SÖWEŞ GÜNI
Häli öýden çykan wagtym goňşymyz Toty ejäniň hüýt gara pişiginiň öňümi kesip geçenindenem-ä aňypdym, şu gün bir zadyň boljagyny. Edil çak edişim ýaly-da. Birinji sagat başlanandan klas ýolbaşçymyz Bekgini sapakdan çykaryp alyp gitdi. Özüm bilipjik durun, onuňam emmajygyny. Ana, şonuň üçinem bar keýpime sogan dograldy-da. Göwnüme bolmasa, bu zatlaryň baryna hälki hüýt gara pişik günäkär ýaly duýuldy: «Öýe barsam bolýar, edişime bir seret bakaly. Toty ejäniň geýim ýuwup, soňundanam sykyşy ýaly ederin seni. Asyl, öňräk şeýtmelidi-le. Äý, özümden-le bary, garrynyň dört aýaklydan bar guwanjy şü diýen bolup. Ýogsam oglanlaram ýöne ýere aýtman ekenler, «Şu pişikden bu dünýäde gowulyk çykasy ýok, ibereli şuny reňkine kybapdaş dünýä» diýip. Wah...».
Klas ýolbaşçymyzyň Bekgini öňüne salyp gelmegi pikirimi böldi. Bekginiň dym gyzyl gözlerine nazarym kaklyşandan, inim dyglap gitdi. Aglapdyr. Diýmek, urandyrlar. Birhili, galpyldym artyp ugrady. «Satdymyka?!».
Onýança klas ýolbaşçymyz meniň hem-de ýene-de dört-bäş oglanyň familiýasyny tutup, arakesmede «Mugallymlar otagyna» barmalydygymyzy aýtdy. Gorkujygyma üşütme tutana döndüm: «Satypdyr, namart. Ýene-de komandir diýjeksiň. Uruş döwri dagy bolan bolsa, ähli goşunyny elinje eltip beräýjek eken nemisleriň eline». Içimden Bekgä igenip oturşyma, pikire çümenini duýman galypdyryn...
Asyl, şü Bekginiň bolşy bir täsin-laý. Komandir diýesiňem gelenok-da şoňa käwagt. Düýn ähli belanyň başyny başlan-a özi: «Öýlän hemmäňiz söweşe taýyn boluň» diýip. «Näme üçin?» diýsegem, «By gün Aralyk depäniň ykbaly çözüljek. «Akmeýdanlylar» bilen bellisini etmeli. Ana, şonda haýsy tarap ýeňse, depe hemişelik şolaryňky bolmaly. Olaryň «şefi» Mürrük bilen şeýle şertleşdik» diýip, hil bir iş bitiren ýaly, hoň-hoň eden bolýar.
Aralyk depe diýseňem, näme, oglanlaryň gowşak ýeri-dä. Ony elden giderseň, gyzygy gaçaýmazmy dünýäniň. Iki obanyň orruk ortasynda ýerleşen bu beýik depede oýnamagyň nähili hezildigini bir bilsediňiz! Hatda gyşyna-da wagtymyzyň köpüsi şu depäniň üstünde geçerdi. Öýümize-hä diňe ýatmaga gelerdik, ýagşy garaňkyny düşürip.
Gar ýaganda dagy, baý, hezil bolýad-ow. Çür depede gardan adam ýasap, kellesine-de Kemal nosuň agasy gullukdan gelende getirip beren esger papagyny geýdirerdik. Eline-de «awtomat» tutduryp, «garşydaşlarymyza» garşy çenedip goýardyk. «Garawul» öz postunda butnaman duransoň, arkaýynlaşardyk. Obamyzyň gaýrasyndan, germewsiz garaždaky kultiwatorlaryň gorag şitlerini goparyp gelip ýasanan «lyžalarymyzda» kim uzaga typmaşak başlanardy. Şeýle ýeri elden gidermek, biziň üçin ähli şatlyk-şagalaňy ýitirmek bilen des-deňdi. Şonuň üçin Bekginiň teklibine garşy çykanam bolmady, saklananam. Ýek-tük ikirjeňlenenimizem «Men-ä gitjek däl» diýmäge çekindik. Barybir, masgara bolup Bekgiden taýak iýeniňden, oglanlaryň deňinde «söweşde» urlanyň gowy dälmi eýsem?
Günortan öýli-öýümizden çalak-çulak garbanyp, eňdik bellenilen ýere. Biraz salymdan Alabaý atly itini yzyna tirkäp, Bekginiň özem ýetip geldi. Taýýarlyk göreni bes-belli-dä. Boýnundan asan kemanyny, soldat kemerini, elindäki egri taýagyny görüp, göwrümimiz giňän ýaly bolaýdy. Çyn soldat ýaly-how, şoň bolşy. Jonnuk çakgy bilen geçen ýyl maşynyň tekeriniň aşagyna düşüp ýap-ýasy bolan mytarasynam asaýypdyr kemerinden. Atasyndan galan gyýma balagam geýipdir ejesine gysgaltdyryp. Onuňam dyzyndan geçip duran uzyn jübüsi doly kesek. Hakyt, dişinden dyrnagyna çenli «ýaraglanan» komandiriň bar-da.
Ol, gele-gelmäne, obada «itbakar» lakamy bilen tanalýan Gandyma azgyryldy:
— Eý, Itbakar, hany seniň «goşunlaryň?». Aýtdym-a men şu gün aýgytlaýjy söweş bolýa diýip. Başga wagt-a köçeden geçip bolanok, şol itleriň derdinden. Peýdasynyň degäýjek günem olar ýok. Bar, derrew getir üçüsinem.
Nätjek-dä, komandiriň gaňryşyna gaýdyp bolýamy. Gandym otyrýeriniň tozanyny kakyşdyryp, oba sary ýumlugaýdy.
Oglanlaryň söweş taýýarlygyny gözden geçirip ýörşüne, Bekginiň nazary bir çetde dähedem-dessemläp, ýarty çöregini çepbe çeýnäp oturan Sapby nanda eglendi:
— Sapby, nany öýüňde iýip gelmeli. Bu ýeri seniň üçin öýem däl, yssalawaýam. Söweş meýdany bi — Birdenkä ol has-da gyzaryldy:
— E-eý, seniň pinkaňda jübem ýog-a. Ondan-oňa geçip uruşmaly bolanda kesekleri niräňe saljak?
— Köýnegimiň içine — O diýen bir äwmän, çöregini symyşlap oturan Sapby nanyň jogaby komandiri kanagatlandyrdymyka diýdim men-ä. Gaýdyp oňa zat diýmedi.
«Goşunyň» taýýarlygyny mazaly gözden geçiren Bekgi uly adam ýaly bolup, iki ýana gezmeläp ugrady. Birdenem kellesine bir hyýal geldimi, nämemi, oglanlara tarap ýalta seretdi-de:
— Eý, Nos, getir-eý papagyňy — diýip gygyrdy.
Elindäki çöpjagazy bilen ýer çyzyşdyryp oturan Kemal, sümügini ýeňi bilen çalyp, ýüzüni galdyrdy. Soňam boýunegijilik bilen, ýumruk ýaly kellesine amanat ýaly bolup duran papagyny Bekgä getirip berdi. Bäh, papagam gelişýänine geýdiräýseň. Köz ýaly gyzaryp duran ýyldyzlyja köne esger papagy oňa şap bolaýdy.
Onýança oturanlaryň birisi «Gelýäler» diýip gygyrdy. Hemmämiz duran-duran ýerimizden, üstümizi gapyllykda basdyran ýaly, kesege ýapyşdyk.
— Hany, hiç kim gelenog-a — diýip, eýýäm her eline Kemalyň kellesi ýaly kesek alyp, «garşydaşlarynyň» geläýjek ugruna tiňkesini dikip duran komandirimiz dillendi.
— Gelýäler, yzdan Gandym dagy gelýäler — diýip, hälki seslenen begençli jogap gaýtardy.
Ählimiz yza seredişdik. Hakykatdanam üç iti bilen Gandym ýetip gelýärdi. Muny görüp, baý begenişdig-ä. Ýöne, şatlygymyz uzaga çekmedi. Itbakaryň hasyrdaşyp gelýän üç iti aňyrdan gelşine komandiriň Alabaýynyň üstüne topuldy. Boldy bir başagaýlyk, boldy bir topalaň. Üç it üç ýerden Alabaýy düýt-müýt edip barýar. Beýle bolar öýdüp garaşmadyk Bekgi-de birbada näme etjegini bilmän, elewräp başlady. Ahyram:
— Itbakar, aýyr-eý guduzlaryňy — diýip, itleri aralamaga topuldy. Gandymam ondan galmady. Ýöne onuň bilen itler aýrylyşaýjaklarmy diýsene. Gaýtam, öjükdiler. Daş-töweregi «wagyrdy» gaplap aldy. Soňy bilen-ä itler uruşýarmy ýa-da Gandym bilen Bekgi uruşýarmy, biler ýaly bolmady. Beýle «söweşi» öň görmedik ýelýürek oglanlaryň käbiri-hä oba sary zyrp beräýdiler. Ahyram, ala tozanyň içinde it alan sanaja dönderilen papagyna gözi düşen Kemal nos çydap bilmedi. Sümügini süpürmegi-de ýadyndan çykaryp, bir gyrada duran taýagy eline aldy-da, «söweş» gidýän meýdana girdi urduryp. Kemalyň «mertligine» özümizçe düşünip, bizem onuň göreldesine eýerdik. Ynha, gerek bolsa mugtja tomaşa! Uzagrakdan sereden adam-a gürrüňsiz bir süri it uruşýarmyka diýjek. Şol barmana-da çirkin bir ses ýaňlanyp gitdi. Ýöne, birbada oňa üns berenem bolmady. Eýdip-beýdip itleri araladyk. Bekgi-hä gaharyna Gandymyň yzyna üç itinem salyp, kowup goýberdi. Galanlarymyzam taýak degen, ganjaran ýerlerimizi tutup, bir gyra çekildik. Bir meýdandan «söweş» bolan ýeriň tozany sabap ugrady. Görsek, Kemal nos ýatyr iki eplenip. Dişi bilenem köne papagyny berk gysypdyr-da, çep aýagynyň uýlugyny tutup uwlaýar. Ählijämiz ylgap bardyk-da, onuň daşyny galladyk. Komandiriň ýemşik mytarasynyňam gerek ýeri çykdy. Suw içirdik, ýüzüni ýuwduk, eger-eger uwlamasyny goýaýsa nädersiň.
Birbada biziňem öňki badymyz ýatyşyp, keýpimiz gaçdy. Kemalyň uýlugyndan akýan gany görenimizde, käbirimiziň-ä gözümizem nemlendi. Oňa çenli Mürrügiň «goşunlaram» sürlenişip geldiler. Olaram bir zat bolanyny aňaýdylar öýdýän, söweşe girjek bolmadylar. Kemalyň bolup ýatyşyny görüb-ä uruşmalydygynam unutdylar.
Gaýtam, Mürrük häliden hiç birimiziň kellämize gelmedik zady-da etdi. Köýnegini çykaryp, Kemalyň ýarasyny daňdy. Soňra «söweşde» ýaralanany gezekli-gezegine hopba edip, öýlerine eltip gaýtdyk. Eltsegem eltdik welin, Kemalyň ejesi käýinçdenem-ä ýükümizi ýetirdi. Käýemez ýalam däl eken-le, şol gün agşam Kemaly raýon merkezindäki keselhana ýerleşdiripdirler...
Jaň sesine allaniçigsi bolup, tisginip gitdim. Birsalymdan uly gorky bilen «Mugallymlar otagynyň» öňüne bardyk. Görsek, Mürrük dagam gelen eken bu ýere. Hemmejämiz jemlenişip girdik.
Soňy nähili bolandyr öýdýäňiz? Bekgi bizi satsa-da, Mürrük satmady. Ýogsam ol bizligem däldi ahyryn. Ana, şonuň sebäbine welin, şindi-şindiler düşünip ýörün...
1986 ý.
Döwran AGALYÝEW.
Hekaýalar