UMYT
Her sapar şeýle bolýar: öýe ýakyn gelýärin welin, meni galpyldy basmarlaýar. Bu mümkin, ata-enemiň şu ýerdedigi, näçe wagtyň aýraçylygyndan soň olary ýene görjekdigim, çagalygymyň, oglanlygymyň geçen ýeriniň ýüregime has ýakynlygy üçindir? Mümkin, adamsy uruşdan dolanyp gelmänsoň, onuň adyny maňa – agtygyna dakan garry enemiň saglygyny tizräk bilesim gelýänligi üçindir? Enem söýgüsini, umydyny maňa baglady. «Arslan jan» diýip, ol meni örän gowy görýär. Ýakynda kakam maňa enemiň meni göresiniň gelýändigini, mümkinçilik bolsa gelmegimi sorap hat ýazypdyr. Ynha-da, geldim. Galpyldy ýene meni öz ygtyýaryna aldy. Men bosagadan ätläp, birhaýuk sägindim.
Öýde hiç kim ýok ýaly. – Ümsümlik. Köne edehädime eýerip, ýuwaşja gygyrdym.
– Eje, eje-e...
– Agtygymyň sesi ýaly-la bu? Bizi ýatlap gelendir meniň Arslan janym. Şoldur, şoldur – diýip, içerden enemiň ysgynsyz sandyrawuk sesi eşidildi. – Hany, sen...
Enemiň sesi eşidilen gapa tarap gönükdim. Hasasyny söýget edinip gelýän enem meni görüp, sakga saklandy.
– Arslan jan, senmi bu, balam?
– Men, ene, men.
– Gel onda ýanyma, balam. Wah, gözlerimiz ýoluňda galdy. Dolanmalydyram öýdeňok. – Enem meni gujaklady-da, gözlerine ýaş aýlady.
– Öňki gelip-gidenimden bäri bary-ýogy iki aý geçdi ahyryn, ene.
– Meniň üçin-ä juda kän wagt geçdi. – Enem egnimden söýünç bilen sypady. – Wiý, biz näme üçin aýak üstünde durus, balam. Hany geç. Heläk bolman geldiňmi, Arslan jan? Şeýdip, gel ahyryn. Ýeke özüň geldiňmi? Çagalaryňy alyp gaýtmadyňmy? Olaram alyp gaýtmaly ekeniň-dä.
– Çagalar mekdebe gatnaýar.
– Gelnim Maral sagmy?
– Köp-köp salam aýtdy. Işde bolansoň gaýdyp bilmedi. Ol saňa köýnek tikip iberdi. Häzir berjek. Çaýa salyp içeriňiz ýaly nabadam iberdi.
– Azara galmaly däl ekeniňiz-dä.
– Onuň azary bolmaz. – Enemiň ýagdaýynyň gowy däldigi ýüz-gözünden duýlup durdy. Men ony oturgyçda oturtdym-da, howsalamy daşyma çykardym.
– Ýagdaýyňyz nähili, ene?
– Ýaşyň segsene ýetende saglyk sende myhman bor eken. Indi birki hepde bäri-hä ol mende myhmanam bolanok. Bir mydar-a edip ýörüs. Oňuşmazça däl. – Enem birneme demini dürsäp gürledi. – Kakaň dagy işde. Ynha olaram hä diýmänkäk geler. Hany, sen töre geç, balam. Oňa çenli ikimiz çaý içeris, oturarys.
Men töre geçdim. Enemiň ökjesi ýeňledi. Ol haýdan-haý düşegini ýygnaşdyryp, çaý oturtdy.
Enem meni çaga wagtym hem elinden düşürmezdi. Gurt taýýarlap bererdi. Onuň taýýarlaýan gurtlary beýlekileriňkiden biçak tagamlydy. Şorjady. Men hemişe ondan hezil edip iýerdim. Häzirki ýaly ýadymda. Birinji klasa onuň özi alyp gidipdi. Tä okuwymyz gutarýança, mekdebiň tallarynyň aşagynda oturyp maňa garaşypdy. Soň öýe bile gaýdypdyk. Ýolda ol meniň nämeleri öwrenendigimi sorardy. Men okanymdan köçede oýnap ýörenimi gowy görerdim. Kakam bilen ejem okuwa barman, köçede oýnap ýörendigimi eşitseler käýärdiler. Enem welin käýemezdi. Şo gezek hem ol meni mekdebe eltip gaýdansoň, gaçdym. Enem meniň gaçyp barýanymy görüp aglady. «Sen okamaly ahyryn, balam» diýip, meni bagryna basdy. Enemiň agysyna ýüregim gyýyldy. Meniňem aglasym geldi. «Indi gaçjak däl, ene. Indi hi-iç gaçjak däl. Gara çynym» diýip, menem aglap goýberdim.
Orta mekdebi tamamlap, instituta okuwa girdim. Muňa enem biçak begendi. Okuwy tizräk gutaryp gelmegimi dileg etdi. Ýöne okuwy gutaryp, şäherde işe galandygymy eşidende welin, ol gaýgylandy. Onuň ähli ogullarynyň, agtyklarynyň başyny jemläp, bir saçak ýazasy gelýärdi. Men her gezek oba baranymda enem ogullaryny, agtyklaryny çagyrardy. Bize seredip ýylgyrar oturardy. Ynha, bu gün hem şeýle bolaýmalydyr.
Arslan jan – diýip, enem ýanyma gelip oturdy. Aýtjagyny-aýtmajagyny öz ýanyndan ölçerýän ýaly birsalym böwrüne diň saldy. – Ýaşaýan ýeriňiz bizden juda uzakdamy?
– Samolýotly gitseň, bir sagatlyk ýol.
– Siziň ýaşaýan ýeriňizi, ýaşaýşyňyzy göresim gelýär. Meni äkidäýseň-ä gowy boljak.
– Hökman äkiderin, ene. Birigün gitmekçi. Bileje gidibiris. Sen barsaň gelniňem, çowluklaryňam begener...
Daşardan hümürdi eşidildi.
– Kakaň dagy geldi öýdýän.
Men obada iki gün boldum. Enem ysgynsyzlykdan ýene düşegine geçdi. Ol meni ýanyna çagyryp, kagyza dolangy pasportyny maňa uzatdy.
– Hana, Arslan jan, bilit alsaň...
Enemiň pasportyny alyp, daşaryk çykdym. Kakam bilen ejeme enemi öýe – şähere alyp gitjekdigimi aýtdym.
– Äkitseň, oňa ýetesi näme bar. Ol öňräkden bäri «Meni agtygymyň ýanyna äkidiň» diýip ýördi. Onda ahyr ýüregine daş baglapdyr – diýip, kakam dymdy.– Ýöne, ogul, özüň görüp dursuň. Onuň gezelenje giderlik ýagdaýy ýok. Samolýota-ha ol entek ömründe münübem görenok. Eneň juda heläk bolar. Ony gozgamadykdan gowusy ýok.
– Onda men nätsemkäm?
– Sen... – diýip, ejem sözüne agram berdi. – Sen oglum, ümsüm ötägit.
– Ol gelşiksiz bor, eje.
– Gelşiksiz bolsa-da, etjek alajyň ýok. Ony özümiz köşeşdirjek bolarys. Gyssagly işi çykdy-da gitmeli boldy diýeris. Sen, oglum, gaýdyber. Başga alaç ýok.
Men şeýle hem etdim. Enemiň pasportyny kakama berip, öýe ýeke özüm gaýtdym. Muňa göwnüm birhili boldy. Yzymdan enem «Näme üçin meni goýup gidip barýaň, balam! Menem äkit ahyryn. Kakaň o sözüne ynanma. Men kesel däl. Tut ýaly sag men. Jan Arslan, äkit meni, heläk bolar öýtme. Saňa ýük bolmaryn. Gaýdyşyn samolýota mündürip goýberseň yzymy tapar men. Dur, dur!» diýip, gygyrýan ýaly duýuldy. Bu meniň aňymda ýaňlandy durdy. Öýe gelip işe başlanymdan soň hem ünjim aýrylmady. Ondan bäri näçe gün geçen hem bolsa, oňaýsyzlyk menden daşlaşmady. Nirede bolsam-da, enem ýerde maňa bakyp duran ýaly. Şondan soň mende enemi ýaşaýan ýerime getirmek, şähere aýlamak islegi döredi. Bu gün şol isleg bilen öýe gaýtdym. Daş işikde çagalykda bile ulalan dostum Nurmyrat durdy. Ol meni görüp, kineli gürledi.
– Ýeri, gaçyp geljek ýeriň hem şu ýerimidi?
Onuň ýylgyryp duran keşbinden erbetligiň ýokdugyny aňdym. Enemi alyp gaýdandyr diýen pikir aňymda at çapdy. Arkamdan uly ýüki ýere düşüren dek uludan demimi aldym. Ýylgyrjakladym.
– Enemi alyp gaýtdyňmy?
– Ýok.
– Hä?
– Eneň saňa sowgat iberdi.
– O nähili sowgat?
– Nähili bor öýdýäň? Şo öňki alyp ýören sowgatlaryň ýaly sowgat. Ýa eýýäm olary ýadyňdan çykardyňmy?
– Düşnükliräk gürlesene, Nurmyrat. Biziňkä baryp gaýtdyňmy?
– Ýok, meniň şähere gaýtjagymy eşidip, eneň geçen agşam biziňkä geldi, özüniň-ä ýagdaýy ýok eken. Ony kakaň getirdi. Güljan eje «Nurmyrat jan, Arslanymyzyň ýanyna şähere gidýärmişiň. Gitseň, şu zatlary agtygyma gowşur» diýip, bäş-alty sany süýtli külçe, bir haltajykda hem gurt iberdi. «Elinje gowşur. Ol gurdy gowy görýändir. Çagalary bilen iýsin oturypjyk. Meni bolsa gaýgy etmesinler» diýdi.
– Arada oba baranymda enemi heläk bolar öýdüp alyp gaýdyp bilmedim...
– Hä, aýtdy. Baý, menem oňardym. Güljan eje «Agtygym meni ýanyna äkitjekdi. Ýöne yzyndan telegramma gelip, gyssagly gitmeli bolupdyr» diýdi. menem oňa «Onuň sizi äkidesi gelen däldir» diýdim. Bilipdirin onda, ä?
Oňa nähili jogap gaýtarjagymy bilmän, jaýa girdim. Çagalarym orta ýazylan saçagyň başynda süýtli külçe iýýärdiler. Men olaryň ýanyna baryp, enemiň togalan gurtlarynyň birini elime aldym. Enemiň ysgynsyz sesi gulagymda ýaňlanan dek boldy. «Al, balam, dadyp gör. Seniň isleýşiň ýaly şorja etdim. Entek onçakly gatanogam welin, şonda-da gyssagly bolansoň, iberäýdim».
– Kaka, enem gurt iberipdir. Biz diňe birini iýdik. Galanyny saňa goýduk. Sen gurdy gowy görýärsiň-ä. Al, kaka, al. Näme üçin iýeňog-a, kaka?
– Iýerin, oglum, iýerin.
– Güljan daýzany alyp gaýtjakdym welin, onuň özi göwnemedi.
– Näme üçin? – diýip, Nurmyrada tarap ýalpa öwrüldim.
– «Olary azara goýup ýörmäýin. Ýolda heläk bolaryn men. Näme janym bar meniň. Iň gowusy, öýde oturybereýin. Barsaň, köp-köp salam aýt. Öý-içleri gurgun diý» diýdi. Onuň öz-ä, näme diýse-de, gaýdasynyň gelýändigi duýlup dur. Sen onuň mydary ahyryn. Ataň adyny saňa dakyp, ýagşy görüp bildi-le seni. Seniňkiden hezili ýok...
Şondan bir hepde geçip-geçmänkä aýalym Maral meni salyk ýüz bilen garşy aldy.
– Arslan, oba baryp geleli...
– Hä? – diýip, men howsalandym.
– Eneňiz agyr ýatyrmyş...
– Kim aýtdy?
– Telegramma iberipdirler...
– Hany?
Maşgalamyz bilen şol gün giçlik samolýota mündük. Enemiň keşbi göz öňümden gitmedi. Ony ýatladygymça bogazym doldy. Soňky gezek baranymda onuň bilen hoşlaşman gaýdyşym, enemiň gara çyny bilen meniň ýaşaýan ýerimi görmek isleýşi, ony alyp gaýtjak bolşum, Nurmyrada aýdan sözleri, iberen külçeleri, gurtlary ýadyma düşüp elewredim. Enemiň perişan keşbi göz öňümde janlanýar. Ol maňa bakyp, ýuwaşja pyşyrdaýan ýaly duýulýar. «Sag-gurgun işläp ýörmüň, balam? Gelnim, çowluklarym gurgunmy?»
Samolýotda oturşyma müýnli pyşyrdaýaryn: «O sapar gyssagly işim çykmandy, ene. Seni aldapdyk. Ýagdaýyň gowy bolmansoň, ýolda heläk bolarsyň öýtdük...»
...Her sapar şeýle bolýar: öýe ýakyn gelýärin welin, meni galpyldy basmarlaýar. Bu, mümkin, ata-enemiň şu ýerdedigi, näçe wagtyň aýraçylygyndan soň olary ýene görjekdigim, çagalygymyň, oglanlygymyň geçen ýeriniň ýüregime has ýakynlygy üçindir? Mümkin, adamsy uruşdan dolanyp gelmänsoň onuň adyny maňa – agtygyna dakan garry enemiň saglygyny tizräk bilesimiň gelýändigi üçindir? Enem umydyny, söýgüsini maňa baglady. Bu onuň ragbatsyz biline tenekar boldy. Galpyldy, mümkin, şol umydy, söýgüni otuz bäş ýyllap göterip ýörenligim üçindir. Mümkin, bularyň hemmesi üçindir?
Samolýot güňlenç ses bilen şo uçup barýardy...
1979 ý.
Osman ÖDÄÝEW.
Hekaýalar