10:25 Arkalaşyk / satiriki hekaýa | |
ARKALAŞYK
Satiriki hekaýalar
Bu zatlaryñ hemmesine täze alan maşynymyz günäkär. - Näme agzyñ ýaşmaklymy, bar-da özüñ soraý - diýip, keýwanym hondan bärsi bolup gomaljyrady. Goñşymyzyñ üstüne bardym. Saglyk-amanlyk edenimizden soñ habarymy aýtdym. - Ata-babalarymyzyñ aýdanyny etsegem, hor boljak däl welin, birentegimiz şonam oñaramyzok. "At almankañ eýer al" diýip, olar oýnamaga aýdandyrlar öýdýäñmi? Maşyn münjegiñ çynyñ bolsa, öñüräjiginden garažyñ gamyny iýmeli ekeniñ-dä, goñşy - diýip, Sapargül daýza arzysyny artdyrdy. Goñşymyzyñ häsiýetine beletdim, pully gürrüñ etseñ, ol öli ýatanam bolsa direlýärdi. - Wah, men oñ hakyny ýany bilenem tölejek-le, wagtlaýynça bolsa bolýa - diýip, men onuñ inçe damaryndan tutdum. Sapargül daýzanyñ bir hili gözi ýitelen ýaly boldy, gürrüñi üýtgedi. - Kakalaram okuwa gitdi, iki aýlyk, Daşkende o bolsa ýüz gürrüñ ederdi welin, bolýa-da, goñşy aralymda gaýkajaklap oturmaýyn, arkalaşyp edäýerin. Onsoñam täze zadyñ yrymyna-da gowy däl. Bolýa-bolýa edip turmakçy boldum. - Goñşy, siz bir onda-munda tanşy köp adamsyñyz. On-on bäş mitir gülgün reñkli mahmal gerek, hi, o hazan tapdyrmazmyka? - diýip, Sapargül daýza şypjaryp keçeleriniñ gülüni sypalady. Mesele aýdyñ. Garaž geregiñ çynyñ bolsa tapman bökersiñem. Boýun aldym. Mahmalyñ aladasy bilen uzyn gije gözüme çüý kakylan ýaly oñly uklabam bilmedim. Daña golaý ymyzganypdyryn. Alasarmyk ukyñ arasynda düýşe meñzeş bir zat görüpdirin. ... Asmandan galgap gaýyp barýan mahmalyñ lowurdysy edil gözüñi alyp barýardy. Tutjak bolup bökdüm. Tisginip oýandym. - Näme, düýşürgediñmi? Maşynymyza bir zat bolmady gerek? - diýip, aýalym meni yralady. Ertesi işe gelibem bar aladam şol mahmal boldy. Söwda ugrunda işleýän tanyşlarymyñ birine jañ etdim. - Haý, gardaş, mahmal düşnügi ýokdur bizde. Gaty köp wagt bäri gelenagam. Ýöne gaty gerek bolsa, dostumyz üçin tapmaly bor ony. Onsoñam arkalaşyk diýilýän zat gowy zat ahyryn - diýip, ol köpmanyly gürledi. Men söwdagär tanşymyñ buýurjak ýumşuna garaşdym. Ol osmakladan bolup oturman meseläni çöp döwen ýaly etdi. - Bi, institut bilen arañ nähilidir? Ýegenimiz näçe gün bäri boýurganyp otyr, matematikadan gorkýan diýip. Hiý, muñ bir alajy bolmazmy? Öñem dünýäñ çykdajysynu edip okuwa saldyk how. Matematija bolsa ýene-de ýagşy eken, öz okan ugrum. Student ýoldaşlarymyñ käbiriniñ o ýerde mugallymçylyj edip ýörenleri bardy. Eñdim üstlerine. Elbetde, bular ýaly meseläni telefon üsti bilen çözüp bolmaz ahyryn. Baý, bu ýumuş buýrmagyñ kyndygyny, gaty ýaýdandyrýar. Tanyşlarymyñ biri instututyñ agzynda pete-pet gabat geläýdi. Nämeden gürrüñ açjagymy bilmän, iki-üç gezek dagy salamlaşdym. - Maşyn aldym, gutlamaga daga-da barañyzoga-aý - diýip, men hamana diýersiñ ondan göwün edýän ýaly gürledim. Zaññarjyk gaty mekir eken, okaýaka-da tilkiligi bardy. Sypjak boldy. - At arkasy gutly bolsun! Bir nesibeli günümiz hökman bararys. Men-ä häzir sapaga howlugýan - diýip, ol sagadyna seretdi. Wah, işimiñ düzeljeginj bilsem men ertire çenli garaşmaga-da kaýyl-la. Heniz habarymy aýdyp bilmän ýaýdanjyrap durkam, şol institutda işleýän tanyş oglanlarymyñ ýene-de biri geläýdi. Ol näme üçindir meniñ bilen gaty gadyrly görüşdi. Ýañky ýeksruna sypdy welin, muny bir toruma salaýyn diýip, men onuñ özündenem beter içginsiredim. - O-how, men seni göreýin diýip ýördüm. Horoşo çto, özüñ gabat geläýdiñ. Sluşaý, bi žurnallarda tanşyñ ýok-maý? - diýip, ol meniñ egnime kakdy. - "Tokmakda" biri işleýä, näme? - diýip, men ýylgyrdym. - Hany, degişmäñi goýsana. Men señ bilen serýoznyý gürrüñ edýän. Kandidatlygy goramaly, ýekeje publikasiýam ýetenok. Şu işi çaltlandyryp bilseñ-ä, bizem bergidar bolmajak bolarys - diýip, ol ekezlendi. Ýañky bilen urduk söwdany. Özümiñ näme üçin gelendigimi aýdyp, wadalaşdyk. - Şeýdip, birek-birek bilen arkalaşybermeli, ýogsam hor borsuñ - diýip, ol makalasyny tutdurdy meniñ elime. Ýeri, indi näme etmeli? Iş ýerime gitdim. Ýolboýy bi makalany kimiñ üsti bilen çykardyp bolarka diýip oýlandym. Hyýalymda kimdir birine haýyş bilen ýüz tutýaryn. Ol hem öz gezeginde maña ýumuş buýurýar. Arkalaşyk gowy zat, oñarsañ etmeli. Ýene haýyş, ýene-de ýumuş... Eý ho-o, heý, bi, arkalaşygyñ soñy bolmazmyka? Hopugyp kabinetime bardym. Öz-özüme käýindim. Açyk duran penjireden daşaryny synlap durşuma oýlandym. Kime jañ etmeli?! O-ho, hana, goltugy mahmally bir adam geçip barýa, saklaýyn. Äpişgeden boýnumy uzadyp gygyrdym yzyndan. - Ah-ow, inim, hany bir aýak çeksene, "Nireden aldyñ?" diýlip ogra aýdylýandyr welin, bagyşla. Bular ýaly gowy mahmaly nireden aldyñ, satylýamy bir ýerde? Dogrusy sorasamam-a soradym welin, ýöne o-da bir ýumuş buýrarmykan öýdüp gara janym galmady. Bolsa-sa gaty ynsaply ýigit eken. Bar dilän zady bir stakan suw boldy. - Häzir uniwermagda berlip dur. Ýöne oçury köpräk - diýip, ol boşan stakany maña tarap uzatdy. Men bölümimdäki işgärleriñ dördüsinem aldym-da, magazine tarap eñdim. Dogru-da walla, žurnaliste ýüz tutanyñdan-a gowudyr. Onsoñam olara indi bil baglar ýalam bolmandyr, ahmal bolsañ depäñi ýere degiräýjek-ler how! Birden felýeton ýazarlarmy nämemi. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |