17:25 Hallyjemal Ýegenmämmedowa | |
AT ÝÜREKLI ZENAN:
Zenan şahsyýetler
▶ HALLYJEMAL ÝEGENMÄMMEDOWA Her bir ynsan ýetmişiniñ depesine çykmaga golaýlaşanda, yzda galan ömür ýoluna ser salýan bolsa gerek. Onuñ durmuşynyñ muşakgatly ýyllaryny, begençli günlerini ýatlaýandygyna şek-şübhe ýokdur. Däli dünýäniñ öz başyna, il-gününe inderen oýunlaryny çugdam-çugdam edip ýüreginde dañyp goýýandygy ikuçsyzdyr. 1937-iñ tutha-tutluk, basha-baslyk ýyllarynyñ yzýanynda has takygy 1940-njy ýylyñ başynda Çalsuwdan Gyradeñ obasyna göçüp geldik. Gyradeñ obasy Parawbibiniñ obasyndan, çenek bilen, on kilometr günortasynda. Gyradeñe barjak bolsañ, Küren dagynyñ bilinden aşmaly bolýar. Belentlikden aşylýan ýerine Musanyñ gädigi diýilýär. Şol gädigiñ eñýän ýerinde dagy gujaklap oturan obady. Gyradeñ Gulmaç oba sowetiniñ merkezidi. "Gyzyl baýdak" kolhozynyñ ýerleşýän ýeridi. Oba sowetiniñ başlygy at ýürekli zenan Hallyjemal Ýegenmämmedowady. Ýaşy ulalşandy. Oña öñýeten "Hallyjemal ejeke" diýip ýüzlenerdi. Hormat goýardylar. Sylardylar. Bir aýdanyny iki gezek gaýtalatmazdylar. O zenanyñ ömür beýany, gaýduwsyz gaýratlylygy, dilewarlygy, oba adamlaryny tutha-tutlukdan aman saklandygy barada adamlar üýşmeleñde gürrüñ ederdiler. Çaga çagamyz gürrüñleri hezil edip diñlärdik. Hallyjemal ejekemize guwanardyk. Onuñ batyrlygyna haýran galardyk. Hallyjemal ejeke ene-atasyndan ir mahrum bolýar. Aga-ýeññesi saklaýar. Edep-ekramly gyz edýän her bir işinde erjelligi, ezberligi elden bermändir. "Men ýetim galdym" diýip, ýowuz ykbalyñ öñünde ejizlemändir. Pelegiñ başa salan oýnundan utulmandyr. Deñ-duşlarynyñ arasynda düşbüligi, duýgurlygy, dogumlylygy bilen mese-mälim saýlanypdyr. Hallyjemal ejeke ulalýar. Özüni tutýar. Döwlet işgäri bolansoñ, 1924-nji ýyldan başlap, howalañ baýlary hopukdyryp başlapdyr. Şasoltan Garajaýewanyñ uly gyzy Nuryny (Gynnany) atasumagy Garahoja Meredaman baýyñ: "Gyzyñ salgydyna on ýedi düýe bereýin" diýen aldagyna ynanyp, baýa berýär. Baý oña iki düýe berýär. Şol wagt Nury 13-14 ýaşlarynda eken. Nury atasy öýlerine gaýtarylýar. Bir ýyldan soñ - 1922-nji ýylyñ ýaz paslynda gaýyn öýüne gaýtarylýar. Meredaman baý şol wagt 60 ýaşynda. Nurynyñ ejesiniñ gepi-sözi indelmeýär. Razyçylygy alynmaýar. Güýç görkezilýär. Meredaman baý Uzynsuw stansiýasyndan Öýleguşluga göçmekçi bolýar. Nuryny zorlap alyp gidýär. Täze baran obasynda Nuryny urup-horlap, pendiñ ýamanyny berýär. Hallyjemal eje oña hossarlyk edýär. Zalym baýy eýmendirýär. Gorkuzýar. Şasoltanyñ adamsy aradan çykýar. Hallyjemal ejeke Nuryny dädesiniñ aýadyna düýeli Gazanjyga alyp gaýdýar. Ýagdaýy Şasoltan ejä aýdýar. Ejesi gyzyny Aşgabada alyp gidýär. Okuwa ýerleşdirýär. Birnäçe ýyldan soñ Nury Aşgabat okrug sud agzalarynyñ başlygy, TSSR-de ýustisiýanyñ ilkinji ministri bolup işleýär. TSSR Ýokary Sowetiniñ deputatlygyna birnäçe gezek saýlanýar. 1937-njo ýyl iñ agyr ýyllaryñ başlangyjy boldy. Ilki-ilkiler Küren dagynyñ jülgelerinde, Çalsuwda, Gyradeñde, Tersakanda mal-garasy bilen bolup ýören adamlary ellerini arkasyna dañyp, Gazanjykdaky ajal türmesine basardylar. Soñ ýalan töhmet ýüklenen garyp-gasarlaryñ, daýhanlaryñ, maldarlaryñ spisogy düzülip, oba sowetine zorluk bilen möhür goýdurylyp, gol çekdirmä synanşardylar. "Gyzyl baýdak" kolhozyndan on alty sany kolhozçynyñ spisogyna gol çekip, möhür basmagy oba sowetiniñ başlygyndam talap edýärler. Hallyjemal ejeke spisoga gol çekip, möhür basmajagyny kesgitli aýdýar. Ony şol wagtky Gazanjyk NKWD-siniñ başlygy, köp adamlaryñ ganyna galmaga sebäp bolan Asgarowyñ alnyna eltýärler. Asgarow: "Häzir türmä dykyñ, gijäniñ ýaryndan soñ ýanyma soraga getiriñ!" diýip buýruk berýär. Asgarowyñ aýdan wagty sorag-jogap başlanýar. Asgarow: - Spisoga näme üçin gol goýup, möhür basmadyñyz? - diýip, azmly haýbag urýar. Hallyjemal ejeke: - Öñki basyp ganyna galan adamlaryña maña gol çekdirip, möhür basdyrdyñmy? - diýýär. - Beýle dili uzynlygy kim öwretdi? Hallyjemal ejeke: - Adam-adama dili uzynlyk berip bilmez, uzyn dili Ýaradan Alla berdi - diýenden, Asgarow tarsa ýerinden turýar. Gursakdaky ýürek iki ýana urunýar. Ol jaýynyñ içinde ojar oduna basan ýaly hars urýar. Iki baka haýbatly gadam urýar. Haýbatly sözüni dowam etdirýär: - Şol spisoga möhür basmasañ, janyñy jähenneme ibererin. Meýdiñi dagdan aşyraryn. It-guşa şam bolarsyñ - diýip, bogazyna sygdygyndan gygyrýar. Onuñ gykylygyna ýer sarssa sarsjakdyn emma Hallygözel ejekäniñ sarsjak gümany ýokdy. Ol at ýürekli zenandy. Ýüzläp-ýüzläp adamlardan sorag edende, hiç haýsyndan beýle gaýtawula gabat gelmedik zandyýaman Asgarow özüni zordan ele alýar we haýbat atmasyny dowam edýär: - Nähak ýere ajala hüjüm edýärsiñiz. Möhri näme üçin basmaýarsyñyz! Sebäbini düşündiriñ! - Birinjiden-ä, garyp-gasar, daýhan, çopan adamlar Eýrana geçjek bolanoklar. Eýranda dogan-garyndaşlary-da ýok. Mal-gara, ýer, oñşuk bilen garabaşlaryna gaý bolup ýören adamlar. Siziñki baryp ýatan töhmet, ikinjiden, siz ýaly ganhor bolasym gelenok! - diýip, Hallyjemal ejeke jogap berýär. Ganhoryñ gahary depesine urýar. Ýaragyna ýapyşýar. Ok sürýär. Ajal nilini gönükdirýär. Diñe süýem barmagy mäşäni, çakmagy gysaýmasy galýar. Hallyjemal ejeke ýerinden batly gopup, ýakany jüwwe dilýär-de, Asgarowyñ ýüzüne gaharly görejini dikýär. Gözlerinden gahar uçguny syçraýar. - At, gurrumsak! Çenemäni bilen, atmany-da biler. Nireden atmany bilmeýän bolsañ, ine, şu ýerden! - diýip, ýüreginiñ üstüne sag eli bilen batly urýar. Asgarowyñ jyny basylyp, Hallyjemal ejekäni alaçsyz boşatmaly bolýar. Şeýdip on alty sany gül ýüzli ýigidi ölüm howpundan alyp galýar. Soñra ölüm bilen gutarýan tussaglykdan halas bolanlar: "Dünýe dursun - Ejekemiz dursun!" diýerdiler. Bu gürrüñi soñ-soñlar Hallyjemal ejekäniñ agzyndan eşitmeklik miýesset etdi. 1942-nji ýylda Gyradeñdäki kolhoz Isgender obasyndaky "Sowet" kolhozyna birikdirildi. Oba sowetiniñ başlyklygyna Hallyjemal Ýegenmämmedowa saýlandy. Sekretary çala sowatlydy. Okuwdan boş wagtym ýazuw-pozuwyna kömek ederdim. Bolan wakanyñ anygyna ýetesim gelip soradym. Ýokardaky ýazgylar ýaly jogap berdi. Şondan bäri berk ýadymda galdy. Uruş ýyllarynda: "Hemme zat front üçin, hemme zat ýeñiş üçin" diýen çagyryş ýörgünlidi. Ýyly geýimler, ellikdir joraplar, altyn-kümüş şaýlary ýygnap fronta iberdi. Gelin-gyzlar her gije ellik-jorap ördüler. Kolhozdan düýe alyp, gartalşan adamlary, bilegi zorly zenanlary Daşhowuza - kerwen ýollardy. Olar harytlary jöwene çalşyp, yzlaryna gelerdi. Getirilen gallany hemme hojalyga ýeter ýaly ederdi. O ýyllar zähmet rugsadyna-da gitmezdiler. Päk zähmete ömrüni bagş etdi. Üýtgewsiz kyrk ýyl oba sowetiniñ başlygy bolup işledi. Ilki "Gulmaç", soñra "Jöýruk" oba sowetine baştutanlyk etdi. Ömür boýy ejeke mertebesini belent saklady. Il-günuñ bähbidi üçin janyny aýamady. Köp alkyş aldy. Togsan ýaşy arka atyp, amanadyny tabşyrdy. Ýatan ýeriñ ýagty bolsun, Hallyjemal ejeke! Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||