21:01 Teselli | |
TESELLI
Ylham gaÿnap joşÿar, ÿürek dyñzaÿar, Nazarña-nazarym kaklyşan wagty. Ÿaşaÿyş ÿok gözleriñden üzñe ÿar, Sensiz miwe bermez söÿgi daragty. Dikseñ maña nazaryñy, geregim Janym aram tapÿar, Tapÿar teselli. Bakyşlarña teşne bolan ÿüregim, Seretseñ sag, seretmeseñ keselli. Kesel bilen ÿakdyñ, ÿykdyñ, kül etdiñ, Bir bäri bak! Sagalmak meñ maksadym. Bir bakyşda berbat kalbym gül etdiñ, Gözleriñe melul bolup baksadym. ...bir gün gelip, nazaryña zar etseñ, Derdim gozgamasa ÿaÿ dek gabagyñ. Bakyp, özge ÿigdi intizar etseñ, Ÿaşamaryn, dolup sabyr tabagym. Onsoñ, günleñ biri geçseñ duşumdan... Şemala galgadyp goşa örümiñ. Nazaryñdan tapmak üçin teselli, Yşyklaryn, tümmeginden görümiñ... Baky AMANÝAZOW. | |
|
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |