17:21 Söz berdiñmi... / satiriki hekaýa | |
SÖZ BERDIÑMI...
Satiriki hekaýalar
Täze ýylyñ başlanmagyna laýyjak 55 sagat galanda, bizi oblast ýazyjylar guramasyna çagyrdylar. Çagalarymyza täze ýyl sowgadyny berjekdirler diýip, men-ä birazrak irrägem baraýypdyryn. Wah, görüp otursam, asyl ýygnak boljak eken. Hawa, her kim özüniñ bir ýyldaky eden işii hakynda galamdaşlarynyñ öñünde hasabat bermeli, täze ýylyñ döredijilik planlary barada gürrüñ etmeli. Ýygnak başlandy, ýeke-ýekeden çykyp baý gürlediler-ä, ahyry gezek maña-da ýetdi. - Ýoldaşlar, bir ýyldaky eden işlerim barada aýdanymda, ýagdaýlar şeýle. Ynha, şu üstümizdäki ýylda ýarty roman bilen iki sany powest ýazdym, hekaýalarymyñ sany ýadyma düşenok. Men sizden gizläp oturmaýyn, ýañky iki powestimi hem täzeden işläp, hersiniñ üstüne ýene-de 20-30 sahypa goşup, roman edermikäm öýdýän. Umuman şu ýylda şolardan başga agyz dolduryp aýda ýaly ullakan edilen iş ýok. Onuñam, elbetde, özüne ýetik sebäpleri bar, ýoldaşlar. Bilşiñiz ýaly, bu ýyl birhili bişeýtel geldi. Ýaz gaty ýagynly boldy, baý, guýdaý, bedireden dökülen ýaly. Hemme ýerde şeýledir diýip aýdyp biljek däl, biziñ obamyzda-ha sähel şitir-mitir etdigi köçeler geçer ýaly bolanok, batga. Onsoñ göbegiń öýde gömlen ýaly bolup oturmaly, hiç ýerik çykyp bolanok. Öz gahrymanlaryñ bilen duşuşman, olar hakda ýazyp bolmaýandygyny bolsa, biziñ her birimiz oñat bilýäs. Hawa, kärdeşler, ýazymyz- a şeýdip geçip gitdi. Ýogsa-da, şu ýyl ýazyñ yzyndan haýsy pasyl gelipdi? Näme? Hä, tomus diýýäñmi? Ýatladanyñyz üçin sag boluñ, ýöne ýuwaşrak aýdyp bolanokmy, näme gygyrýañyz? Men ker däl ahyryn. Tomusam göwnüme bolmasa şu ýyl adatdakylardan ir düşdi öýdýän. Baý, yssam boldy, edil ýakyp-ýandyryp barýar-how! Birneme işlejek bolup salkyn saýaly Pöwrize jülgesine gitdim. O ýerde, döredijilik öýünde-de uly mümkinçilik bolmady, gapdalymda birki sany artist ýaşady welin, gündizi-gijesi anekdot aýdyp geçdiler. Garaz, bolşuna görä işledim, ýöne ýatmadym. Görşüñiz ýaly, tomusdan soñam, ynha, göni gyş geldi oturyberdi, özüniñ aldajy sowgy bilen. Ýuwaşrak, ýoldaşlar! Näme? Güýzi galdyrdyñ diýýäñmi? Al, inim, senem meni gürletmäge goýmadyñ-aý. Güýzüñem galyp gitjek ýeri ýokdur, näme, ýeri çalşany bilen ahyrzaman gopar öýdýäñmi? Bolýa-bolýa, bar señ diýeniñ bolsun. Güýz pasly, elbetde, hemme hasylyñ agza-burna gelip ýetişýän wagty. Şolar ýaly ýagdaýda, biz ýazyjylaryñ orny babadaýhanlaryñ arasynda bolýar. Olara dil hem-de el kömegini ýetirýäs. Özüm-ä şu ýyl dünýäñ pagtasyny ýygypdyryn, lomaýja düşäýdi, kitap ýazybam şonça zat alamzok. Men şol döwürde gaty öndürijilikli işledim, gijämi gündiz edip "Ýagyşdan gaçyp..." diýen romanymy gutarýardym. Gyş düşdi-de ähli zadyñ petine gar ýagdy. Onsoñam men bir zada hiç düşünip bilemok. Beýleki pasyllaryñ hemmesi bir ýylyñ içinde gelip sowulýa-da, gyş näme üçjn aralykda gelip, iki ýylyñam biderek edýä, ähli zatdan eliñi sowadýar. Ine, tebigatyñ şular ýaly tragediýasy barada, biz ýiti sýužetli eser döretmelimikän öýdýän. Gyş düşeli bäri gysgajyk hekaýalaryñ birnäçesini ýazdym, uly göwrümli eser ýazmaga sowguñ derdinden elimizem ysanok. Hawa, täze ýyla çenli entek ellenmän duran ýene-de tegelek iki gün bar, ýygnak-zat diýip başymyzy agyrtmasalar o günlerem hars urup işläris. Ýañy menden öñ çykyş eden oratorlaryñ biri gaty dogry belledi, geçeni geçdi bilmeli, geljek barada oýlanmaly, şu wagtdan bilimizi berk guşap, her hili kynçylyklara taýýar bolmaly. Täze ýylda öz okyjylarymy täze eserler bilen begendirerin. Azyndan bir ýarym roman, bäş seriýaly telewizion filmiñ ssenarisini ýazmagy, şeýle hem taryhy temadan iki sany powest döretmegi artdyrylan borçnama edip öz üstüme alýaryn. "Söz berseñ, sözüñde-dr tapylmaly borsuñ" diýip, oturan ýeriñden ýañsylama, ýoldaş Ylham Geldiýewiç. Söz özümki, islesem bererin, islemesem yzyna alaryn, o señ işiñ däl. Onsoñam näme, söz berenleñ hemmesi öz sözünde durýandyrpar öýdýäñmi?! Ýo-ýok, gadyrdan. Ynha, dek şu ýylyñ özünde oblastymyz boýunça näçe kolhoz beren beren sözünde tapylmady. Gazet okamak gerek, radio diñlemeli. Men, umuman, kölegeli gürrüñ etmäni halamok. Gaty gyssansam kärdeşlerimi kömege çagyryp, ýowar edäýjek käbir hojalyklaryñ edişleri ýaly. Näme bolmaz öýdýäñmi, bökerem bolman. Birek-birege kömek etsek, arkalaşsak, alynmajak gala ýokdur, ýoldaşlar. Sözümiñ ahyrynda hemmäñizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn, baryñyza döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin! Menden soñam çykyş etmeli adamlar bardy. Gürläp boldum-da, şo durşuma öýe tarap ýumlugaýdym. Uzyn günüñi ýygnakda geçirseñ, iş kim etsin? Men Täze ýyla bir ýumoreska boýun alypdym ahyryn, şony ýazmaly. Söz berdiñmi, sözüñde-de tapylak bolmaly. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |