JUDA AGYR GÜNLER
1.
Öten agşam aşarak içilen içginiň humaryna henizem gyzyly öçmedik sarymtyl, ýalmanyňky ýaly sowuk gözlerini süzgekledip, penjireden daşary bimany garap, nämäniňdir pikirine gark bolup oturan Sary Babaýew telefonyň sesine tisginip gitdi.
Ol tebigy myžžyklgygy elli ýaşyna çenli, henizem sökülmedik öňküdenem beter bürüşdirip, özbaşyna gykylyklady.
– Şu telefonyň sesini kim beýle gataldýar-aý! Size näçe aýdyldy, şuny gataltmaň diýip. Näme, bu taýda ker barmy? – Ol möwç alyp jyňňyrdaýan telefonyň sesinden çaltyrak dynjak bolýan ýaly bolup, trubkany zarp bilen göterdi-de, humarly başyny ýaýkady. – Al-ow! Üf, üf. Ala. Hawa, hudožnikler birleşigi. Hawa, başlygy. Başlygy diňleýär. – Ol pişik oýnan ýorunja ýaly saçyny silkeläp, agyr başyny gaýta-gaýta ýaýkady. – Özi! Özi, özi. Düşýäňmi, özi...
– Sary Babaýew tyňkaryp, birneme öňe çykyp duran garnyny ýygnady-da, kürsüsine çökdi. Soň trubka gygyryp başlady.
– Oý, oý, maladis! Düşündim, düşündim, düşündim. Gaty gowy düşündim. «Ertir Welikobritaniýanyň daşary işler ministri Türkmenistana resmi sapar bilen gelýär. – Ol ýen-de bir salym gulak saldy-da, gygyryp, gepläp başlady. – Eý-hoý, maladis, maladis. Mersi! Mersi!.. – Ol indi has joşgunly gygyryp başlady. – Düşündim: «Onuň saparynyň programmasynda hudožnikleriň ussahanasyna baryp görmek, mümkin bolsa olaryň iň gowy eserini satyn almak hem bar!» Berekella, Op ýagşy! Şoňa, şoňa, şoňa...
Kimdir biri kabinete girdi. Sary Babaýew oňa eli bilen: «Ýeriňden gymyldaman otur!» diýen manyda yşarat etdi.
– Men indi hudožniklere näme diýmeli? Olary haça, sagat näçede, nirä ýygnamaly? Ýogsa, düşýäňmi? – Ol birden trubkaly elini döşüne goýdy-da, başyny egip başlady. – Ho-op! Hop ýagşy! Hop ýagşy! Mersi! Birigün, sagat on bir nol-nolda, hudožnikleriň sergi zalynda. Hop, hop, mersi. Ol telefon trubkasyny ýerinde goýdy-da, oturan ýerinden turdy. Soň häli gelip, ýerinden galman oturan kelte boýlyja pyýada elini uzatdy.
– Demiň içiňde bolsun, düşýäňmi, men saňa bir ýagşylyk edeýin. Ertir iň gowy işleriň ikisini, ýok, bäş kartinaňy sergi zalynyň iň gowy ýerinden as. Iňlisler bize ýörite kartina satyn almaga geljekler, düşünýäňmi...
Ol adam uly hazynanyň üstünden baran ýaly, atylyp ýerinden turdy-da, baryp, Sary Babaýewi gujaklady, soňam, düňderilip, çykyp gitdi.
– Dur, haw, Makgy! Düşünýäňmi, hiç kime aýdaýmagym, düşünýäňmi?!
– Düşündim, kaniçne...
Sary Babaýew öz dost-ýarlarynyň, dawakeş hasaplanylýan, ýakasy gaýyşly hudožnikleriň ýigirimisiniň adyny kagyza ýazdy. Soňra olara ýeke-ýekeden telefon edip başlady. Özem, olaryň ählisine:
– Men saňa bir ýagşylyk edeýin, ýöne hiç kime aýtmagyn – diýip, sargap-sargap goýýardy. Ol her näçe berkden berk sargasa-da, bu habar agşama çenli tutuş şähere «dark» boldy. Hamala, «iňlisleriň ýörite resimi-resimi däl adamlary ýöriteläp, Aşgabada hudožnikleriň işlerini satyn almaga gelýärmişler. Özlerem ep-eslije surat satyn alynjakmyş. Bahasynyň gürrüňi ýokmuşyn».Tutuş Aşgabadyň hudožnikleri ot alana döndi. Iki ýüzden gowurak hudožnik, özüniň bäş-on eserini bada-bat sergi zalyna getirip goýdy. Ýer dawasy, baha, aluwça hödürlemek dawalary tutaşyp başlady. Her kim suratynyň ogurlanaýmagyndan ätiýaç edip, nobatçylyga başladylar.
...Diýilen güni myhmanlar ep-esli gijä galyp geldiler. Daşary işler ministri, olaryň bu ýerdäki ilçisi, terjimeçi, olaryň şu ýerdäki ilçihanasynyň medeniýet işlerini guramak boýunça bölümiň müdiri sekretarlar at gaýtarym meýdany tutup ýatan sergi zalyndaky hudožnikleri, olaryň işlerini görüp, haýran galdylar.
– Bu ýer bazarmy? – diýip, ilçi sorady.
– Hawa. Barysy biderek zat-la. Biziň ýurdumyza bäş hudožnigem ýeterlik. – diýip, terjimeçi aýal göwnüýetmezçilik bilen ýallaklady. – Görüň, henizem hemmesi däl, bularyň.
Ilçi başyny ýaýkady.
– Türkmenistan hudožnikleiň ýurdy eken.
– Biderek hudožnikleriň – diýip, terjimeçi ýalym-ýulum etdi.
Myhmanlar işleriň bir gyrasyndan baryp, olary ýeňlijek synlap başladylar. Ilçi diwardan asylan reňkdar kartinanyň gapdalynda duran, döşi orden- medallardan ýaňa lowurdap duran ýaşuly adamyň ýanynda saklandy.
– Bu kim?
Ýaşulynyň özi gürledi.
– Men SSSR-iň halk hudožnigi, Zähmet gahrymany. Sen ilki meniň kartinalarymy satyn almalysyň. Sebäbi men – Gahryman. Gaty gymmat satjak däl. Şularyň ählisi meniň şägirtlerim. Meniň işlerimi Brežnew hem halaýardy. – diýip, ýaşuly dabaraly ýagdaýda aýtdy. Ol myhmanlara gülümjiräp seredip, elini öz işlerine tarap gaýta-gaýta salgaýardy.
Daşary işler ministriniň gözi ol işleriň hiç birinde-de eglenmedi. Ýöne onuň bir zada haýran galýandygyny duýmak bolýardy. Ol bu hudožnikleri juda ruhubelent, şahandaz görüpdi. Olaryň käbiri, göýä resmi kabul edişlik guraýana meňzeýärdi. Olaryň eginlerindäki wadan kostýum, boýunlaryndaky galstuk olary iş adamsyna däl-de, myhmançylykda gezip ýören resmi adama meňzedýärdi. Olaryň köpüsiniň döşünde dört-bäş sany orden-medal bardy. Şolaryň gözünde bolsa «Görýäňmi, biz ýöne-möne adamlar däldiris. Eger siz kartina satyn aljak bolsaňyz, ilki bilen biziň kartynamyzy satyn almalysyňyz» diýen ýaly ynam bardy. Olar misli döwlet tarapyndan şeýdilip öwrenişdirilen adamlara meňzeýärdiler.
Ministriň bu orden medally adamlara bolan geň galmasyny aňan Sary Babaýew terjimeçä gysmyljyrap:
– Düşýäňmi? Biziň hudožniklermizdir-däraý. Olar şeýdip öwrenen-daraý, düşýäňmi! Sen hormatly ministre aýt, men olar üçin ötünç soraýan...
Ministr işleriniň ýanynda stol goýup, stoluň üstne milli saçak ýazyp, onuň üstüne dürli nazy-nygmatlar, hemem bir çüýşe ýerli konýak goýan adamyň deňinde saklandy. Ol hudožnik häzir öz depesine bagt guşy gonan ýaly, sähel haýallyk etse, şol guşuň uçup gidäýmeginiň mümkinliginden gorkýan ýaly, göze görünmeýän çaltlyk bilen mürehet edip başlady. Ol hrustal bulgurjyga konýak guýdy. Soň bulgury mejimejige goýdy-da, ony myhmana uzatdy.
Üzümli saçaga, konýakly bulgura el uzadan bolmady.
Daşary işler ministri şu giden işleriň arasyndan kiçijikje natýurmordy saýlady. Ol ullakan täsin keşdeli ýüň ýaglygyň üstünde pytyrap ýatan ikbaş, iňňe, oýmak, sapak, erkek adamyň bir taý joraby hem-de, ýartyja külçe çekilen tebigy reňkli, misli, bir zenanyň gazyň üstünde gaýnap duran çäýnegi öçürmäge gidip, edil häzir gelip goýup giden güýmenjesine başlaberjege meňzeýän duýgy döreden bu işini hemmeler halady. Onuň çarçuwam, ululygam özüne şeýle laýykdy.
Muny gören hudožnikler bu ministriň sungaty kesgitlemek başarjaňlygynyň ýeterlikdigine bada-bat düşündiler. Student gyzjagazyň bu işine kesen bahasyny ministr bada-bat çykaryp berdi. Soňra ol, bu ýerdäki iş synlap, söwda aladalaryny boldum edýän ýaly, özüne golaýrakdakylar bilen hoşlaşyp başlady.
Emma Sary Babaýew bu özi üçin juda hormatly myhmany beýle goýberibermek islemedi. Ol onuň goltugyndan elini geçirip, bu sergi zalynyň hakyky hazynasy saklanylýan jaýa tarap alyp gitdi. Bu ýerde onuň öz işleri hem bardy.
Ministr tozana bulaşyp küt-küt bolup ýatan işleri synlap, başyny ýaýkady. Şolaryň içinde Sary Babaýewiň özüniň, dost-ýarlarynyň işleri çugdamlanyp, tertipli galdyrylyp goýulypdy.
– Alyň, arzan bereýin, size! Ol myhmanlar bilen çopan söwdasyny edip başlady. Ol öz kartinasyny görkezdi-de – Alyň, size elli dollara berýän. – diýip, agyr ýuwdundy. Düşünýäňmi, tozan basyp ýatandan gow-a. Onsoňam, siz myhman. Türkmenler: «Myhman ataňdan uly diýýändir».
Emma ministrem, onuň ýanyndakylar hem Sary Babaýewiň görkezen kartinasyna baş galdyrmadylar. Olar bu ýerdenem gitmäge taýýarlanyp başladylar. Birdenem, ministr yzyna gaýta-gaýta gaňyrylyp, oýurganyp başlady. Onuň bu hereketi töweregindäkilere-de täsir etdi. Ol ýene-de yzyna gaňyrylyp, az-kem egildi. Soň töre bakan dogumly basyp ýöredi.
Ol äpet kartinalaryň tyllaýy çarçuwalarynyň aňyrsyndan misli, gizlenpeçek oýnaýan ýaly, şeýtanlyk bilen garagolja garaýan neresse gözjagazlar seredip duran gyzjagazly kartina bakan alňasak ýöneldi.
– Şol näme?
Onuň nämedigini bolsa hiç kim bilenokdy. Sebäbi onuň iki gapdalyny äpet-äpet kartinalaryň çarçuwalary tutansoň diňe bir nätänyş gyzjagazyň iki gözünden başga zat görnenokdy. Olam tozandan, çaňdan ýaňa, zordan bildirýärdi. Misli, bir nätänyş gyzjagaz, uzak ýerlerden gelen hormatly myhmana haýatyň deşiginden ýylgyrjyrap, garap duran ýalydy.
Äpet-äpet kartinalary iki tarapa süýşürdiler. Kyrk-altmyş ölçegde ýasalan çarçuwanyň içinde misli bir üýtgeşik ak nur bu ýarym ýagty, ýarym garaňky içerä sepilip giden ýaly boldy.
Başy sary öýmeli, ýüzünden şugla çogup duran näzikden hoşroý, owadan türkmen maşgalasy hem uýalyp, hem pynhandan pynhan buýsançly begenip, özüne ýakyn bolan erkek adamyň çep goltugyna gysmyljyrap, ol adamyň beýleki gapdalyna eýemsiräp, aýnap tomaşaçylara ýylgyrjyrap seredýän gyzjagaza bakan telwas bilen garap durdy. Gyzjagaz bolsa näzikden eziz gözjagazlaryny şeýtanyja oýnadyp, şol erkek adama eýemsiräp, bezenip, beslenip, ýaýnap otyr. Erkek adam juda görmekli, buýsançly, ýöne onuň gözlerinden pynhan aladamy, gussamy çaýylyp, ol şol gözleri bilen özüne juda-juda mähriban bolan bu iki naçary şol gussaly dideleri bilen ýuwudaýjak ýaly bolup otyr. Onuň uzyndan inçe barmakly elleriniň biri gyzjagazyň elini gyssa, sag eliniň uzyn barmaklary ýaş, näzik gelniň kösük ýaly akja eline çalaja galtaşyp durdy.
Owadan atlaz köýnek, ýönekeýje nagyşlanyp bejerilen ýaka sadaja, kümüş bilen tylla çaýylyp bejerilen gülýaka gelni janly ýaly görkezýärdi.
Gysmyljyrap oturan gyzjagazyň ýüzüne mese-mälim çykyp duran çaga mähribanlygy, oňa seredýän her bir adamyň ýüregine, üýtgeşik bir ylham seçeläp goýberýärdi. Bu ajaýyp işe ýeke sapar garanyňda, asyl, gaýta-gaýta garanyňy, asyl, bu saklanyp bilmän, bu gowja gyzjagazyň käkiligiňki ýalyjak eýjejik başyny sypalaberesiň gelýärdi.
Ministriň haýran galmasy, ýüreginiň begenji, näzik tolgunmasy ýüzüne çykdy. Ol şol begenjini saklap bilmän, bir zatlar samyrdady.
– Gudrat! Gudrat elhepus, elhepus! – diýýär, diýip, terjimeçi gyz hem begençli gürledi. – Gaty tolgunýar...
Sary Babaýew başyny ýaýkanda onuň it oýnan ýorunja ýaly saçy silkinip-silkinip gitdi.
– Bu hol nemäňki-läý. Ah, içigara, hol içip ölmedimi, derýa özüni taşlap, nemeläý...
– Şeripmi? Hawa-laý, Şerip Çarykow. Şoňky-laý, Şerip Çarykowykky. – Soň ol terjimeçi gyza bakyp: – Halasa alsyn. Biz mugt beräýeris. Alyp gidibersin.–diýdi. – Ol neresse hudožnigem däl-le, gezip ýören çeper bezegçidi. Bu surat däl, gerek diýse, mugut alsyn. – Geň ýeri, terjimeçi gyz Sary Babaýewiň sözleriniň birinem terjime etmedi.
– Kimiň eseri?! – diýip, barha heserlenip sorady. – Kimiň işi. Awtoryny görüp bolmazmyka!
Sary Babaýew ellerini daldalatdy.
– Neme däreý, neme, düşýäňmi?! – Ol agzyny dolduryp, belli zat aýdyp bilmedi.
Ministriň syrçalanyp, göm-gök öwüsýän çözlerine begenç ýaşy aýlandy.
Ol dabaraly gürledi.
– Men bu eser üçin on müň dollar berýärin. Gudrat, hakyky gudrat, Wan Gook. Hakyky Wan Gook!...
Sary Babaýew doňup galdy. Ministr diýen puluny sanap, Sary Babaýewiň eline gysdyrdy-da, awy oňan ölemen awçy ýaly dogumly ýöräp, işige bakan ugrady.
(Dowamy bar)...
Powestler