…Çägesöw kenar tolkunlaryň getiren balykgulaklaryndan doly. Hamana, misreňk çägä balykgulak ekilen ýaly. Kenardan ýüz ädime golaý daşlykda, deňziň içinde, bassyrmaly täler bar. Ol kaşaň myhmanhanada ýaşaýanlaryň kenara hüjüm edýän gomlara tomaşa kylyp, dynç almaklary üçin niýetlenen. Bassyrmanyň demirgazyk künjündäki demir tokurtganyň edil erňeginde, serçä çalymdaş bolsa-da, ondan gabarasy kiçiräk, goňrumtyl reňkli çerbel höwürtge tutunypdyr. Höwürtgeden üç sanyjak gyzyletenäniň mymyjak tüýli, betnyşanja kellejikleri görünýär. Olar ala-wagyrdy bolşup jürküldeşýär. Arasynda birahat deňziň jümmüşine tarap uçup gidip, sähel salymdanam çüňküne nämedir bir zady alyp gelýän enesiniň berýän iýmitiniň üsti uly dawa.
Ene çerbel ýene-de iýmit gözlegine, deňziň içine garşy uçdy. Onuň gidenine biraz wagt geçip-geçmänkä-de etenejeleriň biri beýlekileri bilen basalaşyp, höwürtgeden suwa “jülpüldäp” gaçdy. Bada-badam gark bolup başlady. Dessine-de çagasynyň janyna dalaş edýän howpy kinniwanja guş ýürejigi bilen syzan dek onuň depesinde ene çerbel peýda boldy. Elsiz-aýaksyz guş janawer nätsin?! Diňe gark bolmajak bolup persiz-ysgynsyz ganatjyklary bilen janhowluna urunýan balasynyň üstünde jöwlan urmagyň hötdesinden gelýär. Olam uzak dowam etjek däl. Gyzyletenede nä jan bar?! Bolanja güýç-gaýraty bilen ýene-de sähel salym urunsa urnar, soňam saryja pamyk perjagaz bilen örtülen bir gysymjyk jansyz et bölejigi hökmünde balyklardyr-leňňeçlere şam bolmak üçin doýmaz-dolmaz deňziň düýbüne çöker.
Birdenem…
Müjül göwreli ene guşuň jürküldeý-jürküldeý zarynlaýşyna ýa deňiz dözmedi, ýa-da deňze-guşa hökmi ýöreýän, nirededir bir deňziň kükregindenem aňyrraklarda bir ýerlerde emele gelip, çägesöw kenar bilen döş direşmek üçin badyhowa sürnüp barýan uly tolkun, myzaýyksyz biperwaýlyk bilen etenäni garbap aldy-da, ýüzugruna täleriň bassyrmasyna oklap geçdi ötägitdi. Dessine çalajan çagasynyň daşynda pyr-pyr ganat kakyp başlan ene çerbel, göýä öz jürküldisi bilen ölümiň bäri ýanyndan gaýdan bezzat balasyna guş dilinde bir wagtyň özünde hem käýýäp, hem zeýrenip, hem söýünýäne çalym etdi…
Megerem…Deňziň asly suwdan bolsa-da kowum-hyşynyň bir ýerlerinde adamzat garnuwam bar bolara çemeli. Her niçigem bolsa rehim-şepagat eýledi. Ýa-da deňze-guşa emr etmäge ygtyýarly hökmi güýçliniň…
Hekaýalar