20:42 Geñeş birikdi | |
GEÑEŞ BIRIKDI
Publisistika
Gadymy döwürlerde türkmenleriñ özbaşdak, garaşsyz döwleti bolmansoñ, goşuny-da bolmandyr. Gowşut handyr, Nurberdi hanyñ, Aba serdardyr, Dykma serdaryñ, Keýmir kör ýaly serkerdeleriñ az sanly atarman-çaparman, gowgadan gaýtmaz, at ýürekli nökerleriniñ harjysyny, at-ýarag bilen üpjünçiligini il-gün öz üstüne alypdyr. Şeýle batyrlar daşdan gelýän ýagylary yzyna serpikdiripdirler, söbüklerine münüp, öz ýurtlaryna aşyrypdyrlar. Şol döwürlerde her bir taýpanyñ, tiräniñ, urugyñ aýry-aýry han-begleri, serdarlary, ýaşuly-kethudalary bolupdyr. Türkmen halkynyñ hiç bir zamanda-da özge ýurduñ üstüne çozan ýeriniñ ýokdugy geçmiş taryhymyzdan aýdyñ görünýär. Emmakin ol özüni-de mertlerçe gorap bilen halk. Tutuşlaýyn, ýagny regulýar goşuny bolmasa-da, özüni oñarýan türkmeniñ gapysynda teblesinde aýlanyp duran bedewi, şätärime gysdyrylgy atgyr-ötgür ýaragy, törden asylgy ýiti gylyjy bolupdyr. Bir ýerden ýagy dökülse, ilki ýaşulular maslahat geçiripdirler. Çar tarapa çapar ýollapdyrlar. Dessine leşger ýygnanypdyr. Ýagy bilen atyşypdyrlar, tutluşypdyrlar; ýeñiş gazanypdyrlar. Şeýle wakalarda mydama ilki ýaşulular maslahatlaşypdyrlar. Ata-babalarymyzdan şu günlerde-de ogul öýerip, gyz çykarjaklar ýaşululara sala salýar. Toýuñ sähetli güni bellenýär. Geñeş toýy geçirilýär. Ýas düşeginde-de ýaşululardan idinsiz edim-gylym bolmaýar. Her bir baýramçylykda, Hatyra-Ýatlama günlerinde düşegiñ töri ýaşulularyñky. Bu aýdyñ ýol asyrlary agdaryp, menzil-menzil ömürleri geçip geldi. Ýaşululara sala salmak ata-babalarymyzdan gelýän ýörelge. Hut şonuñ üçin-de geçirilýän döwletli maslahatlaryñ gözbaşy hem şol ata-baba däp-dessurlarymyzdan, ýörelgelerden akyp gelýän ugur. Bu günki gün şo-ol unudylara getirilen ýoda-ýörelgelere, şükür, ýene-de türkmen gaýdyp geldi! Garaşsyzlygymyzy alan ýylymyzdan başlap ýaşululara sala salnyp başlandy. Döwletli maslahatlar geçirildi. Şeýle maslahatlaryñ her bir welaýatda geçirilmegi - deñlik. Ýaşululara geñeşmek - döwletlilik. Delilnama hökmünde diñe 1994-nji ýylyñ güýz aýynda Balkan welaýatynda geçirilen Ýaşulularyñ maslahatyny mysal almagam ýeterlik bolsun gerek. Gojaman dagyñ gujagynda baky ornaşan şäher. Hazaryñ uzak suw ýoluny söküp gelýän ulgam-ulgam gomlary yzly-yzyna, gezekli-gezegine tolkun atyp, kenara batly urulýardy. Bu boluşdan şatlygyñ, galkynyşyñ alamaty duýulýardy. Dañ atyp gelýärdi. Asmandan inýäm tenekar şöhleler jahana, şähere täze durmuş eçilýärdi. Guşlar jürküldeşip, bagdan-baga göçýärdiler. Daragtlaryñ şahalary biri-birine gol uzadyp, mähirli salamlaşýan ýalydy. Bu şemalyñ täsiridi. Älem çyragy şöhleli penjesini ýere uranda, çynarlar Ýaradana ýalbarýan ýaly, asmana ýaşyl teññelerini öwrüp rahatlanýardy. Ine, şäher hem oýanyp, herekete girdi. Ýeñil maşynlaryñ kerweni Awaza tarap süýşüp ugrady. Olaryñ ön hatarynda hormatly Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy. Ol ýoluñ iki ýakasyndaky ýaşyl Tugly, gülli gollaryny galgadýan körpelere, ýaşlara, ýaşululara, gelin-gyzlara gol salgap, salamlaşyp barýardy. Märeke tolkuny gülälekli meýdany ýadyña salýardy. Şatlyk kerweni Hazaryñ kese kenaryny ýakalap oturan Awaza baryp ýetdi. Saparmyrat Türkmenbaşyny gojalar duz-çörek bilen garşyladylar. Zehinli çagalar Serdarymyza bagyşlanyp düzülen goşgulary dürli dillerde aýdym edip aýtdylar. Türkmenbaşy päk ýürek, güler ýüz bilen balalaryñ aýdymlaryny ünsli diñledi. Serdarymyz ýüregini açyp güldi. Gülki - begençdi. Käbirleriniñ başyny ata hökmünde sahawatly eli bilen sypady. Juwan göwúnli ýaşulularyñ ýüreklerinde, ýüz-gözlerinde şatlyk uçguny öwşün atýardy. Degre-daşda şatlyk-begenç hökmüni ýöredýärdi. Göwnüñi göterýän, gulaga ýakymly aýdym-saz batly ýañlanýardy. Ata-babalarymyzyñ "Ber, bereketiñ artar" diýen nesihatyna uýýan welaýatymyzyñ babadaýhan nesilleri, Musa pygamberiñ merdana çopanlary ene topragymyzyñ üstünde ösdürip ýetişdiren naz-nygmatlaryny, et-süýt önümlerini boldan eçilip, Ýaşulularyñ maslahatynyñ myhmanlaryna ak göwünleri bilen iberipdirler. Myhmanlara hyzmat etmäge bellenen kişiler olary güler ýüz bilen kabul etdiler. Bereketli saçagyñ başynda oturan ilimiziñ goja neslinin wekilleri, daşary ýurtlardan gelen dogan-garyndaşdyr arkadaşlarymyz çaý başynyñ gyzykly gürrüñleri bilen gümra bolup, hal-ahwal soraşýarlar, özleriniñ begençlerini paýlaşýarlar. Bagtyñ çüwende şeýle çüwsün! Gökdäki dilegiñ ýerde gowuşsa, bu dünýede armanyñ galarmy?! Ýok, galmaz! Ýaradanyñ emri bilen, bu bagtly türkmen iline mertebesi belent Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy berdi ak sakgally gojalar Serdara jan saglyk, uzak ýaş arzuw edýärdiler. Ýaşulular bilen duşuşygy Saparmyrat Türkmenbaşynyñ özi açdy. Serdarymyz döwleti dolandyrmak, sosial-ykdysady taýdan ösüşimizi mundan beýläk-de has ilerledip, dünýäniñ baý döwletleriniñ hataryna girmek barasynda giñden söhbet etdi. Halk bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri amala aşyrmakda gojalaryñ uly goşant goşýandygyny, olaryñ uly güýçdügini nygtap-nygtap belledi. Garaşsyzlyk dünýägaraýşymyzy, añ-düşünjämizi düýpgöter üýtgetdi. "Yslam dini zähmetkeşleri zäherleýjidir", "Din tirýekdir" diýip, wagyz eden sowet döwrünin ýetmiş ýyllyk ideologiýasyny çepbesine çöwürdi. Ençe ýyl gursakda baslygyp ýatan urp-adatlarymyzy, däp-dessurlarymyzy, keramatly öwlüýälere zyýarat etmegimizi, öten-geçenlerimizi hatyralap, sadaka bermegi il-günümiziñ eline gaýtaryp berdi. Garaşsyzlygyñ beren bagtyny sanasañ, sogaby bar. Garaşsyzlygyñ gadyrynyñ belli bahasy ýok. Halkymyz gadyra durky bilen düşünýär. Ilki bilen Ýaradana, soñra Türkmenbaşa minnetdarlyk bildirýär. Serdarymyzyñ ýüregindäki dilinde. Gursaksa syr saklamaýar. Ol Hakyñ ýoluna düşdi. Halkymyz-da bütin durky bilen ynanyp, Onuñ yzyna düşdi. Agzybir halkymyzyñ ak ýoldan sowulmajagy ikuçsyzdyr. Sowlan ýek-ýarym adamlar hem häzir tazygyp ýörler. Günäni bagyşlamak - döwletliligiñ nyşany. Şu babatda hormatly Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşy günäsi ýeñil aýallaryñ, garrydyr ýaşlaryñ alty müñ töweregini demir gözenekli jaýdan boşatmak barasynda gojalara geñeşdi. Geñeş birikdi. Neneñ onsoñ bendilikden boşanlar Serdarymyza ak ýürekden alkyş aýtmasynlar! Taryhdan belli bolşy ýaly, döwletiñ öz içinden döreýän azgynçylyk, närazyçylyk, agzalalyk şol döwleti agdarýar. Bahyllyk, göripçilik agzalalyga eltýär. Şeýle adamlar bar bolsa, olary ýola getirmek gadymy däbimize görä Ýaşulularyñ borjudyr. Bu babatda-da geñeş edildi. Geñeş ýene-de birikdi! "Kyýamat güni - goñşudan" diýen nakyldan ugur alýan, oña ýüregi bilen ynanýan Türkmenbaşymyz goñşy ýurtlar bilen dogan ýaly bolup gatnaşyk etmek barasynda geñeş etdi. Ýene-de geñeş birikdi! "Arkalaşan - dag aşar" diýipdir pederlerimiz. Orsýet bilen-de arkalaşykly ýaşamagy, işlemegi, iki tarapyñ-da bähbitlu alyş-çalyş etmek barasyndaky höwesiniñ bardygyny ýaşululara añlatdy. Geñeş ýene-de birikdi! Umuman, her ýylda geçirilýän Ýaşulularyñ maslahaty giñ gerim aldy. Dünýä möçberinde nusga alarlyk ugruñ, ýol-ýodañ kerweno ýola düşdi. Ýoluñ şowly bolsun, Garaşsyz Türkmen döwletim! Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |