04:08 Radist / satiriki hekaýa | |
RADIST
Satiriki hekaýalar
Goñşymyz şäheriñ mertebeli teatrlarynyñ birinde edil başlyk bolmasa-da, onuñ aşak ýanlarynda bir zat bolub-a işleýärdi. Onuñ garamaýak artist däldigini men bir zatdan bilýän, ony işe ak "Wolga" gatnadýar. Hawa, şeýle goñşyñ barka işsiz gezip ýörmegem gelşiksiz how, üstüne bardym. - Hally aga Weliýewiç, salawmaleýkim! - Wa-a-a-leýkim! - diýip, ol sesini adatdan daşary sokdurdy. Artistlere mahsus bolan hereket bilen ellerini kelemenledip töre geçmekligimi mürähet etdi. Geçip oturdym. Gürrüñi nämeden başlajagymy bilmän gözümi elek-çelek edip diwardaky suratlary synladym. Walla, ussatlyk bilen çekilen ýarym-ýalañaç aýalyñ suraty meniñ añkamy aşyrdy. Ernimiñ suwuny akdyryp seredipdirin. - A-how, goñşy agzyñy bir ýumsana - diýip, ol egnime kakdy. Allaniçiksi bolup tisginip gitdim. Men ilki gözümi ýumdum, onsoñ agzymy açdym. Öñümde goýlan bir käse çaýdan owurtladym-da, arzy-halymy aýtdym. - Horoşo! Onsoñ seniñ gutaran ugruñ haýsy ugur? - Agronomçylyk. - Agronomçylyk diýsene. Horoşo! Ýogsa-da, sen sahnada agronomyñ rolunda oýnap bilermiñ?! Goñşymyñ soragy meni ör-gökden getirdi. Wah, durmuşda öz roluny oýnap bilmeýän adam sahnada nädip ony ýerine ýetirsin. Ýok, goñşym meniñ üstümden güljek bolýar. Düşünýän. Bilmezlige salan boldum. "Ýok" diýen äheñde başymy ýaýkadym. - Gel onda bir zat edeli. Öz käriñ boýunça işlemejegiñ çynyñ bolsa, sahnada oýnamaga-da gorkýan bolsañ, sen gowusy radist bol-da geçäý, boş ýer bar. Şumat kekras direktirimizem ýok, prikaza özüm gol çekýän. Her gezek ýok diýip oturmañam ebeteýini tapman razylaşdym. Aý, oñaryp-oñarmaz ýaly kän bir zadam ýok eken-laý. Işe başlanyma ýañy bäş-üç gün geçipdi. Atly artistleriñ biri ýanyma geldi-de: - Manlykmy ogul - diýip, elini owkalaşdyrdy. Men çekip oturan çilimimi küldana basyp mynjyratdym. Ol meniñ hal-ahwalymy sorady, işim bilen gyzyklandy. Onuñ soraglaryna oñardygymdan medeniýetliräk jogap berjek boldum. Ahyry ol özüniñ arzyny aýtdy. - Meñ bir radiojygym bar. Işlemejek bolýa, seredil beräýseñ şoña. Bäý-bä, men bu ýaşula näme jogap bersemkäm, ýeser ýerde gaý tutdy. Bir bahana tapyp sypjak bolmaly. Artist halky gaty mekir bolýandyr, ahmal bolsañ, çoçkara çolaşdyr diýip kakam ýanjap-ýanjap aýdypdy. Be-e, näme etsemläm? Aý, boýun alaýyn-la, elbetde, bir alajy tapylar-da. Onsoñam "Töwekgeliñ işini tañry oñar" diýipdirler. - Radioñyzyñ markasy nähili, agam? - Okean. - Getiräýiñ, daş ederis. Şol günüñ ertesi ol radiosyny getirdi. Alyp galdym. Sergeý diýip bir dostum bardy, onuñ şular ýaly zatdan başy çykýardy. Haýyş etdim, oñat oglan, onuñ ýanynda müşgil zat ýok. Derrew bejerip berdi. Bir zatjagazy ýanan ekeni. Indi radionyñ eýesiniñ gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýardym. Pikirim onuñ ýagyrnişligimi otlamakdy. Dogru-da walla, näme, artistlete hakyny iýdirip. Laboratoriýada paýalnigi gyzdyran bolup otyrdym, ýañky birden işiden ätläýdi. - O-oho, agam jan, salawmaleýkim - diýip, men oña iki elimi uzatdym. - Nätdi? - diýip, ol meniñ bilen gadyrly salamlaşdy. Muşakgat baryny ýagdyrdym, bu adamlarda näme, ýalan söz gytmy! Gepiñ tümmek ýeri, ep-eslijäni ýondum ýañkydan. Adama nireden abraý geljek bolsa geläýer eken, bütin teatryñ gürrüñi men boldum, adym arşa göterildi. "Radio boýunça respiblikada iñ güýçli spesialistmiş, şu ugur boýunça daşary ýurtlara-da işe iberjek bolupdyrlar welin, özi göwnemänmiş" - diýen ýaly myş-myşlar-a hut öz gulagym bilenem eşitdim. Hawa, ýöne şondan soñ gelim-gidimim köpeldi. Laboratoriýamyñ içini döwük-ýenjik radiodan doldurdylar. Dost diýeniñ Sergeý ýaly bolaýsa, dadyma ýene-de şol ýetişäýýär. Elbetde, "Mugt Buharda-da ýok" diýipdirler. Alanjamyñ ýaryny oña berýän. Sergeýem hezil edýä, menem. Üstesine-de abraýym artýar. Işler şu gidişine gidip dursa sylag-serpaýam beräýmekleri ähtimaldy weli, arman teatryñ direktory işe çykandan soñ bar zat bulaşaýdy. - Seni, inim, gaty magtaýarlar, radio ökdemişin diýip, o radiony oýlap tapam alym bardyr-la, sakgallyja, kim oñ ady? - diýip, ol elini eñegine ýetirdi. Men neden Sergeýiñ adyny tutupdym, hernä saklandym. Aý, bir familiýa aýdyp goýbereýin-le, şu bilesem ýok-la diýip agzymy açanymam şoldy welin. - Hä, ýadyma düşdi. Popow. Popow - diýip, ol sag elini ýokary galdyrdy. - Ynha, şo alyma-da sapak berip biljekmiş diýip seni öwýäler welin... - Ol sözüni soñlaman meniñ ýüzüme seretdi. Men nätjegimi bilmän, stoly dyrmaladym. Sesimi çykarman, gülesim gelmese-de çalaja ýylgyrdym. - Düşünýän, düşünýän, sadalyk ynsanyñ bezegidir - diýip, ol meniñ dymmama özüçe garady. Bu gürrüñiñ soñy näme bilen gutararka diýip men içimi gürledip otyrdym. Ýene-de direktor dillendi: - Sen inim, öýde bir radio bar, kyn görmeseñ şonam bejerip goýber. Ony, dogrusy, zyñyp goýbersegem boljak, ýöne kakam pahyryñ sowgat beren zady bolansoñ.... - Başlyk jan, ony zyñyp bolmaz. Getiräý, daş ederis - diýip, men onuñ sözüni böldüm. Direktor has möhüm görnüşe girdi, onuñ sesi agraslandy. - Butak getirip bolmaz ony. Öñem gep-gürrüñden gulagym ýagyr boldy. Näme, sen artistlre näbeletmi, direktir teatryñ radiosyny äkidenmiş diýen ada goýjak bolýañmy? Ýok, bolmaz. Ony öýe gidipjik şol ýerde bejereris. Gelnejeñ palow zadam taýýarlap goýandyr - diýip, direktor ýakasyndan ot atylana döndi. Men her hili edip sapalak atyp gördüm, bolmady. Onuñ sypdyrmajagy çynydy. Paty-putylarymy alyşdyryp "Wolgalyja" direktorlara bardym. Dürli-dümen ir-iýmişler bilen palowdan garnymy gözäp, derçiräp gök çaý içdim. Ondan-mundan gürrüñ etdik. Ol birden turdy-da, niredendir bir ýerden mähnet priýomnigi goltuklap alyp geldi. Stoluñ üstünde goýdy. Men onuñ yzky gapagyny açyşdyryp, tozanlaryny süpürişdiren boldum. Abat zaxy bibat etmek añsat. Söküşdirdim. Paýalnigi gyzdyryp, onuñ o ýerine bu ýerine degirişdirdim. Burugsap ajy tüssäniñ ýakymsyz ysy otagy gaplap aldy. Men şol dümtünen bolup otyryn. - Bu gün ýataly, menem ýolagçy. Dañdan uçýan, iki günlük. Gastroldakylary görüp geljek. Galanyny gelemsoñ bejeräýersiñ-dä - diýip, direktor agzyny hatap ýaly açyp pallady. Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy, sypsam oñdum. Sözüni soñlaryna mähetdel, hasyr-husur hoşlaşyp çykyp gaýtdym. Görýän welin, direktor gaty köpbilmiş, mekir adam öýdýän. Megerem bi onuñ maña guran hilesi bolsa gerek. Abraýyñ dökülmänkä çaltyrajyk goşuñy saýlamak gerek diýen netijä geldim. "Kyýamat güni goñşudan" diýenleri gaty çyn eken, ýene-de şol dadyma ýetişdi. - Hally aga Weliýewiç, jan agam, meni öz islegim boýunça... - Näme, başga ýerden düşewüntlije iş tapdyñmy? - diýip, ol elimdäki arzamy aldy. Men sesimi çykarman başymy atdym. - Hyýk, direktor komandirowkadan gelensoñ ýöne meñ derimi soýaýmasa ýagşydyr. Beýle abraýly adamyny sypdyrypsyñ diýil igesini-hä sürter. Belki, başlygyñ özi gelýänçä garaşarsyñ, hä? - diýip, ol meni yrjak boldy. Ýok-la, meniñ ylalaşmajagym çynymdy. Müñ dürli bahana bilen ahyryn sypdym. Dogru-da walla, meniñ derim soýlandan, goý, goñşymyñ derisi soýulsyn. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |