13:38 Şükür bagşy | |
ŞÜKÜR BAGŞY
Goşgular
Şükür bagşy gaýdyp gelýär ilerden, Gaýdyp gelýär jeňi saz bilen ýeňip. Käte pese inip, käte alaňda Görnüp, gelýär başyn eýere egip. Soňam atdan düşdi. Goýberdi aty Türkmen sährasynyň bir ýan çetinden. Şükür daňyň ýaňy saz beren wagty, Süri ören wagty sagy-çepinden. Gümmürdedip, gümmürdedip dutary Çaldy, otlaman diň saldy ýorgasam. Gözlerinden uçan eken bu taýy, Ýaňydy ahyry gideni ýogsam. Ähli zat öňkilik. Ähli zat täze, Ýazylyp-ýaýrady iline gelip. Goşa kirşe dil bititp dur, bu käre Baş goşup, görmändi beýle saz çalyp. Neneň ýyly dogduk diýaryň demi, Hem şeýle bir ajap, şeýle bir seleň! Diňe agaňy däl, ähli gideni Bu ýere getirseň, dutaryň bilen! 1985 ý. | |
|
√ Her döwür - bir döwür / Goşgular - 17.07.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Ýalñyzlyk / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Ker bolar gulak / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |