KARPAT DAGLARYNYÑ AÑYRSYNDA
1988-nji ýylyň sentýabr, oktýabr aýlarynda, men nesibäm çekip, “Adam we tebigat” ady bilen, Karpat daglarynda geçirilen, žiwopisçi hudožnikleriň bir aýlyk, halkara plenerine gatnaşmaly boldum. Bu meniň şolar ýaly şüweleňli üýşmeleňlere ilkinji gezek gatnaşdyrylyşymdy. Sebäbi, ýurtda “üýtgedip gurmak” döwri höküm sürýärdi we öňki döwre garanyňda köp zat oňynlyga tarap ugur alypdy.
Bizi “Zakarpatýe” oblastynyň merkezi hasap edilýän Užgoroddan iki ýüz kilometr çemesi bärde ýerleşýän, degresini üsti gürgümme tokaýly dag gerişleri gurşap oturan “Wolowes” stansiýasynyň “Plaý” syýahatçylyk bazasynyň ähli oňaýlyklar bilen üpjün edilen üç mertebeli ullakan myhmanhanasynda ýerleşdirdiler. Hersiniň iki adamlykdygyna garamazdan herimize aýratyn otag berdiler. Kimiň kendiri, kartony, ýa reňki gutarsa, kist, reňk garylýan ýag gerek bolsa bökdenmän satyn alybereri ýaly Hudožnikler soýuzynyň Užgorod guramasy tarapyndan ýörite göçme salonam gurnadylar. Podramnik, rama ýasatmaklygy ýola goýdular. Şeýle hem üç günden soň awtobusly o ýan, bu ýan gidişligiň başlanjakdygyny, oňa çenli şol töwereklerde güýmenibermelidigimizi mälim aýtdylar.
Ýöne, görüp otursak biziň köpümiz hatda etýudnigi nädip açmalydygynam ýadymyzdan çykaraýan ekenik. Haýsy nurbadyny haýsy tarapa towlamalydygyny, aýaklaryny nädip uzaldyp gysgaltmalydygyny bilmän “hykgyldaşyp” oturanyň hetdi hasaby ýok. Iň gülkünç ýerem köpüsiniň düýbünden etýutnigem ýok ekeni-de, ýa-ha kimdir birinden wagtlaýynça diläp alyp gaýdypdyrlar, ýa-da entek uçilişede ýa institutda okap ýören çagalaryňkyny alyp gaýdypdyrlar. Men ýaly gaýtmazynyň öň ýany salondan satyn alyp gaýdanlaram bar.
Bu ýagdaý elbetde, hemmämiziň köpden bäri ussahanamyzdan çykmandygymyzy, etýud etmändigimizi, umuman tebigatdan, daşlaşandygymyzy aňladýardy. Şeýle-de bolsa hiç kimiň hiç kime syr bildiresi gelenok. Her kim şol ýagdaýa düşen bir özümdirin öýdýär. Basymrak daş çykyp özüni naturada synap göresi gelýär. Şonuň üçinem her kim her gün ir bilen turşy ýaly etýudnigini egninden asyp, ýapynyň ýüzi bilen ýokarlygyna tarap gyrmyldap ugraýar. Gaçyp guzlaýan towuk ýaly töwerek-daşyna garanjaklap barşyna pynhandan-pynhan ýer gözleýär. Başga biriniň baran ýerine barmazlyga çalyşýar. Öz baran ýerine bolsa başga biriniň barmazlygyny isleýär. Şol sebäpli, bir dagyň çür başyna çykanlaryndan soň olaryň haýsynyň haýsy gürgümmä siňendigini, haýsynyň haýsy agajyň düýbünde gara dere batyp durandygyny biljek gümanyň ýok.
Ýapylary ýap-ýaşyl ter hem näzik otlara, depesi altynsöw ýapraklaryny şemala şowurdadyşyp oturan berýoza agaçlaryna, sosnalara, göm-gök ýolkalara we başga-da dürli agaçlara baý bolan Karpat daglary welin bizi iňňän hakykatdanam ýowuz garşylady. Başymyza agyr synaglary saldy. Erbet aljyratdy. Goýnuna goýberse-de golaýyna goýbermedi. Ýüz bermedi. Tebigatdan daşlaşýandygymyzy ýokuş görýän ýaly birsyhly döşümizden itdi durdy. Belki-de, temmi bermek isledi.
Onuň ilkinji gün özüme görkezen görgüsi ömürem ýadymdan çykmaz. Şol gün ir bilen etýudnigimi egnimden asyp il hatary menem myhmanhanadan çykdym. Ýoldaşlarymyzyň hersi öz peýlän ýerine siňip, gözden mazaly ýitýänçäler tokaýyň gyrak-bujaklarynda köw-söw edip garaşdym. Gerinjiräp durşuma dag gerişlerine, ýaşyl begrese beslenip ýatan ýapgyt-ýapgytbelenliklere, ýapylaryň ýüzünde ýekebara otlaşyp ýören ýelni ýetik sygyrlara, her sygryň gapdalynda çommalypjyk oturan başlary jümjüme gülli ak ýaglykly aýaklary ýumşak ädikli gök köýnekli kempirjiklere, yzy oglanjykly ýa gyzjagazly böwenemjek geçilere, egrem-bugram bolup dagyň çür başyna çykýan inçejik ýodalara, kä ýeri böwür berip duran kert kenarly oýtaklara ser saldym. Çen bilen ýoldaşlarymyň gidäýjek ugurlaryny kesgitledim-de, bazanyň günbatar çetine çykdym. Ýodajyklara düşmän, ýapynyň ýüzi bilen ýokarlygyna tarap gyýaklap ugradym. Otura-tura ýokarsyna ýetdim. Kä ýerlerini tylla sary, käbir ýerlerini entegem ýaşyl öwüşginini ýitirmedik ýapraklary bilen örtüp oturan ýaşajyk berýozalaryň arasyna siňdim. Bir garyşdanam gowrak galyňlykdaky ýumşak ýapraklaryň üsti bilen aýagym pružinaly ýaly ýaýkanjyrap durşuma ho-ol aşakdaky, terslin-oňlyn oklanan kerpiçler kimin kinniwanja görünýän ululy-kiçili jaýlary, myhmanhanamyzy, iki gyrasy sümme tokaýlyk bolup duran dar jülgäniň içi bilen allaowarralardan gelip, meniň duran beýigimiň düýbi bilen Günbatar Ýewropa ýurtlaryna tarap geçip gidýän demirýoly, arka tarapyndan seredýändigim üçin depesindäki ýazgysy maňa ters görünýän wokzaly, onuň aňyrsyndaky uzyn hem ýogyn turbalaryndan gara, goýy tüssäni jomartlyk bilen zogduryp duran giň howlyly haýsydyr bir zawody, aňry gitdigiçe etegi çal, galan ýeri mawumtyl, has aňyrrakdakylary bolsa gögümtil görünýän daglary, olaryň kem-kemden howa garylyp, asman bilen utgaşyp gidýän gerişlerini göm-gök, dury hem arassa asmany, onuň ýüzündäki akja bulutlary synladym. Megerem agaç düşürýän bolsalar gerek, esasy ýoldan şaha ýaryp gidýän demirýolunyň howla girýän ýerinden adam sesleri, “şakyrdy”, “güpürdi” eşidilýär, ýöne, özleri görnenok. Şol zatlary hasap etmeseň uly bolmadyk stansiýanyň töwereginde ullakan bir gymyldy, hereket ýok.
Men etýudnigimi howlukman egnimden düşürdim. Howlukmanam açdym. Hernä okuwçy döwrüm eden endigini ellerim unutman ekeni. Sermenip ýörşüne haýsy nurbadyň nirededigini, haýsyny haýsy tarapa burmalydygyny özünden özi bilip gidip barýar. Etýudnigi dikip oňa täzeje, akja karton goýdumam welin süňňüme galpyldy aralaşdy. Gorky basdy. Ýüregim çalt urdy, göwrämiň ysgyny azaldy. Aýaklarym saňňyldady. Özümi eden etmişi üçin häziriň özünde eýesine jogap bermeli günäkär çaga ýaly duýdum. Ellerimem edil etýudnigi açandakysy ýaly batyrgaý hereket edibermedi. Barmaklarym bolsa iň bir kiçijik kistjagazlary hem tutubilmän titreşdi durdy. Bir görsem ýanym bilen ne ýeterlik reňk alypdyryn, ne-de reňkleri garar ýaly ýag. Iň bolmanda işläp rotgalary süpürer ýaly esgi ýa-da kagyz bölejiklerinem alaýmandyryn. Ýöne, her niçik hem bolsa ilkinji ädim ädilmelidi. Işbaşlanmalydy. Gorkydan üstün çykylmalydy. Synag geçirilmelidi.
Iki sagat hars urup bir zatlar çyrşaşdyrdym.Erbedem däl ýaly. Ýöne, iş etdim-ow, diýip oňa-muňa görkezerden gowşagrak. Öwrenjäniňkä çalymdaşrak. Şonuň üçinem, birinji işimi aýryp zyňdym-da, ikinjä başlamak üçin täze bir kartony etýudnige goýdum. Ýöne, Gojaman Karpat ýene-de gaharlanyp başlady. Howa bulaşdy. Daş-töwerek “şuwwuldydan” doldy. Şahalaryndan tänýän sary ýapraklar elem-tas bolşup ondan-oňa tasaşdylar. Howanyň ýüzünde gaýmalaklaşdylar. Häliden bäri sülmüreşip duran sypaýy agaçlaram: Aý, senden zat çykjak däl, git basymrak bu ýerden diýýän ýaly, gollaryny bulaýlaşyp üstüme süründiler. Çygar çybyklary bilen ýagyrnyma, eginlerime, ýüz-gözüme “şarpyldadyp-şarpyldadyp” ýelmediler. Eýýämhaçan apy-tupana öwrülen dag ýeli bolsa aç aždarha ýaly ala zenzele turzup asmandan aşak indi. Agaçlaryň başyny sil kimin tolkunlandyryp gelşine sütünlerini çar tarapa çaýkady. Şahalaryny gaýryp köklerine wehim saldy. Akja topuklaryndan tutup tä dik depesine barýança ýapraklaryny syrdy, olary esli ýere çenli ýapylaryň ýüzi üzre süýrekläp äkitdi-äkitdi-de, şowurdadyp asmana sowurdy. Dolap getirup ýene-de agaçlaryň aşagyna dykdy. Birdenem barsyny syryp-süpläp getirdi-de, meniň daşyma dolady. Don biçjek ýaly egnime deňedi. Soňam ýüpe çapraz düzen dek setir-setir etdi-de, allaowwaralara tarap alyp gitdi. Çyg topragyň ysy gelip duran ýumşaksy, öl ýapraklaryň käbiri ýüzüme ýelmeşip, ýaňaklarymdan ogşap, gabaklarymy sypalap geçse, käbiri çat maňlaýyma şapbatlady, burnumyň ujuna pitikledi. Birentegi bolsa baryp, ýap-ýaňyja ýagly reňkden doýan, ýüzi manzarly kartonyň ýüzüne terslin-oňlyn ýelmeşdi. Palitranyň üstündäki bol-elin sykylan ýagly reňke başaşak çümüp syrtlaryny dik ýokary tutup duranlaram, ýadan ýolagçy ýaly ýanyn ýatanlaram, üsti-üstüne müngeşenlerem az däl. Bu ýagdaý palitranyň ýüzünde üýtgeşik bir gözel görnüşi emele getirdi. Her dürli ýapraklardan bogulan çemene meňzedi. Şoňa göwni göterildimi ýa ýel bilen tutluşmakçy boldumy, manzarly kartonam “patlap”ýere gaçdy. Ýöne, uzak ýatmady. Ilk-ä bir ýaýkanjyraga-da gapdalyna galdy. Soňam “liňk-liňk” edip dikeldi. Birdenem ýeliň badyna gaýdyrylyp gitdi-de, ýapynyň gyrasyndaky düwrüň ygyna üýşen ýaprak harmanynyň içine süsdürildi. Ýel welin ony şol ýerde-de öz erkine goýmady. Üstüni bir gömdi, bir açdy, bir eýlesine, bir beýlesine öwürdi, kimdir birine güjeňleýän ýaly gyrasyndan tutup ýokaryk galdyrdy, soň ýene-de tarpyldadyp ýüzüni ýere basdy, üstünden şapbatlady. Soňam alahasyrdy bolup gaýtdy-da, häliden bari üç aýagynyň üstünde yranjyrap duran etýudnigem bir tarapa agdaryp goýberdi. Etýudnik çukanagrak ýere düşdi-de, haram ölen göle ýaly aýaklaryny dik ýokary tutdy ýatyberdi. Galdyraýyn diýip golaýyna baranymdanam aňyrlygyna agdaryldy-da, “maýtyk-maýtyk” edip ýapydan aşak indi. Iki bökenimde yzyndan ýetip özümi üstüne okladym. Täzeden güýç toplap gelen gara ýel bolsa meni etýudnigim bilen bilelikde aşaklygyna tarap togalap başlady. Her gezek öwrüm edenimizde etýudnigiň alaşakyrdy bolup üstümden aşyrylýanyny, ujy çiş demir aýaklarynyň o ýerime, bu ýerime sanjylyp erbet agyrtýanyny bilýän. Böwrümden bir geçäýmäbilseýdir, diýip pikir edýän. Şol gidişimize gidip oturan bosak hakykatdanam bir bolmasy işiň bolaýmagy ahmaldy. Hern-ä zer-zaw bolan ellerim ýapynyň ýüzünde ösüp oturan ýalňyz, horja agajyň şahalaryna ilişdi-de, saklanaýdym. Aýaklary şojagaz agaja gadaldy-da, etýudnigem saklandy. Ýüzi üýtgeşik manzarly palitra-da “pat” edip gapdalyma gaçdy.
Şondan soň men “hyk-çok” edip ýerimden galdym. Nägerek eýle dikeldim. Etýudnigimi süýräp itiň görüminde ýokary çykdym-da, çalam-çaş bolan, entek ýüzi arassa kartonlarymy bagryma basyp, busup oturdym. Şol oturyşyma-da ýoldaşlarymyň nähili ahwalatlary başlaryndan geçirýändikleri barada oýlanýan. Gün batmazynyň öň ýany, ýel mazaly köşeşenden soň, olaryň ondan-mundan çykyşyp, aşaklygyna tarap süýşenekleşip baryşlaryna gözüm düşdi. Keýpsizdiklerinden, biri-birlerini görmezlige salşyp, aşak bakyp, sessiz-üýnsiz baryşlaryndan çen tutup, olaryňam ýagdaýlarynyň özümiňkiden ibaly däldigini aňdym.
Olar aşak düşüp garaňka duwlananlaryndan soň menem ýerimden turdum. Zatlarymy ýygnaşdyrdym-da usullyk bilen aşak inip başladym. Bu maňa ýokary çykmakdanam kyn boldy. Birinjiden-ä egniňden asylgy etýudnik hallanlap, özüňdenem öňe düşüp, idenekledip alyp barýar. Ikinjidenem daş-töwerek tüm garaňky. Üstesine wokzalyň depesinde dikilen üç-dört sany prožektoryň ýiti şöhlesem çat maňlaýyňdan urýar-da, bir eliňi gözüň üstüne kölegeledäýmeseň aýak basjak ýeriňem saýgaryp bolanok. Ýöne aşak düşenimden soň gaňrylyp garadym welin, ýaňky prožektorlar ýapynyň ýüzüni mazaly ýagtyldýar ekeni-de, düşüp gelýän adam aşakda durana edil kinoda görnen ýaly görnüp dur ekeni.
Myhmanhana gelenimden soň ýoldaşlarymyzyň hiç biri meniň näme iş edenim bilen gyzyklanmady. Menem olaryň näme iş edendikleri bilen gyzyklanmadym.Asyl hiç kimem kimiň name iş edeni bilen gyzyklanmady. Her kim özüne azar berilmese kaýyl. Otaglaryna girdiler-de, çeken suratyny hiç kime görkezmezlik üçin ýumurtga basýan towuk ýaly etýutnikleriniň üstünde sommaldylar oturyberdi.
Otagyň gapysyny açyp, çeken suratlaryny özüçe sergi edip oturan ýekeje suratkeş bar. O-da özüni hakyky modernist hasaplap, geleli bäri öwünip ýören, hemişe şähdaçyk, degişgen, gürlände gaty, gygyryp üstüňden gülübräk geplemäni gowy görýän, gür goňur sakgally, ösgün murtlary galyň dodaklarynyň üstünden sallam-sajak bolşup duran, göm-gök gözleri içiňden geçip barýan, orta ýaşlaryndaky Lýonýa atly ýigit. Ol Minskiden gelipdi we sowet sistemasynyň sürgünli döwürlerem sungatyň bütündünýä derejesine dalaş edip, sosrealizme garşy tutanerli göreşip gelen adam hökmünde özüne-de, işlerine-de hormat goýulmagyny hemmelerden talap edýärdi. Iru-giç hemmeleriňem şol ýola düşjekdigini terkarlaýardy. “Men sosrealizmiňem, naturalizmiňem düýbünden ýitip gitjekdigine ynanýan. Ol hernäçe owadan görünýänem bolsa, onuň her dürlüje “tril-lýal-lýaýlaryndan” ýüz öwürmek gerek. Onuň däp bolup galan kada-kanunlaryny ýykyp-ýumurmak gerek” diýip, gaýtalamany gowy görýärdi. Kän bir gaýtawul görmäninden soň hasam meçew alýardy.
Şol günem ol tä ýatýança öz-özi hümürdendi, hiňlendi, gaty-gaty güldi, ertire taýýarlyk gören bolsa gerek, birsyhly hysyrdandy, eden işlerini gaýta-gaýta gözden geçirdi, eline çotgasyny alyp käbirlerine düzediş girizdi, käbirlerini bolsa düýbünden täzeden işledi.
Lýonýa bilen pikirdeş suratkeşleriň elbetde, başga-da ýok däl. Ýöne, olar onuň ýaly göze-başa düşüp baranoklar. Özlerini, işlerini mazamlap ýörenoklar. Hiç kimi öz barýan ýolundan dönderip öz ugrurlaryna bakan gönükdirjegem bolanoklar.
Şeýdip üç-dört gün geçdi. Awtobusly eýläk-beýläk gidişlik başlandy. Suratkeşleriň ýagdaýy welin üýtgemedi. Şol bir “bus-buslyk”, suslyk höküm sürdi. Birek-birekden gaça duruldy. Işler bukyldy. Öz düşen güni barada her kim biri-biriniň ýanynda hatda dil ýarmaga-da çekindi.
Bir hepde geçensoň welin ondan-mundan halys uwnup-çydamadyklaryň “myňňyldylary” eşdilip ugrady. Böwedi ilkinji bolup Hersonly suratkeş Ýegor böwüsdi.
―Bolanok!.. Bolanok!.. Başaramok!.. ―diýip, şol gün giçki nahardan ýatakhanamyza gaýdyp gelşimiz ýaly däliziň ugrundan onuň inçejik, şaňňy sesi eşidildi. ―Näçe reňk, näçe karton zaýaladym, emma bolanok!.. Peýdasy ýok!
Men usullyk bilen gapymyň agzyna bardym. Dälize tarap diň saldym. Açdym. Görsem ol endigine görä iki elinem jübüsine sokupdyr-da, diň gögüne bakyp däliziň ugrunda iki ýana daz ýasaýar. Lýonýanyň açyk gapysynyň deňinden geçende oňa tarap gözüniň gytagyny aýlaýar. Ýöne sowlanok. Hatda säginenogam. Diýmek, ol özüne dertdeş gözleýär. Kimdir biri bilen zeýrenişesi gelýär. Men gapymy yzyna çekmek üçin elimi tutawaja ýetirdim. Oňa çenlem gabat garşymdaky gapydan Garagandaly Gajybekiň gara sakgal bilen gaýmalanan süňklek ýüzi göründi. Gyýajyk gözlerini güldürip bir maňa, birem Ýegora bakyp ýylgyranda ap-ak dişleri öňküsindenem, owadan göründi.
―E-eý, Ýegor, näm boldy?!.
Gajybekiň sesini eşidenden, aňyrlygyna tarap ýöräp barýan Ýegor “ziňk” edip bärisine öwrüldi. Syrdam göwresine gelşip duran sagdyn hem saýhally ädimler bilen bize tarap gaýtdy. Arkan gaňtarylgy altynsow saçlaryny barmaklary bilen darap gelşine tutluşjak pälwan ýaly gözlerini çerreldip ýüzümize seretdi. Aýaklaryny “tarp” etdirip gapdalymyzda saklandy. Birdenem petekesini gaýşardyp Gajybekiň üstüne abandy. Çyna berimsiz gahar bilen azmly gürledi.
―Näm boldy, näm boldy, bileňokmy näme bolanyny?
―Biz-ä bilemizok.
Ýegor Gajybekiň ýarym açyk duran gapysyna tarap owsun atdy.
―Görkeziň-dä onda bilmeýän bolsaňyz.
―Nämäni?
―Çeken suratlaryňyzy.
―Hä-ä...Çeken suratlaryňyzy diýsene... ―diýip, Gajybek meniň ýüzüme seretdi-de, dälize çykyp gapysyny mäkäm ýapdy. Soň mekirlik bilen Ýegoryň ýüzüne çiňerildi. ―Hany ýör, öňürti özüňkini bir göreli.
Ýegor ýene-de iki ýana haýdap başlady.
―Ýok, ýok, mende zat ýok! Men barsyny zyňdym. Şu çaka çenli çekenlerimiň hemmesini zyňdym.
Ol birdenem maňa tarap topuldy. Menem böküp dälize çykdym-da, şark-şurk gapyny ýapdym. Gorkan öňürtlär edip öz üstüne süründim.
―Onda şu günki çekeniňi görkezäý.
Ýegor meň ýüzüme alaryldy.
―Bu günkinem zyňdym.
Gajybekiň üstüni gara murt örtüp duran dişleri ýene-de akjaryp gitdi.
―Aý ýok, bu günkiň-ä zyňaňok. Eliň kartonly awtobusa tarap tasap gelýäniňi men gördüm ahyry.
―Ah sen şpiýonjyk! Yzarladym diýsene... ―diýenden soň Ýegoryň özem saklanyp bilmän gülüp goýberdi.―Onda dogrymy aýdaýaýyn. Şo golaýda bir garryja kempir ýaşaýan ekeni-de, şoňkuda goýup gaýtdym. Getirmäne utandym. Ýöne haýyş edýän, siz meň bilen deň bolmaň-da, özüňiziňkiniň birini-ýarymyny görkeziň... Bir, ýüregime sowuk suw uraýyn, ynjalaýyn.
―Bizem bir garry mamaňkyda goýup gaýtdyk, ―diýdi-de, Gajybek öz otagyna girip gitdi. Ýegor meniň ýüzüme seretdi. Men egnimi gysdym. Şondan soň Ýegor aňyrlygyna tarap ylgaşlap gitdi. Köp wagt geçmänkä-de onuň:
―Adamlar! Realizm gowumy ýa abstraksiýa? Iň bolmanda maňa şony bir düşündiriň – diýýän naýynjar sesi eşidildi. Yz ýanyndanam Lýonýanyň lagar düşen düýäniňki ýaly ýogyn gülküsi eşidildi. Bir zatlar diýip gygyrdy, ýöne näme diýenini aňşyryp bolmady.
Ýegoryň şol bir sözleri, şondan soň nahar iýip otyrkak çemçedir-çanaklaryň “şakyrdysynyň” arasy bilenem, daga dyrmaşyp barýarkak sütem baryny görýän awtobusyň “iňňildisiniň” arasy bilenem, işläp ýörkäk agaçlaryň “şaggyldysynyň”, dag şemalynyň “şuwwuldysynyň” arasy bilenem günüň-gününe eşidildi durdy. Etýud ýazyp durka golaýyna baryberdigiňem “şakur-şukur” etýudnigini ýygnaýardy-da, ýüzi manzarly kartonyny dik depesinde bulaýlap durşuna:
―Waý, gelmäň! Golaýyma gelmäň! Geldigiňiz öldürin!.. ―diýip, gygyrýardy. Derrewem gyrymsy agaçlaryň arasyna sümüp zym-zyýat bolýardy. Ýöne, köp wagt geçmänkä, nijembir gün bäri agzynyň ram eden sözleri ýene-de gojaman, Karpat daglarynyň depesinden ýaňlanyp ugraýardy.
On gün diýlende toparyň ýolbaşçysy, SSSR Suratkeşler soýuzynyň Užgorod guramasynyň jogapkär sekretary Babines suratkeşleri bir ýere ýygnap, pleneriň biziň öňümizde goýan maksady, umuman suratkeşleriň tebigata bolan gatnaşygy barada ilkinji gezek gürrüňçilik geçirdi. Myhmanhana bilen degşip duran naharhananyň öňündäki üç tarapy ýapyk, “p” görnüşli uly bolmadyk meýdançada hepdede bir gezek sergi gurap Karpat daglary bilen dil tapyşmak baradaky meseläni bilelikde maslahatlaşmagy teklip etdi. Onuň bu pikirini hemmeler goldadylar.
Ilkinji seredilşik umuman alanyňda suratkeşleriň beýle bir nalajedeýin däldiklerini, gaýtam hersiniň işinde öz ýüzüniň görünýändigini ýüze çykardy. Hatda özlerini realistik ugruň wekili hasaplap, modernizme ýykgyn edýänleriň öňünde kemsinşip ýörenleriňem dürli röwüşlerde, özleriçe işleýändikleri belli boldy. Bu ýagdaýyň oňňyn taraplary bellenildi. Seredilşigiň soňy çekişmä ýazdy.
―Ýigitle-er!.. ―diýip, endigine görä ellerini jübüsine sokup, işleriň arasynda elewräp ýören Ýegor aýalyňky ýaly “şaňňy” sesini öňküdenem beter inçeldip jynssyz gygyrdy. ―Men juda erbet suratkeş ekenimmi? Hä?!. Hany, siz maňa şony bir aýdyň!..Ýöne dogryňyzy aýdyň. Bilýän, men baryp ýatan naturalist. Siz bolsaňyz hakyky suratkeş. Abstraksiýa-da edibilýäňiz.—Ol häliden bäri özüne seredip mekirleç ýylgyryp duran Lýonýanyň ýanyna bardy. Alkymyna dykylyp iki gözüniň içine çiňerildi: ―Lýonýa! Ine, görşüň ýaly men-ä abstraksiýa edibilmeýänimi boýnuma alýan. Senem naturadan çekebilmeýänidigiň üçin abstraksiýa edýändigiňi boýnuňa al, onsoň men saňa “hä” diýeýin... ―Ýegor barmagyny çommaldy. —Çekip bilmeýäň gerek? Çekip bilmeýäň! Duz kessin çekip bilmeýäň! — Ol haraý gözleýän ýaly köpçülüge ýüzlendi. —Çekip bilmeýä! Çekip bilmeýärler! Çekip bilmeýändikleri üçinnem bular modernizmiň arkasyna bukulýarlar. Öz aýplarynyň üstüni şeýdip örtjek bolýar. Men bolsam ana, şony başarbilemok. Jögülik edibilemok. Naturalizimden çykybilemok. Durmuşdan daşlaşybilemok.
Barmaklary bilen murtyny towlap çep aýagynyň üstünde “liňkildäp”duran Lýonýa gözlerini süzüp “loh-loh” güldi.
―Ýogsa-da sen naturany bir oňarýaňmy?
Ýegoryň peltesine ot düşdi.
―Dogry! Men onam oňaramok. Başaramok. Gözümiň görüp duran zadynam Şişkin ýaly, Laktionow ýaly doňduryp taşlabilemok. Görüşimem, çekişimem ýabygorly. Ýöne ret edemok. Zerurlygyny, hökmanylygyny inkär edemok. Siz welin ony iňkär edýäňiz... ―Ýegor birdenkä suslandy. Birdenem dikgerdi-de, herimiziň ýüzümize bir gezek seredip çykdy. Yzyndanam edil başdakysy ýaly çasly gygyrdy: ―Ýa menem ertiriň özünde abstraksiýa başlabersemmikäm? Natura seretmänräge-de çyrşaşdyrybersem şo bor-da! Şeýle dämi? Buýr-bulaşyk ediberseň abstraksiýa bolýa dämi?
Onuň bu sözüne gyzyl-gyran gülüşdiler. Şondan soň Lýonýa orta çykdy. Ol öňi bilen-ä özüniň şu ýere geleli bäri gaýtalaý-gaýtalaý lejini çykaran şol bir sözlerini ýene bir gezek gaýtalady. Soňam Ýegoryň ýüzüne seretdi-de, ýygnagyň hatyrasy üçinmi nämemi özüne mahsus bolmadyk, ylalaşykly äheňde pessaý gürledi.
―Ýöne, welin abstraksiýa diýlen zadam ýoldaş Ýegor, seň aýdyşyň ýaly:gel-aý, menem şeýdeýin diýäge-de, ediberilýän zat däldir. Ol kyn hem beýik sungatdyr. Düýpli düşünmek üçin onuň on ýyllap ejirini çekmek gerekdir. Onsoňam sosrealizm bilen umuman, realizmiň, şeýle-de naturalizm bilen realizmiň düýbünden başda-başga zatlardygyna, naturalizmden ýüz öwürmekligiň realizmden ýüz öwürmek däldigine düşünmeýän bolsaň seň bilen gepleşmek maňa kyn düşer. Naturalizm – bu ýazuw usuly. Beýan ediliş formasy. Abstraksiýa-da şeýle. Ähli “izm”-lerem şeýle. Olaryň hiç birem esassyz zat däl. Hemmesiniňem düýbünde ägirt uly zehinleriň tükeniksiz zähmeti, jebri-jepalary, umumyadamzat temalary ine, hut şu hem realizmdir. Modernizm diýiň, beýleki diýiň, ahyrsoňynda şolaryň hemmesiniňem teýinde realizm ýatyr. Çünki, realizm – bu tema reallygy. “Izm”-ler bolsa şol bir real temanyň dürli formalar arkaly beýan edilişi. Haýsydyr bir real hakykaty natutalizm arkalam, abstraksiýa arkalam beýan edip bolar. Ol suratkeşiň içki dünýäsine bagly. Kabul etmek bolsa tomaşaçynyň intellektual derejesine bagly. Wan Goguň işlerini hiç kim naturalizme-de, abstraksionizme-de degişli edip bilmez. Emma ýer ýüzünde oň işlerine düşünmeýän, gowy görmeýän ýok. Sebäbi onuň işlerinde bürküldäp duran ýüregiň gürsüldisi bar... Ol geniý... ―Lýonýa aýtsammykam, aýtmasammykam diýýän ýaly aşak bakyp böwrüni diňledi. Soňam näme bolsa şol bolsun diýen ýaly, elini silkip goýberdi. Ýegora seredip sag eliniň aýasyny çep gursagyna goýdy. ―Ýegor sen, meni bagyşla. Biz köp. Juda köp. Bir asyrda, bir döwletiň içinde munça geniniň bolmagy mümkin däl. Olar ýaly adamlar birnäçe asyrdan bir gezek döreýä. Onda-da dünýä boýunça biri ýa ikisi döreýä. Biziň bolsa barymyz özümizi genidiris öýdýäs. Biri-birimizdenem, öz-özümizdenem güýjümiziň ýetmejek zadyny talap edýäs. Hamala barymyz uçdantutma açyş etmelimişik, üýtgeşik eserler döretmelimişik. Döwletem bizi birsyhly üpjün edip durmalymyşyn. Ýogsam nägözel zehinleriň ýok bolup gitmegi mümkinmişin. Muny bize sistema öwretdi. Öz “heýjanelekçilerini” eljiretmek bilen bizem özüne imrikdirdi. Hökümediň goldawy bolmasa suratkeşem, ýazyjam, artistem bolup bolanok diýen düşünjä uýdurdy. Elbetde, zehine goldaw gerek. Ýöne, Hudaý adama zehiniň gapdaly bilen güýç, kuwwat, gaýrat hem berýändir. Zehinini öz gaýraty bilen gorap bilmeýän adam hakyky dörediji däldir. ―Lýonýa birazajyk sözüne dyngy berdi. ―...Dogrusyny aýtsam biziň köpümiz, bu ýola tötänden düşen bolmagymyzam mümkin. Belki biziň käbirimiz bu käre görä ferma müdirligini ýa doňuz çopanlygyny has gowy oňarardyk? Ökde wraç ýa agranom bolup gidiberjeklerimiziň bar bolmagam mümkin... Umuman beýik zatlar barada gürrüň etmezden öňürti öz mümkinçiligiň barada oýlanyp görmek gerek. Beýikler barada bir zat diýmezden öňürti öz kimdigiňi bilmek gerek. Ile akyl bermezden öňürti öz akyl käsäň ölçegini kesgitlemek gerek... ―Lýonýa sözüni tamamlan ýaly etdi-de, birdenem gollaryny galgadyp sesiniň ýetdiginden gygyrmaga başlady: ―Odnim slowom gigantomaniýa! Hamala hemmämiz asmana uçup barýan ak guşmyşyk-da, beýlekileriň hemmesi aýaklarymyzdan aslyşýamyşyn. Çuş! Sowet sistemasyndan ýaňa, menden köp köseneniňiz, kemsidileniňiz ýokdur, men hatda bir gezek Hudožnikler soýuzyndan çykarylybam gördüm, tas ýurtdanam çykarylypdym, ýöne, näme ýetmezim bar bolsa, men ony barybir sistemadan däl-de, özümden görýän.. Men hemmäňiz men ýaly işläň diýjek bolamok, ýöne genial eser döredibilmeýändigňiz üçin gynanybam oturmaň diýjek bolýan.
Lýonýanyň bu çykyşy hemmeleri birhili etdi. Köpçüligiň içinden “hyşy-wyşy” eşidildi. Gowur köpeldi. Bu näme, “menden başgaňyz puç diýdigi boldumyka muň” diýen ýaly nägilelikli sözlerem eşidildi. “Biz-ä muň näme diýjek bolýanyna düşünen däldiris” diýip turup gidenlerem boldy. Söze başlaly bäri Lýonýa tarap gyýa garap, käte bir başyny ýaýkap duran Babines bolsa öz-özi bilen gürleşýän ýaly:
―Zaçem že tak rezko?.. ―diýip, pyşyrdady-da, seňrigini ýygryp ýüzüni bir tarapa sowdy. Gapdalynda duranlaryň biri ýapyrylyp gulagyna bir zat diýenden soňam zoraýakdan ýylgyrdy-da, eginlerini gysdy. ―Koneçno. Eto ýego sobstwennoýe mneninýe. Imeet prawo...-diýdi. Yzyndanam “Men nädeýin, häzir ýagdaý şeýle” diýýän manyda ellerini giň gerip köpçülige ýüzlendi. ―Demokratiýa... Glasnost...Perestroýka... Kim näme diýse haky bar...
Lýonýanyň aýdanlarynyň barsyny özüne çeken bolsa gerek, Ýegor erbet gyzardy. Ýöne, öňküsi ýaly çasly gygyrmady-da, müýnli ýaly burnuna salyp”mygyr-mygyr” etdi.
―Seň aýdýanlaryň dogry bolmagam mümkin,Ýoldaş Lýonýa. Ýöne, seňňem bagyşlamagyňy haýyş edýän, bu ýerde senden başga özüni geniý hasap edýänem ýok, beýiklige dalaşýanam ýok. Modernizmiň arkasyny alyp gije-gündiz gygyryp ýörenem ýok. Belki şol birnäçe asyrdan bir gezek döreýänem seň özüňsiň, oňa-da biziň dawamyz ýok. Ýöne, gaýrat et-de sen maňa bir zady düşündir.―Ol iki elinem döşüne goýdy-da, Lýonýanyň ýüzüne çiňerildi. ―Biz ine hemmämiz şunça ýol söküp, döwleti şunça çykdaja goýup şu ýere geldik. Her günem döwletiň ulagyna münüp dürli ýerlere gidýäs. Daga dyrmaşýas, tokaýa siňýäs, elimiz çotgaly ençeme sagatlap çeşmäniň gyrasynda oturýas, oba ybadathanalaryny synlaýas, güýjümizde baryny edip işleýäs. Biz eýsem şu zatlary Karpat daglarynyň hakyky keşbini çekeli, tylla güýzüni wasp edeli, ýaýlalaryny, tokaýlaryny görmedik gözlere ýetireli diýip edemizokmy? Biz asla şu ýere şol maksat bilen iberilmedikmi? Ýöne... ―Ol Lýonýanyň işlerine tarap elini uzatdy. ―Şu işlerde Karpat daglarynyň real keşbi görünýämi eýsem? Asla bu ýerde näme-nämeleriň bardygam bildirenog-a. Dagmy, tokaýmy, çeşmemi, ýolmy, ýodamy ýa jaýmy belli däl. Bu işleri sergä haýsy at bilen goýsaňam goýubermeli. Üstesine-de Karpat diý, Kawkaz diý, Köpet dagy diý, tapawudy ýok. Düşünjek bolmaz. Ol o däl, bu-bu däl diýip dawa etjegem bolmaz. Sebäbi şu wagt düşnüksiz işleýän adam düşünjelidir öýdülýär. Ine, onsoň olaryň öňünde düşünjesiz görünmekden çekinýänlerem ýa-ha olara düşünenden bolýalar, ýa-da seslerini çykarman ýakalaryna busuşyp ýörler. Ýa-da ur-tut şolara goşulýalar. Sungaty öwrenijilerem olary hut şonuň üçin mahabatlandyrýarlar. Özlerini hamala diýersiň uly bir sungatyň hossarlary hökmünde görkezjek bolýalar. Hemmesiniňem aňyrsynda günbataryň bize ýat bolan “izm”-leri ýatyr. Meniň pikirimçe welin her halkyň özüne mahsus özboluşly sungaty bolmaly. Bizde ana şol ýok. Ýogsam ine, öz soýuzmyzyň içinde-de nijembir halk bar. Şu ýerde-de şolaryň ählisiniň diýen ýaly wekilleri bar. Emma abstraksiýany bir tarapa goýup, realizm, hatda sosrealizm babatynda alanymyzda-da, barymyzyň hörpümiz birmeňzeş. Ine men näme hakda aýdýan! ―Ýegor çeken suratlarynyň birini ýokary galdyrdy. ―Ine, şu näme? Şaglawuk gerek? Şaglawuk! ―Şondan soň ol Lýonýanyň bir işini ýerden göterdi-de, biziň ýüzümize seretdi. ―Bu näme? Bu-da şaglawuk. Biz ikimiz şuny bir ýerde oturyp çekdik. Indi bolsa men şularyň ikisinem bir ýerde goýaýyn. Sizem şu iki işi Moskwanyň ýa ýene bir şäheriň sergi zalynda duran diýip hasap ediň. ―Ýegor Lýonýanyň işine tarap barmagyny çommaltdy. ―Ýeri indi aýdyň, sergä gelen tomaşaçy şuň şaglawukdygyny bilermi? Bilmez! Meňkini welin biler! Hä-ä, Karpat daglarynda şular ýaly şaglawuk bar ekeni diýer. ―Ýegor şondan soň haraý isledimi, nämemi, toparyň ýolbaşçysyna garap gürledi. ―...Şu ýerde kanuny bir sorag ýüze çykýar. Ýagny, eger-de sen şaglawugy bolşy ýaly çekmejek bolsaň awtobusa münüp şonça ýol söküp şaglawuga gitmek nämä gerek? Aslynda bolşy ýaly beýan etmejek bolsaň bu ýerlere gelmek nämä gerekdi? Etjegiň şular ýaly gümürtik iş bolsa Minskide oturan ýeriňde-de edip bilerdiň ahyry. ―Ýegor ýene-de Lýonýanyň alkymyna dykyldy. ―Iň bolmanda şu ýerde gören zadyňy dogruçyl çekip, öýüňe baransoň ony isledigiňçe üýtgedäýeniňde-de bolardy. Megerem, bolmalysam şeýledir. Meň gowşak tarapymam belki, şony başarmaýanlygymdadyr. Gözümiň görenini aňymyň güýji bilen öýe baranymdan soňam üýtgedip bilmejekligimdedir. Seň gowşak tarapyň bolsa, isleseň-islemeseň naturany bolşy ýaly beýan edip bilmeýändigiňdedir. Ýöne, seň ony boýun alasyň gelenok. ―Ýegor häliden bäri bir çetde ellerini arkasyna tutup, ýylgyryp duran Tabaniniň ýanyna bardy. Pereňli zenana öýlenendigi sebäpli birnäçe ýyl Parižde ýaşan, häzir bolsa Leningradda işläp ýören, pes boýly, irimçek, ýaşy bir çene baryberenem bolsa ýaňaklary ýaş gyzyňky ýaly al öwsüp duran Tabanin deň ikä bölünip, uçlary goçuň şahy ýaly duluklaryndan sallanyp duran saçlaryny kellesini silkmek arkaly arkan gaňtardy-da, “men seni diňleýän” diýýän manyda Ýegora tarap gulaklaryny gerdi. Ýegor elini onuň egnine goýup, nämeüçindir ýene-de toparyň ýolbaşçysy Babinesiň ýüzüne seretdi. ―Ine, Tabaninem modernist. Bu hatda Günbatar Ýewropa sungatynyň içinde gaýnap bişen adam. Emma kynragam bolsa muň işlerindäki obýektleri tanamak bolýa. Bu asyl edeýin diýse naturany ähli jikme-jiklikleri bilen bilelikde doňdurybam bilýä. Ony men gözüm bilen gördüm. Mahlasy bu adam naturany eýgeribilmän modernistsiränok-da, edýän işiniň aňrybaşyna göz ýetirip, näme oýny bar bolsa, ana, şondan soň edýä! ―Ýegor Lýonýa tarap tumşugyny ümledi. ―Ýöne, ine Lýonýa welin beýle däl. Bu jögülik etjek bolýa...
Hemmeler gülüşdiler. Zoraýakdan ýylgyryp duran Lýonýa hernäçe özüne basalyk boljak bolsa-da, sesi ynjyly çykdy.
―Men gözümiň gören zadyny özümçe çekýän. Şu zatlary öýde oturan ýerimde çeken bolsam düýbünden başgaça bolardy
Ýegor gyjytly gürledi.
―Hiç hilem bolmazdy.
―Bolardy, bolardy. Ýöne, o zatlara akyl ýetiribilmeýän bolsaň, oňa men günäkär däl. Men suraty çalasowatlar üçin çekemok, ýaňky gürrüňlerem çalasowatlar üçin aýdamok. ―Lýonýa Ýegory has gyjajak boldumy, nämemi, goňur gür sakgalyny sypalap durşuna “hikir-hikir” güldi. ―Onsoňam, gözüňe gadalyp duran zadyň suraty şo durşuna gerek bolsa ho-onha, kiosklarda Karpat daglarynyň ähli ýerlerini, ähli pasyllaryny görkezýän albomlar, otkrytkalar dolup ýatyr. Ana, şolardan satyn al-da git, wessalam! Bu ýere gelmän hat üsti bilen haýyş eden bolsaň-a o zatlary öýüňde oturan ýeriňde-de edinibilerdiň. Honha, Slowakiýadan gelen ýaşuly pan Trembaçda fotoapparat ba. Haýyş etseň şolam çykaryp berer, şolar ýaly suratlary. Juda bolmasa slaýda edinäý...
Birbada ümsümlik aralaşdy. Şondan soň häliden bäri sesini çykarman duran Tabanin gürläp başlady.
―Umuman, bu zatlar barada gürrüň etmek kyn... ―diýende onuň ýaňaklary hasam gyzardy. Tolgunýan borly, kiçijik, ýaşylja gözleri dyngysyz gypyrjyklady. Süňklek eginleri bir gysyldy, bir ýazyldy. Gurak-gurak ýuwdundy. ―Her kimiň öz hakykaty bar. Her kimem özüniňkini dogry hasap edýä. Esasy zat birek-biregi öz pikiriňe tabyn etjek bolup dyzamazlyk. Her kim öz isleýşiçe işläbersin. Sungatyň talabam şol. Soserealizm barada öz pikirimi aýtsam bolsa asla şeýle akym ýok. Bu babatda Lýonýa bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Siz heý, “kapitalistik realizm” diýen termine duş geldiňizmi? Duş gelen dälsiňiz. “Kapitalistik zähmetiň gahrymany” diýen ada-da, “Amerikanyň at gazanan artisti” ýa-da, “Fransiýanyň halk hudožnigi” diýen ýaly mahabatly atlara-da duş gelen dälsiňiz. Duş gelmersiňizem. Sebäbi bu zatlar sistema gulluk ediji döredijileri şol sistema gulluk etmeýän döredijilerden ileri tutmak üçin sistemanyň serdarlary tarapyndan toslanyp tapylan zatlar. Bu ýerde men esasanam diňe rewolýusiýanyň ryňarlaryny, sosialistik zähmetiň gahrymanlaryny wasp ediji eserler, temalar barada aýdýan. Ana, şol zatlaram sosializtik realizm hasap edildi. O zatlaryň indi möwrüti ötdi. Bu gün bolmasa-da ertir o zatlaryň üstünden atanak çekiler. Iki günlük syýasata gulluk eden döredijileriň döreden eserleriniň ömri şol syýasatyň gutaran güni gutarar. Şonuň bilen bile gabra girer. Bimany eserlere öwrüler, muzeýlerden çykarylyp zyňylaýmagam mümkin... ―Tabanin ýaýdanýan ýaly iki tarapyna garanjaklady. ―Indi modernizm barada iki agyz söz. Ol ýaňky Ýegoryň aýdyşy ýaly gaty bir amanat zadam däl. Gaýtam onuň dörän ýeri şu taýy. Men Orsyýeti göz öňüne tutýan. Ýöne, indiden soň ony yzyna eksport etmek gerekmi ýa dälmi o başga mesele. Belki, naturalizm bilen modernizmiň arasynda bir ýol ýatandyr? Belki biz şony gizlemelidiris? Belki-de ol ýol eýýäm tapylandyr? Eýsem-de bolsa biz Salwador Daliniň sýurrealistik işleriniň nähili natural görnüşde çekilendigini, şeýle hem Daliniň naturany geregiçe naturalistik äheňde çekip bilýändigini bilýäs ahyry. Şeýle suratkeşler başga-da kän. Belki, şu barada oýlanmalydyrys?
―Bu oturanlar çaga däl, ýoldaş Tabanin, o zatlaryň barsyny bäş barmaklary ýaly bilýäler... Sen, bu wagt ine, şu, öňüňde duran işler barada aýt.
Babinesiň bu sözüne birbada düýrükjek ýaly etse-de, Tabanin basym özüni ele aldy.
―Meň hemme aýdýanlarymam şu işlere degişli, ―diýip, ol parahat görnüşde sözüni dowam etdirdi. ―...Şu çaka çenli ýekeje-de göwnejaý etýud edibilmändigimiziň düýp sebäbinem biz belki dürli ugurlar boýunça işleýändigimizden däl-de, naturadan daşlaşandygymyzdan görmelidiris. Çünki, ýaňky aýdyşym ýaly “izm”-leriň atalaram şol derejä naturanyň üsti bilen ýetipdirler. Şol beýik derejä ýetenlerinden soňam olar islendik zady, islän wagtlary ähli jikme-jiklikleri bilen beýan edip bilýädiler. Olar sungatyň çür başyna naturanyň üsti bilen çykyp, nazarlary bilen has alyslardaky gözýetimi gorjalamany başarýan äpet-äpet şahsyýetlerdiler. Gigantlardylar. “Izm”-ler bolsa, olaryň öz hyjuwlaryna bäs gelibilmän, ýetilen sepgitler bilen kanagatlanman edýänje professional oýunlarydy. Biz bolsak bagyşlaň welin, agajyň düýbünde duran ýerimizden onuň iň soňky şahasyna el ýetirjek bolýas. “A” harpyny öwrenmezden “ýa”diýip gygyrjak bolýas. Hut şonuň üçinem bu gün Karpat daglary bize ýüz berenok, has takygy ar alýa. Öz ata-enemiz ornunda duran tebigatdan daşlaşandygymyz üçin jeza berýä. Horlaýa. Gynaýa. Tebigatyň üstünden ätläp hojagaz ýere-de ýetip bolmaýandygyny subut etjek bolýa. Birsyhly kejimize gaýdýa. Üstümizden gülýä.
―Ana, ana, menem şony aýtjak bolýan-da, ―diýip, esli wagt bäri agzyny açyp, Tabaniniň ýüzüne aňkaryp duran Ýegor çaga ýaly bökejekläp başlady. ―Meňňem aýdýanym şol-da! Çekibilemizok! Tabigat bilen dil tapyşybilemizok. Ondan daşlaşandygymyzy, onuň bizden ar alýandygyny boýnumyza alybilemizok... Öz gyňyrlygymyzy ýeňip geçibilemizok.
Bir ýerden Gajybekiň saldamly, ýogyn sesi eşidildi.
―Dogry! Barsyna özümiz günäkär. Modernizmem, realizmem däl-de, özümiz günäkär. Içinde ýüreklerimiziň gürsüldisi eşidilse, damarlarynda ganymyzyň gyzgyny bildirse, süňňüne ruhumyz siňse haýsy forma arkaly beýan etsegem işlerimiz biziň arkamyzda durar. Biz bolsak bu ýerde gury dawa edýäs. Ömürboýy goýberip gelen ýalňyşlyklarymyzyň sebäbini bir günde anyklajak bolýas, bir günde düzetjek bolýas, günälerimizi kimdir biriniň üstüne atjak bolýas, özümizi aklajak bolýas. Hakykatda welin biziň barymyz öz ýüreklerimizi baryp-ha bir wagtlar ökjämiziň aşagynda ýygşyryp goýupdyk. “Haý-haýly” ýyllaryň dowamynda biziň barymyzam tebigatdan daşlaşdyk. Goý realist bolaly, goý modernist bolaly tapawudy ýok, nijembir ýyl bäri etýudnigimizi egnimizden asyp etýuda gidenimizi gören ýokdur. Sebäbi biz şu günki gün öňümize oklanan ujypsyzja “zakazy” basymrak tamamlap ertesi başga birine, ony gutaranymyzdan soň beýleki birine, ondan soň ýene birine başlamaly. Şeýdip birneme pul toplap, jaý, ussahana edinip, ogul öýerip, gyz çykaryp hiç kimden garaşsyz hala ýetmeli we diňe şondan soň öz ýüreklerimize ýakyn eserler döretmeli. Günüň-gününe elimize kakyp, syýnymyzdan aslyşyp duran mätäçlik bolsa bizi hiç haçan sypdyrmady, indem sypdyrmaz. Gaýtam kem-kemden dyrmaşa-dyrmaşa depämize çykar. Iki gulagymyzdanam towlap tutar-da, tä maýrylýançak gyltymyň içinde iki ýana debsilär ýörer. Birnäçämiz bolsa Tabaniniň aýdyşy ýaly syýasatyň ugrunda ser-sepil bolduk we häzirem şeýdip ýörüs. Oňa ýaraýjak, howul-hara edilen işlerimizi ýüzümize tutup, wagtymyzyň köpüsini edaralarda, konferenszallarda, uly-uly kabul edişliklerde, duşuşyklarda geçirýäs. At alýas, orden dakynýas. Garaz, hem-ä gowy ýaşajak bolýas, hemem gowy suratkeş boljak bolýas. Şeýdip ýörşümize biz hiç haçan ýazjak kartinalarymyz üçin materialam toplabilmedik, naturadan işlemäge-de ýetişibilmedik. Wagt tapmadyk ýa-da tapmadyksaradyk. “Natura-dura” diýen täze nakyl nämüçin bize ýaraýady? Sebäbi ol söz biziň öz bolup ýörşümizi aklamaga tutaryk bolýady. Biziň poçerklerimiz meňzeş diýýäler. Bu dogry. Ýöne biziň ykballarymyzam meňzeş. Ykballarymyzyň meňzeşdigi üçinem poçerklerimiz meňzeş. Hemmämiziňem düşen günümiz bir. Şonuň üçinem, bu günki gün günäni başga hiç kimden gözlemän, tebigatyň öňünde dyza çökmegimiz, Karpat daglary bilen ylalaşyga girmegimiz gerek. Onuň içki dünýäsine, psihologiýasyna içgin aralaşmagymyz gerek. Meniň pikirimçe, Hudaýtarapyn ýaradylan bu gözellik bilen ýüzbe-ýüz durkak, ony başgaça beýan etmäge haklymyz ýok... Şu ýerde eden dogruçyl işleriniň esasynda soň kim näme döredesi gelse döredibersin.
Gajybek boldum edip bir gyra çekilenden soň keltejik boýly, ýagyrnysy hükgerip, döşi öňe çykyp duran, jüýkburun, iňňän haýal hem oýlanşykly gepleýän, Çerkasskili hudožnik Iwan:
―Menem birki agyz aýdaýaýyn... ―diýdi-de, çepine görä birneme uzunrak görünýän sag aýagynyň üstüne daýanyp durşuna daş-töweregine haýallyk bilen göz aýlady. ―Ýoldaşlarymyz meni hemişe naturany gereginden artyk detallaşdyrýandygymda aýyplaýarlar. Men olar bilen ylalaşýan. Şonuň üçinem özümi aklajak bolamok-da, şo zatlaryň sebäbini düşündirjek bolýan...Özüniň diňlenýändigini ýa diňlenmeýändigini anyklamakçy bolýan ýaly Iwan ýene-de birlaý ýüzümize seredip çykdy. ―Men başda çeperçilik uçilişesiniň gap-gaçlary nagyşlaýyş bölümini gutardym. Ondan soň institutyň žiwopis bölüminde okadym. Ine, indem ençeme ýyl bäri şol ugurdan işläp ýörün. Emma barybir şol başky, gap-gaçlara çekip öwrenen owunjak nagyşlarymyň täsiri häli-häzirem beýnimden çykanok. Giden bir tokaýlygy çekip duranam bolsam şonuň her bir agajyna, her agajyň şahasyna, her şahanyň ýaprajyklaryna, ýaprajyklaryň ýüzündäki inçejik damarjyklaryna çenli sünnäläp ugranymy bilmän galýan. Şeýtmejek bolup başda elime çotgalaryň uly birini alyp başlaýanam welin birdenkä ýene-de elim kiçijik çotgalara uzaýýa. Uly çotgany elime daňybam görýän. Barybir bolanok. Onsoň gahar edýän-de kiçijik çotgalarymyň barsyny etýudnigimden çykaryp zyňýan. Ýöne, tä, täzeden kiçijik çotga satyn alýançam ynjalybam bilemok. ―Iwan sözüni kesdi-de, yzly-yzyna ardynjyrady. ―Arada işläp durkam işim ýere gaçdy. Hapa bulaşdy. Men onuň gum çyrşalan ýerilerni mata bilen süpürmeli boldum. Bir görsem süpüren ýerlerim umumylaşyp, gowulaşyp barýa. Galan ýerlerinem şeýtdim welin üp-üýtgeşik boldy duruberdi. Şol işi şu gün sizem gowy gördüňiz. Emma göwnüm häzir şonam eliňe al-da detallaşdyr diýip dur. Görşüňiz ýaly eliň bilen ýüregiňi ylalaşdyrmakda-da iş ba. Ol ikisiniň arasynda beýni diýibem bir zat ba. Beýni potensialy diýenem bir zat ba. Ýagny, hemmäniň akyl, ukyp mümkinçiligem deň däl. Umuman, eýdeýin diýeniň bilen eýdip, beýdeýin diýeniň bilen beýdip bolanok. Ony etmelem däl. Menem şony “naturalistik” iş edeýin ýa “realistik” iş edeýin, diýip edemok. Ýöne, hernäçe ýöntem bolsa-da şol işler meňki. Meň öz ýüregimden önen perzentlerim. Şu jümle-jahan içre hiç kimiň şoňa dahyly ýok. Iliň haýbatly işlerinden bolsa maňa peýda ýok. Şonuň üçinem men her kim öz başarnygy bilen bolubermeli diýen pikiri dogry hasap edýän.
Başga-da çykyp geplänler köp boldy. Daşary ýurtly suratkeşleriň işleri barada hem käbir bellikler aýdyldy. Olaryňam biz ýaly Karpat daglary bilendil tapyşmak üçin jan çekýändikleri, kösenýändikleri bellenildi. Öz pikirleri soralanda bolsa olaryň käbirler-ä ýarym degişmä salyp: “Özüne derek işi gürläp bilmeýän bolsa suratkeşiň asla gürlemäge hakam ýokdur” diýdiler-de, bir Ýegoryň, birem Lýonýanyň ýüzüne seredip gülüşdiler. Etli-ganly, agras, ýüzi-gözi nurana, gözlerini ýumjukladyp, dodaklaryny ýalap gepleýän, çal saçly, ýaşynyň bir çene barandygyna garamazdan hemişe sport eşiginde gezýän slowak pan Trembaç, sungat ýoluna ýaňy aýak basan ýaş polýak ýigidi Mişulskiý, hemişe uzyn gara köýnekli, gysga gara saçlaryna ýaňy bir çal sepip ugran, kiçijik eňekli, ullakan gara gözleri daş-töweregine hemişe howatyrly garaýan, ýaşy birneme durugşan wengriýaly zenan Kati Margit,Çehiýadan öz hususy maşynynda gelen, etýuda-da şony münüp gidýän inçemik, gözleri äýnekli, haçan görseň bir gepläp iki gülüp ýören Atilla Dunçak dagy bolsa orsça gowy bilmeýändiklerini bahalalap söz sözlemekden boýun gaçyrdylar. Özlerine üns berendikleri üçin köpçülige minnetdarlyk bildirdiler.
(dowamy bar)...
Powestler