11:06 Bagşy / hekaýa | |
… Otuzyň pellehanasyndan geçip kyrkyň ýoluny ýarpylaberen bagşy ýigit daşyna gyrmyzy begresden gap geýdirilen dutaryny aldy-da, daş çykdy. “Bagşy, gün-ä ýaşdy welin, çaý-suwdan keýpiňi köklän bolsaň, ol otaga geçip, birsellem saz-söhbet ediläýse neneň görýärsiň?!” diýen toýuň eýesi – saçlaryna elli ýaşyň gyrawy düşen, dolmuş adam, onuň öňüne düşüp barşyna ýol görkezdi. Gelin edinýän hojalyga goňşulykda ýerleşen jaýdan daşaryk çykan dessine bagşy, jaýyň günortasynda, ýandaklarynyň başyny assa agşam şemalyna yrgyldadyp, ýaýylyp ýatan giň meýdanyň aňyrsyndan gelýän şagalaň-şowhunyň gohuny eşidip, üşerildi. “Goňşy obada-da toý bar öýdýän” diýip ol sähel salym säginip oýlandy-da, öňünden barýan öý eýesiniň yzyna eýerdi. Şemalyň assa akymy göýä bagşynyň çakyny tassyklamaga howlugýan dek, häzirki zaman saz enjamlarynyň dürli-dümen dürüşde owazyny hem dilini aýnadyp, aýdyma zowladýan aýdymçynyň sesini obanyň çetindäki boşluk meýdanyň üstünden ýandaklaryň başyna süýkäp-süýkäp alyp geldi. Bagşy şemalyň akymy bilen tazygyp gelen goha üns bermän, toý eýesiniň görkezen jaýynyň işigine bardy. Bosagadan ätmekçi bolany hem şoldy welin, içerden ýüzi düwürtiklerden doly bir ýigdekçe ýüzüni sortduryp, daşaryk çykdy. Onuň burnuna salyp pyşyrdan: “Äý, dutar bolsa, birmahal goňşy obadaky toýa giderdim-ä!” diýen hüňürdüsini bagşydan özge hiç kim eşitmedi. Ỳüzüne urlan ýaly bolan bagşy sesini çykarman gödek jahyla ýol berdi. Ol deňesinden ötenden soň “salawmaleýkim” bilen bosagadan ätledi.
Hekaýalar
Otag dardy. Güýz gijesiniň çigreginiň düşendigi sebäpli otagyň iki sany penjiresi hem ýapylgydy. Içerde oturanlar kileň ýaşy ortadan agan adamlardy. “Meger, toý eýesiniň dost-ýar-tanyşlary bolsa gerek” diýip, bagşy ýigit olaryň ýaşyndan çen tutup pikir öwürdi. Soňra ol özi üçin törde ýazylan körpeçäniň üstüne geçip, aýbogdaşyny gurup oturdy. Dutarynyň daşyndan gyrmyzy begresi sypyrdy. Tarlaryna kakyşdyran bolup, gulaklaryny towlap, goşa taryny düzüp ugrady. Hemişe şeýdip, saz çalmaga, aýdym aýtmaga taýýarlanyp başlanda onuň göwrümi giňäp gidýärdi. Damarlarynda gany at çapyp, tizräk öz sungaty, öz ussatlygy bilen töweregindäki adamlary özüne imrindirip başlasy gelýärdi. Emma bu gün welin, ol özüniň on ýaşly çagalygyndan bäri aýrylmaz hemrasy bolan dutaryny näçe sypaň-sermeň etse-de, kalbyny dolduran lapykeçlik göwnünden çykyp gidibermeýärdi. Eýýäm bakyýete göç eýlänine on ýyly boluberen ejesi pahyryň gijelerine gözüniň köküni gyryp tiken tahýalaryny, keşdelerini, dokan taralaryny satyp, Ahal iliniň iň ökde ussasyna ýasadyp beren dutary hem bu gün onuň üçin keseki ýalydy. Onuň tarlarynda, sapynda ýalňyz dikrarynyň ile meşhur bagşy bolup ýetişmegini arzuw edip, arzuw edip, ahbetinem yhlasynyň gowşandygyna guwanyp, rahatlyk bilen gözlerini ýuman mähriban käbesiniň elleriniň yssysyny, mährini duýmaýardy. Dogrusy, ýaňky gögeläniň çylkasyz sözleri hem “durnanyň üstüne urna” bolupdy welin, bagşynyň lapykeçliginiň sebäbi diňe ol sözlerem däldi. Soňky döwür, birhili, onuň göwnüne bolmasa dutaryň möwriti geçip barýan ýalydy. Birmahallar ummasyz mähelläni ýüpsüz özüne baglap, bir söweşden çykyp beýleki söweşe girip ýörüşlerine egri gylyjyny ýassanyp ýatýandyklary sebäpli ýürekleri daşa dönüp giden gerçekleri bir pursatda hem agladyp, hem güldürip bilýän goşa taryň gadyry gaçana dönüp barýardy. Elbetde, adam diýen aýdym-sazsyz-a oňup bilmeýär welin, soňky ösdürimler iki sany gyl ýaly taryň heňine gulak gerenlerinden bir düwmäni basanyňda ýetmiş iki dürli saz guralynyň sazlaşykly mukamy bilen jogap berýän enjamlaryň owazyny diňlänlerini, tebigy şirin owazy bilen aýdymy kalbyndan sogduryp çykarýan bagşynyň sesine imrigenlerinden bolsa kompýuterde müň dürli heňjagazlar, ýaňjagazlar bilen bezelen häzirki zaman aýdymçysynyň aýdymyna gulak gerenlerini kem görmeýän ýalydy. Dutaryny düzüp boldum eden bagşy, aýdym-saza başlamazyndan öň otagyň içine birlaý göz aýlady. Onuň göwnüne bolmasa öýde oturanlaryň aýdym-saz bilen weji ýok ýalydy. Bu ýagdaý bagşynyň hasam keýpini bozdy. Onuň aýdym-a asla aýdasy gelmedi. Ỳöne her niçik-de bolsa özüne ýalbaryp-ýakaryp, uly yhlas bilen alyp gaýdan toý eýesiniň göwni üçin diýip, dutaryny eline aldy-da, saza başlady. Ilki bilen “Söýli halanym” sazyny çalyp ugrady. Ỳöne öz saz çalşyndan onuň göwni suw içmedi. Dogrusy kakuwyny hem bozmaýardy, heňleriň yzygiderliligini-de bulaşdyrmaýardy. Emma… Ỳürek bilen çalmaýandygy zerarly goşa taryň heňi diňleýänleri tisgindirmegiň, gobsundyryp özüne tarap dartmagyň deregine öli çykýardy. Özüniň tow berlen gurjak ýaly dutaryny “tyrňyldadan” bolup oturşy birden bagşynyň janyna batdy. “Päheý-de welinim, şu mahal halypam ýa-da ejem görgüli meniň şu saz çalşymy eşidäýen bolsalar mazarlarynda dik oturardylar…”. Özüne gahary gelen bagşy bir “turup gaýdybereýin hem” diýdi. Emma beýle hereket etmegi özüne uslyp bilmän, ýene-de özüne zor salyp, çalyp oturan sazyny dowam etdirdi. Şol pille-de olaryň oturan otagynyň işigi “jygyldap” açyldy-da, içerik reňki saýgarmaz derejä çenli sary gidip, göwşüllän köýnekli, ýüzüniň hamy gasyn-gasyn bolup giden bir garry zenan girdi. Giren ýerinde işikden bir gyra çekildi-de, köne gyňajyndan ýaşmagyny düzedişdirip, ýeke dyz oturdy. Öýdäkiler: “Gel pylan eje-de, geç pylan eje” boluşdylar. Özüne zor salyp, ýapyrylyp saz çalmaga çytraşýan bagşy ýigit ol garry zenanyň adyny eşidip ýetişmedi. Diňe sazyny tamamlandan soňra başyny göterip, çaý owurtlamak üçin käsesine elini uzatdy welin, işigiň agzynda çugutdyryp, muňalyp oturan görgüli gözüne ildi. Onuň ini dyglap gitdi. Ol görgüliniň bir gysym bolup, ýygrylyp, gabaklaryny hem aşak sallap oturyşy, kakasynyň ýedisi güni, agşamara, enesi pahyryň gugaryp, boşap galan öýleriniň eýwanynyň diwaryna arkasyny berip, hamsygyp oturyşyna çalym edýärdi. Çagalygynyň hasratly ýatlamalary oslagsyz hakydasyna gelende bagşy ýigdiň bogazy dolup gitdi. Ol assyrynlyk bilen aşak eglip ýakynynda oturan toý eýesinden: “Bu daýza kim?!” diýip soramak isledi. Şol pille-de işikde oturan görgüli gözlerini göterip, oňa tarap garady welin, olaryň nazarlary sataşdy. Görgüliniň çuňalyp-çuňalyp guýa dönen gözlerindäki tükeniksiz gussa bagşynyň ýüregini gyýym-gyýym etdi. Özüne garşy ýeke pursatlyk garandan soňra gabaklar bilen örtülen gözler, göýä: “Çalsana guzym, garry göwnüň gemre baglan gussasyny egseli-le!” diýip pyşyrdaýan ýalydy. Bir pursatda bagşy, garry görgüliniň gözlerindäki haýyşdan özge ähli zady unutdy. Lapykeçligem, öz-özünden göwni geçmesi hem…barysy ýeliň demine düşen tozgalar dek onuň köňlünden zym-zyýat boldy. Ol dutaryny hyruç bilen eline aldy-da, saza başlady. “Gökdepe mukamynyň” ilkinji zaryn heňleri ýaňlanyp başlan badyna içerde oturanlar özara hümürdilerini goýup, üşerilişdiler. Gözlerini ýumup, dutarynyň üstüne ýapyrylan bagşy ýigit bolsa çalyp oturan sazyndan özge ähli zady unutdy. Ol hatda özüni hem ýadyndan çykardy. Özüniň adamdygyny, kimdir biriniň toýunda dutar çalyp oturandygyny, bedeniniň hem ähli adamlaryňky ýaly etden, süňkden, damardan we gandan ybaratdygyny… Bar zat bagşynyň ýadyndan çykdy. Öz dutarynyň goşa tarynyň arasyndan syzylyp çykyp hemmeleri jadylaýan heňlere öwrülen ýigit, örküni ýerden üzdi-de asmana galdy. Şol ýerdenem şirin saz bolup ýaňlanyp ugrady. Onuň yrňyldap duran ymgyr heň ummanyna dönen kalbynda bolsa diňe: “Ene jan, seniň üçin! Saňa bagyşlaýaryn, ene jan!” diýen ýekeje jümle gaýtalanýardy. Otagdakylar tutuş gulaga öwrülip bagşyny diňläp başladylar. Bagşy bolsa gözlerini açman, özüne maý bermän mukamyň yzyna mukamy düzüp barýardy. “Goňurbaş mukamy”, “Aýralyk mukamy”, “Söýgi mukamy”, “Burny aşak”, “Hajygulak”, “Atçapar”… Türkmeniň şirinden-şirin owazlary yzly-yzyna ýaňlanýardy. Mukamlaryň heňleri otagdakylaryň depesinde aýlanýardy-pyrlanýardy, otagyň dar diwarlarynyň çygryna sygman diwarlara urulýardylar. Ähbetinem özlerini gyzgyn çägäniň suwy siňdirişi deýin teşnelik bilen gapyp duran adamlaryň kalbyna aralaşyp, olaryň ýüreklerine çökýärdi. Soňabaka içerdäkiler: “içeri gyzgyn” diýip penjireleri hem, işigi hem açdylar. Şondan soň toý aladasy, toý şowhuny bilen daşarda gezişip ýören ähli adamlar, aýal-oglan-uşaklara çenli aladalaryndan-güýmenjelerinden ellibizar geçip, keçelerini süýreşip bagşynyň saz çalýan jaýynyň öňüne üýşüp ugradylar. Bir çäýnek çaý içesi salymyň içinde jaýyň öňi uly mähelleden ýaňa hyryn-dykyn boldy. Şol pursadam kalby aşa joşan bagşy öz kalbynyň owazlaryna tap getirip bilmän, kakuwyny üýtgetdi-de, “Ak ýüzli maralym-a” zowladyp ugrady. Iň belent perdeden tutulyp aýdylýan aýdymyň sesi göýä owazy müň esse güýlendirýän enjamdan çykýan ýaly, al-asmana göterildi-de, giden boşluk meýdanyň depesinden ýaňlanyp, goňşy obadan eşidilýän şagalaň-şowhunyň gohuny hem basyp, allaowarralara tarap uzalyp-uzalyp gitdi. Daşarda oturan gartaşanrak adamlaryň biri buýsanjyna bäs getirip bilmän: -Haý, jan diýdim-ä saňa, jan-jan diýdim-ä, bagşy jan! Jan diýdim-ä, sesiňe! Aperin saňa-how, inim! Gaýtar, ýene-de şol perdeden! Aýlandyr, ýene-de bir ýola, aýlandyr, şol ýerden!-diýip gygyryp goýberdi. Içerde dünýäni undup aýdyma zowladýan bagşy ýigit göýä, onuň sesini eşiden ýaly, aýdymyň ýaňky sözlerini öňki belent perdesinde gaýtalap-gaýtalap, çekdirip goýberdi welin, diňläp oturanlaryň ählisi ýerli-ýerden gygyryşyp başladylar: -Haý-haý saňa, bagşy jan! -Elleriňe güller bitsin, bagşym! Hudaýym, çagajyklaryňa guwan! -Aldyň-la-how, inim, aldyň-la! -Aýlandyr, bagşy jan, aýlandyr şu mahal, mazaly gyzdy indi! “Bu hem ene jan, seniň üçin! Ine muny-da saňa bagyşlaýaryn, ene jan!” diýen ýekeje jümläni içinden sansyz sapar gaýtalap oturan bagşy bolsa daş-töweregindäki şowhuna baş galdyrman burçak-burçak derläp, saz çalýardy. Arasynda-da gözlerini açman, demini dürsäp-dürsemän diýen ýaly täze aýdyma başlaýardy. Onuň daşyna üýşen mähelle bolsa iýmegi-içmegi, ukuny-beýlekini undup, goşa taryň jadysyna ýüpsüz kökerilip otyrdy. Şeýdibem bagşy daňyň düýbi çyzylýança aýdym aýdyp, saz çaldy. Ol entegem özüni bilmän dowam etjekdi. Ỳöne synçy toý eýesi onuň halys surnugandygyny aňyp: -Adamlar, indi besdir! Bagşyny halys ýadatdyk. Ol hem adam, oňa hem düşüneliň!-diýip, ony bes etmäge mejbur edäýdi. Bagşy gözlerini açyp, ilki bilen işige garşy seretdi. Garry görgüli ol ýerde ýokdy. Bagşy dodaklaryny müňküldedip, toý eýesinden şol garry ene barada sorajak boldy. Emma näme üçindir, dilini dişläp dymdy. Onýança ol ýerinden turmakçy boldy welin, gurşan aýaklaryny aýbogdaşyny gurup oturyşyndan açyp bilmedi. Toý eýesi bada-bat onuň ýagdaýyna düşündi: -Hany oglanlar, geliň derrew bagşa kömek edeliň, aýaklaryny owkalaň-da ýerinden turmaga kömek ediň!-diýip, beýle ýanynda duran degenek jahyllary çagyrdy. Özi bolsa egnindäki täzeje possunyny sypyrdy-da bagşynyň egnine atdy: -Deriň gaýtmasyn, inim! Al, nesip etsin! Bu häki bir toý paýy! Häzir serpaýyňy indi ýetireris! Elleriňe güller bitsin, hezil berdiň, ýüz elli ýaşa, inim!... “Watan” gazetiniň 2008-nji ýylyň 10-njy oktýabryndaky sany | |
|
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |