03:54 Mala seretmez / satiriki hekaýa | |
MALA SERETMEZ
Satiriki hekaýalar
Gadyrly redaksiýa! Siziñ mallar baradaky, bagyşlañ, maldarlar baradaky edýän aladañyz biz - çopanlary diýseñ begendirýär. Radioñ üsti bilen özümiz hakdaky berýän gepleşikleriñizi we konsertleriñizi hezil edip diñleýäris. Dogrusy, olary käte mallarymyzyñ özüne-de eşitdirýäris. Tutuş sürümizi ýatakdan çykarman saklaýarys. Öz bilşiñiz ýaly, goýun maly ýuwaşam bolýar, janawerler gymyldaýynam diýenoklar, edil kökerilen ýaly. Onsoñam men-ä şu mal-garalañ käbiri aýdym-saza düşünäýýänikänem öýdýän. Ynha, arada "Ýeserje bolýar geçiniñ şahy" diýip bir aýdym eşitdirdiñiz weli, şahy burum-burum bolup duran sürüniñ serkesi diriñ-diriñ bökýär-aý, köki kesilmiş. Walla, keýpi janyñy alyp barýar, ýogsam şol gün dagy janaweriñ garnam açdy. Size ýalan, maña çyn, şol tekäñ gapdalynda duran goýnuñ welin hiç keýpi ýokdy. Ol özüniñ adynyñ tutulmaýanyna namys edýän ýaly, kellesini galdyrman şol ýüzüni aşak salyp, sortduryp durdy. Belki, aýdym ýazýan adamlar gelejekde olar hakda-da aladalanarlar-da. Hawa, gadyrly redaksiýa! Siz käte-käte çopanlaryñ gaýybana duşuşugyny geçirip durýañyz. Bu gowy zat. Biz maldarlar muña begenip, iki bolup bilemizok. Bu gepleşikde her kim öz iş tejribesi barada gürrüñ berýär. Bagyşlañ welin, gaty görmeseñiz, meniñ size bir aýtjak zatjagazym hem bar. Siziñ habarçylaryñyz her hili gezende bolsalar-da, olaryñ ýoly heniz-ä biziñ üstümizden düşenok. Şoña birhili kemsinjek bolýarys. Ýogsam biziñem şu egri taýagy göterip ýörenimize indi ýedi-sekiz ýylah-a boldy öýdýän. Dogrusyny dogry aýtmaly. Biziñem il ýaly radioda gürläp, içimizi dökesimiz gelýär. Gözümizi ýoluñyza dikip, gaty köp garaşdyk. Halymyzdan habar alynmansoñ ahyry özümiz dillenmäge mejbur bolduk. Belki, ilden üýtgeşik zat aýtmazlygymyzam mümkin. Bolmanda-da ähli ýeriñ horazynyñ sesi bir ahyryn! Onda maña söz berýän bolsañyz diñläñ, gadyrdan kärdeşler! Hawa, biziñ ata-babalarymyz "Mal eýesiniñ gözünden suw içer" diýip, gaty hak aýdypdyrlar. Eger ol şeýle bolýan bolsa, onda ilki bilen özüñi oñarmaly. Bir süri goýnuñ yzyna düşüp çorba atarlyk gowurdak tapman ýörseñ, o nähili bolar?! Ýok, biz-ä öz garnymyzy aç edemizok, gerek wagty birini-ikisini ýykýas. Bolmanda-da käte permämiz gelip: "Ýigitler, ýene-de-hä sürüñizden birki sanysyny möjege aldyrmasak boljak däl" diýip, elini owkalap dur. Ýüzem otdan yssy. Dogrusy, arkalaşykly işlämizsoñ, ol bize garaşygam edýär. Ynha, geçen ýylky owlak-guzy kampaniýasy döwründe ep-esli guzyny hasaba alman sypdyrdy. Her kim beýle jomartlyk edip bilmez. Belli bolşy ýaly, mal-garanyñky ot bilen. Bu meselede biziñ känbir zeýrenmäge hakymyz ýok. Kolhoz häli-şindi yzymyzdan zat ugradyp dur. Ýöne berilýän iýmitiñ ählisini kolhozyñ dowarlaryna iýdirseñ, olaryñ aşa düşmegi mümkin. Onsoñ tarkyldaşyp ýarylyp ýatsa nätjek?! Sen olara kelläñ bilen jogap bermeli ahyryn! Ine, şondan gorkymyza biz- iýmlik arpalary öz goýunlarymyza beräýýäris. Ýok, dogry düşüniñ, biz "el egrisi özüñe" diýlenini edemizok. Bizden başga-da ondan gyrp-çyrp edýän gyt däl. Eger-de ähli zat diñe özümize bolsun diýip ýören bolsak, onda geçen zat diñe özümize bolsun diýip ýören bolsak, onda geçen ýylky baganalaryñ iñ gowusyny saýlap, başlyga eltip bermezlik. Özümiz bir çopan adam, bize hordararagam bolsa bolýar. Hawa, kärdeşlerimiziñ käbiri radioda çykyş edenlerinde, goýun malyny salkynda, gije baksañ gowy bolýar diýýärler. Ynha, men siziñ şonyñyz bilen weli ylalaşamok. O janawerleri garañky gijede süssenekledip ýörmeli däl, onsoñam olaryñ mañlaýynda öñüni ýagtyldyp duran çyralary ýok ahyryn, iýjek zadyny nädip görsün. Biziñ-ä töweregimizde möjek diýenem bir bela bar, şondan özümizem gorkman duramyzok. Onsoñam şol janawerler gündiz otlaýanlarynda-da geregini edinýändirler-le. Özüñem gije salkynda ýataýmasañ, tomsuñ güni dagy yssynyñ derdinden irkilibem bolanok. Umuman, mal-gara diýilýän zadyñ öljek bolup yzyna düşüp ýörmeli däl, ol erkinligi halaýar. Şonuñ üçinem ony öz ugruna kowup goýberäýenden gowusy ýok. Elbetde, beýle diýsem, sürüni gözegsiz galdyrmaly däl. Akylly-başly it edinmeli. It adamynyñ iñ ýakyn dostudyr. Sen onsoñ janyñy dostuña ynanman kime ynanjak?! Itimize-de käte dynç bermek üçin biz-ä başga-da emel edýäs. Dile geldi, bile geldi, onam aýdaýaýyn. Hawa, itimiz çyny bilen üýren wagty onuñ sesini magnitofona ýazyp alýarys. Onsoñ hezil-dä, gerek wagty gygyrt-da otur, sürüñe möjek geljek gümanasy ýok. Ýöne kolhozlar her bir çopan goşuny ses gataldýan bilen üpjün edäýse, hasam gowy boljak. Onam sorasañ, satylýan ýeri ýok, diýip, mün bahana tapýarlar. Şu toýdan toýa entäp ýören bagşysumaklar-a tapýalar şony. Hawa, kärdeşler, men muny zeýrenip aýdamok. Ýöne sekizisini tapana dokuzynjam gerek diýlenid-ä. Biz-ä indi mal bilen halys öwrenişipdirisem, şonsuz oñubam biljek däl, onuñ hüý-häsiýetine-de belet bolduk. Bir kemimiz, janawerleriñ diline düşünibilemizok. Ýöne bizden nägiledir-ä öýdemok. Men bir zatdan çen tutýan. Maly dokuñ özi dok bolýan bolsa, onda özi dokuñam maly dokdur. Öz garnymyza-ha mydama göjek ýalyjak. Mallarymyzam uly-ili bilen gygyryşyb-a duranoklar. Şoña-da şükür. "Çopana meýlis haram" diýen nakylam öz möwritini geçirdi. O barada radioda gürleýän çopanlaryñ köpüsi aýdýar. Motorymyzyñ böwrüne depsek, islän wagtymyz oba baryp-gelip bilýäris. Toý-tomgyny sypdyramyzok. Gadyrly redaksiýa! Biziñ-ä ýagdaýymyz, ynha, şeýle. Ýöne öwünip otyr diýmäweri, biz bolşuny aýdýarys. Ýagdaýyny tapyp habarçylaryñyzyñ birini biz tarapa ýollaýsañyz hasam oñat bolardy. "Eşiden deñ bolmaz gören göz bilen" diýipdirler ahyryn. Başda belläp geçişimiz ýaly, biz aýdym-saz diñlemegi diýseñ halaýarys. Islegimizi göz öñünde tutup, "Mala seretmez" diýen halk aýdymyny eşitdirseñiz, biz sizden örän minnetdar bolardyk. Salam bilen, baş çopan Alaman GURDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||