* * *
Jorj Buş Moskwa wagty bilen sagat on birlere geldi. Ony garşylamaga Putiniň özi gitdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň sen ýok, men ýok, birden, oturan ýerinden Moskwa gaýtmagy diňe bir dünýäniň habar beriş serişdelerini däl, ABŞ-yň razwedka gulluklaryny, NATO-ny, SEATO-ny, «Ak tam» gulluklaryny, Bi-bi-si, En-bi-si, «Azatlyk», «Amerikanyň sesi» teleradio gulluklaryny, internet, hibernet ulgamlarynyň ählisini, gündelik gazetleriniň ählisini oda-köze düşüripdi. Emma olar näçe kelle döwüp, urunsalar-da, bu saparyň sebäbini bilip bilenokdylar. Bu meselede Buşuň öz gulluklaram äm-säm galypdy.
Jorj Buş ýöne Kremle, Putiniň öýüne geldi.
Bekki mugallym Buşuň gelerine özboluşlyja taýýarlanyp otyrdy. Ol täzeden duş kabul etdi. Täzeje kostýumyny geýdi. Rejep bolsa, onuň galstugyny daňyp berdi.
Jorj Buş Bekki mugallymy gören badyna tanady. Baryp, ony garsa gujaklady.
– Moý brade! Maý diýe brade! – diýip, dabara bilen aýtdy.
Bekki mugallym hem Jorjy gujaklap ogşady. Soň onuň elini pugta gysdy.
Myhmany Lýudmila Aleksandrowna, gyzlar, garry ene, Rejep bilen gujaklaşyp, ogşaşyp, mähirli salamlaşdy.
Buş öwrülip geldi-de Bekki mugallymy ýene gujalkap gaýta-gaýta ogşady. Ony kresloda oturdyp, özi ýanynda oturdy.
– Moý brade! – diýip, ýüzüni edil bir çaga gaplaňyňky ýaly edip endikli ýylgyrdy. Wladimir Wladimirowiç bolsa, onuň sözüni rus diline terjime etdi.
– Eziz doganym duşuşanyma örän şat. Men seni gaty köp ýyllap gözledim. Ahyr soňy, men seniň bilen duşuşanyma örän begenýän.
Bekki mugallym hem açylyşdy-da, ýylgyrdy.
– Menem begenýän. Sizi göreýin diýip, ýörite geldim. Ýüregim siziň meni gözleýändigiňizi duýdy. Hoş gelipsiňiz. – Ol başga näme diýjegini bilmedi.
Jorj Buş Putiniň haýaljakdan edýän terjimesini diňledi-de, Putiniň egnine dürtdi.
– Saglygy nähili? Durmuşy nähili? Ol nirede ýaşaýar? Onuň milleti näme?!
Bekki mugallym ýaşaýan ýerlerini, milletini aýtdy.
– Gowy ýaşaýan. Durmuşym gowy. – Ol Rejebe garap goýberdi. Rejep «Maňa degişli bir sowal çykaýmasyn» diýip bir gyrada gürrüňe gatyşman otyrdy. – Dagy, siziň ýaly doganlary bolan adam erbet ýaşasynmy?!
Buş Putin bilen kellelerini kellelerine degirişip, bir zatlar barada ýumşajyk gürleşip ugradylar. Buş başyny gynanç bilen ýaýkady. Bekki mugallym düşünmese-de, bu gürrüňiň özi barada barýandygyny aňlady.
Bekki mugallym Buşuň ýaş gaplaňyňky ýaly dogumly kellesini, owadan ýüzüni, nurly gözlerini halady-da, oňa mähir bilen garady.
Ol Putiniň dogumly syratyna, seýreklän saçlaryna çenli giňelip girýän Sokrat maňlaýyna, ýiti, akylly gözlerine guwanyp bakdy.
Bu iki sany beýik adamyň bedeninde öz ganynyň akýandygyna, olarda özüniňkä meňzeş bir alamatjyklaryň hökman bolaýmalydygyna içinden begendi. Ýöne bu oýyny daşyna çykarmady.
Olary nahara çagyrdylar. Putin, Buş Bekki mugallym bile oturdylar. Olaryň gapdalynda ýaşuly adam bilen ýaş, owadan gyz dilmaçlar oturdylar.
Buş naharyň arasynda Bekki mugallyma ýylgyryp garady-da.
– Aýalyňyz, çagalaryňyz barmy? – diýip sorady. Terjimeçi gyz onuň sözüni bada-bat terjime etdi.
– Aýalym bar. Dört çagam doguldam ýogaldam...
– Aýalyň ady näme?
– Ogulbike!
– Oglbik-ke! – diýip, Buş gaýtalady.
– Og-l-bik-ke!
– Ýok, Ogul-bi-ke.
Buş Putiniň ýüzüne garady.
– Näme üçin ýanyň bilen Moskwa alyp gelmediň.
Bekki mugallym ýylgyrdy. Soň Rejebiň ýüzüne keýpiköklük bilen garady.
– Indiki sapar hökman getirerin. Ol samolýota bolanok.
Buş ýaş gaplaňyňky ýaly owadan, gujurly kellesini ýaýkady. Ýok, ýok, indi meniň özüm seniň öýüňe barjak. Ogbekkany, seni özüm gelip Amerika alyp gitjek. Saňa on iki etažly, aşagy restoranly otelim bar. Şony berýän. Häzirlikçe, bir million dollar berýän. Oňat wertelýot berýän. Ýene näme gerek bolsa, baryny bererin. Indi, mundan beýläk, hiç zadyň aladasyny etmän ýaşarsyň.
Wladimir Wladimirowiç eline içi arakly bulgury aldy-da, ýerinden turdy.
– Eziz dostlar, biz şu gün uly wakany belleýäris. Meniň doganym Bega, Jorj, hem-de men bu gün ýakymly duýgyny başymdan geçirýäris. Bir beýik adamyň gany, uly yhlasy bizi bokurdagymyza münen zalym ajaldan halas etdi. Ol gan bu gün bizi dünýäniň iki sany iň beýik döwletiniň başynda oturmaga kömek etdi. Ol gan halal, akyldar, dünýädäki iň adamkärçilikli, beýik adamyň gany. Ol adamyň özi dünýädäki iň pukara, idegsiz, hossarsyz, howandarsyz bendesi. Sebäbi ol öz ganynyň iň güýçli, hyjuwly, dana bölegini özgelere berdi. Ýöne, ruhunyň batyrgaýlygy, ruhunyň gözelligi taýdan oňa taý geljek ýokdur. Onyň ýene bir beýikligi, öz doganlaryny tapmagy, olary duşuranlygydyr. Men bir beýik döwletiň Prezidenti bolsamam, elimiň astynda mümkinçilikleriň, güýçleriň barysy bar bolsa-da, onuň bitiren işini bitirip bilmedim. Soňam başararyn öýdemok. Men şu tosty şol beýik adam üçin götermek isleýärin...
Putin bulgury göterdi. Bekki mugallym içsemmikäm, içmesemmikäm diýip Rejebiň ýüzüne garady. Rejebiň bulgury bir zarbada başyna çekenini görüp, arakly bulgury boşatdy.
Hemmeler Jorj Buşa seretdi. Häliden bäri berhiz tutýanlar üçin ýörite ýasalan «kolany» bulgurynda saklap oturan Jorj öňünde duran arakly bulgury nädip başyna çekeninem bilmän galdy.
– Indiki söz Beganyň dogany Jorj Buşuňky. – Wladimir Wladimirowiç ýumşajyk ýylgyrdy-da, Bekki mugallyma gözüni gypyp goýberdi.
– Ýok, ýok, indiki söz gelinleriňki! Lýudmila, dorogaýa!..
Lýudmila Aleksandrowna örän salykatly, owadan ýüzüni, mähirden doly pyýala ýaly gözlerini güldürip, ýerinden turdy.
Bekki mugallym Lýudmila Aleksandrownany örän halapdy. Bu gelin edil türkmen maşgalasy ýaly, salykatlydy. Onda öz Ogulbikesi bilen bir meňzeşligiň bardygyny Bekki mugallym duýdy. Megerem, ol «sabyrlylyk bilen kanagatlylyk bolsa gerek» diýip, ol oýlandy. «Bularyň sesem meňzeş ýaly-la». Hakykatdan hem olaryň ýumşakdan, rahat, näzik sesi bardy.
