20:30 Gürlemeli däl-de, derlemeli döwür geldi | |
GÜRLEMELI DÄL-DE, DERLEMELI DÖWÜR GELDI
Oba hojalygy: maldarçylyk we ekerançylyk
Biziñ çaga mahalymyzda-da günbatar türkmenleri Kesearkaçda, gum içinde, daglyk sähralarda, jülgelerde topar-topar bolup oturardylar. Olar mal-garasyny-da bakardylar, kiçiräk suwly çeşmelerde, sowmalardyr oýtaklarda ekin-tikinlerini-de oñarardylar. Düme ýerlere gawun-garpyz, arpa-bugdaý ekip, bol hasyl alardylar. Özlerinden artykmajyny ownuk dowarlara çalşardylar. O döwürlerde çarwada oturýanlardan döwlet işinde işläp, hak-heşdek alýanlar az bolardy. Şonuñ üçin galyñ bende näme alsa dowar berip alardy. Gawun-garpyz-da ötümlidi. Bir çuwal gawun ýa-da garpyz bir çebişe, bir ýüki bir tokla çalşardylar. Ol adamlar bili berk guşap zähmet çekerdiler. Baýardylar. Sözümizi delillendirmek üçin subutnama getirmeli boldy. Gyzylarbat etrabynyñ Paraw obasynyñ gündogarynda 5-6 km daşlykda ýa-da Küren dagynyñ bilini kesip geçýän Musanyñ gädigi diýilýän ýerden çak gaýrasynda gyzylarbatly Akmämmet aga pahyr düme ýer edindi. Maşgalasyna Owlak eje diýerdiler. O bendeler zürýatsyzdylar. Olaryñ iki ineri, bir eşegi bardy. O pahyrlar altmyşy arka atanlardy. Düýeji we Küren dagynyñ gysysyndan (arasyndan) geçýän akyma Margyzyñ damagy diýilýär. Şol ýerden öz oýtagyna çenli 3-4 km, Musanyñ gädiginden ýerine çenli 4-5 km aralyga iki ineri goşup, demir azal bilen iki gezek geçdiler. Içini tep-tekz edip arassaladylar. Akawat üçin çil taýýar boldy. Dörtgyrañ-dörtgyrañ peller galdyrdylar. Sürüm işlerini kemsiz geçirdiler. Owlak eje pahyrda adamsynda artyk işlese işlärdi, kem işlemezdi. "Ýer işi - är işi" diýleni, Owlak eje är işini bitirerdi. Işden soñ çaý-nahar taýýarlamagy-da irginsiz, kemini goýmany bitirerdi. Akmämmet aga "Iki sürüm - bir suwdur" diýerdi. Iki sürümden soñ malalardy. Ýeriñ ýüzüni mahmal ýaly ederdi. Kemsiz bejerlen oýtaga gawun-garpyz ekerdi. Pazyllaryñ tarlary biri-birine ulaşyp, sapaklaryna tow berip, kümä meñzäp barýandyr. Akmämmet aga pazyllaryñ başyna ýylgyn çybyk bilen kakardy. Maña: "Ulalsañ daýhan bolarsyñ, şeýle ösümli pazylyñ başyny kakmasañ, oñly hasyl almarsyñ" diýip, daýhançylygyñ tärlerini öwrederdi. Ine görseñ, gawun-garpyz laý-läş bolup ýatandyr. Akmämmet aga Gurban atly ýigdekçäni öýünde saklardy. Gurban iki inerj gawun-garpyzdan ýükläp, golaýdaky obalarda, Gyzylarbat şäheriniñ bazarynda satardy. Akmämmet aga bişen gawun-garpyzlary ýolup üýşürse, Owlak eje toşap gaýnadardy, kak ederdi. Gawun-garpyz çigidinden saýlap, tohum ýygnardy. Toşap gaýnadylan garpyzyñ çigidini mantaşadan saýlap, duzlap, serip guradardy. Mantaşany eşege, inerlere bererdi. Hiç zat isrip bolmazdy. O wagtlar ýekeellilere golaý-goltumdaky obalaryñ oglanlary kömege ýetişerdiler. Ýolnan gawunlary gyra çykarardylar. Toşap gaýnatmak üçin odun-çöp ýygyp, öýüñ ýanyna, toşap gaýnadylýan ýere getirip goýardylar. Gawun-garpyzy gazaşyp, toşap gaýnatmaga kömekleşerdiler. Şol oglanlaryñ biri-de mendim. Şol ýyllar Watançylyk urşunyñ başlan ýyllarydy. Çaý-suwumyzy, nahar-nowamyzy Owlak eje güler ýüz, süýji söz bilen bererdi. Garpyzyñ gaýnan çigidini gaýgyrmazdy. Tomus kanikulynyñ köpüsini şol ýerde geçirerdik. Ine, şol bendeler halal zähmeti bilen diýseñ gurply ýaşadylar. XIX asyryñ ahyrlarynda, XX asyryñ başlarynda goýun bakyp baýan adamlaryñ köp bolandygyny gojalardan ençe gezek eşidipdik. Olar pederleriñ pähimleri barasynda-da aram-aram aýdardylar. "Daýhan-daýhanyñ yzyndan bir ýylda, baý baýyñ yzyndan ýedi ýylda ýeter" ýa-da "Ekin - ekeniñki, mal - bakanyñky" diýerdiler. Ilata nakylyñ ynamy täsirli hem-de güýçli bolupdyr. Ynam dörese, yhlas-da artar. Yhlas artsa, ynsanda güýç-kuwwat-da güýjeýär. Gyzylarbat, Gazanjyk etraplarynyñ öñündäki kebezläp oturan başy belent daglaryñ günortasy giden jülgelik. Ol ýerleriñ çeşme ýerinde çeşmeleri, guýy ýerinde guýulary bar. Malyñ mekany, ekiniñ enesi, yrsgalyñ gözbaşy diýer ekenler o döwrüñ adamlary. Şol jülgeleriñ birine Sirkelli diýilýär. Diñe şol jülgäniñ ugrunda 7-8 sany badaýhanyñ ýeri bardy. Ekilýän ýerlere sowma diýerdiler. Sowma diýmek jülgäniñ ortasyndan telper çaý (akyn) geçýärdi. Ilersindäki daglara doly-ýagyş degende, Sirkelliniñ çaýy dolup akardy. Şol çaýdan ekin ýerlere çenli ýap çekilýär. Suw sowlup alynýar. Ekin ýere suw eltilýär. Tutan ýerleri, ýap çeken ýerleri häzir-bu güne çenli mese-mälim bolup ýatyr. Şeýle sowmalardan alnan arpa-bugdaýyñ, gawun-garpyzyñ hetdi bar-da, hasaby ýokdy! Şeýle derejäniñ bir çetini çaga mahalym gözüm bilen görüpdim. O döwrüñ daýhanlary gürlemän, derlärdiler. O sowmalardan döwran dolandy. Ýöne, ömürlik ýitmejek pylanynyñ sowmasy diýen at baky galdy. Ol jülgelerden sapaly döwranyñ geçmegine, baýlaryñ, daýhanlaryñ eşretli günleriniñ sowulmagyna 37-iñ tutha-tutlugy sebäp boldy. Baýlary basdylar, mallaryny elinden aldylar. Ahundyr mollalary-da gaýgyryp goýmadylar. Onuñ yz ýanyndan bigünä daýhanlary, çopanlary-da gapjadylar. Sibirden çykardylar. Ýer urup, ýerde galan naçarlary, oglan-uşaklary demir ýoluñ golaýyna göçürip eltdiler. Il-günüñ hal-ýagdaýlary juda agyrlaşdy. Gum içindäki, gum ýakasyndaky obany Özbegistana, Garabekewüle göçürdiler. Şeýdilip, derlenen daýhançylyk döwre badak atdylar. Diñe keramatly, gudratly, gyssanyp çagyrana ýetişikli piröwlüýä Parawbibi öz obasyny göç-gondan aman saklady. Parawbibiniñ topragy obasyny ynjytman saklady, dere görä zer berdi. Gabahat uruş ýyllary giñ meýdanda ygşyldaşyp oturan ak bugdaý, şeker bilen bäsleşýän waharman, pyçak uranyñda darka ýarylýan garpyz, sarybogdak hankädi, ýumruk ýaly pomidor, mekgedir ak jöwen, ir-iýmişli bag-bakjalar jennet bagyny ýadyña salardy. Hojagalanyñ ilersindäki Sünt dagynyñ arkajyna düme bugdaý ekerdiler. Düýe bilen sürerdiler, el bilen orup, ýylky bilen döwerdiler. Ol ýere "Posonnoý" diýip, daýhanlar at dakypdylar. Ýygnanan bugdaý hasylyny Paraw obasyna kerwen gurap çekerdiler. Gyzyl kerwen irew-de-birewdi. Parawyñ kolhozy Gyzylarbat etrabynyñ iñ girdejili hojalygy hasaplanýardy. Şol ýerleri ekýän-de, orýan-da, döwýän-de, kerwen gurap çekýän-de, gökdür bakja hasylyny ýygnap ýerleşdirýän-de, mal-garany bakyp suwarýan-da juwan ýaşly gelinler, garrylar, ýañy murt ýeri garalyp ugran ýetginjeklerdi. Bular fronta tonnalap-tonnalap bugdaý ugratdylar. Gyzyl-kümüşden ýasalan şaý-seplerini sypyryp, aldym-berdimli söweşde ýaka towlaşýanlara ýolladylar. Şol zenanlaryñ bilinde bir sere dokma guşaklary bolardy. Ol guşaklar dañ atandan ýassy wagtyna çenli billerinden çözülmezdi. Aç-suwsuzdyklaryny duýmazdylar. Şirin janlaryny gaýgyrman, günuzyn mañlaý derini seçerdiler. Är işini bitirerdiler. Bala-çagalaryny ynjytman saklardylar. Şol uruş ýyllary Parawyñ kolhozyny Gyzylarbay etrabynyñ Janahyr obasyndaky kolhoza birikdirdiler. Ol döwürde ile-güne sala-da salyp durmazdylar. Parawbibiden döwran sowuldy. Haýran galmaly, Paraw ejeke nalyş edýän ýaly, çeşmänin suwy dessine azalyp başlady. Gyzyl getirýän ekin meýdany hakyky eýesine zar bolup galdy. Ýer işi unudyldy. Diñe zenanlaryñ el işi, az-owlak dowar bilen oñşuk dolamaly boldy. Oba adamlary garyplaşdy. Soñ-soñlar mal saklaýyn diýseler-de, bäş dowardan artygyny almaly etdiler. Üstesine-de mala salgyt tölemelidi. Başga bir döwlete garaşly bolsañ, şeýle-de bolar ekeni. "Ýatan öküze - iým ýok" diýilse-de, sowet döwrüniñ baştutanlar-a oturyp däl-de, ýatyp iýerdiler. Brežnewiñ döwri-de bir hili döwür bolup geçdi. Şol döwrüñ başyndan tä aýagyna çenli derlemän, gürlemegiñ döwri boldy. Kolhoz-sowhozlaryñ başlyklaryndan başlap tä Brežnewe çenli aldygyna kagyz ýüzünden okap gürlärdiler. Ýaltaçylyk baştutanlaryñ depesinden dabanyna çenli eýeledi. Iş ýerinden çykman, şa ýaly ýaşadylar. Onda-da halkyñ hasabyna. Ýöne görgi baryny gören, gije-gündiz işlän daýhanlardy. Olar pagta meýdanynda gün dogandan gün batýança gara derlerini dökerdiler. Mekdep okuwçylarydyr talyplar-da emgek baryny görerdiler. Olar pagta ýygymy başlap, tä gutarýança okuw garasyny görmezdiler. Ýygylýan pagtalar tonnalap-tonnalap wagonlara basylardy. Pagta ýüklenen wagonlaryñ nireden çykýandygyny Hudaý biläýmese, türkmeniń zähmetsöýer daýhanlary-ha bilmezdi. Jüýşe sanaşmaly bolanda welin, olaryñ elllerine ujypsyzja pul düşerdi. Oba hojalygynyñ ýolbaşçylary bolsa, daýhanlaryñ gyşarýandygyna garaman, gaýşaryl gezerdiler, şañlap duran jaý, iñläp duran maşyn edinerdiler. Köki çüýrük sosialistik döwlet yrañ atyp ugrady. Ahyrynda-da, gaýdyp ýerden galmaz ýaly bolup ýykyldy. Uruşsyz-söweşsiz, gohsuz-galmagalsyz garaşsyzlygymyzy aldyk. Erkanalyk, azatlyk, agzybirlik alnymyza ýazyldy. Döwür üýtgände endik edilen nogsanlykdan dynmak añsat düşenok. Şol nogsanlykdan dynmak üçin 1996-njy ýylyñ 16-17-nji dekabrynda Uly Döwlet Maslahaty geçirildi. Maslahatda giñişleýin düşündirişli çykyşlar edildi. Oba hojalyk işgärleri, arçyndyr häkimler, daýhanlar bilen aç-açan pikir alyşdy. Täze azaply ak ýol görkezdi. Bu ýol türkmen halkynyñ rysgalynyñ açary hasaplanýar. Uly Döwlet Maslahatynda kemçilikleriñ, goýberilen näsazlyklaryñ üsti ýüz görmezden açyldy, olary düzetmegiñ ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bir topar adamlar "Men ýurdumy söýýän! Men ýurdumy söýýän!" diýip, uly gürläp, işlemän, ýurdundan tamakin bolýar. Olar diñe boş wada bermeli bolanda: "Hiç kim ýurduny meniñ ýaly söýenok" diýip, bogazlaryna bat bermegi oñarýarlar-da, işlemegi welin başarmaýarlar. Daýhan birleşikleriniñ ýolbaşçylary kreditiñ hasabyna işlediler. Daýhan barda alada etmäge derek "O taýyk ber, bu taýyk tabşyr. Ony al, muny al" diýip, görkezme baryny berýärler. Garaz, hasyl ýetişensoñ eýesi köpelýär. Hasyl ýetişdirene girdejiniñ sähelçe bölegini berýärler. Ähli ýolbaşçylaryñ bar aladasy ýetişdirilen hasyly satyp, köpräk gazanç etmäge gönükdirilýär. Ata-babalarymyzdan galan "Oýun etse - ogly, çynyny etse, atasy ýeñer" diýen pähim bar. Döwlet ýerleri hakyky eýelerine, daýhanlara bermeli diýip, kesgitli talaby oba hojalygyna dahylly ýolbaşçylaryñ öñünde keserdip goýdy. Şol günden başlap türkmen halky döwletimize öñküden-de beter ynanyp başladylar. Ýurt ýolbaşçysynyñ ara maý salman Mary welaýatynda bolup, daýhanlar bilen ýüzbe-ýüz gürleşmegi, baglaşylan şertnama esasynda ýeri kärendesine 15 ýyllyk möhlet bilen bermeli diýip aýtmagy, daýhanlaryñ şol günden başlap ýere artdyrylan yhlasdyr ynam bilen ýapyşmagyna getirdi. Daýhanlaryñ çykyşyny telewizorda häli-şindi görýäris, radio arkalu ýygy-ýygydan eşidýäris. Şonda gürlemeli wagtyñ yzda galyp, derlemli döwrüñ gelendigini ähli türkmen halky bilýär. Hudaý ýol berse, indi aga-göge, miwelere asla zar bolmarys. Tatar ÜÝŞMEKOW. # "Türkmenbaşynyń ýoly - Türkmeniñ ýoly", 1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |