17:19 Poeziýanyñ güýji we mertebesi | |
POEZIÝANYÑ GÜÝJI WE MERTEBESI
Edebi tankyt
Meşhur awar şahyry Resul Gamzatow "Meniñ Dagystanym" diýen kitabynda "Şahyr dünýä döremezden ýüz ýyl öñ döräpdir" diýip ýazýar. Soñra şol pikire düşündiriş berip, başga bir makalasynda ol "Dünýäniñ döremeginiñ başlangyjy bolupmy, ýokmy, oña gaty bir ynanyp duramok. Ýöne şahyryñ welin, hemişe ilkinjidigine ynanýaryn" diýip ýazýar. Şeýlelikde, görnükli söz ussady poeziýanyñ hemişe öñdebaryjylygyny, juwanlygyny durnuksyz hereketdedigini, ynsanyýetiñ ähli hajatlaryna ýaraýan pikir-duýgularyñ ilki bilen poeziýada ýüze çykýandygyny nygtaýar. Şonuñ bilem hem poeziýanyñ ynsanyñ hemme wagtdaky aýrylmasyz hemrasydygy ýüze çykýar. Adam iññän şatlykly pursatda-da, gamly pursatda-da poeziýa ýüzlenýär. Öz duýgularyny paýlaşyp biljek goşgy setirlerini ýatlaýar. Hatda şahyrlaryñ özleri-de şeýle pursatda şygyrlardan goldaw gözleýär. Öz ykballaryny şygra ynanýarlar. Şonuñ bilen hem ruhlanýarlar. Biziñ pikirimizçe, şunuñ özi hem poeziýanyñ durmuşdaky taýsyz uly güýjüni hem abraýyny kepillendirýär. Poeziýanyñ uly güýçdügini geçmişiñ ajaýyp söz ussatlaryndan başlap, biziñ günlerimiziñ belli şahyrlaryna çenli batnykly, manyly setirleri bilen ykrar etdiler. Çeper döredijiligiñ şu žanryna sarpa goýup, ýörite goşgular bagyşlanlar-da köp. "Dile gelen sözler köñül nagşydyr" diýen beýik Magtymguly il-gününiñ durmuşyny tutuşlygyna şygyr bentlerine salyp, halkyna bagyşlapdy, ony galkyndyrypdy. Şahyryñ halka, ynsanyýete näderejede ýakynlygyny kesgitläp, beýik rus tankytçysy şeýle ýazýar: "Beýik şahyr öz-özi hakynda, öz "meni" hakynda aýdyp, ol umuman, adamzat hakda aýdýar, onuñ gaýgysynda hemmeler öz gaýgylaryny duýýarlar. Onuñ kalbynda hemmeler öz kalbyny duýýar". Şeýle bolansoñ, "poeziýa ynsanyýetiñ göwün syrdaşy" diýilýän düşünje ýene-de bir gezek örboýuna galýar. Biziñ zehinli deñ-duşlarymyzyñ arasynda iñ ukyplysy we zehinlisi bolup çykan, Poeziýa diýen mukaddes senediñ gymmatyna, maksadyna dogry düşünen, aramyzdan ir giden Gurbannazar Ezizow poeziýanyñ beýikligi hakda köp sözler aýdypdy. "Poeziýa" atly bir goşgusynda ol şeýle ýazypdy: Bir seretseñ - söýgiñ başky namysy, Bir seretseñ - halkyñ ary-namysy. Ol kuwwatly. Işlemekden armaýar. Ganym duşsa, ýürek-bagryny ezýär. Ýöne käwagtlar sessiz aglaýar, Onuñ Alyhezretleri poeziýa. Biziñ pikirimizçe, bu sözler ýaşaýşyñ syrlaryny dolulygyna ýürekden syzan şahyryñ sözleridir. Durmuşy, dünýäni ýürekden duýmak hem şahyr üçin iñ gymmatly şahyrana material bolýar. Şol material bilen dörän eser bolsa gürrüñsiz söweşjeñdir. "Söweşjeñ" sözüni aýratyn nygtamagymyzyñ öz sebäbi bar. Biz "Poeziýa we durmuş", "Poeziýa we okyjy", "Döwür we poeziýa" ýaly añlatmalary yhlas bilen köp gaýtalaýarys. Diýmek, poeziýanyñ durmuşdan üzñe zat däldigine - bir ten, bir jandygyna dogry düşünýänligimiz üçin gaýtalaýarys. Eýsem "söýgiñ" başky namysy, halkyñ ary-namysy, işlemekden armaýan, (käte sesli) käte sessiz aglaýan poeziýa başga nähili baha berjek? Hawa, şeýle mazmuny özünde jemleýändigi üçin hem ol söweşjeñdir. Söweşjeñlik poeziýa eseriniñ islendiginde bolmalydyr. Bu ýerde tema aýratynlygy bolup bilmez. Intim söýgi lirikasyndan başlap, iñ uly gahrymançylykly wakalara bagyşlanan eserlere çenli bu hakykat saklanmalydyr. Çünki on sekiz ýaşly ýetginjekleriñ söýgi hakdaky oýlanmalaryndan başlap, ähli wakalaryñ, hadysalaryñ içinden geçýän gyzyl ýüplük adam ykballary ahyryn. Ynsanyñ ykbaly, durmuşdaky orny, özgeriişi barada, ilki bilen, poeziýa öz sözüni aýdýar. Poeziýanyñ egsilmez güýji taryhyñ kynçylykly wakalarynyñ içinde synagdan geçdi. Poeziýa hemişe "harby gulluga" degişlidir. Belli ukrain şahyrasy Lesda Ukrainkanyñ "Köne erteki" poemasy bilen türkmen okyjylary-da tanyşdyr. Ýarawsyz, garry şahyryñ söweşjeñ, ruhlandyryjy aýdym setirleri bilen söýgülileriñ biri-biri bilen duşuşmagy, duşmanyñ üstünden gazanylýan ýeñiş, zähmetkeş halkyñ öz erk-ygtyýary, oñaýly gün-güzerany üçin ýokary gatlaga garşy aýaga galşy poemanyn esasynda ýatýan şahyrana hakykatdyr. Türkmen klassygy Mollanepesiñ türkmen halkynyñ her bir tire-taýpasyndan kyrk müñ adam ýygnanýan şekilinde haýbat bilen ýazan "Zalym bu ýerde durma, bolmaz mekanyñ seniñ" diýip başlanýan goşgusynyn gajarlara garşy bolan uruşda uly güýç bolandygyny häli-şindi buýsanç bilen ýatlaýarys. Polat erkli Zeliliniñ ýedi ýyllap ýesirlikde, hanyñ hyzmatyna boýuj egmeýşini şygryñ şöhraty, şahyryñ şahsy edermenligi hökmünde düşünýäris. Ýalkymly tatar şahyry Musa Jelil faşistik zalymlaryñ görkezen jebir-sütemlerine döz gelip, ähli wada-tekliplerine garşy çykyp, "Wyždanyñ görnüşleri ýokdur" diýip, şahyryñ mizemez watançylygyny äşgär edipdi. Aýdymlarym ýüregimden gobsunyp, Il içinde gunçalañ-da gül açyñ. Ýalynly güýç bilen barha owsunyp, Watan topragyna siz şöhle saçyñ! Meni aldap bilmez bolgusyz lezzet, Owunjak durmuşyñ ala perdesi. Şygrymdaky ýalyn, söýgi hakykat - Ýaşamagmyñ, diriligmiñ maýasy. - diýen şahyr gaýduwsyzlygy hem durnuklylygy nesihat edýän aýdymlary bilen faşizmiñ zyndanyny sarsdyrypdy. Onuñ "Aly hezretleri" poeziýanyñ terjimehalyna degişli şeýle mysallary geçmişden hem, biziñ günlerimizdenem, näçe diýseñ, getirmek bolar. Poeziýanyñ durmuşdaky roly, onuñ söweşjeñligi hem ýeñilmez güýji hakynda gürrüñ edeniñde, onlarça mysallara ýüzlenmek mümkin. Diñe türkmen sowet poeziýasynyñ hem ähli nesilleriniñ arasyndan ençeme şahyryñ adyny agzamak mümkin. Meniñ weli şol