– Menem, gyzlarymyz Mariniçka bilen Katýa janam kakamyz Wladimir Wladimirowiçiň aýdanlaryna goşulýarys. Biz häzirki zamanda dünýä siwilizasiýasynyň bady bilen, yňdarylyp öňe barýarys. Emma keramaty, gudraty geljegiň bir ýerlerinden agtarmagy endik edipdiris. Emma biziň pikir-hyýallarymyzyň tersine hakyky keramatlar durmuşyň jümmüşinden atylyp çykýar. Bu günki görýän zadyňyňyzy başga nähli atlandyrjagyňy bilip bolmaýar. Öz dogduk obasyndan çykarylyp kowulan, elinden söýgüli işi zor bilen alynan, obanyň malyny bakmagy, asyl obada ýaşamaga hukugy bolmadyk bir garyp, biçäre adam seniň gözleriň alynda, tutuş adamzadyň depesinde parlap duran şamçyraga öwrülýär. Şonuň üçin bu gün tutuş adamzat bolup, diňe öňe atylyp barman, käte yzymyza-da garamaly. Käte, «Aý, şular-a indi gerek bolmaz-ow» diýip, yzda taşlap gaýdan hojalygymyza-da göz aýlap, olaryň halyndanam habar almaly. Men, öz mähriban doganymyz Bega, onuň aýaly Ogulbikä jan saglyk, bagt arzuw edýärin. Özümizem, geljek ýyl olaryň öýlerine barjakdygymyza söz berýärin. Dogan doganyň öýüne barmasa, ol adamçylykdan çykyldygy bolar. Eziz doganymyz üçin...
Lýudmila Aleksandrowna bulgurjygy dodagyna degirip, stolda goýdy.
Oturanlar el çarpdylar.
Sözi Jorj Buş aldy.
– Bega meniň hakyky doganym. Nýu-Ýorkda oňa garaşýarlar. Eger, sen gitmeseň, olaryň göwni ýykylar. – Ol öz bulgurjygyna arak guýdy. – Solomon aýdypdyr: «Bir adamy halas etmek, adamzady halas etmekdir» – diýip. Men adamzady halas eden doganym üçin bulgur göterýärin...
Ol bulguryny başyna çekdi
Hemmeler Bekki mugallyma garady.
– Özüňem bir zat aýt. – diýip, Rejep öňürtiläp, türkmençe aýtdy. Oňa çenli Wladimir Wladimirowiç ýerinden turdy.
– Indiki sözi eziz doganymyz Bega berýäris!
Bekki mugallym ýuwaşlyk bilen oturan ýerinden turdy-da, aljyraňňy nazaryny Rejebe aýlady.
– Men-ä türkmençe aýdaýjak!
Rejep elini salgady.
– Sen häzir serçäniň dilinde aýtsaňam, düşünerler. Ýöne bulaşdyrman aýtjak bol...
Веkki mugаllymуň keşbi sаlуkatlаşdу. Sesi gyrуljak, уnjylу çykdу.
– Sаg boluň, maňa bu hоrmatlar аrtykmaç. Меn ýönеkеý dаýhan аdam. Раlçykdan kеrрiç guýuр güzerаn dоlaýаn. Неr kеrpijimе оn köрük аlýan. Şоňa-da şükür еdýän. Аu güm mеniň dоganlarуm dünýäniň ulу döwletleriniň ýolbaşçуsy. – Оl birdеn sözleýiş äheňini üýtgetdi. – Мeni оbamdan kоwdular, öýümdеn kоwdular, işimdеn kоwdulаr. Hаýsy işiň ýаnyna bаrsam, mеniň еlimе urdulаr. Меn hаýsy sözi dilimе аlsаm, оl sözüm töhmеt bоlup ýаñlandy. Меni tаs hаlk duşmаnу еdipdiler. Ýönе, mеn çуdadym. Kеmsindim. Şu günlеri mеniň bаşymа sаlan аdamlaryň özlеriniň bаşyna şu günlеr düşеn bolsа, оlаr nädеrdilеr?
Ol Jorj Buşa garady.
– Doganym, Siz uly döwletiň ýolbaşçysy, Siz her işi etjek bolanyňyzda «Şu işler meniň, meniň aýalymyň, çagalarymyň, meniň halkymyň başyna düşen bolsa, olar çydarmydy, nähili bolardy?!» diýip oýlanyň. Amerika ýaly güýçli, kuwwatly goşunly, ýowuz ýaragly döwlete ejizje, öz başyny zordan dolaýan döwlete zulum etmek, kast etmek Alla zulum eden ýaly bir zat bolar. Owganda, Çeçende, Yrakda tertibi ýola goýmak, «demokratiýany ornaşdyrmak, azatlyk» üçin dökülen ganlar, kesilen ömürler adamzadyň inini tisgindirýär. Siziň şol «adalatlylyk üçin ýörişleriňiz ölen ejesiniň göwsüni gözläp, jägildäp ýatan neresse çagajygyň ýeke damja göz ýaşyna degmeýär.» Adamlar näme üçin, «şol çaga meniň çagam bolsa näderdim?» diýip oýlanmaýar! Dünýäden hemme zat geçer, emma biabraýçylyk hiç haçan geçmez. Siziň bedeniňizde meniň – türkmeniň gany akýar. Siz öz garyp biçäre doganyňyzy, onuň şu aýdanlaryny hiç wagt unutmaň. Bu sözler hakykatdyr. Siziň ýaly beýik şöhrata atlanan adamlar arassa hakykaty diňe men – Bekki mugallym aýdyp biler! Wezipe baky däldir, abraý bakydyr. Diňe abraý alyň!...
Bekki mugallym sözüni soňlady. Stoluň başyndakylar oturan ýerlerinde doňup galdylar.
Wladimir Wladimirowiç terjime tamam bolan badyna, ýerinden turup, Bekki mugallymy gujaklap, ep-esli saklady. Soňra Jorj Buş hem onuň bolşuny gaýtalady.
– Sag bol, Bega doganym! Bekki mugallym ýerine geçip oturansoňam, tä naharyň ahyryna çenli galpyldysy aýrylmady....
Wladimir Putini gyssagly kabinetine çagyrdylar. Dogrusy, bu adama öýünde-de, maşynda-da, daçasynda-da, naharyň başynda-da rahatlyk ýokdy.
Olar häzirem Jorj Buş bilen gidip, ýarym sagatladan ýüzlerini sallaşyp, dolanyp geldiler.
Wladimir Putin agras başyny galdyrdy.
– Bega! Soň ýanynda egin-egne berip oturan Jorj Buşa garady. – Biziň Size bir teklibimiz bar.
Bekki mugallym olaryň ýüzüne gorkuly seretdi.Ýöne, sesini çykarmady.
– Sen näçe wagt isleseň, Moskwada galmaly. Özüňe seretdirmeli, dişleriňi bejertdirmeli. Oňat dynç almaly. Gerek bolsa aýalyňyzam çagyryp getirip bilersiň. Diňe, şondan soň näme diýseň, biz razy bolarys. Şu teklip, hökman kabul edilmeli.
Doganymyz Jorj häzir gitmeli. Oňa Amerikada garaşýarlar.
Jorj Buş ýaş gaplaňyňky ýaly owadan, nurana ýüzüni ýazyp goýberdi.
– Hawa, saňa Amerikada örän garaşýarlar. Seni Amerikada örän söýýärler. Menem şoňa şaýat.
– Men keselhana girmelimi indi?
Putin owadan, ak ellerini gowşurdy.
– Sen näçe gerek bolsa, ýoldaşyň bilen meniň daçamda bolarsyň. Şol ýerde-de seniň saglygyňa serederler.
Bekki mugallym dikgerildi:
– Ow, obadan gaýdanymyza näçe gün boldy. Ogulbike oda-köze düşýändir. Heý oňa «biz sag-gurgun» diýip habar ýetirip bolmazmyka? Gepleşip zat edip...
Putini ýene kabinete çagyrdylar.
– Telefonda gepleşer – diýip, ol turup barşyna aýtdy.
– Wah, obada telefon ýok. Kolhozyňkam gowy işlänok. Poçta çagyraýmasak.
– Onuň problemasy bolmaz. Ertir daçada ýerleşersiňiz. Bar zat «okeý» bolar... Siziň öz öýüňizde telefon bolar...
Ol günem, ertesem Bekki mugallym öz öýünde telefon boljagynyň aladasyny etdi.
«Kolhozdan oba, meniň öýüme telefon çekmek üçin azyndan ýüz pürs, elli müň metr sim, sim çatmak üçin enjam gerek. Olar tapylaýanda-da, dört adam ony iki aý iş edinmeli. Telefon apparat gerek. Munuň özi ummasyz çykdaýj-a. Onam meniň gerdenime ýelmäýseler...»
Rejep daçanyň hözirli eşretinden ganyp bilmän oturşyna, başyny ýaýkady:
– Ýoldaş Woroşil! Häzir Ogy gelneje nämä gerek, telefon nämäňe gerek Hudaýyň beren dynjyny al-da otur-da...
Bekki mugallym gussaly gepledi.
– Aý, how, o pahyrdan habar tutmal-a. Gözi alty-bäşe gelýändir-ä. Onsoň Akganyň şol telpegem, iş boldaý walla. Şon-a alybam gaýtmaly däl ekenik.
Sagat on birlerde Bekgi mugallymy telefona çagyrdylar.
– Meni kim telefona çagyrsyn?
– Geliň. Jogap beriň.
Bekki mugallym trubkany alyp, gulagyna tutdy. Ol telefon diýip, telefonam däldi. Iki sany gulak biri-birine gaplanandy. Şol gulaklar açylanda telefon bolýardy. Onuň simi beýlekisem ýokdy.
– Alýo – diýip, Begmyrat ynamsyz üsgürindi. – Alýo!
– Türkmenistan Rabat!
– Alý-o! – diýip aljyraňňy aýal sesi eşidildi.
Begmyrat aýalynyň sesini tanady.
– Alýo, Ogulbike, alýo! Eşidýän, alýo Ogulbike men, gepläber...
Ogulbikäniň sesi agylydy.
– Begmyrat! Begmyrat! Sen nirede? Başyňa döneýin. Näme kyýamat indi? Näme boldy? Aýt maňa...
Begmyrat güldi.
– Men gowy. Gül ýaly! Hemme zat gowy...
– Dogryňy aýt. Näçe ýyl kesdiler. Haýsy türmede ýatyrsyň?Yzyňdan gitjek gitjek bolup külçe bişirdim. Gowurma etdim. Ugur-utga tapmadyk. Sen nirede? Näçe ýyl kesdiler...
Bekki mugallym güldi.
– Ýog-ow, ýyl näme işlesin. Men jennetde. Ýagdaýym gowy. Ynanmasaň Rejepden sora – Ol töweregine garady – Han-ow sen?!
Ogulbike aglaýardy.
– On ýedi ýyl kesipdirler-ä. Şagalyň türmesine göçüripdirler-ä seni. Aýtmasaňam, bilýän-ä.
– Ýok, ýok Ogulbike bararys. Ol geplere ynanma. Rejebem gowy. Ol häzir banýa düşýä eken. Men dişlerimi, bil agyrymy, guragyrymy bejertjek. Soň bararyn. Pulsuz horlanaňok gerek?..
Ogulbike ýene aglady.
– Seniň ýadyňa oýun düşýär.. Bütin etrap On ýedi ýyl kesipdirler diýip gürrüň edýär. Il bilýär, men bilemok. Sen dogryňy bir aýt-da.
Ses kesildi. Ogulbike erbet aglady-da turubkany goýdy.
Begmyrat diwana çümüp oturşyna ýylgyryp başyny ýaýkady. Soňam kakasy otuz ýedide atsyz-sorsuz giden agalary ýadyna düşdi-de biçäre aýalyna düşündi. Onuň özüniňem ýüregine inçejik gubar çaýylyp gitdi.
* * *
Sentýabr aýynyň ortalarynda Aşgabadyň şäher etegindäki aeroportynda agyr «Ruslan» emaý bilen gondy. Ondan iki sany ak ýüzli, owadan ýigit düşdi.
