem gökdereli Öre Berdiniñ aty ýakasyny saýlap başlar. Üç-dört aýlaw taýak atym öñe saýlanyp gaçar. Haýp, ata oñly der gelmese näme. Goşaobaly Mürzegeldi Esenamanowyñ Boýan diýen atyja kemsiz der iner. Agar. Janawat gargy gulaklaryny öñe dikip, barha arany ýygyrar. Uzak kowmalam bolmaz. Öñdäki atyñ yzyndan ýetip, öñe saýlanar. Mundan soñ yzyndan ganatly guş bolmasañ ýetibilmersiñ. Ýüwrük ýaryşda belli. Seýis özüni şular ýaly ýerde tanadar. Ol ulusyna goýlan baýragy kakyp alyp ötägider. Şonda Mürzegeldä gözaýdyñ aýdyp, birki agyz gürleşipdim. Boýan adygan bedew eken. Gazagystanda iki gezek toýa gatnaşyp, ikisinde-de 40 kilometr aralykda ulusyny alan bolsa, geofizikleriñ tutan toýunda-da, Nebitdagyñ golaýyndaky çapgyda-da ulusyny alypdyr. Nesip etsin! Ikinjisi - bir uly haly, bir kişilik pombarhat mata gökdereli Öre Berdä nesip etdi. Soñra jarçy ikinjä alty aýlawa iki sany çapgynyñ boljakdygyny mälim eder. Şol aralykda "Gulmaç" firmasynyñ ýolbaşçysy Dýegurban Mürzäýew bilen söhbetdeş bolupdym. Ol ýüze golaý atyñ gatnaşýandygyny nazarda tutup, çapgy sanynyñ ikisini artdyryp, on alta ýetiripdir. Ol Bedew baýramçylygynyñ hatyrasyna 27 sany uly fabrik halysy, on kişilik pombarhat köýneklik, iki top polotno, birnäçe çargat, 15 sany men diýen öweç, bir sygry orta goýupdyr. Ikinjisi alty aýlawdan iki çapdy. Bu çapgyda gökdereli Öre Berdiniñ aty birinji, okly Sapardurdy Elýasowyñ aty ikinji, däneataly Soltanyñ aty üçünji bolup, sag-aman toýhanadan geçipdi. Alty aýlawlyk ikinji çapgyda Öre Berdiniñ aty birinji, Çerkezliden Nedir aganyñ aty ikinji, okly Atjanyñ aty üçünji bolup, gymmatbaha baýraklara mynasyp bolupdylar. Çapgy sagat onlarda başlap, üçlere çenli çenli dowam etdi. At çapgy sag-aman sowuldy. Dabaraly geçen baýramçylykda Gazanjyk etrabynyñ medeniýet öýüniñ "Kürendag" estrada ansamblynyñ bagşydyr sazandalary toý mähellesiniñ gulagynyñ kirini açsa, şol etrabyñ belli bagşysy Myraly Gaýybowyñ ogly üç-dört sagatlap aýdym aýdyp, heziller beripdi. Ona gyjakda Aşyrmämmet Dawudowyñ ogly Baýram sazandarlyk edipdi. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |