MAŞYNLY GÜRRÜŇ
Ol serpmeden gaýdan ýaly boldy. Toýuň sähedi bellenilenden soň gyz oňa durmuşa çykmakdan kes-kelläm boýun gaçyrdy. Ýeri, onsoň neneň ol serpmeden gaýdan ýaly bolmasyn, aýagy bişen ýaly iki ýana zowzanaklamasyn?!
Onuň bilen, gör, näçe gezek duşuşdy, her baýramda sowgat alyşdy. Goş birikdiren soň etjek işleri, gezjek ýerleri baradaky arzuwlary... Indi şol arzuwlaryň ýele sowruldygymyka? Olary saklap biljek ýok ýalydy ahyryn.
Toýdan birki gün geçenden soň Aşgabada gitmekçidiler. Onuň gözel ýerlerine aýlanyp, dükanlardan göwünleriniň islän zatlaryny almakçydylar. Şondan Pöwrizä gidip, bir aý dynç aljakdylar.
Ýigit munuň üçin hemme zada kaýyldy. Ol toýuň dabarasynyň uludan tutulmagy üçin gurluşykda işläp gazanan «Žigulisini» satmaga-da hyýallandy. Ýöne muny ata-enesi-de, deňi-duşlary-da goldamady. Ynha-da, indi birigün toý diýlende gelip duran şum habar. Ol muňa ilki ynanmady. «Baý, degişgen bolupsyňyz. Gorkuzmasaňyzlaň beýdip» diýip, güldi. Pişigiň gulagy ýaly haty okap weli, ýüzündäki ýylgyryşdan nam-nyşan galmady. Ynanmady. Uzynly gijäni çirim etmän geçirdi. Ertesi nädibem bolsa onuň bilen duşuşmak, ähli zadyň änigine-şänigine ýetmek maksady bilen öýünden çykdy.
Duşuşdy.
Dogrudanam, gyzyň ony garşylaýşy öňkülerine meňzemedi. Berlen salamy-da almady. Näme aýtjak bolsaň aýt, gyssanýan diýýän ýaly terzde onuň ýüzüne seretdi.
Ýigit ýuwdundy. Sözler diline çolaşdy. Şeýle bolansoň gyzyň özi seslendi:
– Maşynyňy satypmyşyň diýýärler. Şol dogrumy?
– Ýok, satamok... – diýip, ýigit sakawlady.
– Satypdyr diýýärler-ä onda?
– Ilki satmakçydym. Ýöne kakam-da, ejem-de, deňi-duşlarym-da göwnemediler. Soň ony goýbolsun etdim.
Gyzyň öňki gaharly keşbi birneme rahatlandy. Eşiden habarynyň ýalňyşdygyny aňyp, esli salym gürlemedi. Öňüne atan uzyn saçlaryny oýnap durşuna başyny aşak saldy.
Ýigidiň sabyr-takady galmady:
– Dillen ahyryn! Näme boldy?! Men sensiz nädip oňaýyn? Ä?
– Näme ýüregiňi eliňi alyberýäň? Beýderiň ýaly näme bolanmyş? – diýip, gyz eda bilen ýylgyrdy. – Beýdip durmaň näme? Hany, saçymy oýnasana, oglan...
– Sen razy gerek?
– Men saňa öň razylyk berdim-ä.
– Onda adamlaryň gürrüňi, ýazan hatyň näme?
– Sen adamlara, hata ynanýaňmy ýa maňa?
– Saňa.
– Men beren sözümi yzyna alýanlardan däl.
– Wah, men saňa döneýin...
1980 ý.
Osman ÖDÄÝEW.
Hekaýalar