Ine-de biz itenek-de-çomanak bolşup perewalyň çür depesine çykdyk. Ertirki düşlän meýdanzamyzda awtobus, onuň daşyna üýşüp ikibir, üçbir özara hümürdeşip duran suratkeşler göründi. Hemmesi bireýýäm jem bolandyrlar-da, indem bir maňa garaşyp durandyrlar öýdüp öz-özüm çekindim. Müýnürgedim. Birhili serhoşlykdanam, ýadawlykdanam açylan ýaly boldum. Gojanam şol ýerden yzyna gaýtaraýanymy kem görmedim. Serhoşam bolsa ýagdaýyma düşündi öýdýän, o-da şondan aňryk gitjek bolup dyzabam durmady.
Ýaňadandan gujaklaşdyk. Niýetim şondan soň sessiz-üýnsiz yzyma gidibermekdi. Emma gözlerinden ýaş döküp duran goja näme-de bolsa bir zatlar diýerime garaşýan ýalydy. Meniň dilime gelenem şu boldy.
―Gamlanmaň Iwan Ýurýewiç, biz ýene-de görüşeris.
―A kak že-e...diýende gojanyň ýüzi edil başdakysy ýaly ýagtylyp gitdi. Gözleri ýiteldi. Ýürek joşgunyna bäs gelip bilmän sesine bat berdi. Elbetde görüşeris. Bu gezek näme öňünden dilleşip görüşdikmi? Nesibämiz çekdi, görüşdik. Nesibede bolsa ýene-de görüşeris. Hökman görşeris...
Megerem, täzeden dyňzap gelen gözýaşyny menden gizlemek islän bolsa gerek, goja şeý diýdi-de hyrra yzyna öwrüldi we atan-da-satan bolup eňňitden aşak indi. Gollaryny ganatlandyryp barşyna läle kakýan ýaly sesini sandyradyp bir zatla rdiýdi. Menem bir zat diýendirin öýtdümi, nämemi kynlyk bilen saklandy-da bärsine öwrüldi. Damagyny dolduryp naýynjar seslendi.
― Proşu pane?
Men hiç zat diýmändigimi “üm” bilen düşündirdim. Ol ýene-de aňyrsyna öwrüldi-de, edil öňküsi ýaly aşaklygyna tarap höküdikläp ugrady. Ýykylman, sürüşmän sag-aman öýüne baranyny gözüm bilen görmek üçin men esli wagtlap onuň yzyndan seredip durdum. Mundan bihabar ol barşy ýaly, ýaşyp barýan günüň şöhlesine ýaldyrap, ähli zatlardan saýlanyp duran grafine ýapyşdy. Çakym çak bolsa bulgurlaryň ikisine-de arak guýdy. Her eline birini alybam maňa tarap öwrüldi. Hamala meni görüp duran ýaly iki elinem ýokary göterdi.
―Do pobaçeniýa!..
Elindäkiniň birini içdimi, ony bilemok. Ýöne, daş-töweregi gür tokaýlyklar hem dag gerişleri bilen gurşalgy, hiç hili öwzary, höwselesi bolmadyk ýalňyz hojalygyň içinden gör indi nijembir ýyl bäri bir özi girip-çykyp ýören sada, ýuka ýürekli gojanyň gözgyny keşbini şondan artyk synlap durmaga gurbatym çatman, ysgynsyz ädimler bilen yza dönenimi awtobusa tarap yrgyldap ugranymy welin çalarak bilýän. Tä, ýoldaşlarymyň ýanyna barýançam, gojanyň zorruk hem ýadaw sesiniň her daýym, üzlem-saplam gulagyma gelip durandygy hem ýadyma düşýär. Ýalňyşmaýan bolsam ol hälki aýdan aýdymynyň ýadyna düşmedik ýerlerini ýadyna saljak bolýardy. Kejikýärdi. Käýinýärdi. Ýoldaşlarym welin ýeke bir maňa däl-de, hälki depe bolup ýatan pestisit üýşmegini çekip duran Tabaniniň öz işini tamamlaryna hem garaşýan ekenler. Meni görüp Tabaninem alňasap başlady. Ýöne, oňa howlukmazlygy maslahat berdiler. Içgilidigimi aňmadylarmy, ýa aňsalaram geňlemedilermi, ýa özlerem menden ibaly dälmi, bolşumy geňläp, ýüzüme tiňkesini dikip duran-a bolmady.
Şu çaka çenli çekýän manzarlaryny abstraksiýa görnüşinde çekip ýören Tabaniniň natuany şeýle jikme-jik görnüşde beýan edip bilişi hemmeleri haýran galdyrypdyr. Dogrudan-da ol pestisid haltalaryň ýüzündäki hatjagazlara, hatda nomerjagazlaryna çenli sünnäläp çekipdir. Edip duran işine ýüregi bilen berilendigi ýüz-gözündenem bildirip dur. Töwerek-daşyndakylara üns berenok. Käte bir iki ädim gaýra çekilýär-de, gözlerini süzüp işini synlaýar. Göz çaky boýunça natura bilen deňeşdirýär. Reňk gatnaşyklaryny, ýagty ýerlerini, kölegeli taraplaryny, proporsiýasyny aňy bilen ölçerişdirýär. Soň ýene-de hyruç bilen işine ýapyşýar. Işläp durşuna özi-de bilmezinden dodagyny dişleýär, “şyggyldadyp” dişiniň suwuny çekýär, birdenem ýel sorýar-da, esli mahal hereketsiz durýar. Yzyndanam “öwhüldäp” goýberýär. Kellesini silkiip, iki dulugynyň üstünden sallanyp duran saçlaryny gaňtarýar. Endigine görä bir gyzarýar, bir agarýar. Arkan gaýşyp elindäki bölejik mata bilen kistini süpürip durşuna aýaklarynyň üstünde “liňkildeýär”. Daşyndakylaram oňa päsgel berenoklar. Üstüne abanyp işine tiňkesini dikip duran ýok. Ellerini jübüsine sokup iki ýana zowzullap ýören Ýegoryň sesem ho-ol, allaowarralardan eşidilýär.
―Ine şuňky dogry. Bu hakyky suratkeş. Bu nädeýin diýse edibilýä. Biz bolsak hiç haýsynam oňaramyzok... ―Birdenem maňa gözi düşdü-de, öz ýetmezini menden görýän ýaly, petekesini gaýşardyp üstüme dyzady. ―Men özümi naturalist hasap eden bolýan, emma honha, şoňky ýaly çekibilmog-a! Başaramog-a!.. Eý Huda-aý, ýa men naturalistem dälmikäm? Hä?!
Meniň oňa şol wagt: Howwa, ýoldaş Ýegor, sen naturalistem däl, hiç zadam däl, sen awantýurist!.. ―diýip özündenem beter üstüne gygyrasym geldi. Ýöne ýagdaýymy bildirmezlik üçin sesimi çykarmadym-da, baryp usullyk bilen awtobusyň içine girdim. Öňdäki oturgyçlaryň birinde kiçijik aýna bakyp, özüne timar berip oturan Kiýewli, görmegeý zenanyň duşundan sag-aman geçibem halys lagşan göwrämi iň yzky oturgyçlaryň birine taşladym. Şondan soň ýagdaýym hasam erbetleşdi. Awtobusyň içi dar, dymyk göründi. Ýüregim bulandy. Uky basdy. Gabaklarymy goýberdigimem gözlerimiň öňünde Iwan Ýurýewiçiň gyrçuw, çal sakgally süýnmek ýüzi, içi ýasama arakly bulgurlaryň üstüne eglip duran süňklek eli, köneje hütdügiň çat maňlaýyndaky “1920” diýen ýazgy we ot küdejikleri gaýmalaklady durdy. Gulaklarymyň içinde bolsa doly aýdylyp gutarylmadyk aýdymyň özboluşly owazy gojanyň uzyn günki sadalaç sözleri şo-ol, köwsarlady durdy.
Tabaniniň zatlaryny ýygnaşdyrýanyny, suratkeşleriň ikiden, üçden gelip awtobusyň içine girýändiklerini, özara gürleşýändiklerini, bir zatlar diýip gülüşýändiklerini bilýän. Awtobusyň ugranynam aňýan. Çuňňur guýa gidip barýan ýaly birsydyrgyn aşaklaýandygymyzam duýýan. Megerem garaňky düşüp barýan bolsa gerek, diýip içimden pikir edýän. Gözümi açyp töweregime garamaga welin gurbum çatanok. Hiç kimiň özüme üns bermeýändigi ýagdaýymy aňmaýandygy üçin welin öz ýanymdan Hudaýa ýüz-müň şükür edýän.
Kimdir biri dagystanly şahyr Resul Gamzatowyň sözlerine döredilen: “Po gornym dorogam...” diýen aýdymyna başlady. Beýlekiler bolsa ony alyp göterdiler. Şondan soň men irkilipdirin...
Stansiýa ýetiberenmizde Ýegoryň galmagalyna gözümi açdym. Görsem ol öňündäki oturgyjyň üstaşyry eglip, özünden iki oturgyç öňde oturan Tabaniniň depesine howala bolupdyr-da, onuň aýaklarynyň arasynda duran etýudniginiň bagyndan ýapyşypdyr. Özem edil, mes erkegiň owsaryndan ýapyşan ýaly güýjünde baryny edip silkeleýär.
―Getir bärik! Getir bärik diýýän men saňa!..
Etýudnigini iki dyzy bilen mäkäm gysan Tabanin bolsa alagarkynyň içinde ýyldyrap görünýän gökje gözjagazlaryny çerreldip Ýegoryň ýüzüne howsalaly seredýär.
―Nämüçin?
―Nomeriňe baraňsoň sen ýaňky işiň täzeden işlän borsuň-da zaýalarsyň. Abstraksiýa öwürersiň. Şonuň üçinem men ony senden gizläp goýjak. Gitjek wagtyň eliňe bererin.
Nämäniň nämedigine gözi ýeten Tabanin minnetdarlygyny bildirmek üçinýerinden turýar-da, yzyna öwrülip Ýegoryň egnine kakýar.
―Ýok, ýok, öwürmen. Arkaýyn bolaý, öwürmen. Hudaý kessin öwürmen. Öwüresim geläýende-de, muňa degmen. Başga birini çekerin.
Bir görsem pan Trembaç Ýegoryň ýeňinden çekip dur.
―Men ol pestisitleriň fotosuratyny aldym. Reňkli özem. Gerek bolsa saňa-da birini çykaryp beräýerin.
Tabanin pan Trembaça seredip ýylgyrdy. Pan Trembaç gözüni gypdy. Ýegoryň gahary geljek boldy. Oňa çenlem awtobus turbazanyň gapysyna gelip saklandy.
Ertesi men işe ýaramadym. Uzynly gün ýatdym. Aşpezlerden haýyş edip yzly-yzyna gatyk, mineral suw haýyş etdim. Unaş küýsedim. Oňa derek wermişel gaýnatdyryp içine gatyk guýup içdim. Ýene bir gezek galan ömrüme arak içmezlige şert etdim. Gidişlikden galanyma gynandym.
Agşamlyk ýanyma öňkülerine görä birneme dili açylyşan Ýahýo geldi.onuň egninde iki gapdaly ak çyzmykly garamtyl gök reňkli spotr eşigi bar. Hemişe maňa ýa Gajybeke duşanda bolşy ýaly, ýarsyny orsçalap, ýarsyny özbekçeläp halymy sorady. Bu gün öňkülerdenem has gözel ýerlere barandyklaryny, ýöne, Karpat daglarynyň bu günem özlerine ýüz bermändigini öwran-öwran gaýtalady. Soňam oturdy-oturdy-da, çalarak keýpli adamyň ýerliksiz oýnuna meňzeş bir äheň bilen:
―Edil oýnaşyndan göwni galan jelep heleý ýaly... ―diýdi-de dişini gyjady. Ýüzüni çytdy. Aýdan sözünden utanýan ýaly aşak bakdy. Dodagyny dişledi.
Geplemezek ýigidiň goja tebigat barada aýdan bu morta hem gödek sözi maňa diýseň geň göründi. Has dogrusy ýokuş degdi. Ýokuş degendigini men onuň özüne-de duýdurdym. Ol müýnli halda oýkanjyrap oturşyna:
―Aý, ortak türkmen, şon-a özümem birhili görýän welin, dilimden sypaýdy-da... ―diýip, ýüzüni iki baka sypajaklatdy. Birdenem ketegiň aňyrsyndan seredýän ýaly maňa tarap boýnuny süýndürdi-de: ―Woobşe – to singe nima bulady? ―diýdi.
―Ysgynym ýok.
―Nämüçin?
―Düýn köp içipdiris.
―Nirede?
―Perewalda.
―Kim bilen?
Men barsyny gürrüň berdim. Ol tarsa ýerinden turdy.
―Bar kemiň şo dämi?
―Howwa.
―Başga kasalyň ýok ku?
―Ýok.
Ol gitdi-de, ýaňyja uran bolsa gerek, üstünden az-kem içilen bir çüýşe arak, iki sany alma, birem apelsin alyp geldi. Stoluň üstünde duran stakana dolabarabar edip guýdy.
―Mana ine, şujagazy ýelmärsiň welin juda ýahşi buladi.
Men oňa “pohmel” edip bilmeýändigimi, zor bilen edäýenimde-de öňküden-de beter bulaşýandygymy, ýatyp gutulmakdan başga çärämiň ýokdugyny zordan düşündirdim. Ol diňledi-diňledi-de, bokurdagyny gyryljyradyp:
―Koýuň-eý, - diýdi.
―Çynym.
―Onda hammasyny özüm içemen ku?
―Içäý.
Içdi. Paşyrdap duran gyz ýaňak güýz almasyndan ep-eslini dişläp aldy-da, garçyldadyp çeýnemäge başlady. Gözlerini petige dikip bir zatlaryň pikirini etdi. Soňam bir zatdan gorkan ýaly gözlerini tegeläp ýüzüme seretdi.
―Ýaňkyny nämüçin aýtganymny aýtamanmy?
―Nämäni?
―Jelep heleý ýaly ýüz berenok diýenimi?
―Tebigatamy?
―Howwa.
―Aýt.
―Aýtsam, gardaş, daşymdanam bildirýändir welin, enemden geçipmi, atamdan geçipmi bilemok, sadalykmy ýa çekinjeňlikmi onam bilemok, mende birhili özümi ömürlik kösäp gelen zoňtar bir häsiýet bar. Şol häsiýet zerarlam men gardaş, ynansaň ençeme gezek çykgynsyz ýagdaýa düşdüm. Häzir men saňa şoň üçüsini gürrüň bereýin... ―Ol: ―Bir muzykant dostum bardy ku... – diýdi-de, stakana elli gram ýalyrak arak guýdy. Ýüzüniň ugruna-da içip goýberdi. Gürrüňi has aňňyrakdan başlajakdygynyň alamaty hökmünde ýüzüni dik asmana tutup: ―Ho-op... –diýdi. Içine ýel ýygnady. Şonda onuň ozaldanam gaba görünýän gabaklary hasam pökgeren ýaly boldy. Pyşyk burnunyň ganatlary giňelip, saçlaryna golaý ýeri aksowult, aşagy gyzgylt öwüsýän giň maňlaýy çygjardy. Gollaryny göwüsnde gowşuryp aýaklaryny oturgyjyň üstüne ýygnanda ýasy ýagyrnyly daýaw göwresi Karpat daglarynyň ýaşyl gyrtyçly ýapylaryna meňzedi. ―...Ana, şol dostum bir gün agşamaralar öýüme geldi-de: “Moskwa gastrola gidenimizde bir maşgala bilen tanşypdym-da, kellämiň gyzgynyna adresimi beräýipdirin, o-da geläýipdir, özümem şu gün agşam oba gitmeli, myhmanhanalarda-da ýer ýok, bolaýanda-da özüň bilýäň, gymmat, şoň üçinem gaýrat edip bäş-üç günjik özüň saklaýmasaň başga alaç ýok” diýdi. Ýeri, näme diýeýin? Ýok diýeýinmi? Bor, diýdim. Maýli, diýdim ku. Getirdem welin görsem ine saňa bir paýtagtyň suwuny içip ulalan, sary saçlary gerdenlerinde tolkun atyp duran daýaw bir maşgala. ―Ýahýo sag eliniň başam barmagyny taýzartdy. ―Mana şundaý!.. ―Soň agzyny şapbyldatdy. ―Garas-aý, kapyryň ogly saýlap bilipdir. Boýnuny burup, sesini çykarman durşundan çen tutup men ony birhili çekinjeňräk, utanjaňrakdyr öýtdüm welin, ýeke galanymyzdan soň ýüzi açylyşyberdi. Aşhana girip, çykyp, holodilnigiň agzyny “şarkyldadyp” açyp, “gürpüldedip” ýapyp bikesiräp ýör, bir görsem. Sumkasyndan öý haladyny çykaryp eşiklerini çalşyransoň-a ökjesi hasam ýeňledi. Poly sarsdyryp iki ýana düňküldäp ýörşüne derrew “jazyr-juzuram” etdi. “Hany, gel garbanaly” diýip, meni öz saçagymyň başyna çagyrdy. “Munyňam bar ekeni, al içýän bolsaň içiber”, diýip, bufetde duran bir çüýşe çakyrymam çykaryp öňümde goýdy. “Ýa özüme-de guýaýaýynmy” diýip şelaýynsyrady. Ojagaz çüýşäni boşadanymyzdan soň myhmanyň hatyrasyna men ýene birini getirmäge döwtalap boldum. Garşy bolmady. Gaýtam: “Getiräý getirseň, ýüzüň açylar ýaly gowy bor” diýdi. Men birinem däl-de ikisini getirdim. Gowy ýetensoň ol meň plastinkalarymy dörjeläp başlady. Hemmesini gözden geçirip bolandan soňam: “Sen yzagalak ekeniň. Seň bularyň bu wagt diňlenenok” diýdi. Özi welin barybir şolaryň birini goýdy-da: “Tur tans edeli”, diýdi. Edibilemok diýsemem günüme goýmady. Golumdan tutaga-da, bir çekdi welin, goltugyna doldum duruberdim. Şondan soň ol meniň näme üçin ýeke ýaşaýandygym bilen gyzyklandy. Men ata-enemiň uzak obalaryň birinde ýaşaýandyklaryny, özümiňem entek öýlenmändigimi, ýaşaýan jaýymyňam amanatdygyny, kireýine ýaşaýandygymy, özbaşdak jaý edinmän, birneme özümi tutman öýlenmek niýetimiňem ýokdugyny aýtdym. Ol göwsüme gysmyljyrap durşuna gözlerini süzüp ýüzüme seretdi. Syrly ýylgyrdy. “Dogry aýdýaň, öýlenmäge heran-haçanam ýetişersiň. Oňa çenli sallahlygyň keýpini görmek gerek” diýdi. Birsyhlam: “Ussahanaňy görkezermiň, suratymy çekip berermiň” diýip özelendi durdy. Ýöne meň o wagtlar ussahanamam ýokdy, oňly çeken suratymam ýokdy. Şeýle-de bolsa plastinkalarymyň könedigine garamazdan özümiň beýle bir yzagalak adam däldigimi subut edesim gelip içimi it ýyrtyp barýady. Şoň üçinem, özümiň ykdysady we syýasy taýdan bilýänjelerimi, edebiýat, sungat baradaky düşünjelerimiň barsyny bir ýere jemledim-de, sowet hudožnikleriniň watan öňündäki borjy, sosialistik realizm, şeýle hem taryh, taryhdaky syýasy öwrülişikler, jemgyýetçilik formasiýalary, rewolýusiýalar, ewolýusiýalar, ewolýusiýanyň umumy adamzat taryhyndaky şeýle hem syýasatyndaky roly, ewolýusiýanyň rewolýusiýadan ileri tutulmalydygy, ewolýusiýanyň rewolýusion, rewolýusiýanyň bolsa ewolýusion häsiýetde bolmalydygy, Kawkazyň tämiz howasy, Pribaltikanyň ösen senagaty, Orta Aziýanyň pagtasy we ýerasty baýlyklary, Orsýediň, Ukrainanyň, Belorussiýanyň ümmülmez tokaýlyklary barada şol zatlaryň ählisiniň birigip SSSR-iň kuwwatyny hasam artdyrýandygy barada garaçynym bilen gürrüň berdim. Aňk ederin öýtdüm. Ol bolsa käte bir göwnüm üçin baş atyp, yranjyrap durşuna ýa-ha aşak bakyp pyňkyrýa, ýa-da ýüzüni bir gapdala sowýa-da burnunyň içine salyp: ― “ts-s-s...”edýä. Men ahyry özümiň oňa düýbünden gyzyksyz zatlar barada gürläp durandygymy aňdym-da, ýatsaň-a ýeriňi görkezeýin, diýdim. Ol “özüň bil” diýýän manyda egnini gysdy. Men oňa diwandan düşek ýazyp berdim. Özüm bolsa aşhana tarap ugradym. Ol gahar gatyşykly kine bilen “nirä” diýdi. Ýatmaga, diýdim. “Ine, bar-a ýer, sygýas-a şuňa...”, diýip aýasy bilen diwanyň bir gyrasyna “patlatdy”. Eger-de barmasam onda özüniňem aşhana geçjekdigini, sebäbi ýeke ýatmaga gorkýandygyny aýtdy. Bialaç yzyma döndüm. Ýöne, diwana geçmedim. Düşeklerimi golaýynda ýazdym-da ýerde ýatyberdim. Başgaça hereket etmäge bognum ysmady. Çünki, meň düşünişimça ol maşgala kimem bolsa aramyzda dostumyň maňa bolan ynanjy ýatyrdy. Ol ynamy syndyrmaga meň hakym ýokdy... ― Ýahýo ýenede- bir meýdan gözlerini petige dikip oturdy-da, başyny ýaýkap goýberdi. ― Dogry, üstüme çöwjedi ýa özüne dartjak bolup dyzady diýsem ýalançy, ýöne, şondan soň haýwanat bagyndaky götigyzyl maýmyna seredýän ýaly esli mahal sesini-üýnüni çykarman ýüzüme seretdi-seretdi-de: “Ýeke bir yzagalagam däl-de, eýsem sen barypýatan kemrysgalam ekeniň...” diýip, aňyrsyna öwrüldi ýatyberdi. Şondan soň ol maňa barmysyňam diýmedi. Ertesem irdenem turuşy ýaly ýüzüme-de seretmän çykdy ötägitdi. ― Ýahýo uly böwetden geçen ýaly gerinjiredi. ― Ol-a birinji bolan waka. Indi ikinjini gürrüň bereýin. ― Ol söze başlamazdan öň ýene bir gezek “jyňkytdy”. ― ...Ýaňky wakadan üç-dört ýyl geçenden soň öýli-işikli, ussahanaly bolan döwürlerim ussahanamda işläp otyryn welin, gapy kakylýa. Açsam institutda bile okan kursdaş gyzlarymyzyň biri dur. Ol kitap grafikasy bölümini gutarypdy-da, öz şäherimizdäki oblastnoý redaksiýalaryň birinde hudožnik bolup işleýärdi. Asyl-ha onuň ýerligem öz şäherimizdendi. Onçakly görmegeý bolmasa-da akylly, okumyş gyzdy. Student döwürlerimizem sungat hakda, durmuş hakda gürleşmäni, jedelleşmäni gowy görýärdi. Hut şonuň üçinem men ony sylaýardym. Atasynyň-enesiniň kimdigini takyk aýdybiljek däl, ýöne ýalňyşmaýan bolsam garyşyk nikadan bolan bolmalydy. Bir şäherde ýaşaýandygymyz üçin seýregrägem bolsa onda-munda gabat gelişmänem duramyzokdyk, ýöne okuwy gutaranymyz bäri oturyp ysnyşykly gürrüň edişen gezegimiz-ä ýokdy. Şonuň üçinem onuň özünden-özüniň habar-hatyrsyz gelip, beýdip gapymy alyp durmasy meň üçin geňdi.
Her niçik-de bolsa men onuň bilen köne tanyşlarça gadyrly salamlaşdym. Elinden tutup içerik saldym. Töre geçirdim. Soraşdym, ideşdim. Ol bolsa horja eginlerini gysyp günä iş eden çaga ýaly ýygrylypjyk otyr. Zoraýakdan ýylgyrjak bolýa, ýöne ugry ýok. Birsyhlam dili bilen dodagyny ýalaýa, çaý demläp ýörendigime garamazdan, yzly-yzyna suw soraýa. Äýneginiň aňyrsyndan hüwüniňki ýaly tes-tegelek görünýän gözlerini naýynjarlyk bilen ýüzüme dikýär-de, uzak wagtlap sesini çykarman oturýa. Assyrynlyk bilen ussahananyň içine göz gezdirýä. Diwardan asylgy duran suratlary içginden – içgin synlaýa. “Tüweleme sen işleýäň. Gowy edýäň. Işlemeli. Bar-bar şu zatlardan bar. Men-ä döredijiligi goýdum. Redaksiýanyň ownuk işlerinden ýaňa o zatlara elimem degenok...” diýip pyşyrdaýa.
Men ol agyr bir kesanata uçrandyr-da, indem kömek gerkedir diýip oýlandym. Ol bolsa uludan demini aldy-da: “Okap ýörkäk birimizem seň gadryňy bilmändiris” diýdi. “Kim ol, biz diýýäniňiz”, diýdim. “Gyzlar” diýdi. “Nämüçin” diýdim. Ol uýaljaňlyk bilen aşak bakdy-da: “Ýadyňdamy, bir gezek täze ýyl agşamyndan soň institutdan ýatakhana çenli birtopar oglan bolup heriňiz bir gyzy ugradypdyňyz. Ertesi gyzlar bolup syr alyşdyk welin, şo gije bile giden ýigidi bilen ýolda öpüşmedik bir ikimiz ekenik. Şonda gyzlaryň biri saňa gorkakdyr, diýse başga biri utanjaňdyr diýdi. Erkegem däl ekeni, diýenem boldy. Men bolsam, siziň o diýenleriňiziň hiç birem däl, ol akylly, parasatly oglan. Sabyrly. Siziň öwýänleriňiz bolsa jalataý. Birinji gün ogşan bolsa, ikinji gün göwsüňizden gysymlar, üçünji gün etegiňize el urar, dördünji günem it masgarasy edip taşlar, diýdim. Özümiň welin barybir şondan soň seň bilen duşuşasymam, tirkeşesimem gelmedi. Gözüme birhili gorkunç, ýürekgysgynç göründiň. Ogşamajak bolsa, gujaklamajak bolsa şoň bilen tirkeşdigim näme, gyzlar bilen tirkeşdigim näme diýip oýlandym. Ýalňyşandygyma, örän çalt netije çykaranyma soň-soňalr göz ýetirdim. Ýöne giç boldy. Gepiň gysgasy joralaryma beren aklymy özüme beribilmedim. Gaýtam özümem edil şol diýenim ýaly jalataýlaryň biriniň çoçgaryna çolaşdym. Soň başga birine sataşdym... Şu çaka çenli şoň bilen ýaşaşybam ýörün... Ýöne... Biziň onymyz ýaşaýyş däl...” diýdi. Şondan soň ol adamsy bilen jyns gatnaşyklarynyň kem-kemden gowşap, ahyrsoňy kesilendigini, bir gapydan girip- çykyp, bir düşekden örňäp ýörenem bolsalar ikisi üçinem durmuşyň gyzygynyň ýokdugyny, soňky döwürlerde saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp ugrandygynyň sebäbibem wraçlaryň hut şol ýagdaý bilen, tebigatdaky hökmany suratda bolaýmaly zatlaryň bolmadyk ýagdaýynda adamzadyň süňňünde bikararlygyň ýüze çykýandygy, onuňam öňi bilen adamyň nerw sistemasyna, ýüregine täsir edýändigi bilen baglanyşdyrýandyklaryny, maşgala ýagdaýyna zyýan etmez ýaly bir ynamdar adam bilen pynhan gatnaşyk saklamaklygy maslahat berendiklerini, özüniňem oýlanyp-öwrülip ahyry meniň kandidaturamda saklanandygyny, her hili aýlawly öwrümli ýollar bilen çekine-çekine düşündirdi. Eger-de razy bolsam haçan, nirä gel diýsemem iki aýtdyrman geljekdigini aýtdy. Bu hakda hiç ýerde dil ýarmazlygmy öwran-öwran haýyş etdi. Kiçijik, melemtik sumkasyndan kagyz, galam çykardy-da, inçejik barmaklaryny sandyradyp oturşyna telefon nomerini ýazdy. Göni meň elime bermäge çekinýän ýaly stoluň bir gyrasynda goýdy. “Iş ýerimiňkidir, öýe etmek gerek däl” diýdi... ―Ýahýo sesini kesdi-de, içip oturan çüýşesine tarap egildi. ―Beh, eýýäm gutaraýypmy-aý bi?.. Ýeri bolýa-da, zyýany ýok. Ine, onsoň gardaş, kyn güne galdym. Ýok sen maňa perişdesireýändir öýtme. Bu beýle däl. Duş gelen döwrany sürmelidigine meniňem aklym ýetmän duranok, ýöne, meň o zatlara ulaşmagym üçin birnäçe şert gerek. ―Ol bir aýagyny beýleki aýagynyň üstüne atdy-da, ýogyn barmaklaryny birin-birin bükmäge başlady. ―Meň baş goşjak maşgalamyň başy boş, nikasyz bolmaly. Bir! Zor bilen boýun etjek bolup men oň üstüne dyzamaly däl. Iki! Şol aýal meň duz iýen ýerimiň ýa-da dostumyň, tanyş-bilşimiň maşgalasy bolmaly däl. Üç! Şol haram iş zerarly meň maşgala durmuşyma zeper ýetmeli däl. Dört! Başga-da şert kän. Ýöne, şojagaz şertleriň özem adama kadadan çykmaga mümkinçilik berenok ekeni, gardaş! Ine, onsoň şeýdip şo zatlardan daşlaşýaň gidiberýän ekeniň. Şo gezegem şeýle boldy. Adamsy barmy? Bar! Üstesine men oň adamsyny azajyk tanaýadymam. Duzyny iýdim diýsem-ä ýalançy, ýöne, kursdaşym ony bir gezek sergä getiripdi-de, aýak üstünden tanyşdyrypdy. Şondan soň biz gabat gelen ýerimizde salamlaşýadyk. Göräýmäge salyhatly, intelligent ýigitdi. Ýalňyşmaýan bolsam özem abraýly edaralaryň birinde işleýärdi. Wezipesem kiçi-girim däldi. Ýöne, gep onda däl, gep aýaly bilen bet işe baş goşandygymyzdan, onuň şol işlerden bihabar galjakdygyna hiç kimiň güwä geçip bilmejekliginde. Meň öz maşgalamyň gulagyna bu zatlaryň ýetmejekdigine-de kepilnama beribiljek adam ýok. Bu bolsa meniň düzgünnamamyň maşgala abatlygy baradaky üçünji we dördünji punktyna ters gelýä. ―Ýahýo hamala häziriň özünde aýaly giräýjek ýaly gapa tarap gorkuly seretdi. Soň “dürbüsini” maňa tarap öwürdi. Ine, hut şonuň üçinem, ýagşylyk etjek bolup ýamanlyk edäýmegimiň almalydygyny şol gelne syzdyraýmanmy. Oň bilenem kanagat etmän, gowusy aýrylyşdajyk başga birine bar, näme etseňem düzgün boýunça et, bular ýaly gümürtik işi bolsa ýeke men bilen däl, asla hiç kim bilenem etme, bu iş ogurlyga barabardyr, muny Hudaýam halamaz, kanunam gowy görmez, il-günem näletlär, diýdim. Beren maslahatymdan göwni hoş bolar, tüweleme sen öňküňdenem has paýhaslanypsyň, köp sag bol, men tas bolmasy bir işiň üstünden baran ekenim, diýer öýtdüm. Emma meň hondan bäri akyllysyrap aýdan sözlerim oňa düýbünden başgaça täsir etdi. Tebsiräp duran dodaklary öňküdenem beter tebrendi. Ap-ak, inçemik ýüzi öňküsindenem beter inçeldi. Duluklary içine çökdi. Reňki agardy. Gönümel, inçegeriş burnunyň üsti çygjardy. Gözlerinde ýaş göründi. Kirpiklerine çalnan gara reňk jikgelerinden syrygyp ýaňaklaryna çyrşaldy. Uludan demini alyp ýerinden turanda inçejikbarmaklary ýedi tarly gitara çalýan ýaly birsyhly şybram kakdy. Men ýene-de özümiň ýalňyşandygyma göz ýetirdim. Şonuň üçinem, gyssanjyma böküp ýerimden turdum-da, elinden ýapyşdym. “Hany dur entek düşünişeli, men umuman gaty bir eý diýjegem bolamok, neme diýjek boldum, seni gep-gürrüňden gorajak boldum, o-da hiç diýseň men saňa kömek etmäge taýýar” diýip, düşnüksiz hümürdedim. Oň welin meni diňläsem gelmedi. Ysgynsyz ädimler bilen gapynyň agzyna bardy-da, ajymtyk ýylgyryp ýüzüme şeýle bir sowuklaç seretdi welin, başymdan lagnat daşy inäýendir öýtdüm. Şol bakyşda men dogrusy zenan ejizligini däl-de, ejizlän zenanyň özündenem ejiz erkege duşandaky gahar-gazabyny, ýigrenjini, belki-de nebsiagyryjylygyny duýdum. O zatlaryňam üstesine ol ysgynsyzsesi bilen: “Gyzlar dogry aýdan ekenler...” diýdi. Näme üçindir başyny ýaýkady. Usullyk bilen gapa elini ýetirdi. Birdenem “hyrra” yzyna döndi-de, çalt-çalt ýöräp stoluň başyna bardy. Sandyrap duran elini uzadyp hälki, ýüzüne telefon nomeri ýazylan kagyzy aldy. Gysymyna gysdy. Ony meniň hapa-hupa oklanýan sebedime zyňmanam uslyp bilmeýän ýaly mynçgylap-mynçgylap jübüsine saldy. Henizem ýaňaklaryndan syrygyp duran, ýöne indi birneme durlanan gözýaşlaryny süýem barmagynyň ujy bilen syldy. Dodagyny dişledi. Biliner- bilinmez ýylgyrdy. Sag elini çep gursagynyň üstüne goýup uludan demini aldy. Diň gögüne bakyp: “Bože moý” diýdi. Şeýdibem çykyp gitdi. Men serimsal bolup galdym. Oturyp-turup oýlandym. Agyr oýlardan men şol günüň ertesem aýňalyp bilmedim. Özümem dert-azar ýyrtylan kagyzyň ýüzündäki nomerleri göz öňüme gitirmäge dyrjaşdym. Huşuma zor saldym. Ahyram tapdym. Jaň etdim. Dogry gelen naçaryň näzik duýgularyna biparh garap özümiň telek iş edendigimi, umumanam özümde şolar ýaly şu döwre nämynasyp häsiýetiň bardygyny, şo häsiýeti ýok etmek üçin özümiňem köpden bäri göreşip ýörendigimi, ýalňyşymy boýnuma laýandygymy, häziriň özünde yzyndan baryp alyp gaýtmalam bolsa taýyndygymy aýtdym. Ýa-da gel, özüň gel, düýnki gelşiň ýalyjak geläý,men şu ýerde, ussahanamda garaşaryn diýdim. Emma aňyrdan ýagşy-u-ýaman hiç hili jogap bolmady. Derrewem aragatnaşyk kesildi. Telefon birsydyrgyn “guguldady” durdy. Gaýtalap-gaýtalap jaň etdim. Bolmady. Trubkany hiç kim götermedi. Ana, şondan soň welin men sopuçylygymy hakykatdanam goýmak üçin, edil seň her gezek arak içeniňden soň içmezlige şert edişiň ýaly şert etdim. Şu ýagty ýalançynyň ýagşysy-ýamany öňem bolupdyr, ýene-de bolar, bir seniň beýdip biriniň göwnüne degip, ýene birine üstüňden güldürip ýöreniň bilen dünýe düzelmez, ur senem özüňi gürgümmä, goşul şu dünýäniň şama-şaýyrdylaryna, diýdim. Ýöne näme, “öwrenen gylyk örkleseňem dyrmaz” diýleni, indiki ýylyň tomsunda Pribaltikadaky döredijilik öýleriniň birine gidenimde ýene-de şo güne düşdüm. ―Ýahýo sözüne dyngy berdi-de, men seni ýadadýan-a däldir in-dä hernä, diýýän manyda ýapyrylyp ýüzüme seretdi. Üns bilen diňläp ýatandygyma gözi ýetendenem dikeldi-de:―Men indi gürrüňimiň üçünji bölümine geçýän―diýip, sözüni dowam etdirdi. ―Garaz, başyňy agyrdyp nädeýin, nahar çekýän ofisantkalaryň biri sagyma bir geçdi, soluma bir geçdi, ýeňsämden gelip arkama göwsüni oýkady, gapdalymdan gelip gerdenlerime saçlaryny ýaýdy, öňümden gelip kirpiklerini gözlerime gezedi, her gezek nahar getirende “işdäň açyk bolsun” diýdi, iýip bolanymdan soň “noş bolsun” diýdi, oň bilenem oňman özünden-özi söz gatyp gepledi, özüm söz gatsam “jykyr-jykyr” gülüp gözlerini oýnatdy, şeýdibem özüne bendi etdi. Özem ýörände dagy “dirk-dirk” edip şeýle bir ýeňil gopýar welin, gonanyna göçenine göz ilenok. Ýanyňdan gidensoňam aşhananyň gapysyna barýança üç-dört gezek dagy towlanjyrap bärisine bakýa, birenaýy ýylgyrýa. Mahlasy, özüni güjeňleýä. Meňňem näme, özümiň orta asyr adamlaryna mahsus häsiýetime haýbat atyp ýören wagtlarym, üstesine düzgünnamama-da ters gelýän ýeri ýok, ärisz, özi göwünjeň, zor bilen üstüne dyzamok, bir gün maýyny tapdym-da tutdum goşaryndan. Agşam meň otagyma baryp bilmezmiň, oturyp göwün açyşara bahana-da bar, diýdim. Ol welin, näme bahana bar, diýibem soramady-da: “Ýog-e-eý, otaglaryň birine biziň giçden soň-a däl, göre-gündiz barmaga-da hakymyz ýok. Bildikleri işden kowýalar. Iş tapmak bolsa kyn, gowusy siz meňkä baraýyň, birigün ylaýyk dynç alýan günüm” diýdi. Aşak eglibrage-de, dodagyny gulagyma degrip adresini aýtdy welin üstünden gelýän ýakymly ysdan ýaňa başym aýlandy gitdi. Zenan görküniň ýarym essedenem gowragynyň ysynda bolýandygyna men şonda ýene bir gezek göz ýetirdim. Ine onsoň diýen güni agşamaralar öýüne bardym. Gapyny kakdym. Başdanaýak ak geýnen akja bir zat gapyny açdy-da: “Giriň-giriň” diýip, ak ýumurtga ýaly töre tarap togalanyp ugrady welin, şonuň şoldugyny birbada tanamandyrynam. Özem biçak begenýämi ýa endigimi, hiç bir ýerde duranok. Bir görseň-ä nirede oturtjagyny bilmän meň daşymdan pyrlanyp ýör, bir görseňem aşhananyň içinde alaşakyrdy turzup ýör, ýene bir görseňem içi dürli-dümenden doly mejimäni göterip ortaky jaýa tarap tüwdürlip barýa, ortarada duran üsti ak örtgüli stoluň üstüni rejeleşdirýä. Eýläňe-beýläňe bakmankaňam içindäki ir-iýmişleri stoluň üstündäki lälelere ýerleşdirýär-de, boş mejimäni dik depesine göterip yzyna ýumlukýa. Aýagyna ýumşak, öý paşmagyny ildirendigi üçin aýak sesem eşidilenok-da, edil öýüň içinde ak ýelek gaýyp ýören ýaly. Özüne uly bir hezilligiň, uçursyz keýpi-sapanyň garaşýandygy üçin öňünden lezzet alýandygy, umumanam şular ýaly pynhan duşuşyklary, syrly gijeleri gowy görýändigi bildirýä. Boýy birneme kiçeňräk, aýaklaram gysgarak diýäýmeseň on iki süňňüniň hemmesi ýerbe-ýer. Hywa telpegi ýaly tegelenip duran towar-towar şar gara saçlary ozaldanam tämiz, ütügiň ýylymsy ysy gelip duran ap-ak eşiklerini hasam ak, hasam arassa görkezýä. Ýüzi tegelegräk. Gülgün öwsüp duran ýaňaklary pökgüje. Myssyjak. Elwan reňke boýalan dodaklary ýuka. Her gezek öňe ýa yza gyşardanyňda “Ma-ma” diýýän gurjagyňky ýaly oýnaklap duran ullakan gözleri goňur. Ýaşy otuzdan köp däl... ―Ýahýo “heh” edip başyny ýaýkady-da, gürrüňiň yzyny ýadyna salmakçy bolýan ýaly esli wagt böwrüni diňläp oturdy. Boşan çüýşä tarap ýene bir gezek keýpsiz seretdi. Gerinjiräp oturşyna uly goh edip pallady. Aragyň badynyň gaçyşandygyndan bolmagam mümkin, söhbediniň soňuny ýaltalyk bilen dowam etdirdi. ―Ine, onsoň şeýdip ol-a köp otagly jaýyň içinde uçup-gonup ýör, menem durun ortaarda aňalyp. Her gezek deňimden geçende elimi uzadyp tutjak bolýan. Zenanlara gezek gelende demimiň “şahdygyny”, olardan sussumyň basylmaýandygyny bildirjek bolýan. O-da her gezek sypjyn atýa-da, ussatlyk bilen bir tarapa sowulýa, sag eliniň süýem barmagyny dodaklarynyň ortarasynda dikligine goýup: “No, no, ne nado huliganit...” diýýä-de geçip gidýä. Oýun edýändigini, ähli zady soňa, süýji pursatlara goýýandygyny bildirmek üçinem aňyrrak barýa-da, bärsine bakypçep gözüniň gyýygyny güldürýä. Gyjyndyrmak üçin dilini çykarýa...Dodagyny çöwürýä. ―Ýahýo howul-hara daş çykyp geldi-de, basymrak gutarmak isleýän ýaly çalt-çalt gürläp başlady. ―Ahyram ol meni stoluň başyna çagyrdy. Bardym. Häliden bäri goltugymda gabarlyp duran gymmat bahaly konýagy çykaryp ortada goýdum. Öz eýesi zenan muny ýokuş gören bolup ýüzüme nägile garady. Ýöne sesini çykarmady. Oturdyk. Iýip-içip ugranymyzdan soň hasam açylyşdyk. Men kem-kemden oňa golaýlaşdym. Ahyram maýyny tapyp, boýnundan gol saldym-da, possujak ýaňajygyndan pakyp goýberdim. Ol ýene-de ýalandan sypajaklady-da, şol bir sözüni gaýtalady. “No,no!.. Ne nado huliganit!” özi welin ýerinden gobsup galdy-da, akja kebelek ýaly pyrlana-pyrlana, göni baryp gabat garşymyzdaky ýumşak,daşyna gara çerim çekilen, demirniň körügi ýaly, oturanyňda-turanyňdaiçiňe ýel düşüp, “passyk-pussuk” edip duran ýasalan mähnet diwanyň üstüne gondy. Maňa seredip syrly ýylgyrdy. Men muny çakylyk hökmünde kabul etdim-de, ýerimden turdum. Baryp gapdalyna çökdüm. Ur-tut ýapyşybermäne birhili görübem bilýänje anekdotlarymyň, gülküli başdangeçirmelerimiň bir ujundan girip ugradym. Özümi öňküm ýaly çynlakaý gürrüňlerden, akyllysyramalardan daşrakda tutmaga çalyşdym. Her gezekki ýoknasyz hikirdilerimden soňam ýene-de öňkim ýaly oňa tarap süýşdim. Sypaň-sermeň etdim. Süňňüniň gowşap ugranyny duýanymdanam ýa alla özümi üstüne zyňdym. Meň hasabyma görä ol şo wagt garşylyk görkezmeg-ä beýlede dursun, hatda badymy aljak sözem aýtmaly däldi. Ýöne ine, ol welin meni geňler galdyrdy-da: “Beýtmäň! Eşitýäňizmi, beýtmäň! Beýtjegiňizi bilen bolsam men sizi çagyrmazdym! Häziriň özünde bes ediň! Meni sylaýan bolsaňyz, sögüşmejek bolsaňyz bes ediň...!” diýip, iki baka urunmaga başlady. Onuň ojagaz pirimleriniň köpräk çekeleşmek üçin, süýjümtik pursatlary has uzaltmak, meni has köpräk ýalbartmak, kösemek üçin edip ýören kereşmeleridigini men elbetde bilmän duramokdym, ýöne, barybir o ýagdaý meň düzgünnamamyň ikinji punkytyna ters gelýädi. Şol punkta görä men aýal maşgalaň üstüne özi göwnemese dyzamaly däldim. Şonuň üçinem ine, ýeser ýaly ýene-de sopuçylyk duýgymyň şol punkyny işläp başlady-da, ýaňy bir joş urup ugran hyjuwymyň temegine kakdy oturyberdi. Maňa indi özümiň bozuk adam däldigimi, gaýtam özünden-de berk, salyhatly, duz iýen ýeriňe kast etmekligi ölümden-de beter erbet görýän, arassa adamdygymy, nätanyş maşgalanyň üstüne dyzamag-a beýlede dursun, hatda özleri böjäýenlerinde-de saklanmagy başarýan kişidigimi subut etmek gerekdi. Hut şol maksat bilenem, özümi uçursyz adamkärçilikli, agras adamyň sypatyna saldym-da: “Nu ladno, ras tak, ne nado” diýdim we usullyk bilen ýerimden turdum. Üsti-başymy düzedişdirdim. Stoluň başyna baryp ýarysy içilen arakly çüýşäni elime aldym-da. “Şu gursun, barysy şundan, ýöne sen gorkma, men indi saňa barmagymam degirmen, ýaňkynam bagyşla” diýdim. Şeý diýmek bilen men oňa hem-ä gowy görünesim, hemem ýerliksiz oýny üçin, negözel ýigidi elinden ardurja sypdyryp barýandygy üçin puşman etdiresim, “ýeri, bolýa-la, oýun etdim-le, hany bäri gel entek” diýdiresim, näzirgedesim, has dogrusy ýalbardasym, şeýdibem ýap-ýaňyja ýere gaçan mertebämi beýgeldesim geldi. Çünki, meň pikirimçe ol her zat etmelidi welin, şo gijäni boş geçirmeli däldi. Şonça edilen aladalary, hysyrdylary ýele sowurmaly däldi. Awuny elden gidermeli däldi. ―Ýahýo aşak bakyp başyny ýaýkady. ―Emma aýal diýlen zadyň gardaş, göwni bir synansoň seýik tutmaýan ekeni. O maşgala-da ýalbarmag-a beýlede dursun şondan soň maňa tarap nazarynam aýlamady. Ýüzi-gözem düýbünden üýtgedi. Düýpgöter başga adamyň sypatyna girdi. Ezilen towuk ýaly başyny aşak salyp oturşyna bir gyzardy, bir bozardy. Dodagyny dişläp gyra bakdy. Birdenem tarsa ýerinden turdy-da, stoluň üstündäki zatlary ýygnaşdyrmaga başlady. Soňam ýüzüni kesä sowdy-da: “Mundan gijä galsaňyz ulag tapmak kyn bor” diýdi. Bu sowuklaç sözler süýji pursatlara umyt baglan naşyja zenanyň synan göwnüniň sedasydy. Men oňa düşündim. Indiden soň ýalbar-ýakar etmekligiň ýol almajakdygyna-da öňki toplan tejribelerimiň esasynda göz ýetirdim. Pursat elden gitdi. Endik öz diýenini etdi. Şondan soňky ediljek öwrümleriň ýagdaýy çylşyrymlaşdyraýmasa gowşatmajakdygy görnüp dur. Ýekeje ýol galdy, o-da haýal etmän o ýerden garaňy saýlamak. Men hut şeýle hem etdim. Ol welin meni ugratmakdan-a geçen, gaýtam adam şekilli hoşlaşmadam. Şondan soň men umuman döredijilik öýünde-de durasym gelmedi. Çünki, ol ýerde galsam men günaşadan diýen ýaly naharhanada ol zenan bilen ýüzbe-ýüz bolmalydym. Bu bolsa biziň ikimizem oňaýsyz ýagdaýa saljakdy. Şoň üçinem men bir bahanajyk tapdym-da, şol günüň ertesi Baltikanyň kenar ýakalaryny terk etdim. ―Ýahýo turmaga hyýallanýandygyny aňlatmak üçin iki elini budunyň üstüne goýup uçjak guş ýaly ýapyryldy. ―Ine gardaş, göwni galan heleý ýaly ýüz berenok diýip tebigata igenmegimiň sebäbi şol. Ýöne men ony elbetde, janymyň ýangynjyna aýtdym. Şowsuz deňeşdirme ulandym. Seniň gaharyňy getirdim. Men bilýän, tebigat jelep heleý däl. Ol ene... ―Ýahýo aglaýjak-aglaýjak boldy. ―Şonuň üçinem ol bizden islegi kanagatlandyrmadyk heleý hökmünde däl-de, perzentlerinden göwni galan ene hökmünde kine edýä. Emma ene-enedir. Ene ýüregi ýumşakdyr. Ol öz balalaryna uzak dözmez. Jelep heleý ýaly ömürlik ýüz öwürmez. Şunça wagtdan soň akyllaryna aýlanyp, yzlaryna köwlenen däli ogullaryny ol bu gün bolmasa-da ertir öz bagryna basar. Gujagyna gysar. Gynamasyny goýar. Pent berer, ýöne ýüz berer, men muňa ynanýan...
Men ýerimden turdum-da, Ýahýonyň elini gysdym. Birdenem, saklanyp bilmedim-de, tegigatyň bir ülüşi ýaly, henizem göz öňümde gaýmalaklap ýören Iwan Ýurýewiçi edişim ýaly ony gujakladym.
―Ine, munyň bolýa, dost jan, munyň dogry. Bu sözüň bilen men ylalaşýan ―diýdim.
Ertesi bizi “Sinewir” kölüne alyp gitdiler. Ol köl dagyň belent ýerinde ýerleşýär. Suwy dury. Ýyly. Karpat daglarynyň ähli damarlaryny bir özi suwaryp duran ýaly mähirli. Has geň ýerem şeýle belentlikde ýerleşýändigine, hiç bir derýa bilen, hatda çeşmejik bilenem arabaglanyşygynyň ýokdugyna, dagyň göwsünden syzyp çykýandygyna garamazdan ol kölüň içi dürli-dürli, ululy-kiçili, owadanja balyjyklardan doly. Daş-töweregini bolsa Karpat daglarynyň ähli ýerine mahsus bolan dürli öwüşginli gürgümme tokaýlyk gurşap dur.
Ana, şol mähri yssy owadan köl hem şo çaka çenli tebigat bilen dil tapyşybilmän ýören suratkeşleriň arasynda ilçi bolup hyzmat etdi. Ýaraşdyrdy. Karpat daglarynyň gazaply keşbi mylaýymlaşdy. Daglaryň kalbyna ýumşaklyk aralaşdy. Ýüregi eredi. Ýahýonyň aýdyşy ýaly mähriban ene deý balalaryna gujak açdy. Bagryna basdy. Ýüzlerinden, gözlerinden ogşady. Durup bilmänem aglady. Hä diýmänem diňdi. Suratkeşler ýene-de etýudniklerini süýreşip, ýerli-ýerden etýuda ugradylar. Edil öňküleri ýaly, her kim bir tarapa dagady.
Şol gün hiç ýerden, hiç kimiň nägile sesi eşidilmedi. Hatda iň ynjygymyz bolan Ýegoryňam sesi çykmady. Her kim bütin durky bilen öz işine berildi. Günortanlyk edinmek üçin hiç kim goşa-da gelmedi. Her kim başlan işini basymrak gutarmaga, guwanmaga, buýsanmaga howlukdy. Bir däl, birnäçe etýud ýazmaga ýetişenlerem boldy. Hemmeler Karpat daglaryny reňk bilen beýan etmekligiň hakyky lezzetini duýdular. Şol gün hatda modernistleriňem keýpleri çag göründi. Soňraky seredişiklere olaram Karpat daglarynyň gözel keşbini dogruçyl beýan edýän eserler çykardylar. “Howwa-da, dogram-da, näme oýun etmeli bolsa öýe baraňsoň edibermeli bor-da bular bir taýyn materiallar, çig mallar, polufabrikatlar hökmünde-dä...” diýşip öz ýanlaryndan.Ýegoryň birwagtky aýdanlary bilen razylaşdylar.
Şondan soň tä plener tamam bolýança hiç kim hiç kime hiç zady subut etjek bolmady. Hatda Lýonýanyňam sesine suw sepilen ýaly boldy. Ýuwaşady. Gollaryny bulaýlap galmagal etmesini goýdy. Gep-gürrüňsiz, gykylk-galmagalsyz, arassa zähmete ýugrulan öndümli günler başlandy. Karpat daglary bolsa tä gaýdýançak özüni diýseň parahat alyp bardy. Gaýdan, tupandan gorady. Tylla gün her gün bolluk bilen şöhle saçdy. Ýaşyl ýaýlalaryň üstüne kükregini gerip duran ak bulutly gök asman hem tä hoşlaşýançak şol bir asudalygyny saklady.
Şeýdip, adam bilen tebigat ahyry dil tapyşdy.
1987-1988 ýý.
Juma Hudaýguly.
Powestler