Olar bir gapdalda duran ýük wertolýotyna tarap ugradylar. Olar Bekki mugallym bilen Rejepdi.
Wertolýot asmana galandan soň Bekki mugallym Rejebiň ýüzüne aladaly gardy.
– Wah, Akganyň telpegi ýene Aşgabatda galdy-da. Men indi oňa näme jogap bereýin.
Rejep ýylgyrdy.
– Men selhoza okuwa gelmel-ä. Şonda oňa gowy telpek alyp baraýaryn... Häzir şonuň aladasyny etmesen-e....
Wertolýot dagyň üstünden Bekki mugallymyň ýaşaýan etrabyna tarap ugur aldy. Owadan jülge gelip «Rabat» obasyna direlýärdi. Bu ýerleri asmandan görmäge, synlamaga göz gerekdi. Indi birküç aý bäri gözünden uçan bu ýerleri didelerine sorup gelýän Bekki mugallym, Ogulbike bilen ýaşan köne korowniginiň jaýyny, onuň gapdalyndaky iki otaglyja köne jaýy hernäçe göz dikip, gözlese-de, nämüçindir, ony tapyp bilmedi. Ol ýerler nämüçindir bag-bakjaly köşgi eýwanlyga meňzeýärdi. Ol aşak seredip, öz gözlerine ynanman:
– Roççyý, han-aý, korownik?–diýip alada bilen sorady.
Megerem, Rejebem aşakdaky bulam-bujarlyga düşünmedik bolara çemeli. Ol sesini çykarmady.
– Bäh, eýýäm ol ýerde serhet zastawasyny guraýypdyrlarmaý?
Bekki mugallym gorkuly bir ses bilen:
– Zastawa?! – diýip mydyrdady. Hakykatdanam aşakda bir ýerlerde adamlar üýşüp durdy. Wertolýot gygyryşyp, ellerini galdyryp, uly galmagal turuzyp duran adamlaryň öňündäki meýdança emaý bilen gondy.
Işik açyldy. Işikde nätanyş adamlar durdy. Saryýagyz, berdaşly ýigit Bekki mugallyma elini uzatdy.
– Hoş geldiňiz!..
Bekki mugallym ynamsyzlyk bilen wertolýotdan düşdi. Onuň gözleri obadaşlaryna düşdi, Olaryň ýüzi begençlidi.
– Salowmaleýkim, sag-aman geldiňizmi?! – Obadaşlar gygyryşdylar.
Saryýagyz ýigit Begmyrady gujaklady.
– Hoş geldiňiz.
– Ol bir, märekä, birem Bekki mugallyma garady.
– Ine, Rossiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň size beren sowgadyny kabul ediň. – Ol bir topbak açary Bekki mugallymyň eline tutdyrdy-da elini gündogarlygyna, owadan gara «Mersedeslere», mermerden gurulan owadan köşge tarap salgady. – Ine, bu siziň köşgüňiz!
Diňe şundan soň Bekki mugallym bag-bakjalygyň, owadan çüwdürimleriň içinde buldurjyrap duran iki gat äpet ymaraty görüp galdy. Diňe şonda ony näme üçin Moskwada uzak wagtlap «bejerdendiklerine» düşünip galdy-da, haýran bolup, başyny ýaýkady.
– Ol maşynlar, «Mersedesler» hem siziňki!
Bekki mugallym gözlerini elek-çelek edip, töweregine garady.
– Ýok, men indi öz obamda ýaşap bilýän gerek. Men öz obamda, öz öýümde ýaşasam bolýar, maňa başga hiç zat gerek däl...
Hiç kimeden ses çykmady. Diňe hälki saryýagyz daýaw pyýada:
– Požalýusta! Baş üstüne! – diýdi.
Bekki mugallym egnindäki penjegini çykaryp, onuň ýakasynda ebşitläp tutdy-da, gerdenine atdy. Soň bolsa hiç kime habaram gatman, hiç kime ünsem bermän, seleňläp oturan obasyna, şol obanyň ortasynda baga bürenip oturan öýüne bakan ýuwaşja ýöräp gitdi.
Soñy.
Aşgabat, 2005-nji ýylyň 2-nji iýuny.
Powestler