endikden häzir saklanasym gelýär. Ýöne döredijiligi şygryñ hem şahyryñ edermenligine mysal bolup biljek biri hakda - frontçy şahyr N.Pomma hakda birnäçe söz aýtmagy ýerlikli hasaplaýaryn. Türkmen okyjylary hem edebiýatçylary ony çynlakaý şahyrana eseri hemme döwürde ýiti ýarag, kütelmez gural hasaplan adam hökmünde tanaýarlar. Onuñ özi hem poeziýanyñ güýjüne şeýle düşünýärdi. Beýik Watançylyk urşunyñ ilkinji güni N.Pomma "Biz ýeñeris" goşgusyny ýazyp, şeýle diýipdi: Watanmyzy etdirmeris ganhor oýnagy, Ganhora geýdiris otly köýnegi. Çünki Watanymyzyñ bütin topragny, Dagyny, bagyny, altyn ýapragny - Gözüñ görejinden eziz söýýäris, Biz diñe Partiýam, ýeñşe uýýarys. ("Sowet Türkmenistany" gazeti, 24.06.1941 ý) Ilkinjileriñ biri bolup Watana hossar çykan şahyr ilkinjileriñ hatarynda hem galamyny naýza öwrüp, söweş meýdanyna ugrapdy. Watan ugurdaky gazaply söweşlerde bolsa: Diýer Pomma menem esgeriñ biri, Galamym top bolar, sözlerim däri. Duşman ýalbaryp-da sypaýmaz diri Söweş meýdanyna giren ýerinde. - diýip, şahyryñ watançylygynyñ şahsy göreldesini görkezip, duşman bilen ýüzbe-ýûz durupdy. Taýsyz gahrymançylyklary gözleri bilen görüp, olary höwes bilen wasp edipdi. Söweşdeş ýoldaşlarynyñ ýadygärligimi ajaýyp setirleri bilen ebedileşdiripdi. Ýeñiş güni bolsa: Gaçsa hem duşmanyn ýetip yzyndan, Ýeñiş bilen tanatdyk biz özümiz. Eý halkym, sen hut Berliniñ özünden Kabul et, iberýän gutlag sözümi! - diýip, sowet halkynyñ taýsyz ýeñşini buýsanç bilen mübärekläpdi. Biz şu mysala N.Pommanyñ döredijiligine analiz bermek üçin däl-de, poeziýanyñ mertebesi, şahyrana sözüñ güýji barada edilýän gürrüñe dogry gelýänligi üçin ýüzlendik. Muny "...ýumrulan reýhstagyñ iñ belent çüñkleriniñ üstünde, ýeñilen faşizmiñ paýtagtynyñ ýokarsynda bagtly parlaýan Gyzyl Baýdagyñ gapdalynda" (N.Tihonow) öz adyny ýazyp gaýdan TÜRKMEN ŞAHYRYNYÑ göreldeli edermenligi üçin ýatlaýarys. Poeziýanyñ mertebesi, abraýy onyñ çynlakaý okyjylary bilen gürrüñ edilende has-da gowy ýüze çykýar. Ony söýüp okaýan okyjylar ummasyz köp. Olaryñ arasynda poeziýa barasynda şahyrlaryñ özi ýaly pikir ýöredip bilýänleri-de az däl. Olaryñ köpüsi kärleri boýunça ykdysadyýetçiler hem fizikler, taryhçylar hem geologlar, işçiler hem kolhozçylardyr. Poeziýany söýüşleri welin öz kärlerine bolan garaýyşlaryndan kem däl. Şu zatlara nazar aýlanyñda, belli rus şahyry Aleksandr Mejirowyñ "Şahyr bilen poeziýanyñ çynlakaý okyjysynyñ arasynda tapawut gazy azdyr" diýen pikirleri ýadyña düşýär. Poeziýanyñ mertebesi hem abraýy baradaky guwançly oý-pikirler gurşap alýar. Magtymguly baýragynyñ laureaty Berdinazar Hudaýnazarowyñ döredijiligi okyjylarda uly höwes döredýär. Şahyryñ çuñ mazmunly uly poeziýasynyñ gymmatyny kesgitlemek üçin ýörite işler gerek. Men şu ýerde onuñ "Guwançly goşgy" atly durşuna yhlasyñ önümi bolan goşgusyny ýatlasym gelýär. Eser şahyryñ uly hem çylşyrymly durmuş ýoluny kepillendirýär. Goşgyny okap, liriki gahrymanyñ - biziñ ähli kynçylyklary ýeñiji döwürdeşlerimiziñ, öz hakyna kaýyl, ýaşaýşyñ mazmunyny halal duz-çörekde görýän döwürdeşimiziñ keşbini mähir bilen synlaýarsyñ. Ene göwsünden ynsaplylygy sorup; her ädimini pähimli ädip, il-gün, deñ-duş, dogan-garyndaş bilen mylakatly ýol geçen belent ahlakly, ynsaply, kanagatly, rehimdar... liriku gahrymanyñ: Köp zat bilýäñ, ýene bir zada düşün: Birje ömrüñ bolsa, birje-de başyñ. Şol baş amanatdyr. Başga kimmişiñ? Men kaýyl: ynsana degişli boldum - diýen pikirini diñläp, onuñ mertebesine deñ guwanýarsyñ. "Ynsana degişli" bolmak diýen düşünje örän çuñ mana eýe. Ony gazanyp bilmegiñ näderejede kynçylyk döredýänligi hemmä düşnüklidir. Hakykat belent zat. Onuñ poeziýada aýdylmagy has hem belent diýýärler. Şu pikire meniñ ýokarda mysal getiren goşgularym doly kepil geçýär. Bu bolsa Poeziýanyñ öwredijiligine mysaldyr. Biz hakyky poeziýa eserini döreden şahyra gahrymançylykly iş bitiren adam hökmünde garaýarys. Şeýle adamlar bolsa bizde az däl. Durdy Gylyjy, Ata Salyhy, Gara Seýitliýewi, Pomma Nurberdiýewi, Rehmet Seýidowy şolaryñ hatarynda goýýarys. Gurbannazar Ezizowyñ, Halyl Kulyýewiñ obrazlary biziñ ýüregimizde ýaşaýar. Şu ýerde poeziýanyñ mertebesi, aýratyn hem ýeñilmez güýji hakynda gürrüñ edilýärkä, pursatdan peýdalanyp, başga bir pikiri orta atasym gelýär. Olam poeziýanyñ tankydy hem propogandasy baradaky meseledir. Poeziýa düşünmek hem, ony düşündirmek ýönekeý zat däl. Ol barada iş ýazyp, degerli, düşünjeli pikir aýtmak hem şeýledir. Bolsa-da bu ugurda ençeme peýdaly, gowy işler edildi. Emma soñky döwürde bu barada bir topar ýüzleýlikler, harsallyklar ýüze çykýar. Käbir ýoldaşlar göwrümli roman-powestleri okap, olar hakda syn ýazandan "ownuk poeziýa eserlerini" okap, makala ýazmaklygy amatly hasaplaýarlar. Şeýlelikde, poeziýanyñ näzik göwnüne degýändiklerini olar duýman galýarlar. Şeýdip, okyjyny poeziýadan, şahyrdan daşlaşdyrýan wagtlary-da az bolmaýar. Poeziýa barada meniñ-ä eý görüp okaýan makalalarym tankytçy Saýlaw Myradowa degişli. Sözümizi jemläp aýtsak, beýik mertebeli Poeziýa şahyrdan ýokary düşünjeligi talap edişi ýaly, okyjydan hem şony talap edýär. Belli rus şahyry Ýewgeniý Winokurowyñ "Poeziýa bar wagtynda käbir adamlaryñ ony duýmazlygy-da mümkin, ýok wagtynda welin demigýärler" diýşi ýaly, poeziýasyz durmuş ýokdur. Şol sebäplem onuñ mertebesini goramak hemmeleriñ borjudyr. 1979 ý. Begmyrat USSAÝEW. # sowesjenpoeziya | |
|
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |